08:32 Artyk Jallynyñ artykmaçlygy | |
ARTYK JALLYNYÑ ARTYKMAÇLYGY
Söhbetdeşlik
■ ýa-da meşhur artist bilen iñ soñky söhbetdeşlik Žurnalist Öre Daşgynowyñ tanymal döredijilik işgärleri bilen söhbetli makalalar toplumy bar. Ol Türkmenistanyñ halk artisti, belli kinoaktýor Artyk Jallyýew bilen hem söhbetdeş bolup, ençeme sowallar bilen ýüz tutupdy. Ýöne bu gyzykly söhbetdeşlik entek metbugatda çap bolmanka, Artyk Jallyýew dünýäden ötdi. Ol türkmen teatr we kino sungatynda özboluşly yz galdyran Artyk Jallyýew bilen bolan iñ soñky söhbetdeşlik bolupdy. Bu söhbetdeşlik meşhur artistiñ durmuş ýoluny, döredijilik dünýäsini we ömrüniñ iñ soñky günlerini göz öñümizde janlandyrýar. www.kitapcy.ga saýty hem meşhur türkmen artisti Artyk Jallyýew ýagşylykda ýatlap, onuñ bilen bolan iñ soñky söhbetdeşligi okyjylaryna hödürleýär. * * * Ö.D.: - Artyk Jallyýewiç, ýüzüñize öwýändir öýtmäñ, siziñ adyñyz Artyk, köp-köp artistlerden siz, dogrudanam, artyk. Siz diñe türkmeniñ däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýanyñ kino artistine öwrüldiñiz. Mahlasy, siz öz ömrüñizde ata-eneleriñiziñ dakan şol adyny doly ödediñiz, tüweleme. A.J.: - He-he-he. Bä! - "Garaşsyzlyk bize näme berdi?" diýsem, ol telim gezek gaýtalanan sowal boljal. Ýöne şol jümleden el üzen bolmaz. Onsoñam, ýurdumyzyñ Garaşsyzlygy sebäpli biz, ynha, ikimiz arkaýyn, öz ygtyýarly, isleýşimizçe gürleşip otyrys. Şeýle hem siziñ artist hökmünde, köp halklaryñ sungat wekilleri bilen işleşen adam hökmünde bu barada öz garaýşyñyz bardyr?! - Hawa, şol sözden el üzmeli bolmasyn. Ine, gel öz durmuşyndan mysal alaýyn. Sowet döwründe daga gidip, ýandak ýatyryp, ejemiz, atamyz hut şonuñ bilen peç gyzdyrdardy. Ýa-da tezek ýakardyk. Bular meniñ öz başymdan geçen zatlar. Indi, Hudaýa şükür, haýsy öýe baryp, burmany towlasañ, güwläp duran gaz. Öz baýlygymyz indi özümize nesip edip ýör. Görüp otursak, biz öñem juda baý ekenik. Emma şu mahala çenli biz öz türkmen topragymyzyñ şeýle baýlygyny bilmeýän ekenik. Indi gör, öz gazymyz, nebitimiz paglap dur. Çölümizde goýun-guzymyz otlaşyp ýör. Dogrymy aýtsam, öñler gupba dakynyp, keteni köýnek geýmäge, aýal-gyzlarymyz zar boldy. Indi dagyn köçä çykyp, gelin-gyzlarymyzy bir synlap gör, haýsysynda pombarhat köýnek ýada beýleki gymmat bahaly eşik ýok? Hemmesi ýañy dogam Gün ýaly lowurdaşyp barýarlar. Iñ bärkisi, öñler ata-baba musulmançylykda edilýän sünnet toýy, galpak toýy, pygamber ýaş toýy, gurbanlyk diýýä... hemmesinden mahrum bolduk. Emma häzir uçmahda ýaşaýas. Köneki ata-babalarymyzyñ gürrüñ berýän ertekileriniñ döwri indi geldi. Görogly kyrk ýigidi bilen azat, özbaşyna Garaşsyz döwlet gurjak bolup, Magtymguly ençe ýyllap agzymyzy birikdirjek bolup, näçe jan çekdi?! Hudaýa şükür, garaşsyz ýurt bolduk. Şundan uly bagt barmy? Ine, daş-töweregiñize seredip görüñ, asudalyk, abadanlyk. Arkaýyn işleşip ýörüs. Parahatçylykdan ýokary bagt barmy? Onsoñ, ine, nirede gören zadymyz, nirä ätleseñ şaýollar, demir ýollar, ajaýyp köşkler, zawod-fabrikler, haşamly metjitler, binalar. Hemmesem öz islegimiz, erkimiz bilen bolýan zatlar. Haçan gören zady türkmeniñ, bir ýarym million tonna galla almak? Haçan gören zadymyz bir ýarym milliona golaýladyp pagta almak. Bu zatlar şu günümiz, geljekki neslimiz üçin, halkymyz üçin edilýän zatlar. Hudaýa şükür, indi Aşgabady, Türkmenistany, Baýdagymyzy dünýän hemme ýerinde tanaýarlar. Biziñ buýsanjymyz, mertebämiz, gör, nähili beýige galdy. Garaşsyzlygyñ beren bagtyny sanap tükeder ýalymy? - Indi Artyk aga, özüñize geçeli. Ýylyñyz näme? - Meñ ýylym goýun. "Ýylym näme?" diýsem, ejem, "Erik bişende bolupdyñ, oglum!" diýýär. "Erik her ýyl bişýär-dä, haýsy ýyl?" diýsem, "Açlyk ýyly" diýerdi. Indi hasaplap otursam, ýylym goýun, 1932-nji ýyl bolýar. - Doglan ýeriñizem aýdaýsañyz?! - Doglan ýerim - Bagyr-Daşgalada. Aslymyz Ýasmansalykdan, ejemem-kakamam daýhan maşgalasyndan. Ikisem bakyýete ýañyrak gitdiler. Biri 85, beýlekisi 75 ýaşap dünýäden ötdüler. Ömürlerinde kolhozçy bolup işlediler. - Maşgala durmuşyñyz? - Maşgala ýagdaýym şeýle: aýalym bar - Wera. Iki gyzym, bir oglum bar. Bäş-alty agtygym, çowlugymam bar. - Tüweleme. Maşgalañyzda öz käriñizi dowam etdirýän barmy? - "Ata kesbi ogla halal" diýýärler. Men şü artistlige çagalarymyñ hiçisinem iberjek däldim. Näme diýeñde, gowy artist, gowy režissýor bolmak juda kyn zat. Ortalyk bolmak nämä gerek? Şoñ üçin oña özümiñ hiç hili islegim ýokdy. Ýöne oglum uniwersitetiñ 3-nji kursuny taşlap, menden soraman, Moskwa gidip okap geldi. Indi 2-3 sany kino etdi. Kinosyny görüp gaty guwanýan, dogrudanam, şol nakyla mynasyp boljak. - Hawa, ogluñyz Saparmuhammet Jallyýew indi kino sungatynda özüni görkezip başlady. Tüweleme! Maşgalañyz bilen bagly bir sorag: Öýüñizde kim hojaýyn? - Hojaýyn gelnejeñiz (hezil edip gülýär). Hojaýyn ol, nahar bişirýär, çörek bişirýär. Hojaýyn bolmasa, öý boş. Galan işleri özüm alyp barýan, hojaýynçylygy oña berdim. Soñabaka hasam şeýle (gülýär). - Artyk aga, şu ýerde bir sorag gelip çykýar. Size, ana, kinostudiýada "Kino hanlarynyñ kerwenbaşysy" diýen portretem ýasapdyrlar. Özüñiz-ä kino artistleriniñ hany, öýde-de hanlygy añsatjak gelnejeme beräýipsiñ-ow? - Şeýle bir ýagdaýlar bolýa. Ine, "Şükür bagşyda", başga-da köp kinoda han roluny oýnaýan. Bol-bol, Artyk Jally bol, kino gutarýança. Eliñem ýuwup durlar, naharam gelip dur. Obrazdan çykmaly däl. Aşagyñ halyly, kaşañ eşikli, diñe han bolup oturmaly. "Şükür bagşyda-ha" birbada iki han bolmaly. Ýöne munuñ soñunyñ emmajygy bar. Kino gutaryp, öýe gelýän welin, 3-4 aý şol obrazda gidýäñ-dä. Gyşaryp ýatyrsyñ öýde, "Hojaýyn, hany bir çaý gaýnat" diýseñ, "Näme öz eliñ ýokmy, goýaý kitiri" diýýä weli, "bä, kino gutaran eken-ow" diýip, şonda bilip galýañ (gülýär). - Ýogsam, öýde-de han bolasyñyz gelýärmi? - Bolasym gelýär weli, bolduranoklar... - Siziñ halypañyz? - Meniñ esasy halypam öz kakamdy. Jally aga diýseler, bu töwerekde hemme ony tanardy. Bagyryñ, Gökjäñ, Ýasmanyñ ilaty ony gowy bilerdi. Ol ertekiçidi. Hudaýýoly, toý-tomgy bolanda, hökman kakamy äkiderdiler. Gün ýaşandan, tä, Gün dogýança, ony diñläp, adamlar agzyna bakar oturardylar. Köne gürrüñlere ökdedi. Indi pikir edýän, meniñ artistlik ukybym kakamdan gaýdýan ekeni. Aty gowy münerdi. Özem ömründe eline pil alyp, işlän adam däldi. Elmydama dagda awçydy, garawuldy. Tutuş ömrüni dagda, düzde geçiren adamdy, hakyky awçydy. 85 ýaşap, görgüli, ýogaldy. - Siziñ şägirdiñiz? - Ak ýürekden ynanýanym, bir-ä şägirdim Aman Ödäýewe, geljegi bar, ikinjem şu wagt meni juda begendirýän bir artist bar, Muhammet Bekiýew diýilýän. Ýene Kerim Annanow, Çary Işanguly bar, geljekleri uly. Şeýle şägirtler barka, özümi juda bagtky saýýaryn. Bular gaýtalanmasyz rollary oýnaýarlar. - Mekdep partasyndan kim bolmagy kalbyñyzda beslediñiz? - Dogrusyny aýtsam, meniñ artist bolmak eger-eger küýümde-de ýokdy. Bar pikirim, otly ýolda sürüji-maşinist bolmakdy. Aşgabatda tehnikum bardy, demir ýol ugrundan, ekzamen tabşyrdym, mundanam ýykyldym. Indi näme etjegimi bilemok. Demir ýol uçilişesi bar, hol piwo zawodyñ ýanynda. Şoña girjek boldum, mundan-da matematikadan ekzamen tabşyrmaly diýdiler, onsoñ oña-da barmadym. Soñ: "Indi nirä gitmeli?" diýip gelýärkäm, bir tanşym: "Artyk, Daşkentden teatral institutyna okuwa girizmek üçin mugallymlar gelipdirler, seni gördükleri alarlar" diýdi. Aý, bir ýere girsek yrza bizem, bardym. Daşkentden gelen bir professor eken, gördi-de: "Sen, tüýs artistlik üçin doglan, sen tüýs obraz döredip biljek" diýdi. Aý, gel, bir ýyl, ýarym ýyl synanyp göräýeli - diýdim. Onsoñ Daşkende äkitdiler. Aý, bir ýyl okap başga instituta girerin - diýip gidiberdim. Ata-eneme-de aýdamok, artistlige gidýän diýip. Bardym welin, hemme ýöne "Aý, sen talantly, boýuñ-syratyñ gowy, ussatlygyñ bar" diýip öwüberdiler. Onsoñ garaz, şeýdip 1951-nji ýylda-da gutaryp gaýtdym. Indi häzir, şu ýaşymda "Artyk Jally, kim boljak?" diýseler, dogrudanam "Artist boljak" diýerdim. - Siz belli kino aktýory hökmünde Türkmenistanyñ kino sungaty barada nämeler aýdyp biljek? - Dogrusyny aýtsañ, türkmen kino sungaty döräli bäri uly işleri bitirdi. Ýöne, olaryñ köpüsi Sowet döwri üçindi. Ol döwür bolsa hakykaty ýoýup görkezmegi talap edýärdi. Şeýle-de edildi. Her niçik-de bolsa, türkmen kino sungatynyñ hamyrmaýasyny döreden ussatlarymyzy inkär edip bolmaz. Olar kimler? Alty Garlyýew, Durdy Sapar, Gulluk Hoja, Gulkişi Gulmyrat, Mälikguly Kepban, Hajy Annamämmet, Hommat Müllük, Muhammet Çerkez, Baba Annan... başga-da birtopar ussatlar bar. Şolar türkmen kino sungatynyñ ilkinji kerpijini goýan adamlar, arman, şu günki Garaşsyzlyk döwrümizde hem ýaşan bolsadylar, onda olar täzeden dem alyp, has-da ajaýyp rollary dörederdiler. Arman, olar ýok. Şol kino sungatlarymyzyñ ägirtleri hakynda kitapçalar ýazylsa kem däl. Indi biz kino artistleri olaryñ arzuw edip ýetibilmedik, döredip bilmedik zatlaryny döretmeli. Häzir bize Garaşsyzlygymyzy wasp edýän, azat, erkin, bitarap döwletimiziñ gülläp ösýän durmuşyny görkezýän kinolar gerek. Türkmeniñ beýik taryhy bar. Beýik şahsyýetleri bolupdyr. Ana, şolaryñ obrazlaryny görkezýän, ýokary hilli kinolar gerek. - Birinji gezek haýsy kinoda oýnadyñyz, ilkinji döreden obrazyñyz? - Men birinji gezek Alty Garlyýewiñ "Aýna" kinofilminde Hojamyñ roluny oýnadym. - Jemi näçe filmde oýnadyñyz? - Hemmesini hasaplasañ, 200-den gowrak filmlerde oýnadym. Şolaryñ 20-si Özbegistanda, 15-den gowragy Täjigistanda, 5-6-sy Gyrgyzystanda, ýene-de Azerbaýjanda, Belorusda, galanlary öz Türkmenistanymyzda. Gazaklaryñam 5-6 kinofilminde oýnadym. Ilki olaryñ Aşymow diýip, bir režissýory çakylyk iberipdir. Bardym. "Bäý, diýdim. Özbekde, tatarda, täjikde oýnabam ýörün welin, gazaga sypatam gerek, men gazaga meñzämog-a" diýsemn ýañky režissýor: "Žok, Artyk aga, meñzederis, senden gazak ýasaýmen" diýdi. Onson onuñ görkezmesi bilen iki gözümiñ gapdalyndan plastyr bilen ýelmäp, ýokaryk çekdirdiler, gözlerimiñ gabaklary sozulyp gitdi. Soñra sakalam geýdirdiler welin, aýnada görsem, özümi özüm tanamok, dogrudanam, gazak bolaýypdyryn. (Gülüşýäris). Olaryñ bir kinosynda Garahan diýip bir gahrymany bar, şonuñ obrazyny oýnap gaýtdym şo gezek. - Ýaramaz häsiýetli rollarda oýnalanda, tomaşaçyda şoña bolan gahar-gazap döreýär. Siz bolsa, köplenç, şeýle rollarda oýnamak bilen halka özüñizi ýigrenendirin öýdeñzokmy? - He-he-he. Köp ýerde maña şu soragy berýärler. Bir gezek Baba Annan ikimiz Köneürgençde köpçülik bilen duşuşdyk. Biri turup: "Näme üçin Baba Annanow hemişe gowy rolda, Artyk Jallyýew bolsa, mydama ýaramaz adamyñ rolunda çykyş edýär?" diýdi. Hemmämizem gülüşdik. Dogrudanam, şeýle. Artistleriñ köpüsi gowy häsiýetli rollary ýerine ýetirýärler. Ýaramaz häsiýetli obrazy ýerine ýetirýänler seýrek bolýar, oña özboluşly sypatlar gerek. Ine, "Aýna" kinosynda guýy zäherlenýär, mallar gyrylýar. Onam menden görýärler. Bu kinony Tejende görüp otyrkak, gapdalymda oturan ýaşuly meniñ obrazyma agzyndan gelenini diýdi. Hydyr Derýaýewiñ adybir romany esasynda döredilen "Ykbal" kinosynda hem meniñ oýnaýn rolum Halnazar baý atylanda, ok telpege degip, pyzylyp gidýär. Yzymda kino görüp oturan biri: "Sah, telpekden däl, mañlaýdan atmaly eken!" diýip gygyrýar. Öñler, dogrymy aýtsam, ilki düşen kinolarymda birhili bolardym, özüme sögülýän ýaly. Indi weli, begenýän. Eger-de men rolumy gowy oýnamadyk bolsam, meniñ obrazymy köpçülik beýle ýazgarmazdy. - Birnäçe kinolarda at çapyşyp, böküp-münüp düşýärsiñiz. Arasynda atdan tüwdürilip gidýän ýeriñiz bar. Şol özüñiz-maý, Artyk aga? - Eýsem näme? At çapýanam, böküp-münüp düşýänem özüm. "Laçyn" ýaly kinofilmlerde atdan agdarylýanam özüm. Men şunça kinoda oýnadym, emma ne özbekde, ne täjikde, ne beýleki ýerlerde at bilen iş salşylanda, öz ýerimi kaskadýora beremok. Ýagny, kinoda howply, çylşyrymly epizodlar surata düşürilende, artistiñ ornuna, şol ugurdan taýýarlykly, sportsmen oýnaýar, şoña kaskadýor diýilýär. - Diýmek, siz sporty hasam gowy görýärsiñiz-dä? - Hawa. At çapyşygy hem sport ahyry. Meniñ özüm bolsa, ýaşlykdan atçapar. At çapmagy, böküp-münüp düşmegi gowy görýärdim. Sportuñ ýene bir görnüşini, fehtowaniýa bilen iş salyşmagy, ýagny, gylyçlaşmagy hasam halaýardym. Okaýan döwrümizde sport zala girsem, elimden gylyç düşmezdi. - 200-den gowrak dürli obrazy döredip, kinoda oýnamak az-küş zat däl. Indi şol rollaryñ içinde özüñiziñ iñ gowy görýän obrazyñyz haýsy? - Aslynda, döreden obrazlaryñam edil öz çagalaryñ ýaly bolýar. Olaryñ hemmesini gowy görýärsiñ. Şeýle-de şolaryñ içinde özüñe has mähirlijesi-de bolýar. 200-den gowrak döreden rollarymyñ içinde 50 çemesini juda gowy görýän. Olaryñ içindenem saýlamaly bolsa, "On ädim gündogara tarap", "Öz obamyñ adamlary" kinolaryndaky hem özbekleriñ goýan "Şok" atly kinosyndaky döreden obrazlarymy tüýs ýüreginden gowy görýärin. Ýöne meniñ özüme has golaý oýnan rolum "Şükür bagşydaky" Çapyk han, onsoñam Mämmetýar han. Şonda men tüýs özümi oýnadym. - Ýañy sözüñizde "has mähirlijesi" diýdiñiz. Näme olaryñ "mähirsizem" bolýarmy? Bä-ä, nämüçin beýle bolýar. Şol kinolaryñ senarisini halañzokmy? Ýa başga sebäpleri barmy? Ýürege jüñk bolmadyk zady oýnamak - islemeýän naharyñy iýen ýalyrak bolmaýarmy ol? - Öre Daşgyn, seniñ bilen şeýle iç döküşip gürrüñ edip otyrys, indi saña aýdaýaýyn, ýöne hemme ýerde gürrüñ edip ýörme. Näme diýsene, käte şeýle bir rollary tabşyrýarlar. Ol rol saña mynasyp däl, seniñ içjek suwuñ däl. Şol rol ýüregiñe ýakyn bolmaly. Režissýor seniñ öz häsiýetiñe golaý roly saýlap bermegi başarmaly. Ýagny, sen şol roly oýnañda, gül bolup açylmaly. Rol seni, sen roly açmaly. Ine, dogrusyny aýdaýaýyn, "Küştçi" ("Grossmeýsyer") atly komediýada Jeren Durdyýewa bilen "söýşüp" oýnaýaryn. Tüýdügem çalýan. Jeren juda gowy aktrisa, gül ýaly oýnaýar, oña hiç hili söz ýok. Kinonyñ senarisem gowy. Millet kinony görüp, çapak çalyp gülýär. Şonda oýnan rolumy göwnüm ýetmänem duranok, ýöne ol maña laýyk däl, şol rol meniñki däl. Başga-da käbir rollarda şeýle. Ýogsam, senarisini okap, öz roluñy öwrenýärkäñem, şol roluñ özüñki däldigini bilýärsiñ. Emma režissýor ýörite bellänsoñ, işsiz ýatmaýyn diýip oýnalaýýar. Rol alman ýörseñem, olam gowy zat däl. Şeýdip oýnalsa-da oýnalgae weli, "Şükür bagşydaky", "Öz obamym adamlary", "On ädim gündogara tarap", "Laçyn" kinolaryndaky ýaly öz häsiýetiñe golaý, düýpli rollar bolsa, ana, şolarda oýnasañ. "Küştçi" ýene gowy, emma oýnanyma juda ökünýän rolum-da bar. - Ýogsa-da siz dünýä meşhur bolan "Şükür bagşy" kinosynda-da oýnapdyñyz. Ol - türkmen sazyny belende göterýär. Iñ esasy-da gapma-garşylyklary parahatçylyk ýoly, sungatyñ üsti bilen çözmegi ündeýär. Şu ideýa hut şu günlerem bütin dünýäde derwaýys, möhüm meseleleriñ biri. Size şol kinoda birbada iki rol ýerine ýetirmek kyn düşmedimi? - Dogry, juda kyn boldy. Bir filmde men-men diýen 2 hanyñ roluny ýerine ýetirmek ýeñil däl eken. Şu ýerde bir aýratynlygy nygtasym gelýär. Olaryñ ikisi-de han bolsa-da, hersiniñ öz häsiýeti, öz aýratynlygy bar. Bir obrazdan başga bir obraza geçmek - ine, şu çylşyrymly zat. Ahmal bolsañ, iki obrazda meñzeşlik gitmegi mümkin. Ýöne režissýoryñ töwekgelçiligi, ýitiligi netijesinde şu dürli häsiýetdäki han obrazlaryñ ikisine-de abraý bilen hötde gelmek başartdy. - Häzir kinodaky häsiýetler hakynda gürrüñ çykdy welin, indi özüñize geçeli, Artyk aga! Siziñ özüñizde gowy görýän we erbet görýän häsiýetleriñiz barmy? - Bar. Meniñ özümde erbet görýän häsiýetim - gyzmaçlygym bar. Nemeräk, gyşygrak söze-de birden gyzyberýän. Erbet görýän şol häsiýetimi. Ine, gürleşip otyrkak, biri bolgusyz gürrüñ etse, durubilemok, derrew magadyna ýetjek bolýan. Ýogsam, näme işiñ bar, otur-da giñlige salyp welin, bolanok. Şu häsiýetimi näçe ýyl bäri özümden aýyrjak bolýan, emma... Halaýan häsiýetim gowy görýän ýoldaşlarym bilen çaý başynda degşip-gülşüp oturmak. Maña uly bolsun, kiçi bolsun, parhy ýok, üm alyşýan adamlarym bilen dil tapyp, gülşüp oturmagy başarýan. - Öz şöhratyñyza guwanýarmysyñyz? - Il içinde bolanymyzda, "Hanha, Artyk Jally!" diýip barmak çommaldýarlar. Ol - kinoñ şöhraty. Öz şöhratyma däl-de, kinomyñ şöhratyna guwanýan. Öz oýnan rollarymyñ şöhratyna guwanýan. Bir ýerde "Aşyr", ýene bir ýerde "Çapyk han", ýa-da "Mämmetýar han" diýýärler. Öz adymy tutýan gaty az. Şol kinolary halk ýadynda saklasa, ine, şol guwandyrýar. - Artyk aga, siz geçirimlilik etmäge ukyplymy? - Gaty ukyply. Düýn biri bilen gygyryşsamam, bu gün gelip, "Bäý, şeýle bolaýdy-ow" diýse, men derrew gujaklaşýan onuñ bilen. Men birinden kine saklap, içimi çişirip ýören adam däl. - Artyk aga, ýene-de hemmä berýän bir soragymyz bar. Söýgi näme? Oña garaýşyñyz nähili? - Gowy sorag. Söýgem hil-hil bolýar. Käsi nahar iýmegi söýýär. Käsi daglara seýil etmegi, käsi surat çekmegi söýýär. Biri jaý salmagy söýýär. Söýginiñ gowusy, zenana bolan söýgi! Men juda söýýän adam. Ha-ha-ha! - Kimler bilen söýüşdiñiz? Şonam aýdyp beräýseñiz. - Içimi dökdürjeg-ow sen. Gaty köp zenan bilen söýüşdim... kinoda. - Diñe kinodamy? - Diñe kinoda. Men durmuşda hem söýüşdimem, söýgime-de ýetdim. Aýalym - Wera gelnejeñ, şonuñ bilen söýşenimi özüme uly bagt bilýärin. Şu güne çenlem ony söýýän. Meniñ şu derejä ýetmegime-de ol sebäp boldy. - Kino sungaty ýazyjylar bilen gös-göni bagly bolup durýar. Siziñ gowy görýän ýazyjylaryñyz? - Kerim Gurbannepesow. Ol ýüregimde ýer alan adam. Özünem gowy görýän, goşgularynam. Onuñ bilen kän gatnaşdym, kän tirkeşdim. Ol bir şahandaz, ýok ýerden gülki tapýan adamdy. - Eserlerini gowy görüp, tirkeşen ýazyjy-şahyrlaryñyzdan başga-da barmy? - Bar. Gurbannazar Ezizow, Abdylla Myradow dagy. Olar bilen ençe wagt duz-emek bolduk. Ýazýan zatlaryny Bagyra, öýümize gelip okaşardylar. Gurbannazar bilen-ä köp zatda ýürekdeş. Ýene bir zat: onuñam gözi gökdi, meniñem. - Irden turanyñyzda, maşk edýärmisiñiz? - Meniñ maşkym pil bilen ýer agdarmak. Her gün ir bilen sagat 6-larda turup, 50 metr çemesi ýer agdarsam, hezil edip maşk etdigim şol. Oraz Akmämmediñ bir spektakly bardy, men ony Daşoguz teatrynda režissýor bolup işleýärkäm goýupdym. Birini işden kowjak bolýarlar welin, "Hossaryma aýdaryn" diýýär. Ýöne "Hossaryma aýdaryn" diýip ýörensoñ, "How, munuñ hossary kimkä? Birden uly adam bolaýmasyn" diýýärler. Oýnuñ soñunda ahyry ýañka ýalbarýarlar. "Hossaryñ adyny bir aýtsana" diýip. Bi-dr egni pilli gelýä-de: "Ynha, meniñ hossarym" diýýä. "Bu işden kowsañyz, şundan-a kowmarsyñyz, ýer depmekden" diýýä. "Meniñ hossarym - şu pil" diýýä. Meniñ hossarynam - pil! - Içiñiz gysýan wagty bolýarmy? Şonda näme edýärsiñiz? - Ýene şol sözümi gaýtalaýan. Içim gyssa-da, kelläm agyrsa-da, begensemem ýer depýärin, pil bilen. - Kurorta ýa-da deñiz boýuna dynç almaga gidýärmisiñiz? - Bir kino, adatça 3-4 aýlap surata düşürilýär. Şondan soñ meniñ kurortym - öz öýüm. Bagyram edil kurort ýaly ýer. - Aýdym aýdýarmysyñyz? - Baba Annan bilen bir ýere duşuşyga gitdik. Aýdymy ikimizem aýdamyzok. Bir Baba Annana "Aýna" aýdymyny aýdyp beriñ" diýip haýyş edýär. Olam: "Wah, men aýdym aýdamok-da" diýse, ol: "Wiý, kinoda aýtdyñyz-a" diýýär. Onsoñ biz kinoda aýdymçynyñ sesini berip emel edýänimizi düşündirdik. Käte hiñlensegem, il ýanynda aýdym aýdan adam däl. - Onda hiñlenip beräýiñ, Artyk aga! - Ýok, ýok how (gülýär), hiñlen diýme maña. - Siz durmuşda nähili zatkara begenýärsiñiz? - Bir kinony gutaranyñdan soñ, ony halk bilen göreniñde, olaryñ ýüreklerinden tursa, meniñ üçin şondan uly begenç ýok. Artistiñ iñ uly begenji tomaşaçylaryñ çapagy. Her kinodan soñ, çapak çalynsa, şoña her gezegem begenýän. - Dünýäde iñ gowy görýän pişäñiz, güýmenjäñiz? - Ýene şol sözi aýdasym gelýär. Pil. Ýer depmek. Gülleri, baglary suwarmak. Agaçlary timarlamak. - Gowy görýän naharyñyz? - Ajyksam hemmesinem gowy görýän. Ýöne mäş naharyny, mäşewäni hasam halaýan. Gatyklap dagyn iýseñ hezil-dä. - Seniñçe, taryhda ýa-da eserlerde iñ gowy, iñ owadan zenan kim? - Taryhyny beýlekini bilemok. Ýöne iñ owadan zenan - öz gelnejeñ! (Gülýär). Owadan zenan köpdür, ýöne özüñki ýaly has owadan aýal hiç ýerde ýok! - Gowy görýän reñkiñiz? - Gowy görýän reñkim - keteniniñ reñki. Gyzyl, gök reñkli keteni bolýar. Şu iksini garyp, alybýan ýaşyl reñki - keteniniñ reñkini juda gowy görýärin. - Gowy görýän gülüñiz? - Bägüli gowy görýän. Men sähel howa maýyl bolsa, daşarda ýatýan. Şonda jibir-jibir edişip, bägüliñ başynda ýarygije bir guşlar saýraşýar. Şeýle lezzet alýarsyñ. - Artyk aga, siziñ howlyñyzda her hili owadan reñkli owadan bägüller gögerişip otyrlar. Şolary özüñiz ýetişdirdiñizmi ýa başga birine ekdirdiñizmi? - Öz elim bilen ekdim. Gapdalyndaky miweli agaçlary-da, dermanlyj ösümlikleri-de özüm ýetişdirýän. Başga biri ekse, goý, ol dogan-garyndaşyñ bolaýsyn, gadyry bolanok. Özüñ ekip, idedip ýetişdirseñ, onuñ lezzeti-de aýry. - Siz baýmy, Artyk aga? - Elbetde. Ýüregim juda baý. Öýüm bar, oglum-gyzym bar, aýalym, agtygym bar. Janym sag, ilim rahat. Ine, meniñ baýlygym! - Eger üç dilegiñi bitirjek diýseler näme dilärsiñiz? - "Ýene bir on-on oki ýyl ýaşamaga möhlet ber" diýip, uzak ýaş dilärdim. Şeýle-de ýene 2 sany filmde türkmeniñ belli şahsyýetleriniñ roluny oýnamagy we il-günüme döwlet-rysgal, abadançylygy dilärin. - Öz çagalaryñyza nähili wesýet edýärsiñiz? - Düýpli sorag. Çagasyna "erbet bol" diýip, hiç bir ene-ata aýtmaz. Meniñ wesýetim şeýle: adam bolmaly. Adamyñ gadyryny bilmeli. Magtymgulynyñ şu sözlerini aýdasym gelýär: "Adam bolup adam gadryn bilmeýen, Andan ki bir otlap ýören mal ýagşy". - Häzirlikçe iñ soñky sowal: Indi kinoda näme döretmek niýetinde? - Saglygym gowy bolup dursa, "Türkmeniñ ertekisi hakykata döndi" diýen ideaýany görkezýän kinony düşüresim gelýär. Häzir Kakow Orazsähedow din barada bir kinony surata düşürip ýör. Şonda ak sakgally, ak eşikli ýaşuly aýdyjynyñ roluny ýerine ýetirýärin. Tiz wagtdan ekrana çykmaly. Özbek doganlarymyzyñ bir kinosyny oýnap gutardym, indi ýene bir kinosyna çagyrýarlar. Buhara emirleri barada. Saglygym gowy bolsa, dogar aý Özbegistana gitmeli. Ýene-de täzeden bir eýranlylar bilen işleşmäge taýýarlanýas. Eýranly türkmenleriñ durmuşy barada düýpli kino bolmaly. Şonda-da nesip bolsa, oýnamaly. ■ Jemleme ýerine Men onuñ bilen soñky gezek duşanymda, ol öñkülere garanda, ynjalyksyz göründi. Pälwansypat ýaşuly hassahana gitmäge şaýlanyp duran eken. Onuñ ýüz-gözlerini içgin synladym. Eti-gany ýerinde. Gözleriniñ röwşeni ýiti. Baş agyryp, baldyr syzlaman bolarmy? Özüniñ aýtmagyna görä, ýürek birneme ynjalyk berenok. Beýle kişilere heý-de, ýürek ynjalyk berermi? Onuñ küý-pikiri döretmek. Türkmeniñ kino sungatynyñ örüsini giñeltmek. Garaşsyzlygymyzyñ artykmaçkyklaryny taryp etmek, özbaşdaklygymyzyñ gadyryny bilmek. Ile ýagşylyk etjek bolsañ, il-günüñ alkyşyny aljak bolsañ ýürege agram salynýar, kelle döwülýär. Siziñ ýüregiñiz entek-entek sagat ýaly gürsüldesin dursun! Ençeme ýyllap bu topragyñ üstünde arzuwlap ýeten Garaşsyzlygymyza guwanyp, hözirinu görüp, ajaýyp obrazlar döretmek nesip etsin, Artyk aga! Söhbetdeş bolan: Öre DAŞGYNOW. # edebiyatwesungat_2000 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |