15:02

Artistiñ inçe senedi

Teatr we kino sungaty
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 487 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Jumadurdy Saryýew | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Azady  
225
Bizde iki sany teatr ylmynyň kandidaty bardy. Biri Jumadurdy Saryýew, beýlekisi Baýram Abdyllaýewdi. Türkmen teatr sungaty öwrenmäge mynasyp. Çünki, onuň alys-alys taryhyň jümmüşinden gözbaşlydygy jedelsiz. Emma muny subut etmek gerek. Bu indi bolmaly teatr ylymynyň kandidatynyň paýyna düşýär.

0
2 Azady  
225
Hawa, "Parfiýalylar şöweşden ýeňiş bilen dolananlarynda, öz ýeňişlerini teatrlaşdyrylan görnüşde buşlapdyrlar. Öz garşydaş duşmanyny öldürişlerini teatrlaşdyryp görkezipdirler" diýen ýaly maglumatlar bar. Bu hem şol wagtlarda teatryň bardygyna esas bolup bilýär.

0
3 Azady  
225
J.Saryýewiň-de, B.Abdyllaýewiň-de kandidatlyk işleri türkmen teatr sungatynyň Beýik oktýabr rewalýusiýasyndan soňky wagtyny öz içine alýar. Emma türkmen teatr sungaty taryhyň juda jümmüşinden gözbaş alýar. Ýene bir delil: Teatrda sahnalaşdyrylýan oýunlaryň ýeke artistiň ýerine ýetirýän bir görnüşi bar. Muňa teatr dilinde "Monospektakl" diýilýär. Eýsem türkmeniň geçmişinde teatr bolmadyk bolanlygynda, türkmende dessan aýtmak däbi nireden gelip çykdyka? Bagşynyň ýeke özi tutuş eseriň gahrymanlaryny janlandyryp, aýdym-saz bilen bezäp ýerine ýetirmegi monospektakl. Bu iňkär edip bolmajak hakykat.

0
4 Azady  
225
"Obada pylan daýza bilen pylany daýza galdy, olar hem ölse, ýas ýerlerinde kim ses ederkä?" diýen ýaly gürrüňleri 1980-85-nji ýyllarda-da mesawy gürrüňdeşliklerde eşidýärdik. Ses etmek däbiniň-de gelip çykyşyny teatr sungaty bilen balamaga taryhymyzda delil az däl. Öňler kimdir biri dünýäden gaýdanda baý adamlar ýörite ses edýän toparyň hyzmatyndan peýdalanylypdyr. Muny dereje, abraý hasap edipdirler. Eýsem, aktýor bolman bu toparda işläp bolarmy? Elbetde bolmaz. Bu hem teatryň bolandygyna bir subutnama.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]