13:17 Awşar türkmenleriniñ hökümdarlygy | |
AWŞAR TÜRKMENLERINIŇ (NEDIR ŞANYŇ) HÖKÜMDARLYGY (1736-1796 ý.)
Taryhy makalalar
Orta asyr taryhçylary türkmenleriň taryhyny ýazanlarynda olaryň taýpa-boý gurluşyna uly üns beripdirler. Biz Oguz han Türkmenden gaýdýan ýigrimi dört taýpanyň hersiniň ady, tagmalary, gelip çykyşy we milli taryhda bitiren hyzmatlary baradaky ýazgylara şol döwrüň taryhçylarynyň hemmesinde duş gelýäris. Taryhçylar her boýuň öňe çykaran şahsyýetleri, olaryň döreden we dolandyran döwletleri barasynda ýazyp, şu meselede beýlekilerden has saýlanan boýlary tapawutlandyryp görkezipdirler. Şeýle türkmen boýlarynyň biri-de awşarlardyr. Awşar Ýyldyz hanyň uly ogludyr. Olaryň ady eýýäm XI asyrdan başlap uly meşhurlyk gazanypdyr. Şonuň üçinem awşarlar barada ýazylan çeşmeler köpdür, olaryň mahal-mahal tas halkyýet derejesine ýeten boý hökmündäki taryhy-da juda baýdyr. Baryp seljuk döwründe – XII asyrda Syrderýa boýlaryndan göçüp baran awşarlar Huzystanda uly ähmiýetli bir syýasy durmuşy kemala getiripdirler. Ol ýerde awşarlardan çykan Aýdogdy beg Şumla lakamyny alyp, kiçeňräk bir döwlet döredipdir. Taryhy kitaplarda Şumla neberesiniň şejeresi berilýär we awşarlaryň Bagdat halyfynyň basybalyjylykly hereketlerine gaýtawul berişi beýan edilýär. Şeýle-de awşarlar XII-XV asyrlarda Anadolynyň, Demirgazyk Şamyň syýasy taryhyna işjeň gatnaşandyrlar. Akgoýunly döwletiniň taryhyny okanyňda, awşarlaryň öz garyndaşlary bilen işjeň hyzmatdaşlykda bolandygyny görüp bolýar. Şamda awşarlaryň üç neberesi – Köpekogullary, Gündizogullary hem-de Gutbegi ogullary hökümdarlyk edipdirler. Bu taryh XV asyra degişlidir. XVI – XVII asyrlarda awşarlar köpçülikleýin Halapda oturypdyrlar. Sefewi döwleti döredilende, ýedi sany türkmen taýpasynyň biri bolan awşarlaryň Anadoludan Eýrana geçendigini bilýäris. Şonuň üçinem awşar türkmenleri Eýranyň durmuşynda görnükli orny eýeläpdirler. Şa Apbasyň, Tahmasbyň döwründe dürli awşar begleri döwletde uly wezipeleri eýeläpdirler. Şa Apbasyň ömrüniň soňky döwürlerinde awşarlardan üç sany beg waş (gubernator) bolupdyr. XVIII asyrdan başlap Eýran türkmenleriniň içinde awşarlar has hem ýokary galyp ugradylar. Şolaryň içinden çykan Nedir şa bütin Eýranyň şasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem «Gündogaryň Isgender Zülkarneýni» diýen ady aldy. Onuň syýasy we harby şahsyýeti, onuň öz öňünde goýýan maksatlary we olary amal etmek üçin alyp baran işleri Nedir şany bütin Gündogaryň täze taryhynda üýtgeşik bir şahsyýet hökmünde görkezýär. Nedir şanyň ömür beýany, esasan, iki kitapda berlipdir. Olaryň biri Mehdi han Astrabatlynyň «Nediriň taryhy» kitaby, ikinjisi bolsa Muhammet Kazynyň «Nedirnama» atly taryhy eseridir. Bu kitaplaryň atlary käbir ýerlerde başgaça hem berilýär. Emma biziň üçin esasy mesele kitaplaryň atlandyrylyşy däl-de, Nediriň taryhy şahsyýetiniň üýtgeşikligidir. Nedir şa gaty özboluşly, dartgynly hem-de galagoply ömri başdan geçiripdir. Ady agzalan döwür – din taryhçylarynyň birinjisi öz eserinde Nedir şanyň gelip çykyşy dogrusynda şeýle ýazypdyr: «Onuň aly hezretleri Nedir şa öz şejeresini kyrkly taýpasyndan getirip çykarýar. Kyrkly awşarlaryň bir urugydyr, awşarlar bolsa türkmen boýydyr. Bu boýuň köne ýurdy Türkmenistan bolupdyr. Gadymy zamanlarda, mongollar Türkmenistany basyp alanlarynda, kyrklylar ol ýerden göçüp, Azerbaýjanda özlerine ýurt tutunypdyrlar. Soňra, tagta Şa Ysmaýyl Sefewi geçende, Kubegandaky Ser çeşme-i Miýaba göçüp barypdyrlar. Bu ýer Horasan Abiwerdine degişlidir, özem mukaddes Maşatdan 20 farsah uzaklykda, Merwiň golaýynda ýerleşýär. Olar tomsuna şu ýerde ýazlapdyrlar, gyşyna bolsa Dastjertde we Deregezde gyşlapdyrlar. Onuň aly hezretleri Deregeziň Destjert galasynda 1100-nji ýylyň muharram aýynyň 28-ne (1688-nji ýylyň 22-nji noýabrynda) eneden bolupdyr». Nedirguly garamaýak maşgaladan bolupdyr. Ol ýaş ýetginjekkä ýesir alnyp, ejesi bilen Hywa gul edilip sürlüpdir. Emma birnäçe wagtdan soň ol ýesirlikden boşap bilipdir. Gepiň gerdişine aýtsam, awşarlaryň belli bir bölegi soňky wagtlara çenli Ahalda oturýarlar. Mürçelileriň bir bölegi – urugy awşarlar adyny göterýär. Nedirguly dogabitdi harby, gaty dogumly adam bolupdyr. Ol ýurduna dolanan badyna, ýerli hanlaryň biriniň harby gullugyna durupdyr. Ol XVIII asyryň 20-nji ýyllarynyň başynda Horasanda garamaýak halkyň içinden çykan harby adamlaryň biri hökmünde tanalyp ugrapdyr. Şol döwürde Gürgende häkimlik edýän gajar hany Tahmasp Nedirgulyny tanap alýar. Şeýlelikde, 1725-nji ýyldan Nedirguly onuň hyzmatynda durýar we özüne «Tahmaspguly» diýen ikinji ady dakýar. Hanyň goşunyny öz üýtgeşik harby zehininiň kömegi bilen tiz wagtyň içinde tertibe salyp, ony berkiden Nedirguly Horasanyň hökümdary Mälik-Mahmyt Kinýanyny derbi-dagyn edip, onuň paýtagty Maşady eýeläpdir. Şondan soň Nedirguly Ahalyň türkmen taýpalaryny öz täsirine salmak üçin göreşip ugrapdyr. Abywertden 12–13 kilometr daşlykdaky Nikgigalada ýaşaýan ýemrelileri, Durundaky, Nusaýdaky, Bagabatdaky türkmenleri güýçli garşylyga garamazdan boýun egdirip bilipdir. Nedirguly 1727-nji ýylda Merwi eýeläpdir. Ol 1727-1728-nji ýyllarda Etrek-Gürgen sebitlerini hem eýeläp, ol ýerleri-de öz tabynlygyna geçiripdir. 1729-njy ýylda owganlaryň bir taýpasyndan bolan Pir Weýsiň ýegeni Aşraf Eýran häkimligini gabanyp, Horasana goşun çekip gelipdir. Ony Nedirguly Nyhmandost derýasynyň kenarynda şol ýyl derbi-dagyn edip goýberipdir. Edil şol ýylyň noýabr aýynda Nedirguly olaryň goşunyny Yspyhandan 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän Mürçehurt galasynyň ýanynda kül-peýekun edipdir. Şondan soň Eýranda ýedi ýyllap iş ýüzünde häkimlik eden owganlar öňli-soňly yza çekilmäge, ýurtdan çykyp gitmäge mejbur bolupdyrlar. Hem ile özüniň güýçli harbydygyny göz eden, hem özüniň güýjüne mazaly ynanan Nedirguly 1730-njy ýylda osmanlylara garşy urşa başlapdyr. Yzly-yzyna gazanylan ýeňişlerden soň, Nedirguly Hemedany, Kermanşahy, Azerbaýjany alypdyr. Emma Nediriň güýji we harby zehini bilen eýelenen bu ýerler birnäçe wagtdan soň, Tahmasbyň emelsizligi sebäpli ýene elden giderilipdir. Owganlaryň Horasandaky pitnesini ýatyryp gelenden soň, Nedirguly Tahmasby tagtdan düşürip, tagta onuň bir ýaşan ogluny belleýär we iş ýüzünde özi döwleti dolandyryp ugraýar. Öň ýurduň harby ýolbaşçysy bolan bolsa, indi ol syýasy häkimligi hem doly öz eline alypdyr. 1732-1733-nji ýyllarda Nedir osman türkmenleriniň eýelän ähli ýerlerini yzyna gaýdyp almagyň hötdesinden gelipdir. 1732-nji ýylda ol Russiýanyň elinden Astrabady, Gilýany, Mazendarany, 1735-nji ýylda bolsa Şirwan ýakalaryny gaňryp alypdyr. 1736-njy ýyla çynli ol öňki Sefewi döwletiniň ähli ýerlerinde öz häkimligini ýöredip ýetişipdir. Şol ýyl hem ol Mugan çölünde başyna şalyk täjini geýipdir. Mugan çölündäki geçiren umumytürkmen gurultaýy hakda taryhçylar az gürrüň edipdirler. Ýöne bu gurultaýyň türkmen halkynyň döwlet guruş aýratynlygyna düşünmekde aýratyn ähmiýeti bar. Oguz han Türkmenden bäri bäş müň ýylyň dowamynda türkmen täze döwlet gurmakçy bolanda gurultaý geçirýär. Aslynda gurultaý sözi gurulyş toýy manysyndadyr. Çagry begdir Togrul begiň Maryda däl-de, ýeňiş gazanan ýerinde, paýtagtdan 70 kilometr uzaklykda Daşrabatda (Daňdanakanda) gurultaý geçirmeginiň özüne ýetesi manysy bar. Türkmen serkerdeleriniň yrymy, ynanjy boýunça Seljuk döwleti Daňdanakandan – ýeňiş gazanan ýerlerinden başlanýar. Bu ýer olaryň bagtlarynyň açylan ýeri. Şonuň üçin şol ýerde çar ýandan türkmen han-begleriniň gelmegine ençe günläp garaşyp, umumytürkmen gurulyş toýuny – gurultaýy geçiripdirler. Nedirguly şa-da özüniň iň uly ýeňiş gazanan ýerinde uly toý tutýar, oňa çar ýandan türkmen wekilleriniň gelmegine garaşýar. Türkmenleriň bu gurultoýuna yslamyň ýedi yklymyndan türkmen hanlary, begleri, serkerdeleri gatnaşýarlar. Şol gurultaýa Ahal ilinden hem han-begler, serkerdeler gatnaşypdyr. Şol gurultaýa Süleýman serdaryň ogly Agöýli serdar bilen gatnaşandygy hakdaky maglumat taryhyň sahypalarynda saklanypdyr. Şol gurultoýda Süleýman serdar, ogly Agöýli serdar Nedir şa bilen tanyşýarlar, birek-biregi goldamaga ähtleşýärler. Nedir şanyň türkmenler bilen gatnaşygy ýönekeý bolmandyr. Dürli türkmen taýpalary bilen şahyň arasynda birnäçe çaknyşyklar bolup geçipdir. Nediriň öz kowumdaşlaryna bolan gatnaşygyny we garaýşyny hakykatyň ähli bitewüliginde dikeltmek aňsat iş däl. Munuň üçin bu meselä degişli taryhy maglumatlary we döwürdeşleriň bu baradaky pikirlerini bir sapaga düzmek, olary şol durşuna ýöne kabul etmek ýeterlik däldir. Nediriň beýik taryhy şahsyýetiniň nukdaýnazaryndan bu zatlaryň baryna tankydy seredip, hakykat sapagynyň uşlybyny tapmak gerek. Ýöne men Nedir şanyň özüniň türkmendigine, Togrul beg ýedi yklymyň şasy bolan bolsa, özüniň dört yklymyň şasydygyna biçak buýsanandygyny, dört jygaly täç geýendigini, özüniň beýik halkyň ogludygyny öwran-öwran nygtandygyny aýdyp biljek. Onuň buýsanjy Hindistany basyp alyp, nähili perman çykarandygy hakyndaky ogluna ýazan hatynda hem görünýär: ol permanynda Hindistany basyp alsa, ol ýerde şalyk edip oturan adamyň hem Muhammet atly türkmendigini, şeýle bolansoň, ony özüniň Hindistandaky dikmesi edip öňki şa tagtynda oturdandygyny nygtaýar. Ol türkmenlere, gör, näçe gezek çakylyk iberýär. Gelen