07:36 Arzyly damja | |
ARZYLY DAMJA
"Maňa bir damja gözýaşyň suraty gerek" M.Hudaýberdiýew Maňa bar gerek zat ýekeje damja, Dury damja - maňlaýym dek tagamy. Ýanyp öz ömrüni soňlan şem kimin, Alawlamak dertlerimiň täk emi. Teselli bor körük bolan kalbyma, Heser beslär goşgularmyň setirin. Ýüregimiň ýanyp, garalan çüňkün Melhemlejek şol damjany getiriň. Ýeke damja, bary-ýogy bir damja, Garamyk gözlerden insin syrygyp. Siňip ýüregimiň gyzyl hamyna, Hasrat sumat bolsun, bir ýan syrylyp. Gülnabat HURŞIDOWA. | |
|
√ Halal-haram kim baka / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Döwür oýlanmasy / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Saýry gyz / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Gözden akan ýaşlaryma / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |