YHLAS
Uruş gutaryp, adamlar parahat durmuşa aýak basypdylar. Durmuş parahat bolany bilenem, açlyk-horluk, galagoplyk, uruş zerarly salnan agyr ýaralar aradan aýrylyp gidibermeýärdi. Hemme zady wagt ýerli-ýerinde goýýar diýýärler. Bu, belki, dogrudyram. Ýöne ol urşuň yz ýanyndaky döwre degişli däl ýaly bolup görünýär. Kim ýaryndan, kim dostundan, kimler bolsa aga-inisinden aýryldy. Durmuş weli dowam edýärdi, adamlar bolanyna şükür edip, geljege ýagşy umytlar bilen garaýardylar.
Urşuň yz ýanlary Aky aga kolhozyň brigadiridi. Işiň üstünligem şonuňky, kemçiligem. Garamagyndaky işgärler işe sowuk-sala garap, işi wagtynda bitirmese ýa wagtynda gelmese, ilki bilen Aky aga kontora çagyrylar, ilki şondan hasap soralar. Jogapkärçilik uludy, muny ol gaty gowy duýýardy.
Ol gündelik işlere gümra bolup, giçlik öýe dolananda, aýaly oglunyň «Barýan» diýip iberen habarynyň gelenine-de bir hepde bolandygyny, onuň bu gün-erte bir ýerden çykaýmagynyň ahmaldygyny, töwerekden daşlaşmazlygyny ýatlatdy. Ogly Muhammetsaparyň Watan goragyna gidenine üç ýyl sekiz aý bolupdy. Aky aga ýeke dikraryny şunça göresi gelip dursa-da, aýalyna duýdurmaýardy. Ýöne nirä gitse-de, «Ata, buşluk, gözüň aýdyň, ogluň Muhammetsapar geldi» diýen habar geläýjek ýaly, bir gözi oba tarapdady.
Bu gün agşam hem ol işden gaýtmanka, ýuwuş suwy tutulýan meýdany gözden geçirmegi ýüregine düwdi. Bärden baranyndan, Aky aga esasy suwçynyň: «Eýt, beýt» diýip, nähoşlap, gyrada gyşaryp ýatanyny gördi. Onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirýänem gögele oglandy. Ol şunça ylganam bolýar weli, näme, edil uly adamyň iş edişi ýaly däl-dä. Bir ýerini bekläp, beýleki pele açsa, öňki ýapan böwedi agasy gelip dur. Aky aganyň özi suwa girdi. Birlaý öňki ýapylan böwetleri mäkämläp çykdy. Suwy akmaly tarapyna gönükdirdi. Beýgiräk ýerleri tekizleşdirdi, suw barmasy kyn ýerleri köwçeleşdirdi.
Şol wagt hem oba tarapdan biriniň alakjap gelýändigine gözi düşdi. Ol ylgap gelşine: «Ata, buşluk, Muhammetsapar kakam geldi!» diýip, özünden öň sesini ýetirdi. Aky aga begenjine bir ýylgyrdy-da, nazaryny endigan akyp ýatan suwa, gyrada ýatan nähoş suwça we onuň kömekçisine gönükdirdi, soň sagadyna seredip: «Inim, men ýene üç sagadrakdan bararyn, buşlugyňam şonda bererin, sen gaýdyber» diýdi. «Ýöne sen barşyňa ilki bilen eneňe aýt, goý, ol asylgy demri gapdalda ýatan demir bilen ursun, adamlaň iş wagtynyň bolandygyny duýdurar ýaly. Birden ogul geldi başagaýlygy bilen demri urmagy ýadyndan çykaraýmasyn!». Şatlykly habar getiren oglanjyk allaniçigsi boldy-da: «Uly il ogly geldi diýip, gözüň aýdyňa gelip durka, adamyň ondan zerur näme işi çykdyka?» diýip pikirlendi. Näme diýjegini bilmän hem, gelşi ýaly, ýeke özi yzyna dolandy. Aky aga bolsa kolhozyň, köpçüligiň ekin meýdanyna berlen suwy doly tutup, ony goňşy brigada geçirip, diňe şondan soň üç ýyl sekiz aý görüşmedik ogluny bagryna basmak üçin oba ýöneldi.
Nurmyrat ATAÝEW.
Hekaýalar