wekilleri edil gaýry bir ýurduň şasy gelen dek arzylap aýratyn hyzmatlar edýär, her hili halat-serpaýlar ýapýar. Göwni ýeten ençeme türkmenine mülk ýer berýär. Olar bilen süýjüden-süýji söhbetler edýär. Hywa eden ýörişinde Nedir şa bir gije-gündiz Agöýli serdaryň öýünde düşläp, myhman bolýar. Agöýli Nedir şanyň ynamdar serkerdeleriniň biri bolan, türkmenleriň abdal tiresinden bolan Ahmet Abdal Dürrany1 bilen tanyşýarlar. Şol myhmançylygyň ýatda saklanyp galmasynyň özüne ýetesi sebäbi bar. Şol myhmançylykda Nedir şa Nusaý welaýatyna serdarlyk etmegi Süleýman serdaryň ogly Agöýli serdara perman çykaryp, permanyny hem möhürläp berýär. Nedir şanyň gelşi, nähili oturandygy, nähili gürrüňler edilendigi, Ahmet Abdal bilen Agöýli gözlüje ýaşytdylar, olaryň birek-birek bilen jynlarynyň alyşmasy hakda Agöýliniň nebereleri gaty köp gürrüň edýärdi. Ol gürrüňler tumar kimin hakydamyzda saklanýardy. Ahmet Abdaldan gelen hatlary hem Artyk han gaty ezizläp saklapdyr. Nedir, elbetde, çylşyrymly şahsyýet bolupdyr. Onuň şahsyýetinde hökümdar bolmak islegi mese-mälim bildirýär, emma Nedirde diňe şeýle isleg däl, eýsem oňa bolan ukyp, başarnyk hem bolupdyr. Özüniň syýasy şahsyýetiniň gabarasy boýunça ol Gündogaryň şol wagtky Eýran ýaly uly döwletinden kiçi bir häkimlige, elbetde, razy bolmazdy. Syýasy dogumlylyk, harby garadangaýtmazlyk onuň sypatyny emele getiripdir. Elbetde, Eýran ýaly döwlete baştutanlyk etmek üçin, ol eýran-pars syýasy däplerine daýanypdyr. Emma ol hemişe özüniň duýgulary boýunça, özüniň harby zehininiň Hakdan berlenligi boýunça hakyky türkmen bolupdyr. Öz öňünde goýan harby-syýasy maksatlary üçin ol käbir zalymlykdan hem gaýtmandyr. Munuň özi dünýäniň ykbalyny ele almaga dalaş eden beýik şahsyýetleriň haýsy birine mahsus däl?! Nedir şanyň öňünde goýan maksatlary bolsa juda uly we anyk bolupdyr. Şol tutumlar onuň gaty uzakdan gören taryhy şahsyýet bolandygyna şaýatlyk edýär. Hususanam, Nedir şa Ýewropa döwletleriniň kolonial syýasatynyň Gündogar ýurtlary üçin agyr netijelerini has öňden görüpdir. Onuň şaýy-sünni mezhepleriniň gapma-garşylygyny aradan aýryp, bäşinji bir mezhebi döretmek baradaky tagallalary Ýewropa howpunyň öňüni bitewi bir yslam dünýäsi bolup almagyň gamlaryndan gelip çykýardy. Nediriň eden harby-syýasy tagallalaryna onuň şahsy men-menliginiň, şöhratparazlygynyň alamaty diýip düşünmek taryhy şahsyýete birtaraplaýyn we gödek düşünilmek bolar. Nedir şanyň taryhçysy Muhammet Kazyň şahyň «Eger maňa boýun egip, hyzmatymda bolsaňyz, Eýran bolsun, Turan bolsun – islendik ýerde ýurt, mülk edinip bilersiňiz» diýip, türkmenlere aýdan sözlerini getirmegi ähmiýetlidir. Nediriň bu sözlerinde syýasy mekirligiň ýokdugyna güwä geçip bolar. Öňem aýdyşym ýaly, ol milli duýgulary boýunça türkmen bolupdyr. Şeýle duýgy onuň öz ogullaryna türkmen atlaryny dakanlygynda, hususanam, bir oglunyň awşar türkmenleriniň atasy bolan Ýyldyz hanyň adyny göterenliginde tebigy suratda ýüze çykýar. Şol milli duýgy Nediriň tutumlaryny amala aşyrmagyň ýollarynyň käbirini salgy beripdir. Men bu ýerde Nedir şahyň teke, salyr, ýomut, gökleň, ärsary ýaly türkmen taýpalaryndan atly goşun edinmek islegini göz öňünde tutýaryn. Nedir şa türkmenleriň duşmany hem bolmandyr, türkmenleri öz hususy hyzmatynda goly bagly gul sypatynda görmek islegi hem bolmandyr. Beýle bolanlygynda ol türkmenleri beýle götergilemezdi, ol diňe syýasy maksatlaryny amal etmek üçin türkmen gylyjynyň degerli bir serişdedigine düşünipdir. Bu maksadyň türkmen bähbidine çapraz gelmändigine biz indi-indiler, aradan 300 ýyla golaý wagt geçenden soň düşünýäris. Üç ýüz ýylyň dowamynda bolup geçen syýasy özgerişleriň nukdaýnazaryndan, käbir türkmen tire-taýpa kethudalarynyň Nedire garşylygy şahyň tutumlary bilen deňeşdirilende, juda ownukçyllyk bolup görünýär. Ine, biz XVIII asyrda bir şahsyýetiň bitewi türkmen döwletiniň döredilmegi üçin orta çykmagynyň gerek bolandygynyň hyýalyny edýäris! Eýse munuň üçin şol adam Nedirden ýumşak bolanlygynda, bu isleg-arzuw amala aşarmydy?! Aslynda şeýle güýçli hem töwekgel şahsyýetiň Türkmenistanyň özünden çykmandygy üçin ol arzuw arzuwlygyna galypdy ahyryn. Bitewüligi amal etmek üçin ownukçyllyklary rehimsizlik bilen aradan aýyrýan beýik erk gerekdir. Howaýy hem ýakymlyja sözler bilen beýle maksada ýetip bolmaýar. Nedir şahyň Mara uly üns berendigi mälimdir. Ol döwletiň ykdysady taýdan berkemegine, şäherleriň we suwaryş desgalarynyň dikeldilmegine, Horasanda söwdanyň ösmegine uly ähmiýet beripdir. Şeýle-de ol döwletiň çäklerini giňeltmek üçin aladalar edipdir. Nediriň arbaplary, mülk eýelerini çäklendirmegi şol zamanda döwletliligi saklap galmagyň bir usuly bolupdyr. Her bir özüne göwni ýetip ugran mülkdar tagty arzuw edipdir, onsoň şeýle adamlaryň bujagaz höwesini mazalyja çäklendirmek döwletiňem, halkyňam geljegi üçin gürrüňsiz bähbitli ýörelge bolupdyr. Beýik Magtymgulynyň «Ülkede sahyp bolmasa, Arbaplar emire döner» sözleri Nediriň degişli hereketlerini inkär däl-de, ykrar edýändir. Nedir şa umumygündogar möçberindäki beýik şahsyýetdir. Onuň döwleti giňeltmek ugrundaky hereketlerinde yslam ösüşiniň ýewropa kolonializminiň öňüni saklamak islegi görünýär. 1737-nji ýylda Gandagar, 1738-nji ýylyň noýabrynda Peşewar, 1739-njy ýylda Hindistanyň birnäçe bölegi alynýar. 1740-njy ýyllarda Hywa, Buhara hüjüm edilýär. Mälim bolşy ýaly, Nedir şa Dagystanda hem söweşler alyp barypdyr. Nedir şa 1747-nji ýylda öz ýakynlarynyň göripligi bilen olar tarapyndan öldürilipdir. Nediriň Mara beren ünsi Şahyň Hytaýa garşy taýýarlan harby ýörişi bilen baglanyşyklydyr. Ol 1744-nji ýylda bu taýýarlyga başlaýar. Ol Maryda güýçli artilleriýany edinmek üçin, top we däri taýýarlaýan ussalary şol ýere ýygnap başlapdyr. Munuň üçin dürli ýerlere salynýan salgytlar bellenilipdir. Nedir şa elmydama türkmençe gürläpdir, özüniň türkmenligine buýsanypdyr. Nedir şa özüniň syýasy paýhasy boýunça eýranly, özüniň harby ussatlygy we milli duýgulary boýunça türkmendir. Şu hakykat Nediriň türkmenlere bolan gatnaşygyna düşünmekde bir açardyr. Günorta Türkmenistan XVIII asyryň ahyrlaryna çenli awşarlar tarapyndan dolandyrylypdyr. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |