23:01 Zynanyñ sekiz zyýany | |
ZYNANYÑ SEKIZ ZYÝANY
Jemgyýetçilik tankydy
"Kaýsy welaýatda köpelse zyna, Zemin jünbüş eýläp, lerzana gelgeý". Magtymguly Pyragy. Zyna - bu, jynsy islegiñi rugsat edilmedik ýollar arkaly amala aşyrmakdyr, ýagny, "binika jynsy gatnaşyklardyr". Zyna günäleriñ iñ ulusy hasaplanýar. Zynadan ägä bolmadyga, ondan gaça durmadyga o dünýäde nämeleriñ garaşýandygyny pikir etmegiñ özü-de ynsany gorka salmaga ýeterlikdir. 1. Abat ojaklary bibat etjek iñ uly howp jelepçilik we zynadyr Nika jemgyýetçilik durmuşy üçin bahasyna ýetip bolmajak nygmatdyr. Binika gatnaşyklar maşgala gurluşyny çagşadyp taşlaýan iñ uly howpdyr. Zyna şol bir wagtyñ özünde maşgalanyñ dargamagyna we perişan hala düşmegine sebäp bolýar. Zynanyñ hapa holtumlaryna düşenleriñ gazanjak ýekeje bir zady bar. Olam: öz edýän biwepalygyndan we özüne garşy biwepalygyñ berýän wyždan azaby bilen ýaşaýan erkekdir aýallaryñ peýdasyz puşmançylygy, aýrylyşan är-aýalyñ ene-ata mährinden we terbiýesinden binesip galan "eneli-ataly ýetim" çagalaryñ ahy-nalasy... 2. Zyna - nesil öndürijilige garşy uruljak iñ uly zarbadyr Zynanyñ bize iñ mälim zyýany: ýaşlary sandan çykarmagy we olary gelejekde nesil öndürmäge ukypsyz hala getirmegidir. Jelepçiligi pişe edinen nesilleriñ bilinden ýokarsy işleýän däldir. Olaryñ sözleri-de, hereketleri-de bilinden aşagyna perçinlenendir. Olar ömürleriniñ iñ öndürijilikli we döredijilikli çagynda añlaryny bihuda işlere sarp ederler. 3. Zyna wyždan azabyna goýýar Aşakdaky sözler zynahorlugyñ hapa batgasyna doly batyp galan we munuñ üçin kalbyny tükeniksiz wyždan azaby gemirýän bir ýaş juwana degişli. Görüñ, ol nämeleri gürüñ berýär: "Mekdep okuwçysy wagtymda öz ýaşyma muwapyk däl kinofilmlere tomaşa edýärdim. Bu maña soñra agyr wyždan azabyny berýärdi. Öz-özüme oýnap-gülmegi gadagan edip başladym. Adamlardan gaça durmaga başladym. Özümi daş-töweregimde gezip ýören adamlardan has hapa we murdar görýärdim. Meniñ bagta däl-de azajygam bolsa rahatlyga mätäçligim bardy. Men indi şeýle bir hala geldim welin, haçanam bolsa bir gün muña çydaman, iñ agyr ýagdaýda hemme zady terk edip giderin öýdüp gorkýaryn". 4. Zyna siziñ dine bolan söýgiñizi we ýakynlygyñyzy öldürip taşlar Zyna, hususanam haram işleri yzygiderli etmek, wagtyñ geçmegi bilen kem-kemden adamyñ kalbyny eýeleýär. "Yzygiderli edilýän ýaramazlyklar soñabaka olaryñ kalbyny garaldyp taşlaýar" (Mutaffifin, 83/14) diýen aýatyñ syryny şunuñ bilen baglanyşykly teswirlemek mümkin. Adamyñ kalby kerleşýär we güñleşýär. Agyr günäler kalbymyzy bir garaldyp taşlansoñ, yslam dinine söýgi bildirmegimiz, ýakynlaşmagymyz mümkin däl. Bu babatda zynanyñ howpuna pitiwa etmeýän, özüne erk edip bilmeýän adamyñ kalbyna her pursatda bir gara tegmil sürtüler durar... Dindarlyga, halallyga tarap gönügen adama her gün kalbynyñ syzlap durmagyndan beter agyr jeza ýok bolsa gerek. Şeýle ýagdaýda wyždany syzlap duran adamyñ psihologiki gujury pese gaçýar we üns berilmeli meselelerde (mysal üçin namazy ýalñyşsyz okama meselesinde) haýal-ýagallyga, sowuk-salalyga ýol berýär. Çünki biziñ bu aýdanlarymyzyñ hemmesi biri-birine baglanyşyklydyr. 5. Zyna - ýatkeşlik ukybyñyzy küteldýär Huşsuzlyk zynahorlugy endik edinenlerde köp duş gelýär. Bitertip jynsy gatnaşyklar we garşy jynsa (erkek aýala, ýa-da aýal erkege) seretmek adamyñ añyny, ünsüni çagşadýar. Añ boýunça hünärmenler huşsuzlygyñ we añ gowşaklygynyñ artmagyny ýigriminji asyryñ biziñ günlerimize goýan mirasy hasaplaýar. Olaryñ aýtmagyna görä, beýniniñ işleýiş akymynyñ bentlenmegi, telewizora gereginden artyk tomaşa etmek, başly-barat bolsadylar ekmek ýaly sebäplerden beýin güýji gowşaýar we bitertip pikirlenme endigi ýaly zyýanly täsirler adamlary añ kütekligine iterýär. 6. Zynanyñ pişä öwrülmegi öwezini dolup bolmajak ýitgileri döreder Jelepçiligiñ jemgyýete berýän iñ uly zyýanlarynyñ biri-de ýörite jelephanalaryñ açylmagydyr. Ilat sanynyñ çakdanaşa artmagy jelephanalaryñ köpelmegine getirýär. Bu bolsa jemgyýeti ahlak taýdan gorpa itekleýär. Entek kämillik ýaşyna ýetip-ýetmänkä üzümiñ suwy ýaly ýaşajyk gyzlar jelephanalaryñ iñ arzyly "harytlaryna" öwrülýär. Jelephanalar maşgala gatnaşyklaryny zäherleýär, munuñ netijesinde bolsa mähir-şepagatsyzlygyñ, bigäneleşmegiñ we wepasyzlygyñ goýry gara kölegesi gitdigiçe gerşimize çöküp barýar... 7. Zyna - abortlary köpeldýär Zyna we jelepçilik köplenç islenilmeýän göwrelilige sebäp bolýar. Adatça, her kimem binika doglan çagany ekläp-saklasy gelýän däldir. Şonuñ üçin zyna işini edeniñ öñünde abort meselesi keserýär duruberýär. 8. Zyna - adamyñ saglygyna howp salýar Binika gatnaşyklar adamyñ saglygyna zyýanlydyr. Birnäçe ýokanç weneriki keselleriñ zynadan gözbaş alyp gaýdýandygy medisina ylmynda subut edilendir. Hatda häzir adamzadyñ saglygyna howp salýan emi tapylgysyz howply AIDS keseli-de köplenç jynsy agzalaryñ üsti bilen ýaýraýar. Zynahorlugyñ adat bolan jemgyýetlerinde ölümli hadysalaryñ köpeljegini habar beren Hezreti Pygamberimizem (s.a.w) hut şu hususa ünsi çekipdir. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |