11:18 Yşk - köñül guşy / edebi-filosofik söhbet | |
YŞK - KÖŇÜL GUŞY
Filosofiýa
(Yşgyň ruhy manysy) I. Türkmen halkynyň taryhy-medeni geçmişden ýeten esasy ruhy gymmatlyklarynyň biri yşk düşünjesidir. Klassyky türkmen edebiýatynda, umuman, ruhunda yşk aýratyn bir meseledir. Biziň köne şahyrlarymyzda yşk üýtgeşik ruhy ahwalat, adamyň özboluşly ruhy ýagdaýy hökmünde aňlanylypdyr. Yşk şol ýagdaý manysynda adam şahsyýeti bilen baglanyşyklydyr. Yşk – adamyň ruhy kämillik derejesidir. Yşga düşen adam ýönekeý indiwidden ýaşaýşyň we ömrüň manysyny gözleýänligi, dünýäniň manysyna meşgullygy bilen tapawutlanýar. Yşk – ruhy ahwalat hökmünde durmuşyň boş gaýtalanmasyny inkär etmekdir. Adamlaryň köpüsi özleriniň gyzyklanmalary boýunça adatylygyň çäginden çykman ýaşaýarlar. Köpçülik maddy hem ten hajatlarynyň emrine we talabyna boýun bolup ýaşaýar. Ýürekde üýtgeşik joşgun, köňülde adatdan daşary hesret, akylda bolsa üýtgeşik bir many bolmaýar. Beýle adamlar üçin ömür endige öwrülýär. Endik – manysyzlygyň gaýtalanyp durmagy. Beýle adamlar üçin ömür hälki bir gezegini, nobatyny geçirmek bolup durýar. Onsoň adam daşyndan – filosofiki manylylygyň nukdaýnazaryndan bakanyňda, elde ýasalan bir ýasama gurala çalym edýär. Özüniň şeýle ruhy, has dogrusy, ruhsuzlygy halatynda adam üýtgeşik döredijilik ymtylmalaryndan, ukyplaryndan mahrumdyr. Ömür manydan hem mahrumdyr. Ruhy şahsyýetiň, ruhy iterginiň ýok ýerinde many hem ýokdur. Many – ruhuň dokunmagydyr we dokmädeligidir. Ýaşaýşyň üzresinden many almak bile ruh ömürden – ýaşaýyş prosesinden kanagatlanma hem karar tapýar, adamyň göwni dokunýar. Yşk adamyň diňe tenini dokundyrmak, doýurmak bilen oňňut edýän endigiň aýşy-eşretsiz, ýürekgysdyryjy galasyny zabt edýär. Türkmeniň ýaşaýşa höwesliliginiň aňyrsynda yşk pelsepesi ýatýar. Yşk – ruhanalygyň filosofiki taýdan esaslandyrylmasy we filosofiki taýdan gurnalmasy. Ol türkmen ruhunyň esasy binýatlarynyň biridir. Şonuň üçinem türkmen ruhunyň göze görnüp duran hem göze görünmeýän täsin aýratynlyklaryny aňlamakda yşgyň örän möhüm paýy bar. Yşgyň durmuşdaky ähmiýeti hakynda aýtmaly bolsa, şeýle diýmelidir: Yşk – göwnüçökgünligiň, lapykeçligiň we umytsyzlygyň ganym duşmanydyr, Yşk – ruhubelentligiň ýaranydyr, ganaty. Yşk – ruhubelentligiň egsilmez çeşmesi. Yşk diýmek – ýaşaýşa gyzykmak, ömre höwes, durmuşa söýgi diýmekdir. Yşk – ýaşaýyş höwesinden we ömrüň manysyndan ät galan adamlaryň derdine dermandyr. Yşk bilen adam hem, millet hem halas bolýar. Yşk pelsepesini öňli-soňly, akylly-başly işläp bilen türkmen ruhy milletiň uzak döwrüň dowamynda taryhy işjeňligini saklamaga ýardam edipdir. Yşk milletiň içki ruhy hereketlendiriji güýji bolupdyr. Köňül joşa gelmez, til hem sözlemez, Her ýürekde yşkdan köz hem bolmasa. Adamyň – edil şonuň ýaly-da, diýip, özümizdenem goşalyň – milletiň hem daşky janlylyk hereketleri babatda yşk içki iterginiň, wagt hem giňişligiň ýaşaýyş formasy bolan hereketlilik babatda içki ontologik esasyň wezipesini ýerine ýetirýär. Yşk ruhuň hem teniň arabasy üçin fizikleriň «baky dwigatel» diýýäni ýaly bir zatdyr. «Köz» aňlatmasyny tükenmez energiýa çeşmesi diýip düşünmeli. Ruhy ýaşaýşyň işjeňliginiň, baýdygynyň hem köpreňklidiginiň esasynda yşk ýatýar. Çuňňur pelsepeler, täsin pikirler, köňlüň düýpli hem aňk ediji dolup-daşmalary şol esasyň bar ýerinde mümkindir. Gadymy ýunan filosofiýasy, Müsür, Tibet, Meksikan piramidalary, azym-azym medeniýetler, beýik poeziýa, sungat hem pelsepe – bularyň bary gadymkylaryň yşgyndan nyşandyr. Yşk – döredijiligiň ählumumy formasy we formulasy – döredijiligiň umumyfilosofiki kesgitlenmesi. Şu ýerde durmuşdaky bar bolan ýazylan-u-ýazylmadyk kanunlar hakda gürrüň etmegimiz gerek. Kanun – zatlaryň hem hadysalaryň arasyndakyn ählumumy baglanyşyklardyr. Kanun – barlygyň ýaşaýyş hökmürowanlygy. Biz – Adam atanyň ogullary, şol ýazylan hem ýazylmadyk kanunlara esaslanyp ýaşaýarys. Ol kanunlar biziň ahlak gatnaşyklarymyzyň örüsi, ol kanunlary üç topara bölmek mümkin: 1. Hudaýyň kanunlary. 2. Tebigatyň kanunlary. 