19:56

Awtobusly göwün giñeme

AWTOBUSLY GÖWÜN GIÑEME...

Talyplygyň baş ulagy – awtobus,
Şu gün ýene mündüm onuň biline.
Bagtyma adamam azyrak eken,
Ornaşdym men boş orunlaň birine.

Oturjagam däldim,
Alajym ýokdy,
Halys sykýar okuw diýilýän zadam.
Iýunyň jöwzasam gowuryp barýar,
Aý, gepiň külesi, ýadawdym,
Ýadaw.

Otyryn,
Awtobus duralga ýetýär,
Goşhaltasyn süýräp münýär bir adam.
Ýer beremok.
Asla berjegem däl men,
O ýadawdyr.
A men ondanam ýadaw.

Indikide münýär çal saçly ene,
Durmuşyň ajysyn-süýjüsin dadan.
Onam görmezlige salyp otyryn,
Ýogsam ýer bermeli,
Ýadaw men,
Ýadaw.

Ýyldyzlaň jorasy bir gözel münýär,
Gözel diýseň gözel,
Tüýs, perizad-ow!
Başga wagt gaşymdan ýer bererdim,
Häzir weli gaty ýadaw men,
Ýadaw.

Gidip barýan ýerimem bir uzak meň,
Bu uly şäheriň aňry çeti.
Yzyma-da awtobusly gaýtmaly,
Ahwalyma, siz, düşüniň ahbeti!

Ýöne kem-kem gaçyp barýar ysgynym,
Argynlyk has beter basýar bir hili.
Hamana,
Şu duranlaryň barynyň
Dik durmagna özüm günäkär ýaly.

Arkamda “ah” çekýär hälki ýaşuly,
Gapdalymda bolda çal saçly ene,
Gaşymda-da “ýyldyzlaryň jorasy”
Birhili naýynjar seredýär maňa.

Meniňki bolmady.
Böküp turdum-da,
Öz ornumy berdim dik duran enä.
Ene ornaşansoň meniň ornumda
Ähli ýadawlygym syryldy hernä!

Ine, indi menem aýakda durun,
Awtobusdakylaň köpüsi ýaly.
Indi ýaňky ýadawlydam ýok mende,
Özümem ýeňiljek duýýan birhili.

Şeýdip, men-ä şu gün göz görendirin,
Çeniňi bilmezlik güzap ekeni.
Otyrkam, gerşimden basyp duranam
Tas, ýatdan çykarlan ynsap ekeni.

Ýer berdim.
Köplerden ýylgyryş aldym,
Şeýdip men birdenkä köp zatly boldum.
Ýöne esasy zat:
Sähel şarpykdan,
Ýene öňkim deýin YNSAPLY boldum.

Agageldi ITALMAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 432 | Добавил: Мylayym | Теги: Agageldi Italmazow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]