10:59

Aý aýdyñ gije / oýlanma

Aý aýdyň gije (Esger oýlanmasy)

Aý aýdyň gije. Serhet. Ine-de men serhet tabşyrygyny ýerine ýetirýärin. Mukaddes tabşyrygy. Elimde harby enjamlarym, ýanymda wepaly kömekçim, göýä ynsan kibi düşbi, duýgur, çydamly, çeýe hem sak bolan gulluk itim. Degre daşymyz dag arçalary. Çekirtgeleriň sesinden başga ses-üýn ýok, asudalyk. Bu ýerde dürli gülleriň ysy bark urup janyňa lezzet berýär. Gündizlerine ol güller ýabany balarylaryň köpçülik bolup şire toplaýan mesgenine öwrülýär. Erkana otlaşyp ýören dag aýraklarydyr keýikleri görüp göwnüň göterilýär.
Aý aýdyň gije. Asmandan on dördi gijäniň aýy ýalkym saçyp dur. Men ümsümligi saklap, asudalyga diň salyp durşuma, şunuň ýaly aýly gijede goňşymyzyň gyzy bilen pynhan duşuşygymyzy, süýji-süýji gürrüňlerimizi, eden wadalarymyzy birin-birin hakydamda aýlaýaryn. Şol günki aýly gijedäki süýji söhbetlerimiz hem biziň howlymyzyň goňşymyzyň howlusy bilen serhetleşýän ýerindäki tut agajynyň astynda bolupdy. Şol süýji söhbetleriň birinde men basym harby gulluga gidýändigimi, iki ýylyň göz açyp ýumasy salymda geçip gitjekdigini, bu wagtlaýyn aýralygyň bolsa, biziň mukaddes söýgimizi has-da berkitjekdigini aýdypdym. Soňra biz harby gullugymy abraý bilen tamamlap gelenimden soň bagt toýuny tutmagy wadalaşypdyk.
Hawa, aý aýdyň gije, men serhet tabşyrygynda, elimde gijeki syn edilýän dürbi. Men onuň gözlerinden syn edip durşuma ýakyn-u alyslardaky pisse tokaýlyklaryny görýärin. Tokaýlyklar maňa ýene-de pynhan duşuşyklarymyzyň mesgenini, şol goňşy aralykdaky tut agajyny ýadyma salýar...
Men Watany goraýan. Men ilimizi, obamyzy, öýümizi, mähriban ýarymy goraýan. Harby gulluga gitmeli günüm howlularymyzyň serhetleşýän ýerindäki goja tudyň astyndaky duşuşygymyzda serhetçi bolup, Döwlet serhedimizi gorajakdygym barada saňa aýdanymda sen ýarym degişmä salyp: «Sen serhetçi bolsaň, bize howatyrlanara esas ýok, serhedimizi sak durup gorajakdygyňa ynanýarys» diýipdiň. Seniň ynamyň maňa ganat berýär. Bu gün mähriban Watanymyzyň hut özi öz serhetleriniň goragyny maňa ynandy. Bu uly ynamy ödemek gör, nähili bagt! Ol ynam meniň özüme bolan ynamymy-da berkitdi. Obada önüp-ösen, garagolja oglanjyk bu gün ýigit çykdy. Meniň indi garagol oglanlyk döwrüm yzda galdy. Men indi serhetçi. Watanymyz maňa iň kämil ýaragdyr enjamlary, iň esasy zat bolsa, mukaddes, dost-doganlyk serhetlerimiziň goragyny ynandy. Men bu gün ýigit çykdym. Ata-babalarymyz meniň ýaşymda eýýäm ata çykyp, jan alyp jan beripdirler. Jelalaeddin soltan, Togrul begdir Alp Arslan meniň ýaşymda eýýäm serdar çykypdyrlar ahyryn. Men bolsa, şol ärleriň nesli. Bu günki gün Bitarap döwletimiziň esgerleri diňe asudalygyň goragçylary. Edil häzir müňlerçe menzile uzap gidýän Watan serhetlerinde meniň ýaly ýurt goragyna kasam eden esgerleriň ýüzlerçesi, müňlerçesi eziz Watanymyzyň bütin daşynda göýä mäkäm zynjyrly halka ýaly şöwür çekip ýörendirler. Biziň bu günki mukaddes serhetlerimiziň goragyndaky ukusyz geçirýän gijelerimiz mähriban käbelerimiziň öz perzentlerini ösdürip, ýetişdirip, kemala getirmek üçin geçiren ukusyz gijelerine çalym edýär. Diýmek, biz öz enelerimiziň öňündäki, enelerimize deňelýän ene topragymyzyň öňündäki mukaddes borçlarymyzy haklaýarys. Borç diýilýän zat bolsa haklanmak, ödelmek üçin kesgitlenýär. Atalarymyz döwründe öz borçlaryny ata çykyp, jan alyp, jan berip haklan bolsalar bu günki gün biz, serhetçiler, mähriban Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda sak durup, öz borçlarymyzy ödeýäris. Borjuňy haklamak bolsa, tükeniksiz bagt ahyryn.
Aý aýdyň gije. Bu asuda gijede Watan mukaddesligi, onuň serhetleriniň goragynda durmagyň belent borçdugy barada pikir öwürmegem, hüşgärligi elden bermän gulluk etmegem gör, nähili lezzetli.

Maksatmyrat Atabalow.

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 475 | Добавил: Raýdaş | Теги: Maksatmyrat Atabalow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]