ÝYRTYLAN KITAP
Guwanç täze okuw ýylynda ýene-de birinji synpda okamaly edildi. Şeýle bolansoň oňa entek okuwçylar-da, okadýan mugallymlar-da nätanyşdy. Köpler-ä onuň synpynda galmagyna diňe tertipsizligi sebäp bolupmyş diýýärdi. Bu çaklamanyňam jany bardy. Asyl, Guwanjyň özem garagollygyny gizläp durmady. Ol indi öňki bolşuna çyn ýürekden ökündi. Gaýdyp okuwçy partalaryny çyzmajagyna, ýoldaşlarynyň göwnüne degmejegine, diňe gowy bahalar bilen okajagyna söz berdi.
Birinji sentýabr güni yzda galdy. Guwanç özüne “Sen tertipsiz okuwçy ekeniň” diýdiresi gelmedi. Häsiýeti-de düýpgöter üýtgedi. Arakesmä çykdygy, öňi bilen synp tagtasyny süpürişdirip, tämizläp goýdy. Otagyň arassaçylygyna, ýoldaşlarynyň üst-başyna gözegçilik etdi. Ol bir özüne tabşyrylan ýaly, ähli işe ýetişjek boldy. Özi bilen oturýan Söhbet atly okuwça-da birentek harplaryň dogry, dürs ýazylyşyny öwretdi.
Guwanç mugallymynyň göwnünden turup başlady. Soňabaka mugallym beýleki okuwçylara-da “Guwanç ýaly okaň!”, ”Guwançdan öwreniň!”, “Guwançdan görelde alyň!” diýip tabşyrdy.
Guwanç mugallymyň öwgüsine-de, synpdaş ýoldaşlarynyň hoşallygyna-da monça boldy. Ýöne başga bir gün welin bolmasyz bir iş boldy duruberdi.
Okuw ýylynyň birinji çärýegidi.Guwanç kitaplaryny birin-birin gözden geçirdi-de, Söhbediň böwrüne dürtdi.
--Söhbet, gel ikimiz matematikamyzy çalyşaly!
--Bulaň haýsysy matematika?
--Ine, şu biri.
--Ýok, muny çalyşjakgäl. Seňki köne, özem ýyrtyk, a meňki bolsa täp-täze—diýip, Söhbet onuň bilen razylaşmady.
Iki okuwçynyň arasyndaky hyşy-wyşy gürrüňleri eşiden mugallym olaryň ýanyna geldi.
--Oglanlar, hany goýuň, nämäň gürrüňi?
Mugallym şeýle diýdi-de, gidiberjek boldy. Emma bu gezek Guwanç öňürtdi.
--Ýoldaş mugallym, maňa ýyrtyk kitap, Söhbede-de täzesini...—diýdi-de, soň geplemedi. Mugallym Guwanjyň elinde tutup duran kitabyny görüp, başyny ýaýkady.
--Ine, görýäňizmi, çagalar! Käbir garagol okuwçylaryň edýän işi-dä! Olar ne gözel kitaby ýyrtýarlar. Geljek ýyl jigüilerimiz okar öýdenoklar—diýdi.
Okuwçylarda kitaby ýyrtan we ony geçen ýylky eýesine bolan ýigrenç döredi. „Heý-de, kitabam ýyrtyp bormy?“.
--Okuwçylar, kitaby arassa saklaň, hiç mahal ony ýyrtyjy bolmaň! Olar täze ýylky birinjilere-de gerek ahyryn—diýdip, mugallym okuwçylara ýüzlendi. Soňam ýene-de Guwanç bilen gürleşmäge durdy.
--Guwanç, sen entek şu kitap bilen oňşuk etjek bol.Men saňa-da täzejesini getirin—diýdi.
Guwanç mugallymyň aýdanlary bilen ylalaşdy.
--Bolýa, mugallym!—diýdi. Ol sapak gutaransoň ýaňky, matematika kitabyny hem ýygnamakçy boldy. Şo mahalam kitabyň içinden bir surat howada gaýyp ýere gaçdy. Guwanç suraty garbap aldy. Öz suratyna gözi düşüp, ýüzi boz-ýaz boldy. Ýylan gysymlan ýaly, yza çekildi. Kitabyň geçen ýylky eýesiniň özüdigini bilende, eden işine ahmyr etdi.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty