12:00 Adamy gaşlary arkaly tanap bolarmy? | |
ADAMY GAŞLARY ARKALY TANAP BOLARMY?
Psihologiýa
Gündelik durmuşymyzda biz biri-birimiz bilen dürli aragatnaşyk saklamak arkaly gylyk-häsiýetleri, şahsy aýratynlyklary öwrenýäris. Ýöne adamlary tanamak, öwrenmek diñe bir ýakyn aragatnaşygy talap edenok. Olaryñ daşky keşbi hem bize olar hakda käbir maglumatlary ýetirýär. Adamyñ güler ýüzüne gelşik berip duran gaşlar ýüzüñ beýleki bölekleri ýaly adamyñ gylyk-häsiýetini tanamakda özboluşly orna eýedir. ■ ÝAŞ ŞEKILLI GAŞLY adamlar örän öýkelek, tiz göwnüne alýan, dogruçyl we duýgur adamlardyr. Olar özlerine gönükdirilen sözleri çalt kabul edýärler. Beýle adamlar öýde gowy maşgalabaşy, işde bolsa çözgütli, talabediji we gönümeldirler. Ýaş şekilli gaşlar erkek kişilere görą zenanlarda has köp duş gelýär. Olar dogabitdi zehinli, çalt kabul ediji, kynçylykly ýagdaýlardan añsat baş alyp çykýan, köpçüligi söýýän adamlardyr. ■ GÜR GAŞLY adamlar durnukly, ruhy taýdan güýçli, berk adamlardyr. Işde olar anyk we adalatly. Ähli boş wagtlaryny işe sarp edýärler, şol sebäpli hem ýaşaýyş-durmuşynda maşgalasyndan üzñeräk bolýarlar. Kynçylykly ýagdaýlarda hökman çykalga tapýarlar. ■ GOÝY GÜR GAŞLY adamlar ynamdar, dogruçyl dost, gowy ýürekdeş, ünsi özüne çekmegi, özüne sylag-hormat goýulmagyny halaýan adamlar hökmünde häsiýetlendirilýär. Täze iş ýerlerine kynçylyk bilen öwrenişýärler. Şular ýaly şekilli gaşa eýe bolan zenanlar juda erkin, hemişe ýolbaşçy, lider bolmaga ymtylýan aýallardyr. Şol sebäpli hem olartñ durmuşynda kynçylykly gatnaşyklar ýygyrak bolýar. ■ SELÇEÑ GAŞLY adamlar ýumşak, rahat, käbir ýagdaýlarda bolsa ejiz hasaplanýar. Olar gowy gürrüñdeş, zähmetsöýer, ýöne ösüş basgançagynyñ ýokarsyna seýrek çykýan adamlardyr. Käwagtlar bolsa, olarda göriplik, ar alyjylyk ýaly häsiýetler duş gelýär. Selçeñ gaşly zenan maşgalalar gowy öý hojalykçy, maşgala durmuşyna wepaly we dogruçyl bolýarlar. ■ GIÑ WE UZYN GAŞLY adamlar örän oñat häsiýetli hasaplanýar. Olar özleriniñ zehinlilikleri, işlerine bolan söýgüsi, dilewarlygy bilen tapawutlanýarlar. Optimist, durmuşa söýgüsi güýçli bolup, islendik işiñ başyny üstünlik bilen başlaýar. Adamlara bolan söýgüsini belentde tutýar. ■ GYSGA GAŞLY adamlar gaharjañ, birahat, ýöne örän duýgur şahsyýetlerdir. Olar käwagtlar keýpiniñ üýtgemegi bilen işde we maşgalada kyn ýagdaýa düşýärler. Gysga gaşly adamlaryñ döredijilik ukyplary has ösen bolup, olardan ökde suratkeş ýa-da döredijilik işgäri çykyp biler. Maddy baýlyk olaryñ durmuşynda esasy zat däldir. ■ INÇE GAŞLY adamlar deñagramly, rahat, açyk göwünli, gönümel, hasapçyl, öýkelek adamlar hasaplanýar. Durmuşda hemme zady özleri gazanmagy başarýarlar. Daş-töweregindäki adamlardan özleriniñ gowy häsiýetleri we akylly-başly hereketleri bilen tapawutlanýarlar. Çözgütli, zähmetsöýer, ýöne durmuşundaky üýtgeşmeleri halamaýarlar. Taýýarlan: Jemal RAHMANKULYÝEWA, leýtenant. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |