19:20 Annageldi aganyñ arçasy | |
ANNAGELDI AGANYŇ ARÇASY
Aýdym-saz sungaty
Şäher oba ýaly däl, käteler göçmeli hem boluberýär. Biziňem Garaşsyzlyk seýilgähiniň golaýyndaky öýümizden başga jaýa göçelimiz bäri ep-eslije wagt geçäýipdir. Elbetde, ähli amatlyklary bolan täze jaýa söz ýok, şonda-da aram-aram ozalky öýümizi küýsärdim. Ol ýerde ýaşaýarkak, ir säherler Türkmenistanyň halk artisti, meşhur sazanda Annageldi Jülgäýew bilen Garaşsyzlyk seýilgähiniň Andalyp köçesi tarapdaky ýanýodasyndan ýöräp, suw çüwdürimleriniň gyrasynda gezim edişimiz, Annageldi aganyň arçasy bilen salamlaşyşymyz häli-şindi göz öňümde janlanardy. Mümkin şonuň üçindir, ýüregimiň bir burçunda ýaşyrynlykda ýaşaýan täzeden şol ýerlere göçmek islegi aram-aram özüniň bardygyny duýduryp goýbererdi. Ahyry bir gün şol pynhanja islegim hasyl bolup, ýene-de Garaşsyzlyk seýilgähiniň golaýyna göçüp bardyk. Men Annageldi aganyň arçasyny görmek, birsalym onuň bilen derdinişip, ussat sazandany ýatlap oturmak niýeti bilen, sport eşigimi geýip, ýöremäge çykdym. Soňky ýyllarda günsaýyn ösüp-özgerýän şäherimiziň ýollarynyň giňeldilendigini, owadan yşyklandyryjylar oturdylyp, awtobus duralgalarynyň döwrebaplaşdyrylandygyny görüp-bilip ýörenem bolsam, Garaşsyzlyk seýilgähiniň Andalyp köçesine ýanaşyk ýanýodasynyň ortarasyndaky bir düýp arçanyň bardygyny ýa ýokdugyny bilemokdym. Ýöne ýanýodanyň bir çetinden girenimden, onuň ozalkysyndan ep-esli giňeldilendigini, düşeginiň çalşylyp, tutuş kümüş reňk plita düşelendigini, gyralarynyň agaçlarynyň timarlanyp, has owadan bolandygyny gördüm. Ýöne hernäçe gözlesem-de, Annageldi aganyň arçasyna welin gözüm düşmedi. Ahyry indi bu ýerde ussat sazandany-da, onuň arçasyny-da görüp bilmejegime düşünip, onuň maşk edýän ýerindäki oturgyja göwrämi goýberdim. Şonda meşhur gyjakçy bilen baglanyşykly birmahalky wakalar birin-birin göz öňümden geçip ugrady... * * * Ozal bu ýanýodanyň ortasyndan bir hatar aksowult plita uzalyp giderdi. Onuň gyralaryna mele hem-de çal reňkli plitalar gezekleşdirilip örülensoň, birhili küşt tagtasyna çalym edýärdi. Annageldi aga hemişe uzaboýuna düşelen aksowult plitanyň üstünden ýörärdi. Bir gezek ondan: — Yrym edip aksowult ýodadan ýöreýäňizmi? — diýip soradym. Şonda ol: — Yrymam edilse edilýändir welin, şu ýodajyk göni meniň arçamyň şahalarynyň aşajygyndan geçýär — diýdi. Onuň sözlerine geň galyp, göwnüme gelenini dilime getirdim: — O nähili?! Bu ýerde siziň arçaňyzam barmy? — Bar. Özem her gün ol meniň başymy-da sypaýar. Ynansaň, bir gün maşk edýän ýerimde başgabymy galdyrypdyryn. Şony-da maňa arçam duýdurdy. Soň yzyma dolanyp, başgabymy alyp gaýtdym. Hakykatdan-da, ýanýoda bilen Garaşsyzlyk binasynyň deňine ýetibereniňde, Annageldi aganyň maşk edýän ýeri bardy. Şonda ol üstki eşiklerini biraz ýeňlederdi-de, başgabyny çykaryp, uzyn oturgyjyň üstünde goýardy. Soňra howlukman, ýigrimi minut çemesi dürli maşklary ýerine ýetirerdi. Oturgyçda biraz dynjyny alansoňam, ýanýodajykdaky aksowult plitadan ýöräp, yzyna gaýdardy. Bulary bilemsoň, şol pursat onuň başgabyny galdyraýmagynyň bolup biljek zatdygyny aňymda aýlan-da bolsam, ony arça agajynyň duýduranyna geň galdym. Köpügören synçy sazanda derrew muňa düşünip: — Sen häzir meniň aýdanlaryma geň galdyň, bolsa-da, käbir kärdeşlerim ýaly, süýem barmagyňy çekgegulpagyňa ýetiräýmediň — diýdi. Soňam: — Bir gezek, häli saňa aýdanlarymy işde gürrüň beräýmenmi, şonda olaryň käbiri meniň akylym üýtgändir öýdüp, assyrynja süýem barmaklaryny çekgegulpagynyň ýanyna ýetirip, öňe-yza hereketlendirdiler. Oňa-da meniň gözüm düşäýdi — diýip ýylgyrdy. Menem bu wakanyň nähili bolup biljekdigine birbada akyl ýetirip bilmänimden soň: — Öz-ä geň waka eken. Dogrusy, size ynanýanam bolsam, arçanyň başgabyňyzy galdyranyňyzy duýduryşyna heniz-ä düşünip bilemok — diýdim. Ýaşuly hezil edip güldi. — Ýöräbereli hany, basym arçamy-da görersiň, onuň başymy sypalaýşyny-da. Sähel salymdan hemme zat düşnükli boldy. Annageldi aga edil ýanýodanyň ortasynda ösüp oturan arçany görkezip: — Hanha, şol öňümizdäki meniň arçam-da — diýdi. Soňam: — Häzir onuň başymy sypaýşyna-da syn et — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Gör-le muny, asyl ol aksowult plitadan ýöräp gelende, arçanyň bir şahasy onuň başyny «sypaýan» eken. Onsoň, şol sapar arça ýalaňaç kellesini «sypanda», Annageldi aga derrew duýupdyr başgabynyň ýokdugyny. Bu wakadan soň ussat sazandanyň gözel hem şahyrana kalbynyň bardygyna has-da oňat göz ýetirdim. * * * Annageldi aga özi hakda gürrüň bermegi kän bir halap barmazdy, ony öwnen ýaly görerdi. Şonda-da käte bilesigelijiligim erkime goýman, onuň ömür ýoly, saz älemine gadam goýşy hakda soraýardym. Alan jogabymy bolsa öýe gelen dessime ýandepderçäme ýazyp goýýardym. Dogrusy, onuň özüne duýdurmasam-da, «Annageldi aganyň arçasy» diýen sözbaşy bilen bir zatlar ýazasym gelýärdi. Özem ony halypa sazanda aýatda dirikä ýazyp, özüne okatmak meýlim bardy. Emma geleňsizlik etdimmi ýa-da ussat hakda ýazmakdan özümi ejizräk gördümmi, garaz, ara eslije wagt düşdi. Soňam başga öýe göçemizsoň, setanda-seýranda ýolda-yzda salamlaşaýmasak, Annageldi aga bilen gabatlaşybam ýörmedik. Nesibäm çekip, bu ýerlere täzeden göçüp gelemsoň, ýene-de bu ýanýodada ýöräp ugradym hem-de her ädimde ussat sazandanyň beren gürrüňlerini ýatladym. Annageldi aga on-on iki ýaşlaryndaka saz äleminiň bosagasyndan ätläpdir. Şol döwürler gyjak saz guraly ony özüne imrindirýär. Ýaşajyk ýegeninde saza bolan üýtgeşik höwesiň, ukybyň bardygyny duýan meşhur sazanda, Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýew bir gün Annageldini Aşgabada alyp gelmegini sorap, aýal doganyna habar gönderýär. Ara köp gün düşürmän ejesi Annageldini hem-de onuň jigisi Mämmedi yzyna tirkäp, Pürli Saryýewlere gelýär. Şeýlelikde, doganlaryň ikisi-de Pürli Saryýewleriň öýünde — saz dünýäsiniň içinde ýaşap ugraýarlar. Bir gün daýysy Annageldini şol döwürdäki çeperçilik we saz ugrundan bilim berýän tehnikuma alyp barýar. Ol synaglardan üstünlikli geçip, tehnikumyň skripka bölüminde okap başlaýar. Oňa Wartanow diýen ermeni mugallym iki ýyllap skripkada saz çalmagyň tärlerini öwredýär. Pürli Saryýewiň tagallasy bilen tehnikumda gyjak bölümi açylanda bolsa, ozaldan gyjaga höwesli ýigit şol bölüme geçýär. 1941-nji ýylda Annageldiniň kakasy Watan goragyna gidýär. Maşgalanyň uly çagasy bolansoň, eklenç onuň başyna düşýär. Annageldi 1942-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmen döwlet filarmoniýasynyň dirižýory Georgiý Arekelýanyň hem-de Pürli Saryýewiň ýolbaşçylygyndaky Halk saz gurallary orkestrine işe girýär-de, G.Arekelýandan nota boýunça gyjak çalmagy öwrenýär. Jigisi Mämmet hem ansamblda dutarçy bolup işe başlaýar. Ýöne ol ujypsyzja gazanjy bilen obadaky ejesine, jigilerine kömek eder ýaly pul süýşürip bilmändir. Şonuň üçin obasyna dolanyp, kolhoza işe girmek kararyna gelýär-de, G.Arekelýandan özüni işden boşatmaklygy haýyş edýär. Halypa dirižýor onuň pikirini unamaýar: «Seni goýberip bilmen. Uruş bir wagtlaýyn zatdyr, bu kynçylyklar geçer. Özüňde geljekde Türkmenistanyň belli sazandasy bolup ýetişmegiň üçin zerur zatlaryň ählisi barka, işiňi taşlap, oba gitseň, oba hysyrdylarynyň arasynda ýitip gidersiň. Saňa çörek we beýleki zatlardan paý almak üçin ýokary edaralara ýüz tutup görerin, günüň häzirkiňden gowulanar» diýip, oňa zerur kagyzy düzetdirip berýär. Şeýdip, Annageldi filarmoniýada galyberýär. Ol bu ýerde ilki sazanda, soň solist bolýar. Biraz wagtdan G.Arekelýan saza bolan üýtgeşik höwesiniň hem zehininiň bardygy üçin Şamyrat Gurbannepesow ikisini özüne kömekçi dirižýor edip, olara bu käri öwredip ugraýar. Annageldi aga ilkinji hem esasy halypasy hökmünde daýysy Pürli Saryýewi ýatlanda, Ýewropa we dünýä sazlaryna höwesini artdyran Georgiý Arekelýany-da ikinji halypasy hökmünde hökman ýatlardy. * * * Şol döwürler Annageldi aga ýöremäge menden has ir çykýan-da bolsa, yza dolananymyzda, bile gaýdardyk. Her gezegem Andalyp köçesi bilen «10 ýyl Abadançylyk» köçesiniň çatrygyna golaýlaberenimizde, täze dogup gelýän Günüň ujy gyzaryp görnerdi. Şonda Annageldi aga: — Hany, bir aýak çekeli-de, Güne salam bereli — diýerdi. Ikimizem ellerimizi töwir edendäki ýaly tutup, ýaňy ýerden saýlanyp ugran Güne serederdik. Soňra Annageldi aga ep-eslije wagtlap bir zatlar pyşyrdardy. Dogrusy, şol döwürler ir säher bilen ýol kän gatnawly dälem bolsa, setanda-seýranda geçýän ulaglaryň käbiriniň sürüjileriniň geň galyp bize seredişini görýärdim. Ilçilik, her kimiň birhili pikir edýän bolmagy mümkin. Bir günem: — Annageldi aga, gaty uzak okaýaňyz welin, aýatlaryň köpüsini ýatdan bilýäňiz öýdýän? — diýdim. Şonda ol: — Gep köp aýat bilip dileg etmekde däl, öz diliňde dileg etseňem gowuşýandyr. Men Güne salam beremsoň, ýurdumyzyň abadan, asmanymyzyň asuda bolmagyny, ilimiziň saglykda hem bolelinlikde ýaşamagyny, döwlet Baştutanymyzyň başynyň dik, mertebesiniň belent bolmagyny, ojagymyzyň hemişe alawlap durmagyny, il içinde abraý-mertebeli ýaşamagymyzy, işimiziň rowaç tapmagyny dileg edýärin. Senem gol gowşuryp durma-da, ähli gowulyklary diläber — diýdi. Şondan soň her säher Annageldi aganyňky ýaly dilegleri etmegi endigime öwürdim. * * * Bir gezek Annageldi agadan näme üçin gyjagynyň dört kirişlidigini soradym. Ol çala ýylgyrdy-da, şu sowal bilen özüne köp ýüzlenilýändigini aýtdy. Soňam ilkibaşdan professional toparda tälim alansoň, milli sazlarymyz bilen birlikde, daşary ýurt sazlaryna-da höwesli bolandygyny, olary