14:29 Ýetimiñ öýi | |
ÝETIMIÑ ÖÝI
Goşgular
Muhammet Baýram hana öýkünme Bar ýeri ýap-ýagty, Gijäniň ýary, Ot alanda ýetim oglanyň öýi. Batly şatyrdaýar ýüregňi ýaryp, Demiňi tutýardy burugsap goýy. Ukyny ýylyjak ýorganda goýup, Oduň gyzgynnada golaýlap bilmän, Ýangyny synlaýar gelenleň bary. Öý bolsa iň soňky deminde ýanýar, El-aýagna ot çabyran, hor-homsy, Ýetim oglan gözi ýaşly naýynjar, Her ýanynda ýedi-sekiz zor goňşy, Gylyç deý kesgi-ow olaň käýinjem. Gulaç dili göge uzap, elem-tas, Pelesaň kakýardy deýýus ýalyn ot. Ody söndürmäge her bir gelen dost, Arman alaç ýokdy, ot bir ýaman zat. “Ursalar” “Uruň” diýp arkamy tutjak... Begenmek begenjek sögüp-käýseler. Hossarlyk etseler arkaýyn ýatjak, Ejem jany ýatlap, öýüm küýsesem. Ýangyn bolsa ahyr etjegin etdi, Ýere bagry berdi öýüň üçegi. Ot ýetimiň ýürek-bagryn eretdi, Hem gijäniň çigreginde üşedi. Bu bolýan işlere keýpi bozulyp, Dagaşyp başlady goňşulaň bary. Ýetim bakýar hemmeleriň ýüzüne, Ýetimiň ýüzüne garaýan barmy?! Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |