ÝEKELIKDÄKI IKIÇÄKLIK
■ Ýedinji mynajat: GÖZELLIK ÜÇIN ALKYŞ
Eýa, Ýaradan!
Meni ýaradyp, tenime hem kalbyma iň ajap duýgyny – gözellik duýgusyny siňdirdiň. Ýüregimdäki – tenim bilen kalbymyň bire öwrülýän meýdanyndaky gözellik duýgusy Seniň ýaradan dünýäň ajaýyplygyna düşünmäge ýardam etdi. Parasat, ahlak bilen bir hatarda gözellik maňa paý diýip beren iň beýik üç artykmaçlygyňdyr, bu üçüsi maňa Seniň ýaradan dünýäňde özümi öýümde diýip hasaplamaga mümkinçilik berýär. Bu üçlük meni öz daşymda bolan üç barlyk bilen berk baglanyşdyrýar.
Parasat meni Seniň atlaryň hem sypatlaryň bilen, ahlak meni öz kowumdaşym bolan adamzat bilen, gözellik bolsa Seniň ýaradan dünýäň bilen baglanyşdyrýar. Bu üç baglanyşyk, bu üç halka meni daňyp goýanok, meni baglap goýanok, tersine, olar meniň hakyky dirilige bolan ýolumy açyp berýärler. Olar meniň diriligimi amal edýärler. Parasat meniň bakyýet babatdaky diriligimi, ahlak meniň döwür babatdaky diriligimi, gözellik hem meniň dünýä babatdaky diriligimi amal edýär. Maňa beren üç diriligiň üçin Saňa hamd-u-senalar bolsun!
* * *
Gözellik duýgusy adamzada Allatagala tarapyn berlendir.
Gözellik duýgusy adamyň eýýäm hamyrmaýasynda bardyr.
Adamzat ýaradylanda, onuň hamyrmaýasyna gatylan gözellik Allanyň öz bendesine bolan söýgüsiniň hem oňa beren artykmaçlygynyň subutnamasydyr.
Bu paýy bermek bilen Allatagala adamyň bu dünýäde özüni öz öýünde ýaly duýmagyny, dünýäde ine-gana ýerlemegini, şonuň netijesinde-de dünýäni söýmegini isläpdir. Dünýäni, ýaşaýşy söýüp bilmek ukyby bolsa dünýäni asylky gözelliginde aman saklamak we ony adamyň mümkinçilikleriniň we başarnyklarynyň çäginde gözelleşdirmek we kämilleşdirmek başarnygyna esas bolýar.
Emma gözelligiň ähmiýeti diňe şu dünýä bilen çäklenmeýär. Hut gözellik adama iň esasy, iň beýik bir başarnygy – iki dünýäni biri-birine baglanyşdyrmak artykmaçlygyny berýär. Diňe aşakdaky, ilkinji gözellige – dünýä gözelligine düşünmegi başaran, ony kalbyna ornaşdyrmagyň hötdesinden gelen adam ýokardaky, esasy gözelligi – bakyýet gözelligini kabul etmäge taýyn adam bolup biler. Çünki bu dünýä baky dünýäniň bir taýýarlygy, oňa ýetmegiň bir tejribesidir. Pes basgançakdan geçmän, ýokarky basgançaga baryp bolmaz.
Dünýäler biri-birini ret edýän däldirler. Dünýäler biri-biri bilen içki taýdan baglanyşyklydyr hem-de özara şertlendirilendir.
Gözelligiň adamzadyň asylbaşky, hamyrmaýalyk häsiýetidigine biziň bir ajaýyp rowaýatymyz şaýatlyk edýär. Ýöne men bu rowaýaty başga bir rowaýatyň içinde getiresim gelýär. Çünki rowaýat rowaýatyň içindekä, has düýpli hem manyly bolýar. Edil dünýäniň dünýäleriň içinde seredilende doly hem gutarnykly mana hem barlyga eýe bolşy ýaly.
Bu rowaýata-da meniň ömrümiň içindäki bir hadysa hökmünde garalmagyny isleýärin. Gözellik duýgusy adama çagalykdan mahsusdyr. Aslynda gözellik diýmek, ýaşaýyş, jan, dirilik diýmekdir. Şonuň üçinem gözelligi hatda bäbegem duýýar. Ýöne adamyň umumy bedeni hem ruhy ösüşinde gözelligiň aýratyn güýçli hem duýdansyz oýanýan döwri bolýar. Bu döwürde adamyň gözellik duýgusynyň gözleri açylýar. Şol mahala çenli ukuda ýa ýarym ukuda ýatan duýgy birden oýanan, aýňalan, dünýä tarap gözlerini ýalpa açan ýaly bolýar. Bu döwür ýetginjeklikdir. Ýetginjeklik ömrüň baharydyr. Adamyň ýetginjeklik döwründe aşyk bolmagy, saz çalmagy öwrenmäge höwes etmegi ýa-da goşgy ýazyp başlamagy ýöne ýere däl. Bular biziň her birimizde gözellik duýgusynyň oýanýandygyndan habar berýär.
Ýetginjeklikde oýanýan bu duýgynyň asylbaşky gelip çykyşy baradaky rowaýaty hut ýetginjeklikde hem eşitmegim hem täsin, hem ruhy ösüşim üçin tüýs ýerlikli bolupdy. Aslynda-da nirede we haçan özara baglanyşyklar köp bolsa, sebäpleriň utgaşygy köp hem dürli bolsa, şol ýerde-de ýaşaýşyň juda güýçli we netijeli ýüze çykýandygyny aýdyp bolar.
Bu rowaýaty edebiýat sapagynda mugallym gürrüň beripdi. Bu rowaýatyň içinde, özeninde ýatan beýleki, esasy rowaýaty – hakykaty men has ozal enemiň dilinden eşidipdim. Aslynda, düýbünde, başlangyç sebäbinde ýatan hakykaty öňden bilýändigim üçin men soňky rowaýaty oňa gürrüň beren mugallymyň özündenem has oňat düşünipdim.
Edebiýatdan nusgawy şahyr Gaýybynyň döredijiligini geçip otyrdyk. Mugallym şahyryň başdan geçiren bir gyzykly wakasynyň rowaýatyny aýdyp berdi. Onda şeýle diýilýär.
Bir gün Gaýyby şahyryň ýaşaýan welaýatynda Gün tutulýar. Bu adatdan daşary hadysany geň gören han mollalary, alymlary çagyryp, hadysanyň sebäbini düşündirmeklerini talap edýär. Mollalar öňden içlerinde saklap ýören kitüwini daşa çykarmagyň amatly pursady geldi saýyp, hana şeýle düşündiriş berýärler:
– Il içinde bozuklyk köpelipdir. Ylaýta-da, degene gözüm menden däl diýip, toýdan toýa, tomaşadan tomaşa entäp ýören bagşy-sazanda köpelipdir. Olar adamlara o dünýäsini ýatlatmakdan geçen, aýdym-saz, şowhun, meý-mestlik edýärler. Günüň tutulmagy Allanyň olaryň bolşuny halamaýanlygyndan nyşandyr.
Aslynda pikirleri çuňňur bolmadyk hanyň göwnüne bu ýüzleýje düşündiriş makul gelýär. Ol şol ýeriň özünde ähli bagşy-sazandalary ýygnamaga perman berýär. Şonda hanyň niýetiniň gowulyk däldigine bada-bat düşünen Gaýyby şahyr öňe çykýar. Ol özüniň «Gelende bardyr» goşgusyny okaýar. Goşgy aýdym-sazyň beýik aklawçysy bolup ýaňlanýar. Şahyryň getiren delilleriniň öňünde diýere söz tapmadyk han bagşy-sazandalar babatyndaky pälinden gaýdýar. Ol Gaýybyny halat-serpaý bilen sylaglaýar.
Gysgajyk rowaýatdan soň, mugallym şahyryň goşgusyny okap berdi. Men goşgyny-da, onuň aňyrsynda ýatan rowaýaty-da öňden bilýärdim. Şonuň üçinem mugallymyň aýdan zatlaryndan has öňe gidip, meniň gyzygymy başga pikirler yzy bilen alyp gaçýardy. Men şol pursat Gaýybynyň kör bolandygy barada pikir edip otyrdym. Bu maňa syrly göründi hem ýadyma başga bir beýik adamy – Bethoweni getirdi. Gaýybynyň kör bolşy ýaly, ylahy sazlary döreden Bethowenem ker bolupdyr. Adaty pikirlenme tarapdan seredeniňde, nähili geň, akyla sygmaýan zat! Ker adam beýikden beýik, üýtgeşik, aňk ediji sazlary döredipdir!
Hemişe bolşy ýaly, bu täsinlik meni pelsepe pikirlere alyp gitdi. Men netije çykardym: diýmek, Bethoweniň ten gulagy eşitmeden mahrum bolsa-da, onuň ruh – jan gulagy beýleki adamlaryň eşitmeýän owazlaryny eşidipdir. Ol beýlekileriň gulagyna ilmeýän owazlary – ol otlaryň ösüşiniň owazyny, dünýäniň kalbyndaky güňleç hüňňüldileri, garyň hem ýagşyň owazyny, ol wagtyň owazyny eşidipdir. Garaz, ol dünýäniň içki owazlaryny eşidipdir. Ol dünýäniň owazlarda ýüze çykýan gözelligini görüpdir.
Gaýybynyň körlügi-de Bethoweniň kerligi ýaly bolupdyr. Gaýyby jan gözleri bilen dünýäniň özgeleriň ten gözüne görünmeýän gözelligini görüpdir. Ten gözlerine dünýäniň owadanlygy görünýär. Jan gözlerine dünýäniň gözelligi görünýär.
Ten gulagyna dünýäniň sesleri eşidilýär.
Jan gulagyna dünýäniň owazlary eşidilýär.
Dünýä gözelligini görmek ukybynyň üstesine Gaýyby şahyr bu gözellik duýgusynyň haçan hem nämeden gaýdýandygyny bilipdir. Ol öz goşgusyny hut şondanam başlaýar:
Saz bilen söhbede ýaman diýmäňler,
Adam ata bina bolanda bardyr.
Ine, şu ýerdenem asylbaşky rowaýat – gözelligiň ýaradylyş rowaýaty başlanýar. Onda şeýle diýilýär:
Allatagala Adamyň jismini palçykdan ýasap bolupdyr. Indi oňa jan bermek galypdyr. Ýaradan jany Adamyň gursagynda goýmak isläpdir. Emma jan muňa teý razy bolmanmyş. Özi nur, özi ýagtylyk bolup, garaňky, tümlük bolan gursaga girmek islänokmyş.
Garaz, jansyzlyk bilen jan utgaşmak islänokmyş. Ine, saňa gerek bolsa iki dünýäni utgaşdyrmagyň hyllallasy, ine, saňa gerek bolsa ruhy diriligi ýaratmagyň derdeseri! Ana, şonda Allatagala uzak oýlanmalardan soň, dünýäleri baglaşdyrýan serişdäni – gözelligi ýaradypdyr. Ilkinji ýaradylan gözellik owaz gözelligi – saz bolupdyr. Ýaradan sazy döredip, sazy ýaňlandyryp, jany saz bilen bihuş edipdir. Soňam ur-tut bihuş jany – ruhy Adamyň gursagyna salypdyr. Bihuşlyk geçip, jan özüne gelende Adam hem jana gelip, gözüni açypdyr. Şondan bärem adamzat gözellik görse, ýüregi ersip durandyr.
Adam şeýdip ýaradylypdyr.
Gözellik şeýdip döredilipdir.
Gözellik adamdan öň ýaradylandyr.
* * *
Owal-başda gözellik baky ruhy pany dünýä imrindirmegiň serişdesi bolupdyr. Gözelligiň häzirki manysy-da şondan ybaratdyr.
Ylahy gözellik iki dünýäni utgaşdyrmak serişdesidir. Ynsanyň döredýän gözelliginiň manysy-da diriligi, ýaşaýşy gaýtadan döretmekden ybaratdyr.
Gözellik dünýäniň ýaşaýşyna mahsus sypatdyr. Adamyň şol sypaty kabul etmek ukyby-da gözellik duýgusydyr.
Gözellik dünýäniň özünde bar zatdyr. Adam-da dünýäniň bir bölegi, bir ýaşaýjysydyr. Diýmek, gözellik adamyň dünýä bilen aňyň, sazlaşykly, tebigy arabaglanyşygynda bolmagy üçin zerur tebigylykdyr. Şonuň üçinem gözellik ukybynyň peselmegi, gözellikden ýüz döndermek adamyň durmuşynda köp derdeserleri döreder.
Adamzada mahsus bolan gözellik duýgusy iki derejeden ybaratdyr. Bularyň birinjisi sap duýgy gözelligi, ikinjisi bolsa paýhas gatylan gözellik duýgusydyr! Sap gözellik duýgusy tene mahsusdyr. Beýle duýgy özüniň hakyky atlandyrylyşynda owadanlyk duýgusy diýlip kesgitlenilmelidir. Owadanlyk ten duýgularyna berlen ukypdyr. Ýokary derejedäki, paýhas gatanjy bolan duýga biz ruh bilen baglanyşyklylykda garamalydyrys. Hut şu derejede hem hakyky gözellik duýgusy kemala gelýär.
Owadanlyk teniň öz ýaşaýyş hajatlaryna laýyklykda ýüze çykarýan daşky dünýä gatnaşygynyň hadysasydyr. Teniň ähli beýleki duýgulary ýaly, owadanlyk hem ýüzleýdir. Gözellik tutuş ýaşaýşy, diriligi, janlylygy öz içine alýar, gözelligiň gapma-garşylygy ölümdir, jansyzlykdyr. Owadanlyk bolsa gözelligiň bir derejesidir, onuň ýöntem ýüze çykmasydyr, şonuň üçinem owadanlygyň gapma-garşylygy-da dirilik, ýaşaýyş derejesi bolan gelşiksizlik, betgörklük ýaly häsiýetler we hadysalardyr.
Owadanlyk gözelligiň kämillige ýetmedik aňlatmasydyr. Gözellik nukdaýnazaryndan, gözel däl zenan ýokdur. Emma her bir zenanyň gözelligine göz ýetirmek üçin ösen ruhy-gözellik duýgyň bolmaly. Emma owadanlyk nukdaýnazaryndan welin, zenanlary owadan hem gelşiksiz diýen topara bölüp bolar. Owadan zenan – ten duýgularyna oňyn täsir edýän zenan, gelşiksizi bolsa bu duýgulara tersin täsir edýänidir. Ösen ahlak-gözellik duýgusy bolan kişi bularyň ikisiniňem gözeldigini görüp biler. Çünki ol bulara ten duýgusynyň, ýagny ten hakykatynyň, bähbidiniň tarapyndan däl-de, olaryň öz-özlügindäki gymmatlygynyň, olaryň zenan-ynsan hökmündäki gaýtalanmazlygynyň hem tapylgysyzlygynyň nukdaýnazaryndan seredýär.
Owadanlyk bilen gözelligiň arasyndaky tapawudy tebigat barada-da, sungat eseri babatda-da kesgitläp bolar. Ten duýgularyna oňyn täsir edýän, ýagny bedeniň: «Şu ýerde bolsam, muňa eýe bolsam» diýdirýän tebigat görnüşi – göm-göklük, bol suw, baý tebigy şertler we ş.m.-ler owadanlykdyr.
* * *
Şeýlelikde, nirede we haçan dirilik, ýaşaýyş köp bolsa, şol ýerde we şol mahal hem gözellik güýçlüdir. Gözellik adamyň tenine berlen duýgy ukyby däldir, ol ýaşaýyş gujurynyň güýçli ýüze çykmasydyr.
Adam şol gujurdan güýç alyp, öz ýaşaýşyny gözelleşdirýär hem kämil edýär. Gözelligiň ägirt uly güýji bardyr. Gözellikden ylham alan adamyň gurmak, döretmek höwesi hem başarnygy ýokarydyr. Kalby gözellige muwapyk adam, gözelligi kabul edip bilýän adam döredijidir. Beýle adamlarda şahyrana kalp, ylhamly ýürek bolýar. Olaryň kalby dünýä gözelligine uçrap, heýjana gelip, ýüregi joşup, öz gezeginde gözellik döretmäge ukyply bolýar.
Ruh ruhy döredýär.
Dirilik diriligi döredýär.
Gözellik gözelligi döredýär.
Gözel kalply kişiler adamzat ýaşaýşyny guraklykdan, jansyzlykdan, garyplykdan hem ýalazylykdan halas edýär. Olaryň kalby arkaly adamlara dünýäniň reňbe-reňligi, al-elwanlygy, bollugy hem çuňlugy, janlylygy hem joşgunlylygy açylýar. Kalby baý adam özgeleriňem kalbyny baý edýär, ruhy dok adam özgeleriňem ruhuny dok edýär. Baharyň ygally gelip, topragy gandyryp, ýaşaýşy bereketli edişi ýaly, gözel kalply adamlar durmuşy bereketli hem ruhy rysgally edýärler. Olaryň pikir hem duýgy rysgalyna we berekedine baý kalby Allanyň adamzada berýän ruhy hadysasydyr. Olar ruhy manydaky baky bahary hem hasylly güýzi döredijilerdir.
Gözellik bu wagtlaýyn dünýäde iň uly gymmatlykdyr. Bu dünýäniň gözellige eýedigi onuň adam üçin wagtlaýynlygynyň öwezine berlen artykmaçlykdyr. Eger munda gözelligiň bolmasady, onda, meger, adamyň ýaşasy-da gelmezdi. Hut şonuň üçinem gözellik dünýä ýaşaýşyny mana getirýär, ony paýhasa laýyk hem-de maksada laýyk barlyga öwürýär.
Gözellik belli bir manyda akyldan hem ýokarydyr, has dogrusy, akyl hem onuň gözlegi bolan many-da gözelligiň içindedir. Her bir zadyň, umuman, ýaşaýşyňam soňky manysyny, ahyrky netijesini gözläberseň, akylyň heýhata uçramagy, kelebiň ujuny ýitirmegi mümkindir. Şonuň üçinem gözellik manynyň owazyny dolýar. Düýbüne seretseň, gözellikden daşarda many tapmagam, adam paýhasyna direg-daýanç tapmagam çetindir. Many – gözellikdedir, çünki gözellik dowamatdyr, ýaşaýşyň manysy-da üznüksiz dowamatdyr.
Gözellik adam göwnüniň esasy rysgalydyr. Göwün gözellikden dok bolýar. Adam göwnüni diňe gözellik doýurýar. Adam akyly many bilen iýmitlenýär, emma bu iýmit edil bedeniň iýmiti ýaly üýtgäp, çalşyp durýandyr. Bir many beýleki many bilen çalyşýar, bir akylyň bir hakykaty beýleki hakykat bilen çalyşýar. Şeýle çalşygyň barşynda akylyň aljyramagy-da, özüni ýitirmegi-de, petige diremegi-de mümkindir. Her bir akylyň many hakykaty başga biri üçin ýaramsyz bolup biler.
Emma gözellik bir ýüze çykansoň, bir ykrar edilensoň, gaýdyp arzydan gaçmaýar. Ol hemişe özüniň ykrar edilen belentliginde galýar.
Gözellik bolmasa, göwün açylmaz.
Göwün açylmasa, zehin açylmaz.
Zehin açylmasa, paýhas dür saçynmaz.
Şonuň üçinem adamyň ähli ruhy işiniň – diniň, pelsepäniň, sungatyň, ylmyň, tehnikanyň aňyrsynda hut gözellik hajatlary ýatýar.
Adam dünýäniň gözelligini görýär, bilýär, ykrar edýär. Ol gözellikden güýç, gujur alyp, özüni-de gözelleşdirmäge, öz ýaşaýşynyň gözelligini döretmäge hem artdyrmaga çalyşýar.
Gözellikden mahrumlyk dirilikden mahrumlykdyr.
Gözellik mutlakdyr.
* * *
Akyly akyl aňk etmez,
akyly gözellik aňk eder.
Akyl hakykaty gözlär, gözleg ýolunda pikirleri döreder. Bu hereket tükeniksizdir, wagt geler, bir hakykatyň ornuna başgasy geler.
Emma gözelligiň orny hemişe özüniňkidir. Çünki gözellik gözellik bolýar, onuň biri könelip, beýlekisi täze bolmaýar.
Hatda pikiriňem gözelligi onuň hakykylyk ölçegidir.
Ýaşaýyş, dirilik bar ýerinde, hemme ýerde gözellik bardyr.
Pikirem könelip, kemçiligi, ýetmezi, aýby açylyp, puç bolandan soň, gözellikden mahrum bolýar.
Gözellik hakykylykdan habar berýär. Ýalanlyk hem galplyk gözellikden mahrumdyr.
* * *
Allatagalanyň barlygyny hem birligini, şu dünýäni ýaradyjylygyny dünýäniň gözellige eýediginden görüp bolýar. Dünýä gözelligiň iň ýokary nusgasy. Dünýäniň gurluşynda hem ýaşaýşynda ylahy gözelligiň yzy bar. Dünýä ýaşaýşynda ne bir ýetmez zat bar, ne-de artykmaç zat. Oňa sazlaşyk hem tertiplilik, kämillik hem ykjamlyk mahsus.
Allatagala nusga almak üçin bize şeýle gözel dünýäni ýaradyp beripdir.
Allatagala döretmekde öýkünmek üçin bize paýhas beripdir.
Allatagala nusgalary döretmek üçin bize iki el beripdir.
«Adam eli gyzyl gül» diýleni tüýs hakykatdyr. Adam gözelligi elleri bilen döredýär. Hyýalyndaky, aňyndaky gözellik diňe eliň kömegi bilen hakyky gözellige çenli baryp ýetýär.
Adamdan özge hiç bir jandarda paýhas hem-de el ýokdur. Haýwanatda duýgy bar, endik bar, instinkt bar, emma paýhas ýok. Haýwanatda aýak bar, penje bar, ganat bar, emma el ýokdur.
Paýhas bilen eliň arasynda gönüden-göni arabaglanyşyk bar. Gözellik paýhasda döreýär, eller arkaly durmuşa geçýär. Paýhasdan-akyldan hem ýürekden uzap gaýdýan eller dünýä gözelligine gözellik goşmaga ukyplydyr. Paýhas dünýä gözelligini görýär, oňa göz ýetirýär, gözelligiň suratyny çekýär, eller bolsa şol surata jan berýär.
Dünýä gözelligi Allatagalanyň paýhasy hem «elleri» bilen ýaradylypdyr. Adamzat Oňa öýkünip, öz gezeginde paýhasy hem elleri bilen dürli zatlary – maddy hem ruhy gözellikleri döredip, dünýä gözelliginiň üstüne görk goşýar.
Beýle öýkünmäniň aňyrsynda dünýä gözelliginden aňk bolmak täsiri ýatýar. Dünýäniň, ylaýta-da tebigatyň gözelligi kalbymyzy heýjana salýar, köňülde ylham döredýär. Şeýle täsir adamda näçe ir başlasa, onda gözellik duýgusynyň oýanmagy hem-de döretmek ukyby şonça-da ir oýanýar.
Gözel bolmak üçin gözellik bilen ýaşamalydyr.
Beýik bolmak üçin kalbyňda diňe howalalylyk bolmaly.
Ownuk-uşaklyklara güýmenip ýaşasaň, özüňem owunjak adam bolup galarsyň.
Asyryň, müňýyllyklaryň işi hem aladasy bilen meşgul bolmaly. Günüň, aýyň, ýylyň aladasyna çolaşyp ýörseň, şolaryň içinde-de ýitip galarsyň.
Beýiklige, beýiklige dyzamaly! Diňe beýiklik alyp çykar! Pese gitseň, gözden ýitip galarsyň, guýa düşen daş ýaly, zym-zyýat bolarsyň!
Ýadyma düşýär, çaga mahalym, Gün ýaşdygy bes, asmany synlamagy gowy görerdim. Şonda tiz wagtdan ýuwan hem ýuka asmanyň ýüzünde ilkinji ýyldyzlar ergin dürüň syçrantgysy ýaly bolup, ýalpyldap ugrardylar. Minutsaýyn asman düşeginde gürelip gidýän ol ýalpyldylar maňa geljegiň habarçysy bolup görünýärdiler. Eger geljegiň habary Asmandan bolsa, bu gowulyk, çünki Asman beýiklik hem elýetmezlik, belentlik hem bakylyk ahbetin. Asman hem ýyldyzlar maňa aýagymyň astyndaky, elýeterimdäki zatlardan has golaý hem düşnüklidi. Hemem has mähribandy we mähremdi.
Çünki Zemin gözelligi Asmandan gözbaş alyp gaýdýar.
Ynsan gözelligi-de Zeminden gözbaş alýar.
Netijede, ynsanda Zemin bilen Asman utgaşýar.
Ynsanyň pikirleri çuň, duýgulary beýik bolmaly.
Beýiklik bilen çuňlugyň utgaşygy özboluşly gözellik döredýär.
Ynsan üçin Zemin gözelligi mähremdir.
Asman gözelligi bolsa mähribandyr.
Bu iki sözüň aradaşlygy hem araýakynlygy ten bilen ruhuň arasyndaky daşlyk-ýakynlyga barabardyr.
* * *
Adam dünýä gözelligini görüp-duýup bilmese, onuň üçin ýaşaýşyň lezzeti we mähri ýokdur. Gözellik ýat bolan adamyň ýüregi galkmaz, ruhy galkynmaz.
Şonuň üçinem adamyň kalbynda gözellik duýgusyny oýarmak zerurdyr. Adam dünýäniň gözelligini duýýan närse bolmalydyr. Çünki Allatagala ony gözellik üçin ýaradandyr, ony gözellik diýip ýaradandyr.
Ynsanyň ähli zady – egin-eşigi-de, duýgulary-da, pikirleri-de, hereketleri-de, sözleri-de gözel bolmalydyr. Şonda ýaşaýyş oňa eşret hökmünde duýular.
Egin-eşigiň gözelligi – özüňe laýyk, muwapyk gelýän biçüwde, reňkde hem-de hilde geýinmekdir.
Duýgularyň gözelligi – dünýä hem adamlara mähir hem söýgi duýgularyna eýe bolmakdyr.
Pikirleriň gözelligi – hakykata, adalata hem-de hormata laýyk gelýän şekilde pikirlenmekdir.
Sözleriň gözelligi – sylag, hormat hem sypaýylyga ýugrulan sözleri sözlemekdedir.
Hereketleriň gözelligi – ýoknasyz, gödek hem zoňtar hereketlerden saklanmakdadyr, adamlaryň hoşuna gelýän hereketleri etmekdir.
Gözellik duýgusy adamda dogabitdidir. Emma bu duýgyny terbiýelemek, ösdürmek, kämilleşdirmek zerurdyr. Ýogsa ol azyp, başga bir pis zadyň – nebsiň ýüze çykmasyna öwrülip gidýär.
Sypaýylyk hem gözellik, mylaýym hem gözellik, emaýlyk hem gözellik, gelşiklilik hem gözellik, ejaplylyk hem gözellik aýrylmazdyr. Öňküleriň bary gözellik diýilýän uly hem beýik barlygyň adam häsiýetinde ýüze çykýan görnüşleridir.
Men dünýäniň gözelligini has ýakyndan görmäge çalşardym. Meniň has ýakyndan diýýänim – tebigata adaty, ýönekeý adamyňky ýaly tebigat jisimleriniň hem hadysalarynyň ten duýgulara edýän täsiri boýunça däl-de, tebigatyň içki kanunlaryna düşünmek esasynda garamakdyr. Ýagny, gürrüň duýga täsir edýän däl-de, amala täsir edýän, intellektual akyl gözelligi baradadyr. Dogrudanam, tebigatyň ýaşaýşynyň hem ösüşiniň içki ösüş kanunlaryna akyl ýetireniňde, üýtgeşik gözellik täsiri döreýär. Baryp, talyp ýyllarymda I.Boruň akyl gözelligi baradaky pikirlerini gaýta-gaýta okap, haýran galanym hakydamdan çykanok. Nýutonyň nazaryýetimi ýa Eýnşteýniňki, Boruň nazaryýetimi ýa Plankyňky– bularyň içine girip, düýp manysyna düşüneniňde, ajaýyp gözellik täsirini başdan geçirýärsiň. Bu täsir ýönekeý, adaty adamda bolşy ýaly, ten duýgularyndan däl-de, akyldan, ylma akyl ýetirmeden gelýär. Tebigat kanunlarynyň beýany bolan fiziki formulalaryň, kesgitlemeleriň, deňlemeleriň gözelligi hem kämilligi düşünene edil beýik hudožnikleriň suratlary ýaly täsir edýär. Bu möhüm hakykatdan men şeýle düýpli pelsepe çykarýaryn: ylmyň maksady diňe bir hakykaty tapmak däl, eýse gözelligi-de agtarmak hem tapmakdyr. Bu pikiriň howaýy däl-de, janly, hakyky pikirdigini birje ýönekeý, emma möhüm zat bilen esaslandyryp bolar: ylmy nazaryýet hakykata näçe ýakyn bolsa, ýagny näçe hakyky bolsa, ol şonça-da gözel, duýgularyňy haýran galdyryjy bolýar. Gözellik taýdan bikemal, pes görünýän taglymatyň, formulanyň, kesgitlemäniň, deňlemäniň hakykatdan daşdygyny, dogry däldigini çekinmän aýtsa bolar. Dogrudanam, aýdaly, Eýnşteýniň özünden öňki nazaryýetleriň dogrulygyny-nädogrulygyny kesgitlemek ölçegi ylmy, logiki kämillik däl-de, gözellik kämilligi bolupdyr. Ol nazaryýetiň ýalňyşlygyny onuň gözel däldiginden kesgitläp bilipdir.
Diýmek, gözellik biziň diňe bir tenimize hem kalbymyza däl, eýse akylymyza-da berlen gudratdyr. Näme ýalňyş bolsa, ol gözelem bolup bilmez.
Hakykat gözel däl bolup bilmez.
Haýsydyr bir ýerde gözelligiň ýoklugy ol ýerde hakykatyňam ýokdugyndan habar berýär.
Şonuň üçinem alymyň maksady, ylmyň maksady diňe bir hakykaty däl, eýse gözelligi tapmakdyr. Gözellik bolsa sadalykdyr.
Sadalyk – düşünilen, akyl ýetirilen hakykatdyr.
Näme çylşyrymly bolup görünse, munuň özi biziň şol zada entek akyl ýetirmändigimiziň alamatydyr. Akyl ýetirme bizi sadalygyň üstünden alyp barýar. Tebigatdaky ýönekeýlik, sadalyk ylmy taglymatda içki kämillik görnüşinde ýüze çykýar.
Içki kämilligiň bolsa azyndan dört sany sypaty bardyr.
Birinjiden, ylmy pikiriň esasynda emeli, ýasama hem çylşyrymly pikir ýatmaly däldir. Binýat, esas, özen pikir näçe sada bolsa, şonça-da ajapdyr hem gözeldir.
Ikinjiden, esas, özen pikirler san taýdan juda az bolmalydyr, sanalgyja bolmalydyr.
Üçünjiden, ylmy taglymatyň esasynda ýatan sanalgyja özen, esas pikirden juda köp netije, çözgüt, açyş gelip çykmalydyr.
Dördünjiden, ylmy taglymat durmuşy taýdan näçe köp tassyklansa, ykrar edilse, ol şonça-da kämildir hem dogrudyr.
Bu dörtlüge ylmy pikiriň hem hakykylygynyň, hem gözelliginiň ölçegi diýip bolar. Bular bolsa howaýylygyň gapma-garşylygydyr. Meniň ýek ýigrendigim howaýylyk.
Howaýy zat gözel bolup bilmez.
Howaýy diýmek gözel däl diýmekdir.
Howaýylyk betnyşanlykdandyr.
Dünýä ýaşaýşynda – tebigat hem durmuşda-da, onuň ýaşaýşynyň içki kanunlarynda-da hiç hili howaýylyk ýokdur. Howaýylyk adamyň kellesinde döreýär. Dünýä gözelligine hem hakykatyna göz ýetirmekden ejiz gelmekden hem-de bu ejizligi ýaşyrmaga dyrjaşmakdan döreýär.
Allatagalanyň paýhasy gözeldir, bu paýhasyň döreden dünýäsi-de gözeldir.
Gözellik dünýäniň öz häsiýetidir, dünýä göz ýetirmäge hem akyl ýetirmäge dyrjaşmakdan dörän pelsepe, ylym we sungat – bularam hakykata laýyk bolanda, gürrüňsiz gözel bolýandyr. Eýnşteýniň formulasynyň gözelligi Rembrantyň suratynyň ýa-da Mikelanželonyň çyzgysynyň gözelliginden birjik-de pesde durýan däldir. Edil şonuň ýaly Platonyň ýa-da Aristoteliň eserleriniň mazmun hem gurluş gözelligi Şekspiriň ýa-da Tolstoýyň edebi eserleriniň gözelliginden kem däldir.
Sungat gözellige duýgy tarapdan barýar.
Ylym gözellige akyl tarapdan ýetýär.
Pelsepe gözellige kalp tarapdan barýar.
Kalp – ýürek bilen akylyň birigýän meýdanydyr. Hudožnik dünýäniň suraty gözelligini şekillendirýär. Kompozitor ýaşaýşyň owazy gözelligini beýan edýär. Ýazyjy söz arkaly hereketi, suraty, owazy gözelligi ýüze çykarýar. Gulaklarymyzdan gelýän owaz gözelligem, gözümizden gelýän surat gözelligem – bary ýürege baryp ýetýär. Şol pursat ýürekde üýtgeşik ýakym, hözir, lezzet döreýär. Ýüregiňem, akylyňam, kalbyňam höregi gözellikdir. Bu hörek diňe adama berlendir.
Hatda, aýdaly, Magtymguly ýaly dünýäniň panylygyny ýazyp, gama batýan şahyryň eserini okanymyzda-da, biz özboluşly ruhy oňyn ýagdaýy başdan geçirýäris. Gaýgyly zatlaryň gürrüňini edýän şahyr biziň öz ýüregimizde bar bolan tersin, gaýgyly duýgulary çykarmaga, olardan boşamaga bize kömek edýär. Beýle boşama, özboluşly azat bolma kalpda ynjalma döredýär. Şahyr bilen birlikde, biziňem derdimiz söz bilen egsilýär. Bu-da biziň gözellik hajatymyz we gözellik ukybymyz bilen baglanyşyklydyr. Birinjiden, dünýäniň wagtlaýynlygy bizde wagtlaýyn gussa döretse-de, barybir, biz şol wagtlaýynlygyňam çäginde ýaşaýşyň gymmatyny görüp ýetişýäris ahyryn. Şulam bagtly bolmak üçin ýeterlikdir. Allatagalanyň bizi ýaratmak bilen maksady dünýäde baky ýaşatmak däl-de, onuň nämedigini görkezmek we özümizi synamakdyr. Dünýäde ýaşamak – özüňi görkezmekdir, özgäni-de görmekdir.
Ikinjiden, sungat gözellik arkaly bize öz derdimizi, gussamyzy egismäge kömek edýär. Göz öňüne getirip, eger biz öz gussamyzy egismäge, boşatmaga ukypsyz ýaradylan bolsak, nähili bolardy? Onda megerem, biz dogrudanam, gussadan ölüp giderdik. Aslynda, öz tersin duýgularyndan boşanmaga ukypsyz jandar ýaşamaga ýaramly bolmazdy.
Diýmek, gözellik bize diňe häzirki duýgulary bagyş etmän, eýse şum duýgulardanam halas bolmaga kömek edýär.
* * *
Eýa, Biribar!
Dünýä gözelligini ýaradan Sensiň!
Eýa, Biribar!
Dünýä gözelligini görmek-bilmek üçin meni Ýaradan hem Sensiň!
Ýaşaýyş gözelligini bilmek-görmek üçin meni kemally ýaradanyň üçin Saňa hamd-u-senalar bolsun!
Gözüm açyp görenim gözellik üçin,
Göwün berip söýenim gözellik üçin,
Akyl berip, aýňalanym gözellik üçin,
Aň ýetirip, saýlananym gözellik üçin,
Mazasyn duýup, galkynanym gözellik üçin,
Gymmatyn bilip, ýalkananym gözellik üçin,
Dil bitip, jemalyň sözledigim gözellik üçin,
Menden özge mahlugyňa dözmedigiň gözellik üçin,
Bady-sabanyň wysalyňa dyzaýan çagty,
Jemalyňa söýgim kibi
Ikindin kölgeleň uzaýan çagty,
Agşamyň aram tapyp, könelişen çagty,
Gijäniň göwni giňliginde, ýyldyzlaryň öçen çagty
Mübärek pyglyňa hamd-u-senalar aýdýaryn.
Öz berdigiň röwşen gözlerimi,
Gözelligiňe erişen sözlerimi,
Daň şemaly kimin duýgularymy,
Böreň-böreň guýy suwy kimin syzgylarymy
Didaryna intizar sakçylarymy
Gije gözleglerimiň maşaalyny,
Gündiz yhlasymyň söngülerini
Ömür-ahyr, ir-u-giç
Öz ýaradan, öz döreden
Ýüregimde, ykbalymda ýer eden
Özüň kibi, sözüň kibi gözelligiňden aýyrma!
Osman ÖDE.
Filosofiýa