3. Adamlaryň kanunlary. Şol üç ugurda hereket edýän ýeke-täk kanun bar, olam yşgyň kanunydyr. Hudaýyň, tebigatyň hem adamyň barlygynyň mazmuny döredijilige syrygýar, olaryň üçüsi-de döredijidir, yşk mynasybetli döredijilerdir. Meniň pikirimçe, yşk gymmatlygyny adamyň bahasyny kesgitlemegiň baş ölçegi edip almaly. Şeýdip alynsa, adamyň manysyna iň düýpli – filosofiki kesgitleme berip bolýar. Biz «ýagşy adam, ýaman adam» diýip adam ömrüniň hiline baha kesmegiň ölçegine juda bir öwrenişip gidipdiris. Men adama baha berlende «ýagşy, ýaman» diýip däl-de, «yşga düşen adam, yşga düşmedik adam» diýip bölünse, has jüpüne düşerdi diýip pikir edýärin. Pikirimi esaslandyrmaga synanyşaýyn: yşga düşmek ukyby – ýagşylyk etmäge ukyplylygyň ruhy-filosofiki esasydyr, yşkdan mahrum galmak bolsa ýagşylyga, haýyra adamyň zandy boýunça ukypsyzdygyny hem maýyl däldigini görkezýär. Ýüregi yşksyz kişi ruhubelentlikden binesip bolýar, kalby bigörklügi hem binyşanlygy bilen tapawutlanýar. Köne şahyrlarymyz şeýle adamyň köňlüni gaty daşa meňzedipdirler, ýaşaýşyň baky çeşmesini – suwy daşyň üstüne näçe guýsaňam, onda ot gögermeýär, jan fenomeni döremeýär. Onuň gahatlylygy dünýäni daraldýar, mazany alýar. Yşga düşen adamyň ruhy – bereket çeşmesidir. Ol haýyra-da, gözellige-de, döredijilige-de, hereketlilige-de ukyply bolýar. Islendik şer, islendik erbetlik dirilige hem ýaşaýşa kast edilmegi bolup durýar. Kalby yşkdan doly kişi erbetligiň, ýamanlygyň asyl köçesindenem geçmez. Onuň ýarany gowulykdyr. Biz adam ömrüne ýaşlyk – garrylyk diýip baha kesýäris. Munuň asla-da ruhy kesgitleme däldigi görnüp dur. Meniňçe, barlygyň baş kanuny bolan yşgy goşmak bilen – çünki islendik kesgitlemäniň göwnejaýlyk derejesi onuň mümkingadar has düýpli, has ählumumy esasa daýanýandygyna baglydyr – adam ömrüni şu üç bölege bölmeli: yşga çenli ömür; yşkdaky ömür; yşkdan soňky ömür. Adamyň beden hem ruhy bikemallygyny ýa kämilligini, paklygyny ýa taplananlygyny ahyrky netijede garrylyk – juwanlyk kesgitlemeýär. Siz meniň bu pikirim bilen ylalaşarmykaňyz diýýärin. Döretmäge ukyplymy ýa-da ukypsyz – ine, kämilligiň esasy ölçegi şu bolmaly. Bikemallar we ukypsyzlar özleriniň mazmuny boýunça ölümiň ýaranlarydyr, bu gün bolmasa-da, ýakyn günlerde gujagyna doljak rezerwleridir. Elbetde, klassyky türkmen ruhunda döredijilik diýilýän zadyň sungat däl-de, ruhy-filosofiki düşünjedigini okyjy aňlandyr. Yşga düşen, dörediji şahsyýet – bu alym hem bolup biler, daýhan hem bolup biler, döwlet işgäri hem bolup biler. Gep hünär hakda däl-de, şahsyýetiň ruhy ukyplylygy barada barýar. Dörediji şahsyýetiň esasy ruhy sypatlary iki sanydyr – ýalňyzlyk we dözümlilikdir. Döretmek üçin bolmanda şertli manyda ýalňyzlyk, özüňi wagtlaýyn töwerekden çetleşdirmek gerek bolýar. Ruhuňy dürsemek, içki energiýaňy tijemek, toplamak we ýüze çykarmak üçin ýalňyz bolmak gerek. Beýik Magtymgulynyň: Köňül aýdar, halkdan galyp, Gezsem daglar, daşlar bile... – diýen sözleriniň ägirt ruhy manysy şondan ybaratdyr. Öz-özüň bile ýüzbe-ýüz bolmak döredijiligiň baş psihologik şertidir. Öz-özi bilen ýalňyzlykda galyp bilmeýän, halkyň arasyna miweli, hasylly gaýdyp gelmek üçin halkyň içinden çykyp gitmäni başarmaýan adamdan köp zada garaşmaň. Düýe semremek üçin ýitýändir. Könelerimiziň tenhalyk, hylwatylyk diýýänleri şol ýalňyzlyk, wagtlaýyn köňül üzňeligidir. Geň galmaly zat – ýalňyz galmak islegi hatda janly-jandarlara-da mahsusdyr. Durmuşda görensiňiz, sygyr hem gölelejek, düýe botlajak bolanda, daş-töwereginde adam-garanyň, gözüň bolmazlygyny isleýär. Bu ýöne bir gyssanmak däldir. Bu döredijiligiň hem yşgyň kanunydyr. Hatda Hudaý hem dünýäni ýalňyzlykdan we ýalňyzlykda ýaradypdyr. Yşga düşeniň ikinji sypaty – öz-özüňe dözümlilik. Döredijilik çaga dograndaky ýaly ejirlilik bilen baglanyşykly. Öz-özüne dözüp bilmeýän, özüňi döwüp, gysaja salyp bilmeýän, özüni awundyryp, howaýy höwesini gynap bilmeýän adam döredip hem bilmez. Şu pikirimi ýekeje bir mysal bilen baglanyşdyraýyn. Ýazyjy romanyny bir däl, iki däl, üç däl, käte on-on bäş gezek hem göçürýär. Galyň kitaby göçürip çykmagyň nähili hupbatly işdigini bir göz öňüne getiriň, on-on bäş-ä diýmäýin, galyň kitaby bir gezek göçürip çykmak hem size gaty garaňky hem güzaply görner. Ýöne bu iş ýazyjy üçin garaňky hem däl, güzaply hem däl, ýazyjy işinden, güzapdan köpleriň tapmaýan zadyny tapýar – lezzet alýar. Çaga dogurmak hem aňsat däl, ýöne onuň lezzetine diňe aýallar düşünýär. Erkek kişilere bu lezzet düşnüksiz. Köne şahyrlarymyzda yşk epitetleri aýdylýan ejir bilen baglanyşykly. Yşk ody – yşk ody bilen men öz ýüregimi, synamy daglaýan, özümi ýandyrýaryn, şol oda bolsa buzdan sowuk dünýä çoýunýar: Ejiri – maňa, Höziri – ile. Yşk derýasy – yşk derýasy möwç urup alyp barýar, onuň joşgunynyň, hyrujynyň, möwjüniň netijesi iliň paýydyr. Yşgyň owazasyn diňle daşyndan, Jan jebrinden gorksaň, barma başyndan. Yşk mekanynyň baş görnüşi – çolalyk. Eger adam ýalňyzlykda öz-özi bilen ýüzbe-ýüz bolýan bolsa, çolalykda ol dünýä bilen pete-petleşýär. Dünýä bilen ikiçäk galýar. Men hemişe köne şahyrlarymyzda, ylaýta-da sopy şahyrlarda dünýädäki kosmiki aňlaýşyň ölçegleriniň barlygyna haýran galardym. Nesimini ýa Magtymgulyny okanyňda, birhili, asman gämisini münüp, Zemine ýokardan garaýan ýaly geň duýgyny başdan geçirýärsiň. Emma ol wagt hiç hili asman gämisi bolmandyr ahyryn?! Oýlanyp otursaň, beýle ruhy ahwalat, ruhuň Asmana çykyp howalanmagy wagtyň hem giňişligiň çäkleriniň juda kiçelmeginiň hasabyna bolýar eken. Ýöne şeýle kiçeliş daşky dünýäniň täzeden gurnalmagy arkaly – tehnika arkaly däl-de, içki dünýäniň – ruhuň metamorfozasy arkaly gazanylýan eken. Başgaça aýdylanda, demir guş däl-de, köňül guşy asmana galýar: Köňül guşy uçup gitse her ýana Mätäç etme, ganat, guýruk, ýelege. Munuň aňyrsynda-da çagalyk ýatyr. Adam sähralar, daglar, düzler bilen ýüzbe-ýüz galýar. Olaryň keşbinden many okaýar. Aýdyşlaryna görä, Mäne baba ýedi ýyllap ýalňyzlykda Haweran düzlüginde sergezdan gezipdir. Onuň ruhy ahwalatynyň özünden ondan dokuz ýüz ýyl soň Gäwers düzlerinde gezen Gurbannazar Ezizowyň, Akmyrat Şirowyň ruhlaryna juda meňzeşdigine üns berdiňizmi?! Türkmen sährasy häzirki şahyrlarymyz üçin hem yşgyň asyl meýdany bolmagynda galýar. Düýnki ýagan ýagyşdan soň, dünýäniň ýüzi durmuşa täze çykan gyzyňky deýin durlanypdyr hem terlenipdir. Gök asman çüýşe ýaly ýaldyraýar. Terlikden soň ýylylyk paýlaýan Günüň barha ötgür tyglary janly-jandary oýarypdyr. Hažžyklar, suwluganlar, mör-möjekler üçin dünýä hezillik. Bularyň diline hem ruhuna düşünip ugran adam indi bu ýerde ozalkysy ýaly keseki hem bigäne däl, ol özüni öz mekanynda duýýar. Bu ýerde ne üstüňe abanýan howp, ne-de bir duşman bar. Ýedi ýyllap bu sähra, bu jandarlara dogan bolup gezen Mäne baba «yşk hem azatlyk – birdir» diýen beýik pelsepäni döredipdir. Ol ýaşaýşyň manysyna, sähranyň diline düşünip, azat bolupdyr. Ölüm gorkusyndan, dargursak pikirleriň şumlugyndan azat bolupdyr. Eýsem, şu setirler hem ölümden azatlyk dälmi näme! Adam ölüm diýip tapypdyr bir zat. Ölüm näme? Tebigata garylmak. Gül bolup bahara getirmek şöhrat, Daň säherler pyntyk bolup ýarylmak. Yşk şeýdip bakylyk sapagny berýär. Yşk adamy azat edýär. Elbetde, yşgyň filosofiki hakykatlarynyň adaty durmuşyň diline geçirip bolmaýandygy yşgyň gündelik, praktiki zerurlygyndan mahrumlygynyň delili bolup bilmez. Ruh näçe çuňlaşdygyça, ol durmuş zerurlyklaryna jogap bermäge şonça-da ukyplydyr. Türkmen ruhunda yşk – her pursat hem mydama Allatagalanyň ýadynda bolmak – Hudaý bilen bile bolmak diýlip düşünilipdir. Ýöne yşgyň aýratyn ýiti syzylýan aýry-aýry pursatlary bolupdyr. Bu pursatlar, esasan, üçdür. Gussaýy pursatlar – iki dünýäniň serhetleriniň has ýiti duýulýan pursatlarydyr. Bular säher, iňrik garalan wagty we gije ýarydyr. Säher. Çolalyk. Ýalňyzlyk. Dünýäde senden başga hiç kim ýok. Älem oýanypdyr, adamzat, hamana, ýok ýaly uklap ýatyr. Şeýle gussaýy pursadyň tötänligi şundan ybaratdyr: ol Adam atanyň pursadydyr. Adam ata jennetden Ýer ýüzüne kowlup, säher bilen oýanýar. Dünýäde entek ýekeje, birje Adam bar. Şol wagt onuň gursagynda nähili duýgular elendikä?! Ümsümlik. Gijäniň perdesi entek doly syrylyp ýetişmänsoň, dünýäde bir reňk – gara bilen agyň aralygyndaky reňk bar. Jennetiň reňbe-reňliginden soň bu reňk, has dogrusy, reňksizlik, jennetiň owazlaryndan soň bu ümsümlik onuň gursagynda bir erbetligi wada berýän, bir ýaramazlyga yşarat edýän duýgyny döredýär. Galagoplugyňa duýgudaşlyk eçilýän ýüreksiz hem hasratyňa ses bermeýän sessizje şemal şum habarçy bolup ýüzüňe durýar. Onuň şumlugyndan bu ýerde wagtyň hem ölümiň, garrylygyň hem mejalsyzlygyň bardygy hakyndaky habar okalýar. Düýnki urgudan ýüregi entegem ýerine gelmedik, gaýta gabadyndaky dünýäniň düşnüksizliginden hem syrlylygyndan howsalasy artan Adam birden başyny ýokary galdyrdy. Ýokarda-da ýarym tegelek reňksiz gapakdan başga dadyňa ýetişjek zat görünmedi. Birdenem onuň gözi jennetden kowulmagyna sebäp bolan bugdaýa menzeş ýylpylda düşdi. Onuň şuglasy şeýle ýitidi, onuň manysy şeýle bir aňyrdan hem alysdan gaýdýardy weli, Adam Alladan bir yşaratdyr, ilçidir öýdüp, nädip dyza çökenini hem bilmän galdy. Bu säher wagty dogýan Kerwengyran ýyldyzydy. Şeýle gussaýy pursatlarda adam ata-babalaryň ýürek duýgularyna gaýdyp barýar. Säher wagty perişdeler, gijäniň ýarynda bolsa öwlüýäler gezýärler. Bu şahsyýetler şol pursatlarda ýaşaýşyň hem bakylygyň ruhy manylarynyň açylýandygyny aňladýarlar. Baryp beýik alym al-Gazaly perişdeler älemiň ählumumy kanunalaýyklyklarynyň şahsyýetleşmegidir diýen manydaky bir pikiri aýdypdyr. Degişli pursatlarda adam dünýäniň manysyny akyl bilen däl, ruh bilen alýar. Iňrik dünýäniň gapysyny ýapýar, gije älemiň derwezelerini açýar. Çäkli Ýeriň üstünde oturan adam çäksiz älemi görüp, göwnüni bölýär. Ol bakylyk ideýasyny döretdi. Ol ruhy ideýa bolsa edil merduwan kimin adamyň hakyky bakylygyna menzil boldy. Gije özüniň garaňkylygy bilen syrlylygy hem gorkunçlygy, säher özüniň çolalygy bilen nury hem imany wada berýär. Yşk derdiniň ýitileşip, Yşk odunyň tutaşýan, Yşk derýasynyň joşýan Wagty Yşk söwdasyna sataşyp, Yşk jamyny ele alyp, Yşk şerabyn eňterdim, Göwnüm bölünip. Serhet bozýan jenaýatçy kimin Bu dünýäden o dünýälere gadam goýdum. Şondan soň ata-babalarymyzdan galanlary bilen bir hatarda, özümiň hem ruhumda ontologik giňişlikler we gussaýy pursatlar peýda boldy. Olardan diňe käbirlerine ýüzleneýin. Şeýle meýdanlar hem pursatlar birsydyrgyn akyp duran durmuşyň çygryndan çykan wagtlaryň peýda bolýar. Men köne şahyrlarymyzyň eserlerindäki sähra, çöl, dag, düz ýaly ontologik meýdanlary agzapdym. Emma şolar bilen hakykatda gabatlaşmagyň özi kalbymda hiç hili syrly, täsirli duýgyny döretmändi. Ýöne öň adyny eşitsem-de, özüni görmedik bir giňişligim ruhuma ontologik esaslary berdi. Bu şeýle bolupdy. Entek döredijilige ýaňy girişip ugran döwürlerim – diňe üýtgeşik eserler ýazmaly, üýtgeşik eserleri ýazmak üçin bolsa türkmen tebigatynda täsin zatlar kän diýen pikir bilen türkmen tebigatyny, taryhyny ürç edip öwrenýärdim, ana, şo döwürde mende türkmen elguşlary hakynda bir delje zatlary ýazmak höwesi döredi. Dünýäde guş bilen aw etmäge ilki bolup türkmenleriň başlandygyny taryhdan öwrenenimden soň, elguşly – torguşly obalardan, etraplardan bolsa dostlarym bile guş görmäge gitdim. Ilki dag etekleri, soňra meýdan, ondan soňam niredesiň gum diýip gidiberdim. Baryp-ha gadymy Uzboýuň ýakalaryna çenli gidäýsek nädersiň. Bilmedim, şol ýerlerde ýurt tutunyp öten atalarymyň ruhy gozgadymy ýa tebigy giňişlikleriň üýtgeşik utgaşygy täsir etdimi, garaz, Uzboý bilen duşuşyk meniň ruhum üçin üýtgeşik bir hadysa bolup ornady. Bu ýerde bar zat öňkiniň tersinedi. Aslynda dünýä diýmek taraplaryň gapma-garşylykly utgaşygydy: ileri bilen gaýranyň, ýokary bilen aşagyň, çep bile sagyň, barlyk ginişlik jähetinde-de garşylyk esasynda gurnalýar. Bu – adamyň dünýäni görüş usuly. «Gorkut atada»: «garşymda ýatan...» diýen jümle köp gaýtalanýandyr, göräýmäge, agramly many bolmasa-da, onuň döredýän täsiri giňişligiň göze, beýnä edýän täsirinden gelip çykýar. Uzboýda täsirler köp boldy, başga bir dünýä, dünýäniň giňişlik babatda özge utgaşygyna gabat geldim. Öňler meýdanyň gutarýan ýerinde gum başlanýardy, gumuň gutarýan ýerinde meýdan başlanýar. Dünýäniň öňki görnüşinde ilerde dag, gaýrada düzlük ýatardy, indi ilerde meýdan, gaýrada bolsa gyr görünýär. Hatda bu ýerdäki ýagdaý beýik Geraklitiň: «hemme zat akýar, bir giren derýaňa ikinji gezek girip bolanok» diýen pähimini ýalana çykarýardy. Uzboý akanok, onuň şorlan uýgun suwuna bolsa bir däl, on gezek hem girip-çykyp bolýar. Dünýä hakyt çepbe çöwrülen ýalydy. Ýöne maňa gyr aýratyn täsir etdi. Ol hem dagdy, hem başga bir zatdy. Dag beýikligi, abanjaňlygy bilen zompa öňüňden çykaýýar, birdenem onuň içine girip gidýärsiň. Gyr welin golaýlaşdygyňça, şol yza – alyslyga tarap çekilip barýar. Begarslanyň gyry, Gaplaňgyr – bu ýerler maňa unudylan, bu gün bize ýat elipbiýde ýazylan juda gadymy kitaplar bolup göründi. Meniň umumy ýagdaýym fantastiki kitaplardaky geçmişe dolanan adamyňka çalym edýärdi. Gyryň üsti bilen gussaýy hakykata dahylly boldum: gyr – dag bile sähranyň bir zatda amala aşmagydy, dag – beýiklik, sähra – giňişlik, gyr bolsa beýiklik bile giňişligiň bir pursatda, birden ýüze çykmagydy. Munuň özi, soň görüp otursam, täze hakykatyň bäri ujundaky, serhetindäki ruhy hadysasy eken. Beýle alyslygyň ruhy manysy adamy bakylyga dahylly edýänliginden ybarat. Göýä sen wagtyň bitewi hem janly keşbini gören ýaly bolýarsyň. Yşk adama durmuşyň geldi-geçer taraplaryny aňlamaga, baky ruhy gymmatlyklaryň manysyna düşünmäge, tagamyny almaga puryja berýär. Ana, şonda günama-teşwişiň juda bir ownuk zat bolup görünýär. Bäş şaýyny aňryma artyk geçireýin diýip, durmuş gyltymyna kowalaşyp ýörenligiň üçin hakyt ýüzüň gyzýar. Onuň sebäbi adam ruhy belentlige galýar, onuň kalby nurlanyp, akyly durlanýar. Adam ömrüniň maksady metamorfoza, ruhuň çuňňurlygyndaky düýpli üýtgeşiklikler yşgyň ontologik meýdanynda bolup geçýär. Emma mundan tapawutlylykda gussaýy (ekzistensial) pursatlar haýsy hem bolsa bir giňişlige bagly däl. Ol adamyň içki ruhy özgermelerine bütinleý baglydyr. Şeýle bir ahwal başyňyzdan geçdimi: diýeli, haýsydyr bir sebäp bilen ýat şähere düşýärsiň, sen öň bu şäherde bolaňok, ömrüňde ilkinji sapar şu ýerde. Hatda myhmanhananyňam nirededigini bileňok. Ýat köçe bilen barýarsyň. Köçeler, duralgalar, jaýlar – bularyň bary saňa ýat, keseki, bigäne. Türkmende «ýadyrgamak» diýen söz bar, seniň häzirki kalbyň ýagdaýy hut şoňa laýyk gelýär – ýadyrgaýarsyň. Munda düýşüň alasarmyklygy, iňkise goýýan nätanyşlygy bar. Öňüňden çykýan, duşuňdan geçýän adamlaryňam hereketi, ýüz-keşbi, boluşlary saňa juda ýat. Hamana, olar başga bir toprakdan ýaradylan ýaly. Nirä barýanyňam bilmän, birhili bimaksat, bimatlap barýarsyň, hem göze görünmeýän adam ýaly, özüňiň hiç kimiň gözüne ilmeýändigiňi duýýarsyň. Bu ýat köçäniň ugrunda özgeleriň saňa gözüňi egletjek öz giňişligiň, öz barlygyň ýok. Gün ýaşyp barýar, yzda – ýagtylyk, öňde – garaňkylyk, ýol uzak, garaňkylygyň içi bilen çala sudur bolup güman hem iňkis görünýär. Gündizlikde bu ýerleriň ýatdygynyň, hiç ýeri tapmaýanlygyň üstesine-de, garaňky hem düşüp, abanyp gelýär. Şeýle bir içiň gysýar... Gün batyp barýan çagtlary ýat şähere düşüp gördüňizmi?! Eger oňatja oýlansaň, yşga dahylly bolan awara kalbyň üçin şu dünýäniň özi ýat şäheri, bütin ömrüň özi Günüň batyp-batyp barýan çagtyny ýada salýar. Şeýle gussaýy (ekzistensial) pursatda ömrüň öňi-ardy görnüp gidýär, seniň özüň öz deňiňden bir demiň içinde geçip gidýärsiň. Pursadyň psihologik-ruhy täsinligi: seniň özüňi özüňden aýyrýar. Beýik Allatagalanyň dünýäni ýaradyp, öz-özüni gapdalyndan synlaýşy ýaly, öz-özüňe başga birine sereden ýaly seredýärsiň hem şu pursada çenli özüňe iň ýat, iň nätanyş adamyň özüň ekeniňdigiňi bilip galýarsyň. Eger dünýäler biri-birini gaýtalaýan bolsa, hamana, Ýeriň ekiztaýy bolan başga bir planetada öz ekiztaýyňa duşan ýaly bolýarsyň. Yşk adamy öz-özünden aýyrýar hem öz-özi bilen duşurýar. Aýaldan tapawutlylykda, erkek ikä bölünip bilmez. Yşk erkegi ruhy manyda ikä bölýär. Yşk bizi başga-başga dünýälere alyp gidýär. Şeýdip edil sungat ýaly, giňişlikleriň içine siňip, çümüp gidýärsiň. Şeýle pursatlar birgiden romana ruhy hörek berýär. Her bir hakyky romanda ginişligi hem wagty, görnüş gatnaşyklary, duýgular hem syzgylar ulgamy boýunça täze bir dünýä bolmaly. Her kime birhili, meniň özüm-ä daşky dünýäniň syýahatlaryndan, öz içki dünýäme syýahat etmäni, dünýä başdan geçirmelerinden ruhy başdan geçirmeleri has oňat görýärin. Yşgyň ruhy meýdanlary we pursatlary durmuşy ähmiýetliligi tarapdan alanyňda, adamda ajaýyp ahlagy terbiýeläp biler. «Adam, adamkärçilik» diýilýän zatlar juda çylşyrymly hem terbiýelenmesi juda hupbatly gymmatlyklardyr. Olary gury öwüt-ündew, akyl bermeler bilen kemala getirmek mümkin däl. Ruhy gymmatlyklaryň emele gelmegi üçin iki sany – daşky hem içki, durmuşy hem ruhy şertler gerek. Jemgyýetde ýola goýlan amatly maddy hem durmuşy gurluşlar onuň daşky şerti bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da ruhy gymmatlyklar diňe ruhuň öz çylşyrymly dilini özleşdirip, ol dilde gürläp bilýän ruhy potensial, intellekt bar ýerinde döräp hem hakykata öwrülip bilýär. Ýüzleý öwüt-ündewler, akyl bermeler, sadalaşdyryp aýdylanda, pys geçýär, çünki bular düýpli sütünleri bolmadyk akylyň öz ejizliginden ýaňa boş güýmenjelere gümra bolmagyndan başga hiç zat däldir. Yşk – ruhuň içki baýlyklaryny kesgitlemegiň, tertipleşdirmegiň, aňlamagyň ýoly bilen milli ruhy gymmatlyklary ýüze çykarmakdyr. Yşk hakykata, barlygyň düýbüne ýetmegiň usuly bolup durýar. Şol ýolda köne şahyrlarymyz yşgyň serişdelerini, ýagny ruhy-filosofiki hakykata ýetmegiň serişdelerini aýdyňlaşdyrypdyrlar. Müň ýyla ýetýän taryhly edebiýatymyzda yşgyň baş serişdesi diýip şerap, şerap içmek görkezilýär. Yslamyň uly günä hasaplan şerabynyň şeýle serişdä öwrülmegi birbada geň galdyrýar. Köne edebiýatymyzda şerabyň şeýle uly orun tutýandygy biziň milli medeniýetimiziň ruhy-filosofiki dilinden bihabar adama düşnüksiz bolup görünýär. Şerap orta asyr şahyrlarymyzda-da, dessanlarymyzda-da, XVIII-XIX asyr klassyky edebiýatymyzda-da juda köp duş gelýär. Talyp ýyllarymyz filosofiýadan öwrenipdik: mukdar ösüşi hökman hil ösüşine geçäýmeli diýip. Şonuň üçinem şerap motiwiniň uly orny, köp gaýtalanmagy yşk, ruh bilen baglanyşykly dürli many ulgamyny emele getiripdir. Şerap örän köp manylary aňladýan simwola öwrülipdir. Alymlar üçin bu ýerde toplap kitap ýazmaga zat kän. Türkmen ruhunyň many baýlygyny, eden ruhy açyşlaryny, milli ruhumyzyň inçeligini, gözelligini hem näzikligini, köpgyraňlylygyny ýüze çykarmak üçin şerap motiwi amatly badalga bolup bilerdi. Bu ýerde türkmen ruhunyň birgiden özboluşly meýdany ýatyr. Barlyga akyl ýetirmek, dünýäni ruhy taýdan açmak işinde ala-böle şerabyň simwol bolup hyzmat etmeginiň tebigy sebäpleri bar. Ilkinji nobatda bolsa, sözüň asyl manysyndaky şeraby içen adamyň ýagdaýy bilen hakykata akyl ýetirýän, yşga düşen adamyň ýagdaýynyň meňzeşräkdigidir. Ruhy yşga düşen adam özüni serhoş ýalyrak duýýar. Çünki onuň psihikasy adaty özüni duýuşdan has hyjuwlylygy bilen tapawutlanýar. Ruhy hala düşmek adamy aňk edýär, täze ruhy, many we duýgy açyşlary, ruhy hakykata galtaşmakdan döreýän täsirler adam akylyny göçme manydaky serhoşluga salýar. Iň umumy suratda, şerap manysy – azatlykdyr. Ruh erkanalyga çykýar. Serhoş adam özgeler hem öňküler tarapyndan gurlan akyl hem ruhy endiklerden we däplerden boşaýar, ol hakykaty özüçe görýär. Ol özüniň ruhy dünýäsini döretmek bilen umumy kabul edilen, hatda eldegrilmesiz dogmata öwrülen pikirleriň dünýäsinden azat bolýar. Diýmek, şerap ruhy-filosofiki düşünje hökmünde adamyň, onda-da akyl ýollarynda öz ýörelgesini tapan ruhy kämil adamyň «meni», kämilligi bilen baglanyşyklydyr. Tutuş müňýyllyk ruhy baýlyklarymyzyň simwoliki diline öwrülen şerabyň içki manylaryny aýyl-saýyl etmek, kesgitlemek maňa gutarnykly suratda başardar öýdemok. Ýöne onuň ruhy gymmatlyklarymyzyň bir hadysasy hökmündäki aýratyn taraplary, milli ruhumyzy baýlaşdyryjy bir närse hökmündäki köpmanylylygy meni biperwaý goýanok. Onsoň men dürli şahyrlarymyzyň, eserlerimiziň «şerabyny» ruhyýet nukdaýnazaryndan kesgitlemäge synanyşyklar etdim. Netijede bolsa şerap motiwiniň şu aşakdaky umumylaşdyryjy manylary bar diýen pikire geldim. 1. Ruhy-jemgyýetçilik manysy. Bu hili many geçmiş türkmen jemgyýetindäki, ylaýta-da jemgyýetiň ruhy-akyl bölegindäki pikir göreşleri bilen baglanyşyklydyr. Jemgyýetiň hem, ruhuň hem ösüşi şeýle: köne bilen täze, dogma bilen janly pikirleriň arasynda garşylyk bar. Şu pikir, ruh göreşinde «şerap» täze bir pikir ýörelgesiniň, janly, durmuşa täze şertlerde zerur pikiriň manysyny berýär. Dogmatiki hem möwriti öten ruhy ýörelgeleriň gadagan etmek, öňki dar çygyrda saklamak meýli bolýar. Gadaganlyk diýlende bolsa yslam medeniýetinde, ilki bilen, şerap ýada düşýär. Ruhuň teýinde bolýan çylşyrymly, göreşli hadysalaryň ontologik hakykatyň dilinde sözlemek häsiýeti bar. Şeýdip, «täze pikiri gadagan etmek – şeraby gadagan etmek», «täze pikiri, ruhy ýöretmek – şerap içmek» ýaly pikir ulgamlary döreýär. Şoňa laýyklykda-da «men şerap içýärin» diýen jümläniň şeýle jemgyýetçilik-ruhy manysy kemala gelýär: men könemöwrit, durmuşa zat bermeýän, gandala öwrülen pikir galyplaryny ret edýärin, şu jähetde «şerap içeliň» diýen çagyryşyň: «jemgyýetçilik ruhuna täze ýörelgeleri ornaşdyralyň, ruhumyzyň, durmuşymyzyň ýüzüni täzeläliň» diýen manysy bar. Şerap motiwiniň şeýle mana gelmegi türkmen ruhy durmuşynyň ösüşe ukyply, täzelige seslenip we täzeligi kabul edip bilýän ruhy taýdan baý durmuş bolandygy görkezýär. Özem şerap içmek yslam kabul edilenden soňky asyrlarda has-da ýörgünli bolupdyr: Ibn Sinanyň, Biruniniň, Omar Haýýamyň, al Farabynyň, Enweriniň eserlerinde has köp duş gelinýär. Asyl şerap içmek – hyjuwlanmak özbaşdak edebi akym bolupdyr. Bu edebi akymyň düýpli öwrenilmegi gerek. 2. Sopy-mistiki manysy. Şeýle many «şerabyň» many köpdürlüliginde iň köp ýüze çykýan manydyr. Çünki sopyçylyk edebiýatymyzyň çeperçilik gazananlarynyň agramly bölegini kemala getirýär. Sopynyň wysaly – Hudaýyň didaryna sataşmak, Hudaýa gowuşmak. Sopular Hakyň jemalyny, Nowaýy aýtmyşlaýyn, meýde görýärler. Bu ýerde, esasan, psihologik meňzeşlik işleýärmikä diýýärin. Magtymgulynyň goşgularynda sopynyň serhoşlugy anyk hem hertaraplaýyn beýan edilipdir. Şu jähetden aşygyň joşgunlylygyna aýratyn üns çekmeli. Ruhy meýi içen sopy şahyr esrik, däli inere meňzeýär. Munuň özi onuň Hakyň didaryna gowuşmak isleginiň, hyjuwynyň, hyrujynyň juda güýçlüdigini görkezýär. Bu hyjuw anyk milli durmuş üçin hem miwesiz, haýyrsyz bir boşluk bolupdyr diýmäge diliň barmaz. Bir tarapdan, bu çuňňur hem çylşyrymly psihologik ahwalat türkmen ruhunyň baýlaşmagyna, çuňlaşmagyna ýardam edipdir. Ýene bir tarapdan bolsa, hyjuwlylyk durmuşa ruhubelentlik gatnaşygy, taryhy işjeňligi kemala getiripdir. 3. Ak pata manysy. Weliler, erenler tarapyndan şahyra meý içirilişi biziň köne awtorlarymyzyň ählisinde diýen ýaly duş gelýän sýužetdir. Meý içmek, şahyrlyk ukybyny hem hukugyny erenlerden almak türkmeniň sungata gatnaşygynyň milli aýratynlygyny görkezýär. Patasy bolmadyk adamyň şahyr bolmagy mümkin däl. Bu babatda türkmende özboluşly aňlatma hem döräpdir. Çyn, zandy şahyrlara biz «hakdan içen» diýýäris. Hakdan içmek bolsa Hakyň dostlary bolan erenleriň elinden şerap içmekdir. Özem köplenç bu waka şahyryň düýşünde bolup geçýär, çünki erenler öz tebigaty boýunça gaýypdyrlar, ýagny durmuşda bar, ýaşaýan kişiler däl, olar ruhy reallykda ýaşaýandyrlar. Onsoň düýş ikinji bir dünýä, ruhy, gaýyp reallyga geçmegiň ýoly manysynda aňlanylypdyr. Dogry, bu meselede dürli sebäplere, daşky jemgyýetçilik täsirlere görä, käbir üýtgeşiklikler hem ýüze çykypdyr. Aýdaly, bagşylar düýşlerinde Babagambardan ýa-da Aşyk Aýdyňdan şerap içmezden pata alýarlar. Bu ýerde kämahal şerabyň ornuny Gurhandan alnan aýatlar tutýar. Bu taýda ruhy jähetden uly üýtgeşiklik ýok – pata serişdeleriniň ikisiniň hem ruhy manysy birdir. Akmyrat Şirow «Erem bagy» eserinde, ine, edebiýatyň tarp meýdanyny – erenlerden ak pata alyp, meý içmegi örän şahyrana, inçelik bilen beýan edipdir. 4. Akyl ýetiriş manysy. «Şerap içmek arkaly adam özüne öň mälim bolmadyk hakykatlara akyl ýetirýär» diýdik. Aslynda şerap adamda täze duýgulary, heýjana salýan täsirleri döredýär. Ruhy gymmatlyklarymyzy döredijiler şerabyň şu tarapyny göçme manyda teswirläpdirler. Şerap simwoliki manyda dünýä hem durmuşa akyl ýetirmäge kömek edýär. 5. Ylmy açyş manysy. Şerabyň bu manysy ulamalarda, pelsepeçilerde köp duş gelýär. Gadymy ýunan alymy Arhimed suwa girip, «Ewrika-ewrika!» – «Tapdym!» diýip gygyran bolsa, türkmen alymlary bu ahwalaty şerabyň üsti bilen aňladypdyrlar. Farabynyň, Ibn Sinanyň, Omar Haýýamyň eserlerinde şerap ylmy açyşyň badalgasy manysynda ulanylýar. 6. Ömrüň lezzeti manysy. Ömrüň lezzetini bilmek, jan saglygynyň gadryny bilmek biziň milli klassykamyzda esasy pikirleriň biridir. Dessanlarymyzda, ylaýta-da söýgi baradaky dessanlarymyzda aşyklar aýşy-eşretde şerap içmek bilen meşgul bolýarlar. Durmuşa söýgi hem, zenana söýgi hem özüniň manysy boýunça şerap täsirine ýakyndyr. Şerap içen adam mest bolýar. Mestlik bolsa türkmen dilinde oňyn manylarda – gurgunlyk, abadanlyk, bolçulyk manylarynda hem gelýär. Magtymguly: Bir käse meý içip, jana noş kyldym... Her käsede doly şerap tapmaz sen... – diýýär. Diýmek, şerabyň gürrüňi edilýän manysynyň giňden ýaýranlygy faktdyr. 7. Erkanalyk manysy. Biziň watançylyk, harby-gahrymançylyk temasyndaky eserlerimiziň dilinde şeýle çeperçilik many bar. «Görogly» eposynda baş gahryman Görogly Alynyň elinden şerap içýär. Munuň özi häsiýetli bir zatdyr. Hezreti Aly – Şahymerdan gahrymançylygyň, mertligiň piri hem simwoly. Şuňa laýyklykda Görogly erkanalyk ugrundaky göreşler üçin ak pata alýar. Görogly eli boş wagty ýigitleri bilen şerap içýär. Elbetde, muňa asyl manysynda düşünenler hem tapylar, munuň ontologik esasynyň bolan bolmagy-da ähtimal. Emma bu ähtimallyk türkmen ruhunyň beýik ýüze çykmasy bolan «Görogly» eposynda asyl manysynda galmak üçin ýeterlik esas däldir. Türkmen ruhy asyl manydaky şeraby kult edinmändir. Şonuň üçin hem, meniňçe, bu ýerde şerabyň göçme manysy bardyr. Şerap munda erkanalygyň miwesi, azatlygyň gymmaty manysyny berýär. Şerap ruhy yşgyň aýrylmaz bölegi, jäheti. Aslynda şeraby günä hasaplap gadagan eden yslam medeniýetinde şerabyň şeýle giň ruhy ähmiýete eýe bolmagy oýlanmaga köp zat berýär. Şunuň üsti bilen ruhuň ýaşaýşynyň bir täsin kanunalaýyklygyny bellemek mümkin: maddy gadaganlyk ruhy ösüşe getirýär. Gadagan edilen hakykat ruhy ýaşaýyşda özüniň dowamatyny tapýar. Elbetde, men «Gadagan edilen miwe has süýji» diýen hemmä belli pelsepäniň däl-de, indi açylmaly pelsepäniň gürrüňini edýärin. Hemmä belli pelsepe maddanyň madda ýa-da ruhuň ruha gatnaşygyna degişli, meniň agzaýan kanunalaýyklygym bolsa madda bilen ruhuň arabaglanyşygyna, maddy hakykatyň ruhda dowam edişine degişlidir. Şu ýerde bir zady bellemeli: şerabyň ruhy manysy, hakyky şeraby gadagan eden yslamyň esasy sütüni bolan Gurhanyň özi tarapyndan esaslandyrylandyr. Gurhanda jennet hakynda gürrüň edilende, şerap agzalýar. Muny yslam alymlary simwoliki manyda ýa-da o dünýäniň reallygy manysynda teswirleýärler. Magtymgulynyň: Şeraban tehuran kimge jan bardyr, Köňül gözgi kimin nury-enwerdir – diýen setirlerindäki jümle Gurhanda duş gelýär. Gurhany Kerimiň 76-njy süresiniň 21-nji aýatyndaky «şeraban tehuran» diýen bölegini «olara arassa şerap berer» diýip terjime edýärler. Diýmek, göçme, ruhy many-da şerap Gurhandan gaýdýar. Ýeri gelende aýtsam, beýleki mezhepler şeraba garşy çyksalar hem, hanafy mezhebi oňa oňyn garaýar, garşy çykmaýar. Bakylyk bakylykdan gaýdýar. Dirilik dirilikden gaýdýar. Jan jandan kemala gelýär. Ruh ruhdan uç alýar. Materialistleriň aýdyşy ýaly, materialdan ruh döremeýär. Materiýadan diňe kölege düşýär. Ruh bolsa kölege däldir. Ruh, türkmen ruhyýetiniň açyşlaryna, biziň ruhy gymmatlyklarymyza gulak salsaň, diňe ruhdanam döräp bilýär. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |