* * *
Şol günüň ertesi obanyň töwereginde serhetçiler görünip ugrady. Olar ulurak depeleriň üstünde bölek-bölek boluşyp, oba dürbi tutýardylar. Sygyrlar serhet tarapa gidende, sanalyp goýberilýärdi. Agşamara oba gelende, ýene sanalýardy Çopanlar ýagşy barlanýardy.
– Obada şpiоn barmyş! Bekki mugallym hem şolar bilen habarlymyş. Şol şpiýonlar gözlenilýärmiş. Basym Bekki mugallym basyljakmyş. – diýip, Rejep öz ejesinden eşidenlerini gelip aýdýardy.
– Taýtar molla agşam ejemiň ýanyna geldi. Men ol haramzadany öýden kowdum. Meniň ýanymda ejeme her zat diýip barýar. Ejemem utanman ýylgyryp, onuň sözlerine hoş bolup otyr, Ahyry çydamadym... – diýip, Rejep içini dökdi. – Ejemi azdyrýanyň Taýtar molladygyna indi düşündim. Men depesinde palta döwerin diýsem, ol haramzada «Men-ä, satsaň on köpükden müň sany kerpiç alaýyn» diýip geldim. Sen bolsa, şol Bekki samsygyň yzyna düşüp, azypsyň – diýip, meniň üstüme heňkirýär, haramzada...
Bekki mugallym Rejebiň ýüzüne gaharly garady.
– Roççy, şol mollaňa sat kerpiçleriňi. Näme, men sakla, sen sakla. Goý, alsynlar. Her kerpiji on köpükden arzanam bolsa sat. Meniňkinem satyş...
Rejep başyny ýaýkady.
– Taýtar molla, menden daşyň gatysynam almaz. Ol bizden alyp, Aman mugallymyň ogluna otuz bäş köpükden satyp ýören bolsa näme. Bizdenem, otuzbäş köpükden her kerpijini «agam jan» diýip alsa-da onuň han boldugy...
Bekki mugallym güni bilen özüne dürbi tutulýandygyny ahyry aňdy. Ol aýalyny oba göçürip, indi güni bilen öz kerpiçleriniň ýanynda bolýardy...
Şol günleriň birinde ol Rejep bilen dynç alyp otyrkalar olaryň ýanyna Taýtar molla geldi.
– Men häzir raýondan, birinjiniň ýanyndan gelişime, sizdenem habar alaýaýyn diýip sowulaýdym – diýip, ol ýalum-ýulum etdi. – Nädýäňiz, armaweriň. Indi, din-şerigata döwran dolandy. Onsoň, raýonyň ýolbaşçylaram bizsiz oňup bilenoklar. Günde, günaşa ýanlaryna çagyryşyp, zol maslahat sorap durlar.
Bekki mugallym ýylgyrdy.
– Sen ýaly alasamsykdan akyl-maslahat sorap, olaryň kellesi nirede?
– Sen beý diýme, mugallym!
Bekki mugallym ony burça gysdy.
– Sen özüň kim, eý, harap! Özüň bir ahlaksyz wejera. Bilimiň, sowadyň ýok. Din-şerigatdan näme, gaýypdan okap bildiňmi, biz bar, şu obada senem bar. Ýöne ony-muny oňa-muňa ýamanlamaga, iliň syrtyny götermäge ýuwuksyz çemçe ýaly bolup gidýän diý, biz ynanaly.
– Sen küpür kep etme. – diýip, Taýtar molla gaharlanjak boldy.
Bekki mugallym ony gepletmedi.
– Men küpür gepläýin, küpür geplemäýin, bir zady bil. Eger, indiden beýläk toý bolsun, sadaka bolsun, jynaza bolsun, seni göräýsem, aýtdy-aýtmady diýme. Şol ýerde: Eý, märeke, Taýtar molla haramzada, ol pylan gün pylan ýerde Pylan aganyň aýaly bilen haramylyk edip otyrka, üstünden bardym. Ol ahlasyz haramzada!» diýip gygyraryn. Sen meniň dilimiň nähilidigini bilýänsiň. Güm bol, häzirem, şu ýerden. Bolmasa, kepje bilen kelläňi kerçärin. Ýok bol!
Taýtar molla titredi.
– Sen maňa töhmet atýaňmy?
– Men saňa hakykaty aýdýan.
– Onyň töhmetdir.
– Meniň şaýadym bar.
– Kim ol?
– Ol Alla! Hany, indi ýalan aýdýaram diýip gör, gözüň akyp, diliň çüýresin.
Taýtar molla oba bakan ýumlukdy.
– Şol diýenimdir. Ýekeje sapar görsem, gaty görme – diýip gygyrdy...
...Myhmanlar gideninden dört gün geçenden soň, raýkomyň birinjisi onuň yzyndan öz maşynyny iberip, ýanyna çagyrdy.
– Arada ýaralanyp, içaly tutan oglan dälmi, sen?
– Hawa, men, näme tanamadyňyzmy?
– Baýragyny, sylag serpaýyny beriň-ä diýipdim, alansyň-la! Bekki mugallym birinjiniň at oýnadýandygyny onuň gözünden aňlady. Sebäbi onuň özi bilen ýüzüni turşydyp gepleýşinden mazaly eýiniň ýetirilendigini aňyp otyrdy. Şonuň üçüin, ol onuň jogabyna özüniňki ýaly jogap gaýtardy.
– Gaty sag boluň, men-ä sowgat serpaý alan ýerim ýok. – diýdi.
Ol trubkany göterip, serhet otrýadynyň naçalnigi bilen gürleşip başlady.
– Araky «içaly» tutup ýaralanan oglanlara «sag bol» aýdan dälsiňiz. – Birinjiniň gaşlary çytyldy. – Näme, kolhoz başlygy niräň iti. Siz, moýor, bir topar ýalýagysy bolup, serhedi goraýas diýip, tentireşip ýörsüňiz. Nähilidir bir bendeler duşman bilen aldym-berdimli jeňe girip, serhedi bozany tutsa-da, «Biz tutdug-a, biz tutduk» boluşyp, at, abraý, sylag-serpaý alýasyňyz. Men siziň nämeler edip ýöreniňizi okadym-a, araky hasabatlardan. Aslynda aňyrdan gelen içaly ýaragly esgeriňiziň birini öldürip, biriniň elinden awtomatyny, ok-ýaragyny alýar. Bir bende bolsa, şol içalyny janyny orta goýup tutup, awtomatyny elinden alyp, onuň özüni getirip size tabşyrýar. Siz bolsa ony biz tutduk diýen bolup, ýokarlara habar berip çykypsyňyz. Netijede, şol oglanlara «sag boluň» diýibem aýtmasyňyz. Ony bolsa maňa obkomyň birinjisi aýdýar. Siziň üçin, men ýokarda taýak iýip, gan ýuwutmaly boldum. Tüf, siziň ýüzüňize, sizdenem bir serhetçi bolarmy, ýal ýagylary...
Ol trubkany goýup, gahardan ýaňa gyzaran ýüzüni elleriniň aýalary bilen owkalady.
– Bu, türkmen düzelmez. Ýok, biz hiç haçan düzelmeris. Ol gurrumsak kolhoz başlygy, milisiýäniň o samsygy, diýmäýin diýsem, baryp, saňa azar berýärmişin. Eşitdim, baryny eşitdim. Obkomyň buýrasynda baryny aýtdylar. Men, men, bu haramzadalara näme diýjegimi bilemok, indi... Sebäbi, özümem şolara meňzäp gidipdirin. – Ol içeri girip, bir çäýnek çaý goýup giden gyza:
– Meniň ýanyma adam goýberme! – diýdi. – Öten agşam obkomdan geldim. Häkimlikden seniň ýanyňa baran adam obkomyň býrosynda seniň düşen ýagdaýyňy gürrüň berip, özem aglady, býroda oturanlaram aglatdy. Ýöne, men näme diýeýin, gelen bolsaň, diňlemedik bolsam, onda aýry gürrüň. Raýonda näçe adam bar. Men bolsam ýeke. Gynanýan. Ýöne, seni raýonyň territoriýasyndan çykarmaly, ýa-da, dälhana salmaly diýenlerinde, hudaýlygymy aýdaýyn, oglana «azar bermäň» diýip aýtdym. Şondan soň azaram beren däldirler.
Ol geçen býroda bolan gürrüňleri tersine öwrüp aýdyp oturşyna, käsä çaý guýdy-da, ilkinji käsäni Bekki mugallyma uzatdy. Bekki mugallym güpürdeşip baran bir maşyn milisiýa işgärleriniň özüni göçürjek bolup, hupbat ýamanyny berip duruşlaryny, aýalynyň hesretli agysyny ýatlap, şonda birinjiniň ýanyna geläýmänine ahmyrlar edip, onuň uzadan käsesini hormat bilen aldy.
– Seni Orsýetiň prezidenti biziň prezidentimize jaň edip, birki gaýta sorapdyr!.. Seni Moskwa çagyrýar. Men saňa, şony aýtmaly. Meni seni Aşgabada elin eltmeli! Soň aňry, saňa başga eýe boljak bar.
– Ýeke özümimi? – diýip, Bekki mugallym agyr telpegi basmarlan inçejik ýüzüni galdyrdy.
Pudakowy käsesine çaý guýdy-da, ony göwünsizlik bilen owurtlady.
– Onçasyn-a bilemok. Maňa aýdylany, Begmyrady ýanyňa çagyr. Aşgabada, soň, Moskwa gitmäge taýýar bolsun diýdiler. Häzir maňa seniň pasportyň gerek...
Bekki mugallym telpegini çykaryp gujagyna aldy-da, derli, argyn ýüzüni süpürdi. Onuň birinjiniň akyl satan bolup, özüni oýnajak boluşyna gaty gahary geldi.
– Ýoldaş başlyk! – diýip sözüni süýndürip aýtdy. – Men bir zady aýdaýyn-la! Sen meni çagadyr öýdýäň. Men Orsýetiň Prezidenti bilen gulluk edip, onuň janyny halas eden adam. Sen bolsa, maňa «şipion tutan senmi, näme üçin obadan kowupdyrlar, sylag-serpaý etmedilermi» diýen bolup, at oýnadýaň. Sen han ogul, bendiň başynda oturyp, çeşmäniň suwuny bulaýan özüň-ä.
– Ýok, diňle. Men – diýip, Pudakowy ellerini daldaltdyrdy.
Emma Bekki mugallym oňa geplemäge maý bermedi.
–Ýok, diýersiň. Soň ahyryn rakomyň buýrosynda «dälihana dykyň, göçürip ýok ediň» diýen. Seniň sözleriň býuronyň protokolyna ýazylypdyr-a. Sen indi dört ýyl bäri birinji bolup ýörsüň. Hany eden işiň. Sen biziň raýonymyza, tok çekdirdiňmi, gaz çekdirdiňmi, jaýlar saldyrdyňmy, ýollar çekdirdiňmi, sen gaýta öz gaýyn ataňy yzyňa tirkäp, iliň içinden gep-gürrüň gözläp, harama meçew berip, «öz ýeriňe dalaş edäýjek» bilimli, sowatly oglanlary zaýalamakdan başga işiň ýok. Sendenem bir raýona ýolbaşçylyk eden bolarmy. Meniň ýagaýymy obkomyň sekretary gelip görüp, Türkmenistanyň Prezidenti meselämi çözenden soň bärde bolgusyz gepleri tapýaň. Maňa seniň baýragyňam, hemaýatyňam derkar däl. Sen maňa akyl satan bolma. Men seniň ähli boluşyňy Türkmenbaşa aýdaryn. Öň sen meni işletmediňmi, indi senem işlemersiň. Men Moskwadan gelýänçäm özüň arzaňy berip, ýok bolup gitseň-ä gitdigiň. Bolmasa-da gözüň gazamatda açylar...
* * *
Hepdäniň anna güni Bekki mugallym bilen Rejep samolýotyň birinji salonynyň iň öň hataryndaky ýaýbaň kreslolarynda ýaýraşyp otyrdylar. Olaryň öňündäki stoljyklarda bolsa, nazy-nygmat münder bolup durdy. Konýak, «Wodka» çüýşeleri, «Boržom» suwy gözüňi gaýnadýardy.
Bekki mugallym gowurlan towguň buduny öňüne süýşürip, ýüz elli gram arak içdi. Emma Rejebe suw guýdy.
– Arak içmeseň, ors bilen gepiň alyşmaz. Men olara armyda bolanymda gaty belet bolandyryn. Ors seniň agzyňdan aragyň ysy gelip dursa, şol aýdýanja sözjagazy bilen gep başlasaň, seni özüniňki hasap eder. Emma, şol bolmasa, orsuň atasy öler. Aý, bular ýat, diýip, agzyňa soganam dogramaz. Ine, men şonuň üçin içýän. Emma. Saňa suw guýanymyň sebäbi. Sen meni götermeli bolaýmagyň hem mümkin. Şonuň üçin, içme...
Emma Bekki mugallym ýene bir ýüz elli gram urmasa saklanyp bilmedi. Ol bulguryna arak guýdy-da, hälki aýdanlaryny ýadyndan çykaryp:
– Ýoldaş Stalin, seniň saglygyňa – diýip, Rejebiň elindäki boş bulgur bilen çakyşdyrdy.
– Aý, mugt arak bolsa, uraly-laý! – diýip, Rejebem bulguryna ep-eslije arak guýundy.
Olar çakyşdyryp içdiler.
Şu ýerde belent mertebe, begenç, köpden bäri içilmän, içilmän içilen aragyň baş aýlamasy Bekki mugallymyň aragyň göwnüni birden ersdirdi. Näzik göwün naçarlady-da, ony Ogulbike gelnejäniň gaşyna alyp bardy...
– Şu maşynlar bize zygyr-zygyr gatnaýar welin, Begmyrat, men düşünemok, ýa sen ýene bir bela galyp ýörmüň? – Ogulbike gelneje adamsyndan ýaýdana-ýaýdana sorady. Ol hiç haçanam adamsynyň edýän işine, ýa-da onuň gep-gürrüňine goşulan adam däldi. Sygyry, towuklary, ody-ojagy, tamdyry oňa güýmenjedi.
Ol adamsyna haçan çaý, haçan nahar bermelidigini bilýärdi.
Ertir irden gaty çörekleri jama dograp bişiren süýdüniň gaýmakly ýerini onuň üstüne eňterer-de, azajyk, çörekler ýagşy ýumşaýança basyryp goýar. Günortan dişe basymly bolsun diýip, börek, ýa-da noýbalyja jazly unaş, agşamna bolsa, ýa süýtlaşdyr, ýa-da, ýuwanja gatyga çörek dograp berer.
Ol Bekki mugallymyň agzynda näçe diýşiniň galandygyny bilýärdi. Iki dişi gullukdan döwülip geldi. Ikinji ogly çytyranda tutuş alyn dişleri gitdi. Iki ýaşly gyzjagazy gidende, iki dişi, mekdepden kowulanda birden dört dişi gaçdy. Arada, obadan kowlanda agzyndan bir gysym dişini alyp, taşlap goýberdi. Onuň agzynda diş galmady. Şonuň üçinem, adamsynyň aş-suwuňam sözüň, gep-gürrüňimem ýumşagyny halaýandygyny Ogulbike gelneje bilýärdi.
Bu aýal sygyr sagyp, galan süýt-gatygyny satyp, towuklarynyň ýumurtgasyny gerek diýene berip, eliň aýasy ýalyjak ýere noýba ekip, adamsyny namarda zar etmän saklaýardy.
Bekki mugallym haçan pul sorasa, Ogulbike puljagaz çykaryp berýärdi. Ol öz adamsynyň gazanypjyk getiren puluny eşrepi ýalyjak edip saklaýady. Jorap, beýleki dokap, özüne az-owlak aýal goşy edinipdi.
Aý, garaz, bu aýal öz günündenem, durmuşyndanam müň-de bir razydy.
Emma birden bar zat, tersine bolup başlady. Tutuş oba Bekki mugallyma ýagy boldy. Ogulbike gelneje «Aý, bu-da bir hudaý işidir-dä» diýip, geçirimlilige saldy... Ine, soňky döwürlerde, bu taşlandy mal ýatagyna, oba göçürensoňlaram, üýtgeşik-üýtgeşik maşynlaryň gelip-gidip başlamagy Ogulbike gelnejäniň kejebesini daraltdy.
Onuň sowalyna Bekki mugallym misli agyr ukudan oýanan ýaly ýaly boldy.
– Men saňa armyda bir ors oglany bilen bileje gulluk edipdim – diýip gürrüň bemänmidim.
– Hä, şol, ganyňam bereniňmi – diýip, Ogulbike gelneje-de, ony goldady.
– Edil özi! Şol oglan Orsýetiň iň ulusy bolupdyr. Şolam: «Türkmenistanda meniň gullukda dogan bolan ýigidim bolmaly. Şol nirede, ýaşaýyş ýagdaýy nähili?» diýip, meni ideýärmiş...
Ogulbike, nämüçindir, adamsynyň şu gepine birhilije, ynanmady. Ýöne, hudaýa şükür etdi.
– Aý, bolýa-la, saglyk bolup dursa bolany. Başyňa degmeseler bolar.
Ol birinjiniň iberen ep-esli zadyny görüp, alasarmyk pikirde galypdy. Bir halta un, bir halta tüwi, bir halta şeker, on kilogram çaý, gymmat kökemidir, kemputlar. Çüýşe-çüýşe ýag, halwamysyň, kişmiş-kişdemisiň, adamsyna birki sany köýnek, özi üçin gymmat matalar, iki sany aýal köwşi. Geň, ýeri, şol köwüşler, Ogulbike gelnejäniň aýagyna şaplaşyp durdy. Olaryň gapdalyndanam, ýaşşik-ýaşşik arak, konýak...
Onuň beýle zatlar gören ýeri ýokdy. Iň esasam, barysy mugutja...
Bekki mugallym bu zatlary gören aýalynyň howpurganmasyna bir ýylgyrdy.
– Seniň bu iterinji äriň kel başy kime gerek, heleý han?
Ogulbike gözüni çaldy.
– Ol gara baş eziz gara başdyr! Meniň şondan başga kimim bar? Doganymam, atam-enemem, dolananymam şol gara badyr, Begmyrat!
Aýalynyň bu sözleri Bekki mugallymyň baryp çagalykdan hoş söze zar göwnüne seýiklän ýaly boldy.
– Şol gullukdaşym: «Moskwa gelsin. Gaty göresim gelýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidentine birküç gaýta telefon edipdir. Bular şonuň üçin oda-köze düşýärler. Eger, sen rugsat berseň, men Moskwa gidip, şol gullukdaşym bilen görüşip gaýdyberjek...
Ogulbike gelneje adamsyna bakan süýşdi.
– Begmyrat, seniň ýadyňa oýun düşýär. Meniň dädem pahyry otuz ýedinji ýylda şeýdip ýok edipdiler. Saňa-da, aldap-ogşap, bir bela etjek bolýan bolaýmasynlar. Balygam, onuň gowja görýän lukmasyna aldap tutýandyrlar.
Bekki mugallym aýalyny köşeşdirmek isledi. Emma Ogulbike gelneje köşeşmedi.
Ol tutuş gijeläp, gözüni çirim etdirmän, Alladan öz adamsyny penasynda aman saklamagy dileg etdi, ýatdy.
* * *
...Bekki mugallymy öz ýurdunyň Prezident kabul etdi. Bu kelteden kölegede biten kömelek ýaly, akýagyz, tegelek ýüzli pyýada ol girip-girmän, gapynyň agzynda kabul etdi-de:
– Aý, how, sen Putini nireden tanap ýörsüň? Ol maňa: «Abdyllaýewi Moskwa iber» diýip, bäş sapar telefon etdi-ä!... – diýip, patyşalyk otagyň ortasyna alyp bardy-da, pökgi ýaly ak, ýumşak elleri bilen onuň kerpiç urup, palta oýnaý-oýnaý daglaryň odunyny ýygan bir bölek daşa dönen aýasyny gysdy. – Hany, gel, geç-de gürrüň ber, hany!
Bekki mugallym indi, telim sapar oňa-muňa gürrüň beren, öz ýanyndan leji çykan hasap eden geplerini bir demde sarnap goýberdi.
– Gullukda bile bolduk!
Prezident bu çakylykda aýratyn bir syryň bar bolmagynyň ahmallygyny güman edýärdi. Ýogsa, bile gulluk edýän azmy? Onuň şol syry bilmek niýeti ony odukdyrdy.
– Nirede gulluk etdiňiz? – Sebäbi bu Prezident Putiniň terjimehalyny okanda, onuň nirededir bir ýerlerde gulluk edendigi baradaky maglumata duşmandy. Onsoň bu mesele hem şübhelidi.
Bekki mugallym bile gulluk eden aýyny, gününi, ýylyny aýtdy.
– Hytaý-sowet serhedinde. Ol ýaş oglandy. Sähel wagtjyk geldem, ýaralanyp gaty çalt gitdem.
– Putin kim bolup gulluk etdi.
– Ýefreýtordy. Özem, sopýor!
– A sen?
– Men kaptýorşik. Praporşik, soňam, sapýor.
– Nähili tanyş bolduňyz?
Bekki mugallym ýylgyrdy.
– Bir dynç alyş güni, ýagny gulluga gele-gelmän ol gulagyny sowuk aldyrypdyr. Meniň koptýorkamda spirt bardy. Oglanlar alyp geldiler. Kiçijik saryja ors. «Bega, kömek et!» diýdiler. Ilki gulagyny bejerdik, spirt bilen, soňra özüni. Şeýdibem, onuň bilen ikimiz üç gün goupbaha düşdük. Şondan soň iki ştrafnigi bile narýada iberdiler. Gaty sowuk gyş gijesi ikimiz sowet-hytaý serhet dawasyndan galan minanyň üstünden basyp, olam erbet partlap, zordan ölmän galdyk. Soň men ony arkama alyp, golaýrakdaky obalaryň birine alyp bardym. Sebäbi, öz çasymyz bilen aralyk otuz-kyrk kilometrlik daşlykda. Biziň nobatçylyk çekýän ýerimize maşynly getirip, on-onki sagatdanam ýene maşynly gelip, narýadymyzy çalyşyp gidýärler. Onuň gany köp gidipdir. Men ondan ganymadyrak. Onsoň oňa men öz ganymy bermeli boldum. Ol şondan soň biziň çasymyzdan ýarawsyz bolup gitdi. Şondan bärem men ony göremok.
– Gör, ol şunça wagt geçse-de, seni unutmandyr?! Özi jaň etdi. Seni sorady. Menem «bar» diýdim. Gel, men seni Moskwa ibereýin. Ýöne men saňa üç zady aýtmagy tabşyrýan.
Ol sag eliniň ak, pökgüje barmagyny gysdy.
– Sen biziň ýurdumyzyň türkmen halkyna egsilmejek eşret berendigini oňa at. Gaz, elektrik, suw, duz, un mugut diý. Bilýäň-ä, bu zatlar öň ýok-d-a. Men olary öz halkyma mugut berdim. – Ol Bekki mugallymyň ýüzüne dikanlap seretdi. – Obaňyzyň ýagdaýyny aýdyber. Sizde-de şu zatlar mugutdyr-a.
Bekki mugallym gowşagragadan:
– Aý, hawwa-la – diýen boldy-da «Aý, näme bolsa şol bolsun, etjegi meni Moskwa goýbermejegi eken-dä» diýip, agyr ýuwdundy – Aslynda-ha, ýoldaş Prezident, şol aýdýanlaryň barysy ýalan zatlar, Biziň etrabymyzda-ha, şol zatlaryň birem ýok. Zähmetkeş halk gan aglaýar. Sizi diňe telewizor, radiýo öwýär. Halk bolsa ony öz öýünde diwar gazýet çykaryp, özüni öwdürýän alasamsyk adam ýaly diýip düşünýär. Aslynda şol ýalan, ýaranjaňlyk öwgüsi öwgi nämä gerek. Siziň ýazýan zatlaryňyz hem biderek samahyllama. Gurhan bilen Magtymguly barka türkmene başga akyl-nesihat nämä gerek. Siz Prezidentkaňyz zorluk bilen, zulum bilen özüňizi öwdürersiňiz, eserleriňizi çykardyp, goşgularyňyňzy aýdym etdirersiňiz, Prezidentlikden aýrylan günüňiz olary masgara edip ýakarlar. Aslynda şeýle akmaklyk nämä gerek. Men muny size aýdaýyn, başga bir adam size aýdyp bilmez...
Prezidentiň ýüzi gaty erbet agardy. Ol garşysyndaky bu maýmyn ýaly bolgusyz adamyň gümüni çekesi geldi. Emma onuň garşysynda oturan adamyň howandarynyň düýplidigi ýadyna düşdi-de, gepi başga ýana alyp gitdi.
– Ýok, ýok, sen onda düşüneňok. Seret. – Ol ýüzüni sypjykladyp ýüzükden doly eliniň orta barmagyny ýumdy. – Sen halkyň meni nähili gowy görýändigini bileňok. – Ol elindäki kiçijik sapjagazyň düwmejigini basdy.
– Obaňyzda telewizor bardyr-a. Sen, özüň telewizor diňleýänsiň-ä. Şonda adamlaryň men barada näme diýýändigini eşidýänsiň-ä.
–Ýok, biz-ä telewizoram gazdyr swedem göremizok.
Dogrusyny aýtsaň, Bekki mugallymyň obasynda gaz beýlek-ä beýlede dursun. Ilatyň agyz suwy hem uly aladady. Olarda telewizor-ha aslynda-da ýokdy. Şonda-da, o Prezidentiň raýyny ýykyp durmady.
– Hawa, hawa!
– Aýt, halk biçak gowy görýär diý.
Ol ogulhajadyny ýumdy.
– Meniň eserlerimi halkyň nähili söýüp okaýandygyny bilmeýän ekeniň. Ýöne, zyýany ýok. Men saňa öz kitaplarymy sowgat bereýin. Sen oka, onsoň düşünersiň.... Ine, biziň gowy zadymyz kän-ä, aýdyber, aýdyber... Öz watanyň, öz halkyň üstünligini wagyz etmeli.
Ol eli kiçijik gapjagazly kofe getiren gyz gidýänçä sesini çykarmady. Ol gyz gidensoň, ol stlola ýapyrylyp, gürläp başlady.
– Sen öýke-kinäni goý. Menden oňa köp salam aýt. Geleniňde ýene meniň ýanyma sowularsyň. Nähili garşy alanlaryny, araňyzda nähili gürrüň bolanyny, nämeler soranyny gürrüň berersiň. Ýöne, artykmaç gürrüň bolmasyn, bormy. Geleňsoň, gadryňy bilerin. Aşgabada getirip, jaý, iş bererin...
Ol Bekki mugallym bilen bilen gelen garaýagyz pyýada seretdi.
– Oglanlar Moskwada nähili özüňi alyp barmalydygyny öwrederler. Näme diýmelidiginem aýdarlar. Gowja repetisiýa geçiň...
Ol jübüsinden ep-esli ABŞ dollaryny çykaryp, Bekki mugallyma berdi.
– Menden köp salam aýt – diýdi. Soňam:
– Sen-ow, telpekli-le! Ýok, munyň bolanok. Telpegiňem aýyr. Takga geý! Dostumyza men bir sowgat iberjek. Sen meniň adymdan şonam eltip ber. Hut, öz adymdan diý, bolýamy!
– Bolar, sag boluň!
Prezident garaýagyz pyýada berkden berk tabşyryklar berdi.
– Biziň beýik ýurdumuzuň graždaninleri medeniýetli bolmaly. Eger telpek-selpek bolaýsa, soň, gaty görme...
«Baý buw, baý buw...» diýip, Bekki mugallym başyny ýaýkady. – Beýle-de hötjet adamlar bar eken-äý!..
Bekki mugallymyň sakal murtuny, telpegini aýyrdyrjak bolup, hälki gara pyýadanyň, onuň nökerleriniň jan çekişini bir görsediňiz?!.
– Biziňem çagamyz bar, ýaşuly – diýip, gözlerinden boýur-boýur ýaş goýberip durlar.
Şeýdip, telpegem gitdi, sakal-murtam. Onuň gytyk saçyny güýçli şampun bilen ýedi sapar ýuwdular. Ýüzüni ýag çalyp, ýag çalyp gazadylar. Özüne aňrybaş kostýum, italýan köwşüni, galstuk, altyn sagat berdiler.
Rejebe-de şol zatlar berselerem, ol edil, Bekki mugallym ýaly, telpeksiz, sakal-murtsyz galmady.
– Sakal owarram welin, şu telpegim amanatdy-da! Akga telpekçä öňem bir telpegim bardy-da. Şol alada goýýar – diýip, Bekki mugallym taýparypjyk duran eňegini sypalady.
– Gel, ýene bir sapar uraly-la! – Ol bulgurlara arak guýup durşuna: – Eý, ýoldaş Stalin, şu samolýotyň üstünde içen aragyň edil çeşme suwuny içen ýaly-laý. Hiç başyňy aýlanok.
Olar çakyşdyryp içdiler-de, aýdym aýdyp başladylar.
– Ýoldaş Woroşil, hany, bir aýdym aýdyp ber-sene – diýip Rejep süzülen gözlerini Bekki mugallyma dikdi. Bekki mugallymyň gözleri indi ýanyp başlady.
– Bolar, ýoldaş Stаlin! – diýip, ol aýdym aýtmaga başlady:
Aýrapylan gelýär, uçup, how,
Deňiz-derýadan geçip, how.
Biz samolýotda otyrys, e-eý,
Arak içip how!
Bekki mugallymyň gözleri arakly çüýşä düşdi:
– Çüýşe-çüýşe, eý, jan çüýşe,
Arak-konýak goşa-goşa,
Roççy jan geldi joşa-joşa, jan-eý,
Putin dosta salam bolsun, aý, jan!
Ol şondan soň, gözi düşen zady barada samrap aýdym aýdyp aýdyp, tä Moskwa barýança üýtgeşik keýp çekip gitdi. Iň täsin ýeri bu ikisine baryp düşýänçäler, towgyna tok diýen adam bolmady.
* * *
Moskwanyň Domodedowa aeroportynda samolýot ýere gonup, saklanyp- saklanmanka, gaý-da gaýmalaşyk başlandy.
Trap berlen badyna iki sany syrdam ýigit kürsäp samolýota mündi.
– Abdyllaýew! Abdyllaýew! Kim – Abdyllaýew?!
Bekki mugallym ýerinden turdy.
– Biz! – Ol Rejebi görkezdi.
Ýaş ýigitleriň biri başyny işige tarap ümledi.
– Çykmaly? Galanyňyz ýerli-ýeriňizde oturyň, habar berilýänç-ä...
Samolýotdan düşenden soň, Bekki mugallym bilen Rejebi gara «Mersedese» mündürdiler.
– Çemodanlarymyz, beýleki goş-golamlarymyz bardy...
– Alada etmäň! Alada etmäň!..
Bekki mugallym özleriniň goş-golamlarynyň aýratynja, el ýüzüräginde goýlanda habarsyzdy.
– Aý, şular, eýderler, beýderler, çemodanlary galdyrarlar-ow. Onsuzam, Akgadan karzyna alanja telpegimem, Aşgabatda ardurja ýok etdiler, bular. Indem, çemodany ýok etseler, duran çykdajy bolub-a barýar by...
Bekki mugallym goş-golamlaryndan ynjalman, töweregine garanjaklady oturdy. Birdenem ümürseň tokaýa gözi düşdi.
– Rоççyý, Rоççyý, seret, bu tokaýlara bir seretsen-e. Wah, wah, şu agaçlardan ýüz sanjagyny oba äkitsediň. Häk, wah, wah...
«Mersedes» tekiz, giň ýol bilen uçup barýardy. Onuň öňündäki gara mersedesleriň üstündäki pyr-pyr aýlanyp, üýtgeşik bir ses çykarýardy welin, ol sesi eşidenleriň bary ýabany sülgün ýaly, pytyrap, busup, ýoldan sowlup barýardy.
– Nähili geldiňiz? Ýadamadyňyz gerek?
Bekki mugallymyň göwni häzir uçmagyň ýedinji gatynda ganat ýaýyp ýördi. Ýadamak niräniň gürrüňi, ol dünýäniň ähli hözirini boýlap gelýärdi. Şonuň ol Rejebiň ýüzüne ýylgyryp garady.
– Hor-ro-şo! – diýip, eli bilen Rejebiň egnine kakdy.
Häzir Bekki mugallym üçin geplemekden kyn iş ýokdy. Moskwanyň salkyn, çyglyrak seleň howasy ony eredip barýardy. Begençden ýaňa onuň taýpy eňegi döşüne düşüp duran ýalydy. Ýabany pişigiňkä meňzäp duran ýaşyl gözleri, kiçijik kellesi ony bigünä çaga meňzedýärdi.
«Mersedesler» Moskwanyň içine girmän, onuň daşyndaky halkalaýyn ýola düşdler. Şol ýol bilenem bir sagadrak töweregi ýörediler.
– Ine, geldik! – diýip, maşynyň öňünde oturan ýaş ýigitleriň biri seslendi-de, durşuna ümürsiň sosnalyk bolup duran tokaýa elini uzatdy.
«Mersedesleri» sümme tokaýyň ortasynda sakladylar.
Harby geýimli, ellerinde awtomatlaryny ykjam tutup duran esgerler adamlary maşyndan düşürdi. Maşynlar «gyzyl gapyrjaga» girizildi.
Bile gelen ýaş ýigitleri Bekki mugallym bilen Rejebi elinden tutup, durşuna gyzyl çyra bolup duran işikden geçirdiler...
– Birinji barlag!
Bekki mugallym gyzyl çyralardanmy, ýa terslin-oňlyn aýlananynamy, iki eli bilen kellesini sypap durşuna:
– Ýoldaş Stalin, ýa samolýotda gaty kän içenimizden boldy, ýa-da howanyň birden üýtgänine boldy, gözüm-başym aýlanyp barýar. Bular bizi nirä alyp barýarlar? Hany, Moskwa? Hany Putin? Hany Kremil! Bular eýdip-beýdip, bizi bir çoçgara çolaşdyrmasa-da ýagşydyr...
Rejebiň ýagdaýy-da onuňkydan gowy däldi Şonda-da ol Bekki mugallyma sypaýçylyk etdi.
– Indi, başa gelenini görübereris, şeýle dälmi, ýoldaş mugallym.
Olary soňam ýene iki barlagdan geçirip, daşy belent demir gözenekli, iki gat jaýly, belent howla alyp geldiler.
– Herne, zatlarmyz-a galdyrmandyrlar! Şu içigaralar hem alada-how. Han-a, eýtd-i-ler, beýtd-i-ler, Akgadan amanat alyp gaýdan telpegimi Aşgabatda ýom-ýok etdiler-ä. Öňem bir telpek bergim bardy, oňa...
Olary ikinji gatdaky otaglarda ýerleşdirdiler.
Olaryň baran ýeri otaga däl-de, kiçeňräk köşge meňzeýärdi. Ähli zat altyn gurşawly bolup, ýöne-e lowurdap durdy.
Aşagyna durşuna üýtgeşik haly ýazylan bir otagda, gaty owadan, meňzeşje iki sany diwan durdy. Bu diwanlaryň üstünde oturmak-ha däl, olara eliňi degirmegem haýypdy. Onuň aňyrsynda bäş-alty kreslo, pesejik stollar, telewizor durdy. Şolaryň hem bezegi edil diwanlar bilen meňzeşdi.
Penjiräniň öňündäki uly nahar stolunyň üsti nazy-nygmatlardan ýüki ýetikdi.
Beýleki otagyň ortasynda patyşalyk stol durdy. Stoluň üstünde altyn-kümüş gap-gaçlar, reňkli, reňksiz hrustal bulgurlar çemçeler, çarşaklar, gap-gaçlar, dürli spirtli içgiler bilen üýtgeşik bezelendi.
– Bä-äý! – diýip, Rejep bu stoly görüp başyny ýaýkady. – Mugallym diýýä-nä, azap baryny çekdire-çekdire Alla jan bizi diriligimize göni jennete düşüräýdi öýdýän.
Bekki mugallym «Oňa bir seretsen-e» diýýän ýaly, beýleki otaga başyny atdy.
Onuň başyny atan otagynda telewizor, ýazuw stollary, sowutgyçlar, telefon, kreslolar, uly, owadan ýüz görülýän aýnalar durdy. Şolaryň ählisiniň çarçuwy, gurşawy, tutawaçlary altyndandy. Ýere bir meňzeş, gaty üýtgeşik halylar ýazylandy. Ondan aňyrdaky otagda iki sany krowat münderlenip, belent ýassyklary bilen özüni güjeňläp durdy.
Eşik goýulýan şfonerlerde täp-täzeje kostýumlaryň daşary ýurt köýnekleriniň on-on bäşisi asylgydy. Aşakky tekjejiklerinde gaty gelşiklije köwüşler goýlupdyr.
Myhmanlaryň agyzlaryny açyşyp, haýran galyp durmasy uzaga çekmedi.
– Nähili, gowy ýerleşdiňizmi?!
Mylaýym aýal sesine, olar edil, ogurlykda tutulan ýaly ziňkildäp gitdiler.
– Gowy, gaty gowy! – diýip, Bekki mugallym gep ugruna samrady. – Gaty gowy!..
Ol aýal otaga birlaý göz aýlap, myhmanlaryň henizem ýerleşmändiklerine geň galdy.
– Siz näme, henizem ýerleşmänsiňiz-le? – Ol Bekki mugallyma el ýuwulýan otagy görkezdi.
– Häzir ýuwunyň! – Ol aýal şifonere elini salgady. – Ine, siziň geýmeli eşikleriňiz. Bary siziň ölçegiňizde, diňe siziň üçin ýörite buýrulyp alyndy. Soň, aşak, naharhana düşersiňiz. Nahar taýýar!..
Bu aýal çykyp gidenden soň, Bekki mugallym gapdalynda duran kreslolaryň birine çümüp gitdi.
–Ýoldaş Stalin, nädeli?!.
– Ýuwunaly. Men häzir ýuwunaýyn, ýoldaş Woroşil... Soň sen giräý.
Bekki mugallym «bolýar» diýen manyda baş atdy-da,
– Dur, ilki men girip, çykaýyn! Armeýesim geläýse, suwa düşen bolup oturmaýyn.
Ol wanna girip, düýbünden başga adam bolup çykdy.
– Wah-wah-eý, jennet-ä şujagaz otagda eken. Gyzgyn suw gerekmi, sowuk suw gerekmi, saça çalynýany gerekmi, sakala çalynýany gerekmi. Edil, Amerikadaky ýaly-da. Dažžy, ondanam gowy bolsa gerek.
Wanna otagynyň işiginde duran Rejebiň degşesi geldi.
– Ýoldaş Woroşil, sen Amerikada bolup, bu gowy zatlar öwrenişip gidipsiň. Hany, bizem bir girip göreli-le.
Bekki mugallym hälki akly-gyzylly çüýşeleriň duran otagyny gözledi.
– Heý, bularyň açygy ýokmyka? Şu sapar ýoldaş Çapaýewiň diýenini edäýmeseg-ä bolmaz! Ol Petka: «Hammamdan soň jalbaryňy satyp al welin, ýüz gram urgun!» diýer eken.
Ol agzy ýapylgy çüýşelere gultunyp garady.
– Roççyý bolan bolsa, eýýäm ugruny tapardy. Aý, bolýa-laý! Bizi synamak üçin, sanap goýan bolsalar, kim bilýär? Onsoň, soň «siz pylan edipsiňiz» diýseler näme jogap okajak?!.
Ol başyny ahmyrly ýaýkady.
– Ah, şu Akganyň ýakýa-da. Bolmasa alyp ýatan alada ýok-la welin...
Ol Rejebiň hammamdan çykaryna şunça çydajagam bolsa, ahyr çydamady.
Agzy açyk şifoneriň öňüne baryp, çal kostýumy, ak ýüpek köýnegi soguryp aldy-da, geýindi. Boýnuna galstuk dakyndy. Soň ullakan aýnanyň öňüne geçip, özüni synlady.
– Baý-boý, göz degmesin, men-ä ýigit dagam bolmandyryn. Şu durşum-a Ogulbike göräýs-ä, öz ärini tanamaýaram.
Rejebem gyp-gyzyl bolup, hammamdan çykdy.
Daşyna bir azajyk suw dökülipdir welin, şony syrjak boldum, ýöne letde tapmadym.
Bekki mugallym-da baryp gördi-de, daş-töwereklerini sermenekledi.
– Beýdip gitseg-ä bir hili görerler. Süpüreli. Ýogsa: «Bu ýoldaşlar kulturnyý däl eken» diýerler.
Rejep egilip, letde gözleýän mugallymynyň ýüzüne seretdi-de, doňup galdy.
– Alla bar, ýoldaş Woroşil, men saňa, hut, Gorbaçýewmikäň öýdüpdirin. Tüf, tüf, sen-ä, tüweleme, edil, öýeräýmeli bolupsyň.
– Hany, senem geýin. Onsoň, adama bir ýüz gram urup, aşak düşeli.
Rejep ony goldamady.
– Ýoldaş Woroşil, şu gün gaty kän içdiň. Samolýotda dört sapar göterdiň, indi bes et! Soň, göterip bilmän, masgara bolaýma. Seni ýene bir sapar obadan kowaýsalar, Amerikadan bärde goýmazlar.
Bekki mugallym sesini çykarmady.
Häzir mugut bolsa-da, soň gürrüň edäýmesinler...
– Bolýar!
Olar meňzeşje geýinip birinji gata düşdüler. Aşakky naharhanada olary «Gelýärler!» diýişip, el çarpyp garşy aldylar.
– Hoş geldiňiz!
– Hoş geldiňiz!
Ýigirimi adam üçin taýýarlanylan uzyn stoluň başynda iki adam, Türkmenistandan gelen myhmanlar oturdy. Stoluň üsti olaryň görmedik-eşitmedidik nazy-nygmatlaryndan, dürli naharlardan, baslygyp ýatyrdy.
Olaryň daşynda pyrlanyp ýören aýallar, erkekler hyzmatkärler bolup çykdy. Olar Bekki mugallymyň agzyna nahar tutup beräýjek bolýardylar.
Biri-birlerinden owadan gyzlar Rejebiň daşynda kebelek bolup pyrlanýardylar. Şonuň üçin bu iki myhman näme iýeninem, näme içeninem bilmän, giç öýlänler myhman ýerlerinden çykyp sosna tokaýlygyna aýlanmaga gitdiler.
Olar tokaýyň içi bilen derýajygyň gyrasyna bardylar.
Ýaş sosna tokasynyň demi asmanyň ýaňagy degip duran derýanyň ruhuna garylyp, keremli eşret bolup öýkeniňe dolýardy.
– Jennet-läý! Bu ýerler. – diýip, Bekki mugallym bu şirin eşretleriň ählisine ýeke-täk ölçegli baha kesdi. – Ýöne şu Akka telpekçiniň telpegi baryny bozýar-da. Maňa häzir şol uly alada-da...
– Sag bol, mugallym, men seniň arkaňdan uçmahy gördüm, uçmahy...
Rejebiň bu minnetdarlygy Bekki mugallyma diýseň ýarady. Ol razylyk bilen ýylgyrdy.
– Indi ynandyň dälmi, ýoldaş Stalin. Görseň, Bekki mugallymyň gudrat kändir. Biderek adamlar ony obasyndan kowsalar, Alla ony eddil, uçmahyň özünejik äkidäýýändir, görseň. Goý, seniň mugallymyňy obadaky biderek adamlar näçe ýigrense, ýigrenibersin. Ýöne, Alla ýigrenmese bolýar.
Aňyrdan ylgap gelýän ýigit olara elini salgady.
– Gelýär, ýeriňize baryň.
Öz hyýallaryna ýaňy berlip başlan Bekki mugallym Rejebiň ýüzüne garady.
– Näme diýýär-äý, ol?
– Çagyrýar, geliň diýýär.
– Kim?
Oňa çenli hälki ýigit ylgap geldi.
– Gelýär, ýoldaş Abdyllaýew. Ýöriň, garşylalyň!
Bekki mugallym özüne gelen ýaly boldy.
– Oh-how, gelýärmi?!
(dowamy bar)...
Powestler