13:55 Ýeñijiler | |
ÝEÑIJILER
Edebi makalalar
"Literaturnaýa Rossiýanyñ" soñky sanlarynyñ birinde ýerleşdirilen "Biz ölümden güýçlüräk" atly makalany okap otyrdym. Makalany smolenskili awtor Wladimir Paşutin ýazypdyr. Ol şeýle sözler bilen başlanýar: "Bu hekaýa Watan ugrundaky söweşlerde Smolensk topragynda wepat bolan frontçy şahyrlara bagyşlanýar". Ine, şol wepat bolanlaryñ spisogynyñ arasynda birden tanyş at gözüme ildi. "Türkmen şahyry Şaly Kekilow Monastyrşinsk raýonynyñ Dosugowo obasyndaky meýdan keselhanasynda duşmanyñ salan ýarasyndan öldi". Gürrüñi edilýän uly makalada biziñ gahryman ildeşimiz hem-de kärdeşimiz barada söýgüden doly setirler kän. Onuñ front durmuşy hakda maglumatlar hem kän. Emma ol setirleri okan adama pikir edere-de zat bar. Şaly Kekilow özüniñ ylhamy bilen ajaýyp goşgular ýazyp Durmuşy wasp edipdi. Ol Şahyrdy. Ol Gözelligi taryp etmek üçin doglan adamdy. Şahyr hiç haçan gülläni wasp edip bilmez - güli wasp eder şeri wasp edip bilmez - haýry wasp eder. "Dýadýa Wanýa" bilen "Kareliýa jeññelinde" diýen eserleri ýazyp oturan frontçy şahyry göz öñüne getirjek bolalyñ. Gapdalynda top oky ýarylyp, onuñ gyýçak bölekleri çar tarapa pytraýar. Şol gyýçak bölekleriñ biriniñ öz depäñden düşmejekdigini hiç kim kepillendirip bilenok. Dik depäñse gara haçly samolýotlar uwlaşyp, saña bakan bomba taşlaýarlar. Şolaryñ hem biriniñ öz depäñde ýarylmajakdygyna kepilnama ýok. Şahyr bolsa goşgy ýazýar. Sebäbi, ol ölüm hakynda däl-de, ömür hakynda pikir edýär. Şeýle pursatda ol hoşlaşyk aýdymynu ýazanok, geljege ynamdan doly, duşmana bolsa gahar-gazapdan doly poemasyny ýazýar. Bu ruhugüýçlülikdir. 1941-nji ýylyñ tomsunyñ aladañdanynda öz leşgerlerine biziñ giñ Watanymyzyñ bir çetinden süsñäp girmek barada buýruk berende Gitler ine hut şu söz barada - ruhugüýçlülik diýen söz barada pikir etmedik bolarly. Ýewropanyñ ençeme ýurtlaryny ýeññillik bilen dyza çökermek Gitlere başardypdy. Şoña huşy göçen faşizm indi dünýäde ilkinji sosialistik ýurduñ giñişliklerine göz dikýärdi, diş çarhlaýardy. Gitler biziñ Watanymyzyñ üstüne şagal namartlygy bilen hem-de kümsükligi bilen çozdy. Onuñ gana suwsan leşgeriniñ dabanynyñ astynda ýer lerzana gelýärdi. Sosialistik Watanyñ ykbalynda iñ agyr günler, aldym-berdimli günler, aýgytly günler başlanypdy. Biz kartadan öwrenipdik Watany, Deñizlere, derýalara beletdik; Kartadaky gyzyl giñişliklere Çagakagam mähir bilen esetdik. Biz Kiýewe bakýas, Minksä bakýas, Bakýas-da başymyz egýäris aşak. Kiýew elden gitdi Minskiý gitdi... Nemes gelýär eñen ýaly başaşak. Kiýew bilen Minskide duşmanlar Dikipdirler gara baýdak, gara haç... - Näme üçin beýle bolýar, mugallym? Mugallymdan ses ýok. Dymýas bialaç. Şeýle ýagdaýda howsala düşmäge esas bardy. Topuñ gümmürdisinden örän uzakdaky obada okap ýören on üç-on dört ýaşly oglanlar üçin howsala düşmek diýen zat nämäni añladýar? Fronta gidip, duşmany yza serpikdirmäge kömek etmegi añladýar. Indi birneme geñ bolup görünse-de, 5-nji klasda okaýan oglanlar bolup hemmämiziñ harby komissariata arza ýazandygymyz şu günki ýaly ýadymda. Biz atly goşuna iberilmegimizi haýyş edýärdik. Ine, bir gün raýonyñ harby komissary mekdebimize geldi. Biz begendik. Ol giñ göwrümli, täsin adam bolsa lapymyzy keç etdi. - Oglanlar, siz entek fronta giderden ýaş. Watany hiç hili näkese bermeris. Arkaýyn boluñ. Gowy okasañyz, Watana şondan uly peýdaly zat ýok. Emma fronta dyzaýanlar diñe ýetginjekler hem däldi... Ýylanly raýonynyñ "Moskwa" kolhozynyñ başlygy Sapyş Çerkezow hakynda bize täsin zatlar aýtdylar. Urşuñ başlarynda ony kolhoza başlyk saýlapdyrlar. Bu wezipede sanlyja aý işländen soñ ol bir gün hiç kime, hatda öz maşgalasyna-da duýdurman harby komissaryñ kabinetine barýar. - Näme hyzmat? - diýip, tanyş komissar ondan soraýar. - Hyzmat şeýle - tä şu ýerden fronta ugradýançañ men indi şu kabibetden çykmakçy däl. Nähilidir bir gudrat buleb ýaş başlyga özüni fronta ugratdyrmak başardýar. Ýola düşüleli bäri gör, näçe günler geçýär. Ahyry eşelon Daşkende golaý stansiýalaryñ birinde durýar. Ine-de birden-kä Sapyş Çerkezowyñ oturan wagonynyñ içinde raýkomyñ sekretary peýda bolýar. Raýon ýolbaşçysy bilen onuñ garamagyndaky kolhoz ýolbaşçysynyñ nazarlary çaknyşýar. Özüni eýýäm eli awtomatly hasaplap gelýän ýaş başlyk yzyna dolanmaly bolýar. Howaýyrak kinosýužete meñzeýän bu wakany eşidedimde menem oña birbada ynanmadym. Soñ "Moskwa" kolhozyna baryp, Sapyş aga bilen mazaly tanşanymyzdan soñ bu ahwalat barada onuñ özünden soramagy makul bildim. Bu wakanyñ añyrsynda gaýduwsyz, hyjuwly watançynyñ obrazy ýatyr ahyry! - Hawa, şeýle ýagdaý hem bolupdy - diýip, Daşhowuz sebitiniñ abraýly kolhoz başlyklarynyñ biri Sapyş aga boýun aldy. Kolhozda däne brigadasyna tabelçilik edýärkäm biziñ obamyzdan fronta giden, orta ýaşlardan geçen bir bisowat adam oba dolanyp bardy. Onuñ adyny men Çary aga diýip tutaýaýyn. Ol şeýle bir tapdan düşüpdir welin, beýle ýagdaýdaky adama "pylany soñky deminde özüni oba atypdyr" diýilýär. Ine, kolhoz başlygy Çary agany biziñ brigadamyza berkitdi-de: - Iñ bolmanda çaý gaýnadyp berer. Gyzgyn nahar iýip, birneme özüni tutsyn - diýdi. Dogrudan-da, kem-kemden Çary aga özüni tutup başlady. Günleriñ bir güni bälçik gelinleriñ biri oña: - Çary aga, uruşdan gürrüñ berseñiz-le, nireden gaýtdyñyz? - diýip, sowal berdi. - Žillinskiý diýilýän ýerden gaýtdyk, keýgim. - Žillinskiý? O nirede bolýar? - Ondan añyrda ýer-ýurt ýok. Seredip otursak, Çary aga Çelýabinskide gurluşyk batalýonynda işlän eken. Saglyk ýagdaýynyñ ugry bolmansoñ, ony obasyna ugradypdyrlar. Aradan ýarym ýyl geçensoñ, Çary aga kemsiz daýandy. Ol indi ýigdelen ýalydy. Has dogrusy, täzeden dünýä inen ýalydy. - Indi-hä gurluşykçy batalýona däl-de, gös-göni söweşýän goşuna iberäýseler, bir esgeriñ ýerini tutardyk - diýip, ol bir gezek çyny bilen aýtdy. Emma ol söweşýän goşuna gitmeli bolmady - basym dört ýyla çeken pidadan doly uruş biziñ Beýik Ýeñşimiz bilen tamamlandy. Men makalany Şaly Kekilowdan başlap, Çary aga bilen-de gutardym. Meniñ bu ýerde esasy nygtajak bolýan zadym million-million Şaly Kekilowlaryñ gahrymançylygyny million-million Sapyş Çerkezowlaryñ ýa-da Çary agalaryñ gaýtalap biljekdigi barasyndaky, sowet halkynyñ köpçülikleýin gahrymançylyk görkezmäge ukyplylygy baradaky beýik hakykatdyr. Faşizmiñ külüni göge sowran gahryman sowet halkydyr. Sowet halkynyñ million-million ogullary bolsa ÝEÑIJILER diýen mukaddes ada mynasyp boldular. Ýeñijiler diýen ýakymly hem-de buýsançly sözüñ aýratyn ähmiýeti, aýratyn manysy bar. Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |