09:59

Ýazgyt

ÝAZGYT

Ir döwürde obalaryň birinde bir ýigit ýaşapdyr. Ol ýigidiň görk-görmekden, akyl-huşdan kemçiligi bolmasa-da, hiç bagty açylybermändir. Çar tarapa ýollaýan sawçylary «tilki» bolup gelipdir. Ol obada bir ökde bilgiç ýaşaýar eken. Ýigit şol bilgijiň ýanyna baryp maňlaýyna ýazylanyň kimdigini bilip bermegini haýyş edipdir. Bilgiç öz emellerini, tilsimlerini, hasaplamalaryny ulanypdyr we ýigrimi iki ýaşan ýigidiň ýüzüne çiňerilip bakypdyr-da:
— Han ogul, seniň maňlaýyňa ýazylan-a ýaňy-ýakynda dünýä inipdir, ynha pylanynyň gyzjagazy — diýip, obalaryndan bir adamyň adyny tutupdyr. Ýigidiň dyňzap gelen gahary ýetjek derejesine ýetipdir. Ol bilgije agzyndan gelenini diýip, çykyp gidipdir.
Şol gün bu ýigit gyzyň ejesi daş çykanda, öýde ýeke galdyrylan gyzjagazyň garnyny päki bilen dilip: «Maňlaýyma şu çaga ýazylan bolsa, bu hem bozulsyn» diýip, obadan çykyp, gaçyp gi-dipdir.
Bu obanyň bilgijiniň ökde bolşy ýaly tebibi hem ökde eken. Ol ýaňky gyz bäbejigiň garny-ny tikip, ölümden halas edipdir.
Aýlar, ýyllar ötüpdir. Öz obasyndan gaçyp, başga bir obada mekan tutan boý ýigidiň bolsa ýaşy kyrka golaýlapdyr. Saçy çalaryp ugran ýigit öýlenmekden el üzüpdir. Ynha, şol günleriň birinde-de, onuň bagty açylyp duruberipdir. Bir ýetim galanja gyzy oňa gelin edip getiripdirler. Ýaş tapawutlarynyň uludygyna garamazdan, olaryň ýyldyzy düşüşip, bagtly günlere ulaşypdyr-lar. Gelin hamyla bolupdyr. Bir gün ýigit gelninden:
— Bu garnyňdaky büdür-südürlik näme? — diýip sorapdyr. Gelin bolsa:
— Men bäbejikkäm bir oglan meniň garnymy dilip, gaçyp gidipdir — diýip, jogap beripdir. Ýigit maňlaýyna urup:
— Wah, ýazgytdan çykma ýok eken — diýip, gelnini bagryna basyp, ötünç sorapdyr. Soň bir gün ol şol bilgijiň hem öýüne baryp, sowgat-serpaýyny ýetirip, ötünç sorap gaýdypdyr.

Mährigözel DURDYÝEWA,
Mary şäheriniň ýaşaýjysy.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 553 | Добавил: Akjemal | Теги: Mährigözel Durdyýewa | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
1
1 jumagylyjovao  
88
Ýazgyt - köplere rahatlyk bermeýän, zol, zol pikiriňde täzeden ýüze çykyp durýan soraglaryň biri bolup, adamlaryň arasyndaky gyzykly, çekeleşikli söhbetleriň  temasy bolup durýar.

1
2 jumagylyjovao  
88
Älemde bolup geçýän ähli zatlar, goý şol gowy bolsun ýa-da erbet bolsun, adam bilen, haýwan bilen ýa-da tebigat bilen bolsun tapawudy ýok,diňe Allanyň erki, gudraty bilen bolýandyr.

1
3 jumagylyjovao  
88
Ýazgyt diýlen zada doly derejede akyl ýetirmek mümkin dälmikä diýýän.

1
4 Мylayym  
83
Adamyň ykbaly özi bn deň ýöreýä. Özüňden özüň gaçyp, gutular ýaly gitjek ýeriň nire? Mowzukda aýdylypdyr-a, nirä gaçsa-da, ýazgyt öz ýanynda gögerýä. Nähili bolanda-da Biribaryň edenine kaýyl bolup, meniň pikirimçe sabyr etmeli. "Sabyrly gul dura bara şat bolar" diýýädi, enem pahyr.

0
5 Çipalino  
He-he wacko

0
6 ezizh764  
356
Bir gün Pygamberimiziň huzuryna bir adam gelip, öz keç ykbalyndan  nalapdyr. Hezreti Pygamber aleýhisselam ýylgyryp şeýle diýýär.

Juda beýle däldir-le. Çünki keç ykbalyndan söz açýan adamyň ýagşy ýazgyt hakynda-da düşünjesi bolaýmalydyr. Meselem, aýt, hany, ejeň, kakaň dirimi? - Ol adam baş atandansoň, Pigamberimiz sözüni dowam etdiripdir:

-Seret! Ýaşyň ep-eslä ýetse-de, entek hem eneň-ataň diri, bu az kişä nesip etdirýändir. 

Şeýle aýratynlyga eýedigini subut etmek üçin ýagşy perzent bol, olaryň hyzmatynda gaýym dur, razylygyny we dileg dogalaryny al. Töweregindäkilere nepi degip, olaryň minnetdarlyklaryny, alkyşlaryny alýan ynsan, heý, ýazgydyndan şikaýat edermi?

- Seniň azajyk erkiň ýokmy? Ony ýagşy netijeler üçin ulan, hem hoşwagt bol, hem hoşwagt et diýip, Pygamberimiz sargapdyr.

Ýogsa-da, ynsan ýazgyt galamynyň özi üçin ýazan wezipesini berjaý edýär. Beýik Ýaradan çäksiz ylmy bilen ynsany şu dünýä geleninden tä ölünçä näme etjekdigini bilýänidigi üçin nämeler bitirip, nämeler ýitijekdigini, begenç we gynançlaryny ýazgyt depderine ýazypdyr. Adam hem bu depderde özi üçin ýazylan kysmaty ýaşamak üçin dünýä gelýär.

Ýazylan ýazgydy ýaşalandan soň okap bolýar. Onuň üýtgedilmegi , ýaşalmazlygy bolsa asla mümkin däldir.

Dile-geldi, bile geldi, ýazgyt hakynda bir hekaýa hem aýdyp bereýin:

Gadym zamanlarda bir patyşa „Az salymlyk  hem bolsa dünýämi ýtgedeýin “ diýip niýet bilen ýeke özi baglyk ýere gezelenje çykypdyr. Ol dag içinde täsin bir kölüň üstinden barypdyr. Kölüň gyrasynda ösüp oturan agaja arkasyny diräp oturan ak sakal goja patyşanyň ünsüni çekipdir. Goja sarsman oturşuna öňündäki käseden iki sany daşy alyp kölüň içine oklap göýberýärmiş. Goja şeýdip daşlary jübüt-jübütden köle oklap, käsesini boşodanyndan soň ýerinden turupdyr. Muňa garaşyp duran patyşa hem şol wagt onuň ýanyna gelip, kölüň başynda bir näçe sagatlap oturup, suwa iki-ikiden daş oklamagynyň syryny, gojadan sorapdyr.

Ak sakally goja: „Men adamlaryň ýazgydyny biri-birine baglaýaryn“ diýip jogap beripdir. Patyşa:  „Iň soňky  oklan  daşyň kime  degişli“  diýip  gyzyklanypdyr. Goja-da „Patyşanyň gyzy Gülnahal bilen bagbanyň ogly Ahmediň ýazgydyny bir-birine bagladym“ diýip jogap beripdir.

Elbetde bu habara begenmedik patyşa köşgine dolanyp gelipdir-de, bagbanyň oglyndan dynmagyň kül-küline düşýär. Ol Ahmedi ýanyna çagyryp, eline bir kagyz tutdurypdyr-da „Bar şuny Güne gowşuryp gel“ diýýär.  Haty alan Ahmet ýola düşüpdir. Şol wagt Günüň şekili köle düşüp durmyş. Ahmet Gün şu ýerde bolsa gerek diýip, eşiklerini çykaryp, haty alyp özüni köle oklapdyr. Ol günüň şöhlesiniň düşüp duran ýerinde, suwuň düýbünde bir sandyga gözi düşüpdir. Sandygy suwdan çykaran ýigit garaýagyz bedeniniň Gün düşen ýeriniň ap-ak bolandygyny görüpdir. Sandygyň içi bolsa gyzyl-kümiş, lagly-merjenden doly hazynamyş.  Onuň içinde „Günden patyşa hat“ diýilip ýazylan, hatly bukja-da barmyş. Şähere dolanan Ahmet özini baý täjir diýip tanadypdyr. Sähel wagtdan bolsa, patyşanyň gyzyna söz aydyp, oňa öýlenipdir.

Gyzyny akýagyz  baý ýigide durmuşa çykaranyna begenen patyşa bir näçe günden soň, ýanyna emeldarlaryny alyp giýewisiniň öýüne myhmançylyga barypdyr. Supra ýazylyp, nahar çekilip, her kim saçak başyna geçende, giýew ýigidiň bedeniniň Gün düşmedik ýeriniň garadygy görünipdir. Patyşa saklanyp bilmän „Ahmet“ diýip gygyranda, onuň „Emriňize tabyndyryn“ diýip jogap bermesi, kimiň-kimdigini Aý dogan ýaly edipdir. Patyşa bolan işleri başdan aýak  gürrüň bermegi buýurýar.

Ahmet hem başyndan geçirenlerini birin-birin gürrüň berýär.

Iň soňunda patyşa: „Ýeri, hany, maňa ýazylan hat? “ diýip sorapdyr.Ahmet içki otagdan patyşa  ýazylan haty alyp gelipdir. Patyşa haty açyp şu ýazgyny akapdyr:

„Güne hat ýazylmaýar. Ýazylan ýazgyt  bolsa bozulmaýar“

Çeşme:NEXT.TM

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]