bolsa, dört kiriş bolmasa, isleýşiň ýaly ýerine ýetirip bolmaýandygyny, dört kirişli gyjagyň skripka golaý bolup, onda nota arkaly islän sazyňy ýerine ýetirip bolýandygyny gürrüň berdi. Ondan başga-da, şeýle gyjakda gyjagyň ses baýlygy artyp, sesiň giňligi ulalýan eken. Onsoňam üç kirişden çykýan seslerden başga, dört kirişli gyjakda kömekçi sesleri-de alyp bolýandygyny, sazyň gaýtalanýan ýerlerini, diňleýjiniň ýüregine düşmez ýaly, ikinji gezekde şol goşmaça sesi ulanmak arkaly, biraz üýtgedip goýberseň, gowy bolýandygyny aýtdy. Gep ugruna, ilki-ilkiler dört kirişli gyjakda saz çalmagyna garşy çykanlaryň köp bolandygyny-da, ýöne öz ýolundan dänmändigini-de ýaňzytdy. Men sazanda bolmasam-da, käteler Annageldi aga saz çalmagyň tärlerini halypadan öwrenseňem, köre-körlük bilen ony gaýtalamaly däldigini, öz ýoluňy tapmalydygyny janygyplar gürrüň bererdi. Şeýle pursatlarda özüniň ýaşlykdan Pürli daýysynyň terbiýesini alanam bolsa, ne oňa, ne-de beýleki daýylaryna — belli sazandalar Oraz Sara, Ata Gutlymyrada öýkünmän, saz äleminde özüçe ýol döredendigini ýatlardy. Annageldi aga hernäçe ussat sazanda bolanam bolsa, bagşylaryň ýanynda kän bir gyjak çalmandyr. Ýöne belet adamlar onuň Türkmenistanyň halk bagşylary Orazgeldi Ylýasowyň, Begli Babanyýazowyň ýanynda gyjak çalandygyny aýdardy. Bir günem halypadan: — Türkmenistanyň içinde-hä barmadyk etrabyňyz ýokdur welin, daşary döwletleriň haýsynda çykyş etdiňiz? — diýip soradym. Ol: — Öz ýurdumyzda barmadyk etrabymyz-a beýlede dursun, obamyzam galan däldir — diýdi. Soňam birsalym dymdy-da, sözüniň üstüni ýetirdi. — Ozalky soýuz respublikalaryňam ählisinde bolduk, hatda türkmen sazyny Sibirde-de ýaňlandyrdyk. Daşary ýurtlar hakda aýtsam, ilkinji gezek 1959-njy ýylda Owganystanda çykyş etdik. Şol gezek toparymyzyň düzüminde Hojaw Annadurdyýew, Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa ýaly Türkmenistanda belli sungat ussatlary bardy. Soňra Eýran, Türkiýe, Kanada, Finlýandiýa, Fransiýa, Şwesiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Italiýa, Indoneziýa, Mongoliýa ýaly döwletlerde bolduk. Şeýdip, daşary ýurtlaryň ençemesinde türkmen milli sazlarynyň hiç bir halkyňka meňzemeýän şirinligini görkezdik. Ähli ýurtlaryň halklary-da haýran galmak bilen biziň sazlarymyzy diňleýärdiler. Ýaş bagşy-sazandalarymyzyň bu däbi häzirki döwürde has ösdürip dowam etdirýändiklerine, daşary ýurtlara yzygiderli gidip, milli aýdym-sazlarymyzy wagyz edýändiklerine buýsanýaryn. * * * Milli binagärligimiziň taryhy we şu güni hakda saldamly kitaplary, ylmy işleri ýazyp, türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir etdiren akademik Annageldi Esenow 2004-nji ýylda 70 ýaş toýuny toýlady. Şonda Annageldi aga bilen bir stolda oturmak miýesser etdi. Ol özüne söz berlende, dört kirişli gyjagynda süýji sazlaryň birnäçesini çalyp, toýuň myhmanlaryna hezil berdi. Toý ahyrlaberende, bile turduk. Men oňa ulagymda alyp gitjekdigimi aýdanymda: «Özüm ýöräpjik giderin, sen arkaýyn gaýdyber» diýip, birbada garşy çykdy. Emma: «Ir säher ýöreýäniňiz ýeter, häzir bolsa ulaga münüň. Gijäniň içinde belli sazandany ýeke goýberip bilmen» diýip degşemsoň ylalaşdy. Ýolda ondan daşary ýurtlara çykyş etmäge gidende ýöräp-ýöremeýänini soradym. Ol nirede bolanda-da, ýöremesini goýmaýandygyny, ir säherden ýola çykýandygyny aýtdy. — Goňşy Owganystanda bolanyňyzda-da ýörediňizmi?! Ol ýüzüme seretdi-de: — Elbetde, ýöredim. Pikir edişiň ýaly, ol ýerde meniň ýöremegime garşy çykanlar boldy, ýagdaýyň durnukly däldigini aýdyp, bolan howlymyzyň içinde aýlanyşdyrmagy maslahat berenler-de tapyldy. Emma men: «Bir zat boljak bolsa, howlynyň içinde-de bolar» diýip, daşary çykdym. Şeýdip, her gün şol ýerde-de ýöredim, şükür, hiç hili erbetlige duşmadym — diýdi. * * * Aslynda-ha, men özümi halk aýdym-sazlaryna biparh kişi hasaplamok. Şahsy arhiwimde halypa bagşylardan başlap, kämillik ýoluna ýaňy gadam goýan ýaşlaryňam ençemesiniň wideo, audio ýazgylary bar. Dessançy bagşylaryň dessanlary-da az däl. Käte-käte çaý başynda olary hezil edip diňleýärin. Şonuň üçin özümi milli aýdym-sazlarymyza hormat goýýandan, olaryň gadyryny bilýänden hasaplaýardym. Ýöne Annageldi agaly bir waka welin maňa aýdym-saza sarpa goýmagyň hiç mahal ýatdan çykmajak belent nusgasyny öwretdi. Şu günki ýaly ýadymda, 1999-njy ýylyň 14-nji aprelidi. Ussat sazanda Annageldi Jülgäýew, belli ýazyjy Osman Ödäýew, «Ogul» kinosynyň baş gahrymany, artist, kinorežissýor, bagşy, häzirki wagtda Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň hünärmeni Sahysalyh Baýramow dagymyz Türkmenistanyň halk artisti, meşhur kinorežissýor Halmämmet Kakabaýewiň doglan gününiň 60 ýaşyny gutlap, öýünde otyrdyk. Şonda halypa sazanda mazalyja sowuklap, öýünde düşekli ýatandygyny, emma türkmen kino sungatynyň ägirdiniň çakylygyndan ýüz öwrüp bilmändigini gürrüň berdi. Hakykatdan-da, şol mahal ussadyň saglyk ýagdaýy öwerlik däldi, onda-da özüne zor salyp, dört kirişli meşhur gyjagyny eline aldy. Sähel salymdan gyjagyň, bir görseň zaryn, bir görseňem, şadyýan owazy ýaňlanyp ugrady. Giň jaýyň içine dolan ol owaz hiç kimi biparh goýanokdy, hemmeler durşy bilen gulaga öwrülip, saz ummanynda gulaçlaýardylar. Halypa «Ýaşylbaş», «Nergiz», «Düşmüş», «Aýna» ýaly halk sazlaryny, şeýle-de, Şamyrat Gurbannepesowyň «Bäherden mukamy», Aman Agajykowyň «Sorama», Mämi Çaryýewiň «Seni küýsedim» diýen aýdymlarynyň sazlaryny çalansoň, daşaryk aýlanyp gelmek isleýändigini aýdyp, gezegi Sahysalyha geçirdi. Ýaşkiçi bolamsoň, Annageldi aga ýoldaş boldum. Hemişe ep-esli aralygy pyýadalap geçýän sazandanyň hassalyk halys ysgynyny alan bolarly, zordan ýöreýärdi. Şonuň üçin käbir ýerde onuň golundan tutmaly bolýardym. Biraz salymdan yzymyza girmek üçin oturan jaýymyzyň gapysynyň öňüne geldik. Men ýuwaşjadan gapyny açmak isledim, emma Annageldi aga näsag adama mahsus bolmadyk çakganlyk bilen elime ýapyşdy: — Dur, açma gapyny. Aýdym gutarsyn. Şonda bir eli bilen diwardan ýapyşyp duran ussadyň çalaja sandyraýan göwresine seredip: — Aýdym ýaňy başlapdyr, ol gutarýança, aýak üstünde durmak size kyn düşmezmi? — diýdim. Annageldi aganyň jogaby gysga boldy: — Kyn düşmez, duraryn. Şeýlelik bilen, aýdymyň gutararyna garaşyp, gapynyň daşynda duruberdik. Birdenkä hälki hereketimi ýuwmarlamak pikiri kelläme geldi-de: — Siz ýarawsyz bolaňyzsoň, häli gapyny ýuwaşjadan açaýjak boldum — diýdim. — Hiç mahal, aýdym dowam edip durka, beýle hereketiňi ediji bolaýma. Bagşy gapynyň sesini eşitmese-de, onuň açylanyny duýup, işige nazar taşlanyny bilmän galar. Ana, şojagaz pursadam bagşa ýaramaz täsirini ýetirýändir. Şeýdip, aýdym-sazyň sarpasyny saklamagyň beýik sapagyny aldym. Aýdym soňlanýança, Annageldi aganyň çalaja sandyraýan göwresine erk edip, diwardan ýapyşyp durşy bolsa ol sapagy hiç mahal ýatdan çykmajak derejede berkitdi. * * * Belli sazşynas alym, tanymal gargy tüýdükçi, Annageldi aga bilen Türkmen milli konserwatoriýasynda bile işlän Çaryýar Jumaýewiň gürrüň bermegine görä, ol ýekeje günem gyjagyny elden goýmandyr. Ömrüniň soňky günlerinde, göreji mazaly kütelişen döwründe-de, şägirtleriniň ýardamy bilen, konserwatoriýa gelip, talyplaryna sapak beripdir. «Annageldi aga ýaly öz senedine wepaly, elmydama özüni kämilleşdirip gezen sazanda az-azdyr» diýip, Ç.Jumaýew ýatlaýar. Şol erjelligi-de halypa uly şöhrat getirdi. Halk köpçüligi Annageldi Jülgäýewi diňe bir ussat sazanda hökmünde tanaman, dirižýor, kompozitor hökmünde-de tanaýar. «Az bolsun — uz bolsun» diýen pähime eýerip, her bir sazyny köp wagtlap kalbynda bişirip, soň ile hödürlän ussadyň döreden otuzdan gowrak aýdym-sazy, Halk saz gurallary orkestrine niýetläp ýazan sýuitasy diňleýjiler tarapyndan gowy kabul edildi. Onuň döreden «Ýaşlara salam!» atly sazy döwrüniň abraýly baýragyna mynasyp boldy. Mundan başga-da, Annageldi aga mukaddes Garaşsyzlygymyzyň yz ýany edebiýatçy alym Nazar Gullaýewiň sözlerine «Türkmen ýaşlarynyň milli marşy» diýen aýdymyny ýazýar. Edil «Garaşýan», «Jan, Aşgabat!» aýdymlary ýaly, ol aýdym hem halk saz gurallary orkestriniň sazandalyk etmeginde ýerine ýetirilip, köpçüligiň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. * * * ...Ýatlamalaryň girdabyna gark bolup oturyşyma, deňämde saklanan ýeňil awtoulagyň açyk aýnasyndan eşidilýän gyjagyň owazyna özüme geldim. Dogrusy, bu täsin gabat gelme boldy. Çünki ol ýaýlymda köp gidýän meşhur radiooýnuň sazydy. Ony ýerine ýetiren bolsa Annageldi Jülgäýewdi. Kän saklanman awtoulag gitdi. Şondan soň menem Annageldi aganyň ýapyşyp maşk edýän oturgyjyndan turdum-da, assa-ýuwaş ýöräp ugradym. Bu günki gün köp ýyllar Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň Pürli Saryýew adyndaky Halk saz gurallary orkestriniň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory bolup işlän, 89 ýyllyk ömrüniň soňky günlerine çenli Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk sazy fakultetinde talyplara gyjak saz guraly boýunça sapak beren ussat halypa, Türkmenistanyň halk artisti Annageldi Jülgäýewem, onuň arçasam ýok. 1929-njy ýylyň 7-nji maýynda Bäherden etrabynyň Bamy obasynda dünýä inen halypa sazanda 2018-nji ýylyň 2-nji iýunynda dünýesini täzeledi. Ýöne ussadyň gyjakda çalan sazlary welin häli-şindi radioda ýaňlanyp dur. Men her gezek ol sazlary diňlänimde, Annageldi aga bilen birlikde, onuň arçasyny-da ýatlaýaryn. Mümkin, ussadyň şol täsin arçasyny indi sizem ýatlarsyňyz... Döwrangeldi AGALYÝEW, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |