07:18 Zyna edenleriñ başyna injek howp-hatarlar | |
ZYNA EDENLERIÑ BAŞYNA INJEK HOWP-HATARLAR
Jemgyýetçilik tankydy
• Aýal ýa erkek, kim bolsañam, zyna eden we ýanýoldaşyna ikilik eden adam - bulary özi hem görmezden gözüni ýummaz! Zyna - ahlak gymmatlyklarynyñ düýbünden ýok bolmagyna getirýän, adamy ten we haýwany islegleriñ ýesirine öwürýän pis hereketleriñ biridir. Ýaş oglan-gyzlaryñ dostluk gatnaşyklary esasynda döreýän jynsy meýilçilikli hereketler (flirt) we zyna ýaly haram işler, binika gatnaşyklar köpeldigiçe jemgyýetiñ hamyrmaýasy bolan maşgala gurluşy hem bitmejek ýara alýar. Şular ýaly nädogry gatnaşyklaryñ jemgyýete giñden ýaýramagy wagtyñ geçmegi bilen adaty ýagdaýa öwrülýär, bolaýmaly zat ýaly kabul edilýär. Netijede mukaddes we eldegrilmesiz gymmatlyk bolan maşgala düşünjesiniñ many-mazmuny ýitýär. Ýaş çatynjalaryñ arasynda ikitaraplaýyn ynamyñ bolmazlygy agzalalyk döredip, maşgalanyñ ömrüni jyzlanyñky ýaly gysga edýär. Hawa, hut biziñ aramyzdaky durmuşyñ manysyny keýpi-sapadan ybarat hasap edýän (olaryñ akyl-huşy gözüne, beýinleri bolsa nebis haltasyna inipdir) gäbazanlar sebäpli jemgyýetimiziñ ähli gatlaklary ahlakdan gitdigiçe daşlaşýar, azgynlygyñ laýyna batdygyça batýar... Zyna edenleriñ başyna injek bela-beterler barada aýdyp geçmezden öñ şeýle sowallary bermek isleýäs: 1. Aýalyñ (äriñ) zyna edip durkañ üstüñden gelse näme etjek? 2. Aýalyñ (äriñ) özüne biwepalyk edendigiñi añsa, näme etjek? 3. Belkäm, sen zynany erkegiñ edäýmeli "eşekligi" hökmünde görýänsiñ we seniñ bilen binika gatnaşygyñ lezzetini paýlaşýan zenany "jelep" hasaplaýansyñ. A tersine, seniñ oýnaşyñ senden has çynlakaý hereketlere (pula, ekläp-saklamagyña, awtoulagdyr jaý äbermegiñe we ş.m.) garaşýan bolsa näme? 4. Sen oýnaşyñ bilen öwrenişdigiñçe onuñ guluna öwrülersiñ we näme ýumuş buýursa bitirersiñ. Sen-ä o salatynyñ hajatlaryny bitirmäge dowam edersiñ, ol bolsa seni wepaly aýalyñdan, gözmonjugy ýaly çagalaryñdan daşlaşdyranyny az görüp, öýüñe gelip seniñ aýalyña, çagalaryña heñkirip dursa näme etjek? 5. Nikaly aýalyñdan (äriñden) daşlaşyp, oýnaşyñ bilen ymykly ýaşaşyp başladyñam diýeli. Sen onuñ bilen hemişelik bagtly ýaşap biljegiñe gözüñ ýetýärmi? Hem ol öýýykan oýnaşyñ gelejekde saña wepa berjegine kepil geçip biljekmi? 6. Çagajyklaryñ ýüzüne nädip bakjak? Sen olaryñ gözünde hakykatdanam kakamykañ (ejemikäñ)?!.. Ýanýoldaşyña ikilik etmek agyr günädir, ýagny, zynadyr. Zyna edeniñ iki dünýäde başyna alty bela-beter inermiş. Bu bela-beterleri zynany aýyp hasap etmän gypynçsyz edip ýörenlerde özüñizem görýänsiñuz. Ol bela-beterleriñ üçi bu dünýäde, galan üçüsi o dünýäde, ahyretde injek bela-beterlerdir. • Bu dünýäde başyna injekler: 1. Ýüzüniñ nury öçer. Zynahory ýa-da jelepçiligi pişe edinenleri nirse görseñiz görüñ, tapawudy ýok, onuñ ýüzünden gowy adam däldigini bilýänsiñiz. Çünki zyna Allatagalanyñ adamyñ ýüzüne çaýan nuranalygyny we owadanlygyny sypyryp taşlaýar, uýatsyzlaşdyryp haýasyz adama öwürýär. 2. Garyplyk getirer. Güzeranyny ýaramazlaşdyrar, agzybirligini bozar, ömrüniñ bereketi gider. Zynanyñ laýyna batan betbagtlar bu dünýäden nähili göçüp gideninem bilmän galar... 3. Allatagalanyñ rehmetinden, şepagatyndan binesip galar. Allatagala zynany näletländigu üçin zyna edeniñ ömri gysgalar, ýagny, ömrüniñ bereketi gider, ýaşaýyş manysyz zada öwrüler. • Ahyretde başyna injekler: 1. Gönüden-göni Allatagalanyñ gazabyna uçrar. Gabyrdan turup, magşar meýdanyna barýarka, Allanyñ gazabyna uçrar. 2. Dowzaha düşmäge sebäp bolar. Dowzahda uly azaplara duçar bolar. (Ibnül Jewzi). 3. Gözgyny ýagdaýda hasaba çekiler. Ahyretiñ gorkunç günlerinde bu günäniñ hasaby diýseñ çetin ýagdaýda soralar. • Binika gatnaşyklar perişdeleriñ gargyşyna sebäp bolýar Her gün irden iki sany perişde: "Aýallar sebäpli erkekleriñ, erkekler sebäpli hem aýallaryñ waý gününe!" diýip pygan çekerler". (Ibni Maje). • Zyna edenleriñ ýüzi ýanyp duran oda çabradylar (Tabarany). Resulalla (s.a.w) şeýle diýipdir: "Zyna edibem dünýäde jezasyny çekmedikleriñ ýüzi kyýamat gününde oduñ reñkinde bolar". (Ymam Suýuty). # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |