BIR BITEWI DÖWLET DIÝIP JAN ÇEKEN AKYLDAR
Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň tutuş şygyrýetiniň özeniniň türkmen halky üçin iň gymmatlysy, iň möhüm borç, wezipesi külli türkmen halkyny bitewi döwlet, bitewi halk bolup ýaşamaga çagyrmgydyr. Bu barada dünýä belli alym Ý.E.Bertels Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlan makalalarynyň birinde: “Tire-urug arasyndaky duşmançylygy ýok etmek, türkmen tirelerini birleşdirmäge bolan ýadawsyz çagyryş şahyryň döredijiliginde esasy orna eýedir“- diýip adalatly belleýär.
Beýik akyldaryň biri-birine ýagy bolup, birek-biregi çapmakdan, birek-biregi talamakdan özüne kanagatlanma tapan türkmen taýpalaryny bitewilige, bir döwlet bolup ýaşamaga çagyrmakdan bagry gan öýen şygyrýeti tutuş Orta, Alynky Aziýa halklarynyň aňyýetini sarsdyrmak bilen, asyrlaryň süňňüni lagşada-lagşada, biziň günlerimize hem gelip ýetipdir.
Türkmen halky üçin sözüň doly manysynda , gaty uzaga çeken zulmat tümlüginiň dünýäsinde, gün görmegiň, güzeran dolamagyň, özüňi, maşgalaňy guduz açan gahatçylygyň deminden aman-esen saklamagyň, alyp çykmagyň göz öňüne getirip bilmajak derejede horlukly, sütemli zamanynda bu beýik, bu deňine ýetere başga bir taý tapyp bolmajak türkmen oglunuň, „bir döwlete gulluk etmäge“ äleme ýaň salýan ses bilen, janyny kebap edip cagyran akyldar hökmünde, şahyr hökmünde, orta çykmagy onuň dörän wagtyndan iki- üç asyr geçenden soň hem, adamzadyň aklyny haýran galdyrýar.
Magtymguly Pyragynyň öz halkyna galdyran ýigrimi müňe golaý setir şygyrýetini terezä goýup, ony Gündogaryň, Orta we Alynky Aziýanyň akyldar şahyrlarynyňky bilen deňeşdirseň, möçberi taýdan bu şygyrýetden has agyrrak geljekleriniň hem boljakdygyna ynanýarys.
Gündogaryň käbir däp bolan temalaryny beýan etmek boýunça Magtymguly Pyragydan has belende galanlaryň bardygyny taryh görkezdi. Emma gündogaryň Abu Seýit-Mäne baba, Omar Haýýam, Hoja Ýusup Hemedany, Abul Kasym Ferdöwsi, Nyzamy Genjewi, Hafyz Şirazy, Jelaletdin Rumy, Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy, Sady-Şirazy ýaly dünýä ýaň salan akyldarlarynyň-şahyrlarynyň döredijiligini öwran-öwran gözden geçireniňde hem, bu meselede, ýagny, Magtymgulynyňky ýaly, öz halkyňy bitewi döwlet bolup, agzybirlikde, bagtly, eşretli, azat, rahat, erkin durmuşda ýaşamaga çagyrmak, oňa bu ugurda hossar, howandar bolmak akyldarlyk ýörelgelerini tapyp bilmersiňiz.
Munuň sebäbi gündogaryň bu ady tutulan we beýleki akyldar şahyrlarynyň zehininiň Magtymguly Pyragynyňkydan pes bolanlygy, ýa-da öz halkyny söýmändigi üçin däl-de, olaryň ählisiniň bütewi, berk düzgünli, demi dag sardyrýan patyşaly döwletde ýaşanlygy üçindir. Olar üçin kuwwatly döwletde, öz döwletini adyl-adalatly dolandyrýan adyl patyşa barada, kuwwatly döwlet barada arzuw etmegiň zerurlygy bolmandyr.
Emma Magtymguly Pyragy bu meselede , gündogaryň belli akyldarlaryndan gaty kän belende göterilendir. Çünki, türkmen halky uç- gyraksyz jöwzaly sähranyň ruhuna garylyp, zulmatly, ýowüz ülkäniň gazaplylyk ýörelgeleriniň ählisini özüne kabul edip almak bilen birlikde, onuň juda berk kanunlary esasynda ýaşapdyr, güzeran dolapdyr.
Bitewi bir döwletiň, oňa serenjam berip oturan patyşanyň, bir agza bakylýan başyň, bolmanlygy üçin, türkmenleriň hersi özüne „han“ bolup ýşapdyr.
Şeýle bolansoň, her kim güni, güzerany, ýaşaýyşy üçin göreşmeli bolupdyr. Deňli-derejeli ýaşaýyş ugrundaky göreşiň öz döwrüniň wagşyýana islewgine öwrülen mahaly az bolmandyr. Şol wagşyýana isleg köp derejede türkmenleri birek-biregi talamaga, çapmaga, iteripdir. Bu barada wenger alymy A.Wamberi şeýle ýatlapdyr:
"Olar (türkmen taýpalary) ylalaşdyryp bolmajak derejede we mydama duşmançylykda ýaşaýardylar…”- diýip belläpdir.
Beýik akyldar Magtymguly Pyragyny mydama agyr oý-pikirlere batyran esasy aladalaryň birem, ine, şu mesele bolupdyr. „Bu başyna giden halky nädip köşeşdirmeli, nädip bu halkyň ýüregine mähribanlyk, ynsap, sabyr, kanagat, ynsanperwerlik ruhuny salmaly„ diýen sowal onuň ýüregine ganlar öýüpdyr. Şonuň ücinem ol birden-birden:
Bir-birini çapmak ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki körlükden,
Agzalalyk aýrar ili dirlikden,
Mundan döwlet dönüp, duşmana gelgeý. —
-diýip, lowlap dyran ylhamy bilen şygra ýapyşypdyr. Soň bolsa şygryň derejesinde däl-de, şirin janynyň kuwwatynda, külli türkmeniň aňyny, ýüregini, näzik ruhuny sarsdyryjy owaz bilen gygyrypdyr ...
Beýik akyldaryň şol ýürek paralaýjy owazy üç asyr aşyp, biziň zamanamyza ýeten bolsa-da, şol mahal türkmen tire-taýpalarynyň aňyna ýetip bilmändir.
Elbetde, mundan üç asyra golaý wagt öň, zulmat tümlüginiň gahatçylygynda şu sözleri ýazmak üçin, şu paýhas bilen öz halkyňa ýüzlenmek üçin , gör nähili mertlik, gör nähili watanparazlyk, gör nähili paýhas- parasat, gör nähili batyrgaýlyk gerekdi!
Biz Magtymguly Pyragynyň öz halkyny bitewi, erkin, erkana döwlet gurmak ýoluna haýsy pikir bilen, haýsy täsirler, haýsy basgançaklar bilen gelendigi baradaky meseläniň üstünde döwneýärkäk, bir ýagdaýa gabat geldik. Ol hem Beýik akyldaryň bu meselä allahy keramat bilen gelendigi baradaky oýlanmadyr.
Elbetde, Gurhany Kerimde aýdylyşyna görä, Ýeriň, Gökleriň, mahlasy on sekiz müň älemiň eýesi-de, soltany-da Beýik Ýaradanyň özüdir. Diýmek, külli türkmen-de, türkmeniň bu jöwzaly, jepaly topragy-da, Beýik Ýaradanyň mülki. Türkmen halkam Allanyň bendesi. Şonuň üçin bu „özüne beg,“, “özüne han“ halky, onuň orta asyrlardaky hiç bir Allahy galypa sygmaýan ýagdaýlaryny Ýaradan görüp dur. Allatagala bu halky agzybirlige, erkana döwletlilge çagyrmak üçin türkmeniň öz ogly Magtymgulynyň ýüregine beýik pähimdarlyk salýar...
Ýadyňyza düşýän bolsa, beýik akyldar „Turgul diýdiler“ goşgusynda özüne erenleriň, çiltenleriň, sahabalaaryň, Muhammet pygamberiň käseläp bir keramat içirendiklerini, şondan soň „näge baksa aňa nazar ýetirendigini“, “Arşyň kemerine nazarynyň ýetişendigini“, “Jebrut äleminde Jelil syryna“ özüniň garap görendigini“.— ýaňzydýar. Magtymguly Pyragy şu goşgusynda Muhammet Pygamberiň: “Bu guluň maksadyn bergil“ diýendigini ýazýar.
Ine, indi özüňiz pikir ediň. Magtymgulynyň maksat- myrady näme? Ýok, eziz okyjy, sen:“ Ýok-la, Magtymguly bu ýerde sopuçylyk, diwanaçylyk, yşk-myrat barada aýtmak isländir“ diýersiň. Sen gaty dogry aýdýaň. Meniň özümem şol pikirde, ýöne watan bitewiligi, bir bitewi döwlet gurmak yhlasam beýik akyldaryň ýüreginiň baş matlabynyň biri ahyryn. Sebäbi, Watan, halky bir döwlete jemläp oturan patyşa bolmasa, söýginiňem, diwanaçylygyňam, hözirli durmuşyňam bolmajagyna düşünmez ýaly, beýik akyldar beýle ham-hyýala kowalaşýan adam bolmandyr ahyryn. Şonuň üçin bu keramatly „pata“ bir bitewi döwlete birleşmek baradaky „maksada-da“ giren bolmaly.
Elbetde, Magtymguly Pyragynyň patyşaly bolmak, döwletli bolmak ýolunda oňa çelgi bolan halypalaryň bolandygynam bellemek gerek. Mysal üçin, Alyşir Nowaýynyň „Hamsasyna“ girýän birinji „ Haýrat-al ebrar“ eserinde patyşalaryň adalatlylygy, sahawatlylygy, öz halkyna hossar bolmalydygy barada düýpli gürrüň edilýär.
Bu eser bilen Magtymgulynyň tanyş bolmandygy barada hiç kim dil ýaryp bilmez. Çünki onuň öz kakasy Döwletmämmet Azady „Wagzy-Azat“ poemasynyň:
Baby owwal patyşalar waspyny,
Ýary berse wasp eder rebbi gany—
diýip başlanýan şu babyny Alişir Nowaýynyň ýokarda ady agzalýan poýemasynyň äheňinde, (Magtymgulynyň kakasynyň döredijiligini öwrenen köp alymyň bellemegine görä) täsirinde ýazypdyr.
Emma beýik akyldar bilen deňeşdireniňde, Nowaýy soltan Hüseýin Baýkaranyň gupba ýaly döwletiniň içinde bolup, „Hemme patyşalar Soltan Hüseýin ýaly öz halkyny eşretli döwletde ýaşatmalydyr“ diýen äheňde ýazan bolsa, Azady döwlet diýen zadyň, patyşa diýen adamyň kimdigini bilmezden hyyýaly umytlara beslenip, döwlet, patyşalar baradaky eserini ýňzypdyr. Emma Magtymgula hyýaly patyşanyň, hyýaly döwletiň zerurlygy ýok. Ol öz döwletiniň nähili bolmalydygyny, öz halkyna nämäniň gerekdigini gaty gowy bilýan akyldar bolupdyr. Çunki onuň ýüreginde öz Rebbiminiň guýan parlak ylhamy hem-de beýik parasady oňa egsilmez güýç berýär.
Akyldar şahyryň watançylygy türkmen halkyny bir bitewi döwlet gurmaga cagyryşlary, uly azaplary barada edebiýatymyzda gaty köp hem-de düýpli gürrüňler edilip gelinýär. Şol gürrüňleriň başyny başlanlaryň biri hem akademik G.O. Çaryýew bolupdy. Ol baryp geçan asyryň ortalarynda çykardan „Magtymguly“ atly kitapçasynda: “Magtymgulynyň progressiw watançylyk ideýalary jemgyýetçilik durmuşynyň talaplaryndan gelip çykypdyr. Şu ideýanyň esaslandyrylmagynyň özi-de Matymgulynyň bitiren uly hyzmaty bolupdyr, çünki Magtymguly şol ideýany halkyň birleşmegi ugrundaky we halkyň medeni-syýasy özbaşdaklygy ugrundaky tüýs halk hereketine tabyn edipdir“ - diýip belleýär we beýik akyldaryň türkmeniň ýkbalanda peýda bolmagyna,türkmen halkyny jebisleşdirmek ugrundaky azaplaryna dogry baha berýär. Magtymguly Pyragynyň watançylygy, türkmen halkyny bir döwlete birleşdirmek ugrundaky beýik aladalary barda gyzykly ylmy-derňewler geçiren başga bir akademik Baýmuhammet Garryýew hem: “Magtymgulynyň idealy - watan, erkana durmuş, ýurtlaryň dynçlygy, rahat, bol –telki ýaşamagy. Emma bu arzuwa ýetmek üçin köp-köp böwetleri ýykmaly, emma ol böwetler ýykardan agyr“ diýip, ýokardaky pikirini aýdyňlaşdyrýar.
Magtymgulynyň watançylygyny ýzarlanyňda bir ýagdaýa gözüň düşýär.
Magtymguly bu beýik pikire gelmezinden ozal, öz halkynyň hal – ýagdaýymy, onuň jebri-jepalardan doly durmuşyny synlaýar. Şoňa görä-de, beýik akyldaryň şygyrýetinde ilki bilen, synçylyk halyny görmek bolýar. Ol türkmeniň ýönekeý ogly hökmünde, soň-soňlar şahyr hökmünde, akyldar hökmünde şol synçylygyň esasynda öz watanynyň, öz halkynyň görýän görgüsinie, çekýän jebri – jepalaryna dözmän, derdini şygryna aýdyp, ýanyp başlaýar. Ol „Zaman galmady“ goşgusynda:
...Gaýta gybatkeşler özün düzetdi,
Süýthor dünýä bilen özün göz etdi,
Taňryny bir bilen merdan galmady...-
diýip,il barynyň gybata, süýthorluga ýüz urup, şondan gün- güzeranyny düzetmegiň ýoluny tapýandygyny aýtsa ,“Gözýaşyn döke başlady“ goşgusynda:
…Niçe mollaň okan ylmy hebesdir,
Kazylaryň käri çilimdir, nasdyr,
Para gorse, dyza coke başlady...—
Hakyň, şerigatyň hakyky adyl wekili bolmalylaryň, “pygamber ornunda otran kazylaryň”, mollalaryň, işänlaryň, hojalaryň garamaýagyň deňinde-de durman, haramhorlukda hemmeden geçirendigini, zalymlaryň gamçysyndan ganlar damýança garyp pukaralary ezýändigini, beýik akyldar dözmezçilik bilen synlaýar:
Pakyrlar horlanyp, ýüzün sargardyp,
Kim töresin tapyp, reňgin gyzardyp,
Zalymlar mazluma syrtyn gabardyp,
Gamçysyndan ganlar dama başlady...
- diýse:
Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar,
Ýetimler gözýaşyn döke başlady.
Orramsydan bolan haramhor begler,
Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady...
Indi beýik akyldar haramhor türkmen begleriniň asmana çykan azgynlygy, garyplary, ýetimleri gan eňredeni bilen oňman, gaýta „ ýurdy bir ýanyndan satyp başlandygyna“ ýanýardy.
Öz halkyň beýle peslige düşen gününi, beýle ýowuza daran güzerana sataşan ýagdaýyny, it görse gözi agarjak halyny gördüň, bildiň, indi näme etmeli?!
Il içindäki bu betlagamlygyň üstesine, daşarky ýowuz ýagynyň sürnüp gelmegine, ili-güni zulum-zorluk bilen talap, gyryp-gyrçap, ogul -olja, gyz-ýesir edip sürüp barmasyna külli türkmeniň çekýän ahy-hasratyna näme diýjek?!. Beýik akyldar indi halys çydanokdy. Ol: „Görülsin indi“ goşgusynda:
Nahak dökülmesin gyzyl ganymyz,
Duşmana galmasyn aş-u-nanymyz,
Ýada salyň amanatdyr janymyz,
Eger zerur bolsa alynsyn indi.
Üstümizde duşman höküm sürendir,
Biziň ilat jebri-jepa görendir,
Ogul-gyzy ot üstüne urandyr,
Örç alyp her jaýdan çykylsyn indi.
Pyragy ýüz tutar türkmen iline,
Duşman gol urmasyn gyzyl gülüne,
Dostlar bizi duşman gaýgy siline
Gark etmänkä, çalyp, çapýlsyn indi.
- diýip, bar sesi bilen öz halkyna ýüzlenýär. Diňe şundan soň beýik akyldar türkmeniň bitewi döwlet bolmagy barada, beýik birleşik, bitewilik barada oýlanyp başlaýar.
Elden çykmak istär döwlet Humaýym,
Horluk çekip, döker bolduk ýaşymyz.
Ýurt azaryn etmek gerekdir daýym,
Ersgin boldy, gitdi gyzylbaşymyz.
Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, gurulsyn,
Çille mest nerlermiz barça aýylsyn.
Bir saçakda eda bolsun aşýmyz.
Türkmenler baglasak bir ýere bili,
Gurydarys Gülzumy, derýaýy Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
Beýik akyldar bu ajaýyp pikirine guwnmak, buýsanmak bilen, ony öz halkyna buşlaýar.
Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň. —
Onuň bu goşgusynyň ruhunda: “Eý, eziz türkmen halkym, biz bir döwlet bolsak , “ol Kemal han owgan hem biziň „başymyz“ bolsa, „türkmeniň ykbaly göteriler. Bir suprada aş-nanymyz, yrsgalymyz taýýar bolar“ diýen beýik paýhas bardy.
Beýik şahyr „Bäşimiz“ atly goşgusynda, indi gümürtiksiz, açykdan-açyk çagyryşa geçýär.
Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýörişi, açylar gül-lälesi.—
diýip, ol indi belent paýhas, belent owaz bilen bitewi, synmaz, halky azat, erkin, eşretli döwranda ýaşajak döwletiň gürrüňini edýärdi.
Magtymguly Pyragy türkmen halkyny bir bitewi döwlet bolmaga, beýik birleşige çagyrmak bilen, ol öz halkynyň gurmaly döwletiniň esaslaryny uly buýsanç, ynam bilen „Türkmen binasy“ goşgusynda beýan edýär.
Gurdugym, aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy.
Süleýman hem Rüstem Zal, Jemşit oňa bolmuş geda,
Günde ýüz-müň salsa leşger, degmez şanyň belasy.
Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýörüşi, açylar gül-lälesi...
Aýdadyr Magtymguly, ýokdur köňülde gilesi,
Hak sylaýyp, kylmyş nazar, bardyr onuň saýasy.
Diýip, bu döwletiň kuwwatyny, zarbyny habar berýär. Eger, türkmen halky Magtymgulynyň umyt edýän döwletini gurup bilse, onda ol döwlet ” zeminiň myhy bolmaly”, “ Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup…” guran şol döwletini ”Süleýman, Rüstem Zal, Jemşit…” ýaly dünýäni sarsdyran beýik jahangir şahy-soltanlar her günde ýüz müň leşger salsalar-da, olaryň belasy “türkmen döwletiniň ýele ýanyndan hem geçmez”.
Şu ýerde, şeýle beýik pikiriň wagşyýana, erkin hem-de hiç haçan, hiç kime özüni boýun egdirtmejek sähraýy türkmen halkynyň bir bitewi, sarsmaz döwleti- beýik Türkmen binasyny gurmagy baradaky adam aňyna, parasadyna gelmejek pikiriň tutuş gündogarda ilkinji sapar, özem beýik türkmen akyldary tarapyndan öňe sürülendigini aýtmak ýakymlydyr. Şeýle pikiriň, Magtymgulynyň akyldarlyk çeşmesi hasaplanylýan gündogaryň Mäne babadan tä Döwletmämmet Azada çenli,şol sanda Nyzamy Genjewi, Abdyrahman Jamy, Omar Haýýam,Alyşir Nowaýy ýaly beýik akyldar şahyrlaryň hem pikir-parasadyna gelmändigini ýene bir sapar nygtasymyz gelýär.
Beýik akyldar bir bitewi döwlet bolmak baradaky many-maňzyny öz şygyrlarynyň derejesinde goýmak bilen çäklenmändir. Ol her bir türkmeniň şol garaşsyz, erkin döwlet barada bitewi düşünjesiniň bolmagyny hem isläpdir. Munuň şeýledigini „Türkmeniň“ goşgusynyň mysalynda görüp geçeliň.
Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, mayasy,
Reňbe- reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.
Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ýkbaly türkmeniň.
Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz,
Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz,
Gözuň gaýra düşmez, köňül eglenmez,
Magtymguly sözlär tili türkmeniň.
Ine, şu ajaýyp goşguda reňbe- reň gül açan ýaşyl ýaýlasynda neri, mayasy çyrpynyşyp, beg, töre, aksakal ýurda adalatly serenjam berýän, tirerleri gardaş, uruglary ýar-dost, bir suprada aşy , nany taýýarlanýan gözel türlmen iliniň waspyny edýär. Ol şeýdip: „eý, türkmen halkym, sen birleşip, bir döwlet gursaň, döwletiň şeýle gözel, beýik mertebä eýe bolar“ diýmek isläpdir.
Elbet-de, Beýik akyldar şahyryň öz dürdäne şygyrýetinde külli türkmen halkyny bir bitewi döwlet bolmaga, agzybirlige çagyryp, ýöreden parasat – paýhasyna gysgajyk göz aýlanyňda, onuň baryp ençe asyr mundan öň „halkym, watanym, il-günüm„ diýip ot-elek bolup geçendigine haýranlar galýarsyň. Beýik yhlas, azaplar, zehiniň bilen, azaplaryň bilen çekilen zähmet hiç haçanam yrýa gitmeýär.
Beýik akyldaryň watan, il-gün baradaky beýik azaplary onuň parasat mekdebini geçenleriň ruhunda, zehininde taplanyp, şu günki türkmen halkynyň hem ýüreginde orun aldy. Beýik akyldar atamyzyň baryp Orta asyrlaryň jebri-jepaly zamanlarynda eden umytlary, çeken hasratlary, iýen gussalary gelip-gelip XX asyryň aýaklarynda hasyl boldy.
Türkmen halkynyň söwer ogly Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti türkmen halkynyna bitewi, el-dil degrilmesiz döwlet hökmünde Garaşsyzlygyny alyp berdi. Bu halkyň, onuň bu Garaşsyz döwletiniň mertebesini dünýä derejesine belende galdyrdy.
Bu gün Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň azat, erkin, bagtyýar halky, özüniň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watany Altyn asyrynyň eşretli eýýamynda ýaşaýar.Onuň ýaşyl baýdagy dünýäniň depesinde erkana pasyrdaýar.
Bu bagtly, eşretli zamanda ýaşaýan her bir türkmen raýatynyň kalbynda, umydynda baryp-ha geçmişiň zulmatly eýýamlarynda halkym bir bitewi, eşreti, höziri egsilmejek döwletde ýaşasyn diýip jan çeken Magtymguly Pyraga tükeniksiz alkyş, buýsançly minnetdarlygymyz, hiç haçan ýeňilmejek tugmyz deýin, baky parlap durar.
Öwezdurdy NEPESOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
Magtymgulyny öwreniş