19:42

Pursatlar / hekaýa

PURSATLAR

Ömrüňi böleklere bölüp, geçen ýoluňa ser salanyňda bir pursat ol ýyldyrym çaltlygynda geçen ýaly göňrünse, başga bir pursatda onuň aňyrsyna göz ýetenok. Şol pursata dolananyňda näme üçindir köňül  ýumşaýar.  Onsoň süňňüňe siňen süýjüligi dünýä ýetirmäge ymtylýaň. Ine, men häzir saňa sataşynyma, ikimiziň şol birmahalky  dünýämize dolanyma iki bolup bilemok. Eýsem çagalykda bileje oýnan boýdaşyň bilen duşuşmakdan lezzetli pursat barmyka?  Meň üçin-ä bü hut şeýle. Ýöne meniň saglyk-amanlykdan soňky soragym seni birneme geňirgendirdi öýdýän.   
 - Akmaýa, sen baharda ak baýyrlarda ülpüldäp oturan gök gyrtyçlaryň üstünden aýakýalaň ýöräp gördüňmi?  
-Seň berýän soragyň  geň-le, gyz. Heý-de gök otlaryň üstünde aýakýalaň ylgan günlerimizi  ýatdan çykaryp bolarmy? Ýadyňdamy her gezek ysmanak ýygmaga gidenimizde Garadepeden togalanýanymyz. Gök gyrtyçlary baý basgylapdy-ga. Sen şonda her gezek olaryň duýýandygyny aýdyp, nebsiň agyrardy. Käte-käte bolsa  “Otlaryň  dem alyşyny duýýan” diýeňde biz seniň üstüňden gülerdik.
 - Hawa-da, siz-ä gülerdiňiz, meňem olary basgylaýanlygymyza janym ýanardy. Olary  durkuň-dünýäň bilen diňleseň,  duýmak kynam däl ýaly. Meň  göwnümä şeýle. Onsoňam  men  şu çak çagalygymyz barada aýdamok. Özüňi bileňden soňky döwür barada diýýän.
 –Gök gyrtyçlar diýeniňden beýnimde çagalygymyz göz öňüme geldi. Dogrusy, o pursatlary hiç haýsymyzyň unutmaga hakymyz ýokdur. Nähili ajapdy çagalyk, ýöne duýmankak geçip gitdi.
- Wah, o diýeniň dogry-la, ýöne men başga zat diýjek boldum.
- Seň aýtjak zadyňy bilýän.
- Hä, näme?
-   Şol birmahalkyň ýaly “topragyň mährini bilmeli, onuň demini duýamly” diýersiň-dä. 
- Näme men ýalňyş zat diýýänmi?  
 - Ýok, men häzir başga zat diýjek bolýan.  Sen şu çak  gyrtyçlaň  üstünden aýakýalaň ýörediňmi  diýdiň weli, başga zat ýadyma düşdi.  Arada çagalar bilen baýyrlara gezelenje çykanymyzda  men  seni ýatladym. Seniň aýdyşyň ýaly, şol pursat gül-gülälekli baýyrlarda otyrkam  zeminiň göwsünden syzlyp çykýan  owazyň bahar ýagyşlaryna siňişini duýdum. Ol çyn gudrat bolup sustumy basdy.  Şonda  wagt diýlen tutdurmaýan  zat  bahar arkaly özüni täzelaýän ýaly göründi maňa. 
 - Menem saňa şony diýjek bolýan-da. Biz Garadepeden togalanýarkak, dünýä özümiziňkimikä diýipdiris. Ýaşlygyň ýelgini tutuş ömre ýetýändir öýdüpdiris. Ak baharlary bolsa, on iki aýa ýetiripdiris. Görüp otursak,   beýle-de däl eken, her zadyň öz wagty, pursaty bar eken.
- Sen bir zada üns berdiňmi? Men indi her gezek çagalar bilen ak baýyrlara baranymda baharlaryň  öwüşgininiň, onuň mähriniň tutuş ýyla ýetişini duýýan. Edil ýaşlygyň ýelgininiň  bütin ömre ýetişi ýaly.
  - Şoň üçinem  bize garrama ýok, Akmaýa. 
–Näme, wagt biziň duşumyzadan sowa geçer öýdýärmiň?
- Ýok, wagt hiç kimi aýap goýmaz. Ýöne başga bir hakykat-- bu dünýäde  adam üçin gerek bolan zatlaň ählisi bar. Şondan diňe özüňe geregiňi  almagy başarmaly. Ýogsam gereginden artyk alnan  zatlaň baryna ýetişjek bolup, adam ajap pursatlary ýitirýä diýjek bolýan. Birden  bir zadyň ýitäýse-de, ýüregiň ýerinden gozganýar. Tisginen ýürek bolsa özüň bilýäň, nä hala düşýär.
- A gyz, şu çak bir lukmanlygyňy ýatdan çykaraýsana. Pelsepäňi azalt, ikimiz başga zat hakda  gürleşeli. 
 - Gep pelsepede däl, Akmaýa. Şu pursatda birhili dünýä sygmajak boldum weli, göni seň ýanyňa gaýdyberdim. Çagalygymyzy, gök otlaryň üstünden togalanyşymyzy  ýatlasak, senem birki sany mukamy ýaňlandyrsaň, göwnüm açylar.  Seniň  göwünlere ganat berýän mukamlaryň edil goja Hazaryň üstünden öwüsýän mymyk şemallar ýaly teselli berýär maňa. Sen ony bilýäň-ä. Seniň çalýan sazlaryňy diňlämde,  sen olardan keşde çekýän ýaly görünýäň. Deňiz dek çyrpynyp duran sazlary şeýdip ile ýaýaňda  hem-ä seň bilen bileje oýnap ösendigime begenýän, hemem şol pursatdan lezzet alýan. 
- Nätdiň, gyz, muny. Menden başga-da sazanda kan ahyry. Olaryň çalýan mukamlaryny diňlän pursatyňda  kalbyň çuň ýerlerinde joşgun paýda bolar-da, seni müň hyýala atarar. Onsoň onuň täsirinden çykma ýok. Meň özüm-ä saz diňlämde şeýle pursatlara dolanýan. 
- Meň weli,  her gezek seniň sazlaryňy diňlämde şol  gudrat  kalbymy gaplaýar.Onsoňam bilýäňmi  näme, men  bir zada göz ýetirdim. Adam  öz ýanyndan “men bagtlymy, ýa dälmi” diýen soragy  gaýtalaberse, onda onuň  bu durmuşdan  alýan lezzetini duýmadygy bolýar.  Ana, men şu çak şo hala düşdüm. Onsoň özümi bolgusyz duýgulara aldyrmazlyk üçinem  seň ýanyňa geldim.
- Özüň-ä  adam bagt gözläp ýaşamaly däl, höwes edýän işiňe yhlas bilen ýapyşsaň, bagt şondan gelip çykýar diýýäň. Indem başga zatlar aýdyp dursuň.
- Bolýa-la, Akmaýa. Hany, eliňe goşa tarly gazmaňy al-da birki sany heň gaçyryp ber. Menem onuň jadyly dünýäsine bendi bolup, ýüregimi gandyraýyn.              
Akmaýanyň barmaklarynyň astyndan joşup çykýan owaz meni duýgy dünýäsine alyp gitdi. Şonda  göz öňümde ak baýyrlarda şemala  ygşyldap oturan gülälekler janlandy. Olar maňa  adam ömrüniň böleklere bölünýän pursatlarynyň  haýsydyr bir gudrat arkaly birigýändigini duýdurdy.  Şol pursatlar ynsan balasynyň bu ýagty jahanda bitirmeli  işleriniň jemi ýaly bolup göründi. Diýmek,  köňlüňde şinelän arzuwlaryň wysal bolmagy  üçin pursat  barka   süýji durmuşyň gujagyna dolup, onuň bilen bileje deň urmagy başarmaly.
                                        
Ogulgerek Ussaýewa.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 409 | Добавил: Нawеran | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Bagana telpekli adam / Merdan dostumyň durmuşyndan - 11.05.2023
Ýüregimi yzyna beriñ! / hekaýa - 16.02.2023
Ýer yranmasy / hekaýa - 20.02.2023
Waý-faý ogrusy / henekli hekaýa - 13.05.2023
Daňdanyň dünýäsi / nowella - 12.04.2023
Kyn pursatlar / hekaýa - 13.04.2023
Deñziñ kenaryndaky oglanjyk / hekaýa - 23.04.2023
Elhenç / hekaýa - 10.04.2023
Derwaýys sapak - 07.01.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Öte eşitmek... - 16.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]