18:44 Bükgüldi / pozitiw hekaýa | |
BÜKGÜLDI
Hekaýalar
…Gelniniň irden işe gaýtjak bolanda diýen gümürtik gürrüňi Seýranyň kalbyna ünji bolup siňdi. Hemişe işe gelende ol çyny bilen, gyzygyp işleýärdi. Emma bu gün hiç eli işe barmady. Göwünli-göwünsiz dümtünen bolup ýörşüne gelniniň sözlerini aňynda aýlady ýördi. “Beh, näme diýjek bolduka? Ýüzi aladaly däldi. Öýdäkiler bilen hiç hili düşünişmezlik ýok. Özleri äbe-de-jüýje. Ýa atasy öýünde bir näsazlyk bolaýdymyka? Äý ýok-la. Öýlerinde bir zat bolan bolsa şol wagt aýdardy. Derwezeden çykanlaryndan soň: “Seýran, men saňa agşam işden geleniňden soňra bir zat aýtjak.” diýende ýaňaklary çym-gyzyl bolup gyzardy. “Näme diýjek, bol aýt!” diýip gyssaýança Anna ulagy bilen gelip: “Ýör, işe!” diýdi. Sorap bilmänem gaýtdy. Indem biynjalyk bolup ýör. Şu bar-a adamyň böwründe ünji döremesin! Ýöne sary-sadylla bolup ýörmeli…Wagtam bahar başynda gyş ukusyndan oýanan garynja dek zordan ýöreýär.” Seýran demri ýençýän çekijini gapdalyna goýdy-da, sagadyna seretdi. “Ýaňy on bolupdyr. Ýene-de ýedi sagat bar! Owf! Ýeri name diýjek bolduka? Utanar ýaly nämekä?” Seýran çekijini aldy-da, hyruç bilen urdy. -Wäk-eý! Eli çekijiň astynda galan Seýranyň gözünden ot çykdy. Çekiji taşlady-da, elini gysymlap, iki büküldi. Şeýdibem esli oturdy. Lorsuldap syzlaýan eliniň agyrysy soňam uzakly gün köşeşmedi. Böwrüne diň salyp ýörenindenmi nämemi günüň dowamynda soňam birnäçe gezek sebäp ýok ýerinden büdräp-südenekläp, endamyny gök-ala etdi. Zordan günüň ahyryna ýetende bolsa takatsyzlygy, ünjüsi hem ýetjek derejesine ýetdi. “Häzir öýe baraýyn. Onsoň oňatja edip duzlaryn. Ýeri bir zat aýtjak bolsaň şol bada iki agyz söz bilen aýdyp bilmeýärsiňmi diýsene? Gaýa ýok gopuz ýok ýerinden göwnümi galagoplukdan dolduryp goýberdi.” diýip Seýran kärhananyň derwezesinden çykyp barşyna gelnine içinden gaýybana käýindi. Ol kärhananyň işgärlerini gatnadýan awtobusyna garaşmaga-da takaty ýetmän öýlerine çenli ulag saklamak maksady bilen uly ýola ýöneldi. Emma on-on bäş ädim ädip-ätmänkä onuň deňesinde kärdeşi Sahynyň sary “žigulisi” sojap saklandy. - Seýran, ýör-how, öýňüze oklaýyn! Menem şol tarapa gitjek - diýip Sahy ulagyň gapysyny açdy. - Şüýä bolaýdy. Men şu gün howlukmaçrakdym hem. Seýran ulagyň öňki kürsüsinde ornaşdy. Olar ugradylar. Seýranyň kalbyny ýeňillik gaplap aldy. “Ind-ä az galdy. Az salymdan name aýtjak bolandygyny bilerin.” diýip ol pikir öwürdi. Emma name üçindir Sahy ulagyň başyny düýbünden ters tarapa burdy. Seýran kärdeşine soragly garady. Sahy onuň garaýşyna aň salman, özbaşyna gepläp goýberdi. - Ilki bir bazardan öýe çörek, gök-sök alaly-la. Soň gidibereris. Seýranyň gulagynyň ýeňsesi gyzyp gitdi. “Ýeri, münmänkäm aýtman näme işlediň?” Ol gaharly oýlansa-da daşyndan kelam agyz geplemedi. Umytsyzlyk bilen yzyna gaňrylanda bolsa kärhananyň awtobusynyň ýola rowana bolandygyny gördi. “Şoňa münen bolsam oňat bolardy.” Seýran tukat oýlandy-da daşlaşyp barýan awtobusy gözleri bilen ugratdy. Onuň özüne içi ýandy. “Ýöne ýere aýtmandyrlar. “Ajygan ölmez alňasan öler”…Ýa henizem giç däl. Meni düşür-äý, diýäýsemmikäm?!” Bu pikirine Seýranyň içi ýangynlylygy hasam öjükdi. Bolup oturşym nähili-äý? Ejesine howlugýan çaga ýaly-la! Uzak gün çydadym. Ýene-de ýarym sagat garaşmaga döz gelerin. Seýran az-owlak köşeşdi. Ýa-da özüne basalyk berip, köşeşensiredi. Olar bazara bardylar. Sahy: - Seýran jan, sen bazarlyk işiň bolmasa ulagda oturyber, işigini gulplajak hem däl. Derrew gelerin. –diýdi-de sebedini alyp ötägitdi. Emma onuň çydamlylygy uzaga çekmedi. Ulagyň öňünden geçip giden ýaş gelne gözi kaklyşan dessine öz gelni ýadyna düşdi. Bada-badam derdi gozgady. Içini it ýyrtyp başlady. “Ýeri name diýjek bolduka? Ýa aýtmaga heder eder ýaly düzedip bolmajak erbet zada uçraýdymyka?!” Seýranyň ini sowap gitdi. Göwnüne aralaşan şum pikir gelniniň irdenki hereketlerini tüm-garaňky röwüşde janlandyryp başlady. Ol öz-özünden dowul tapyp, beleň alyp barýardy. Birdenem ol öz howsalasynyň esassyzdygyna düşünip utanyp gitdi. “Daş edewersin! Ýersiz-ýere ot-elek boluberdim-le! Hudaý jan, köňül rahatlygyny berewersin! Şu bar-a alty-ýedi ýyllap söýüp, arzuw edip, ölüp ýetip öýlenseň şeýle bolýar ekeni. Sähel bir zat bolsa eliňden gidip barýana dönäýýärsiň. Äý, hawa-da, onsuz ýaşan günleriň, aýlaryň, onsuz geçiren gijeleriň hasratly ýalňyzlygy entegem göz öňüňden gidenok ahyry. Üstesine-de “heleýguly” diýdirmezlik üçin, ökjeasty bolmazlyk üçin bu zatlaryň ählisini ildenem, ondanam, hatda özüňdenem gizläp gezmeli bolsa… ýeri, näme Sahy çöregi bazarda özi bişirýärmikä?” Ol bazaryň derwezesine tiňkesini dikdi. “Ýa düşüp gididbersemmikäm?” Seýran germewiň gapdalynda duran kireý ulagyna gussa bilen seretdi. Ýeke pursat seredip durup hem: “Birhili bolar-la!” diýip niýetinden dändi. Onýança ýylgyrjaklap Sahy geldi. - Garaşdyraýdymmy? Öte gyssanmaç dälsiň-le?-diýip ol sebedini yzky oturgyçda goýdy. Seýran ot bolup ýansa-da “ýok-la” diýip burnuna siňdirip hümürdemegiň hötdesinden geldi. Olar ýola düşdüler. Emma uly ýola çykan badyna Sahynyň ulagy birhili bulanyp gitdi-de, gulaga ýakymsyz “paşşyldy” eşidildi. - Tekeri ýaryldy öýdýän, içigary galmyş! Haçandan bäri täzelemeli diýip ýördüm welin, ahbetin bellisini etdi-ow! Sahy hüňürdedi-de, ulagy gyra sowup, togtatdy. Seýran gaharlanmaga-da ýaramady. Sessiz-üýnsüz düşdi-de, ätiýaçlyk tekerini, açar-esbaplaryny çykaryşdyryp duran Saha: - Sahy, men ýola çykaýyn. Tizräk öýe barmasam howlukmaç işim bardy.-diýdi. Soňam göwünli-göwünsiz, kiçi dilden bärde üstüni ýetirdi:-Ýa meniň kömegim gerekmi?! Mydama keýpi kök Sahy tekeri çalşyp durşuna: - Kömegiň-ä derkar däl-le welin, Seýran jan, ýöne howlukma! Häzir gözüňi bir gezek açyp, ýarym gezegem ýumýançaň dakyp dynýan. Onsoň bile gideris.-diýip jogap gaýtardy. Soňra garagolluk bilen gözüni gypdy: - Ýa näme, ýaş gelniňi göresiň gelip, ýürejigiň üzülip barýarmy? Seýranyň syry äleme jar edilip barýana döndi. Ol ogurlykda tutulan dek gyzardy: - Ýok-la,… Bile gidäýeris. Ýöne işim bardy-da… Seýran myňňyldady. - Häý, diýseňem-ä!-diýip daşyndan hyrsyz görünse-de, çaga göwünli gara döw ýaly daýaw pyýada köpmanyly ýylgyrdy:- Hiç-le inim, birmahal şeýledik. Şu gelnejeňi dagy “kyrkgünlük gaýtarma” diýip alyp gidendirler welin, hepde dolmanka gaýynlaryň özjükleri: “Alaweriň-eý halalyňyzy! Özüňize nesip edewersin-eý! Gije-girimde bir ine-gana rahat ýataweräli!” diýip getirip gidendirler…Ýataklaryndan mallaryny boşadyp, penjireleriniň aýnasyny goparyp çuwal gyz saklamagyň hem-de özlemmiz ýaly giýewli bolmagyň ähli “hezilligini” görkezendirin… Sahy loh-loh gülüp durşuna tekeri dakyp boldy-da, senetlerini ýygnamaga durdy. Dem salymdan olar ýene-de ýola düşdüler. Hiç-hili başdan geçirmesiz hem Sahy Seýrany mellekleriniň gädiginde düşürip gaýtdy. Seýran ardynjyrap gapylarynyň agzyna barandan gelni Nurjemal atylyp öýden çykdy. Sebedini elinden aldy: - Geldiňmi? Gelnini göreninden Seýranyň ähli gahary dyr-pytrak boldy. “Ind-ä anygyna ýeterin-dä!” diýip ol uludan demini aldy. - Hawa, geldim. “Irden näme diýjek bolduň?”diýip ol soramaga çemeleşdi. Emma zordan dilini dişläp ýetişdi. “Häzir ýuwnup-ardynaryn, onsoň arkaýynlykda, öýde soraýaryn.” diýen niýet bilenem köwşüni çykardy-da, gelnine ýüzlendi: - Şol sütükli desmaly alsana. Ýuwnaýyn. Ejem-kakam ýokmy? - Ýok. Jigileriňi alyp günortanky toýa gidişleri. Häzir gelerler.-diýip gelni öýe girip barşyna jogap gaýtardy. Seýran bolsa hammama garşy ýöneldi. Hammama gireni hem şoldy welin, daşardan tanyş ses geldi. - Salawmaleýkim, gelneje! Seýran işden geldimi? - Hawa. Seýran sesi tanady. “Nazar geldi öýdýän.” diýip daşaryk çykdy. Dosty Nazaryň ýeke özi däldi. Ýanynda haçandan bäri görüşmedik dostlary Şöhrat bilen Geldi hem bardy. -O-how, oglanlar, sizmisiňiz?! Seýran olar gadyrly görüşdi. Hal-ahwal soraşanlaryndan soňra Seýran dostlaryny öýe çagyrdy. Olaryň yzy bilen girip barşyna aňynda dörän: “Ýene-de anygyna ýetip bolmady-how! Ýetip gelen dessine soraý-da diýsene?!” diýen ahmyrdan doly tukat pikiri kalbynyň iň çet jümmüşine kowdy. Ähli üntüşigini bolsa dostlarynda jemledi. Dost söhbeti hemmä belli. Seýranyň myhmanlary gürrüňe gyzygyp ýarygijä çenli oturdylar. Çagalyk hemdemleri bilen ümmüldeşip oturşyna Seýran hem bükgüldisini unutdy. Diňe dostlaryny ugradyp öýlerine dolananda irdenki gürrüň huşuna geldi. Uzak günki galagopluk onuň köňlünde ýaňadan örç alyp galdy. - Owf! Şu gün meniňki boljak däl öýdýän! Indi bir anygyna ýetsem. Uzakly gün ýöne içime bir gysym köz guýlan ýaly boldy ýördüm. Seýran pikirini daşyndan pyşyrdady-da, içerik girdi. Kakasy, jigileri uka gidipdiler. Ejesi bolsa gülçyranyň ýagtysyna nämedir bir zada dümtünýärdi. - Oglum, myhmanlaryňy ugratdyňmy? - Ugratdym, eje. - Indi beri ýataweri. Ertirem azanda turup işe gitmelisiň. -Bolýar, eje. Seýran öz otaglaryna geçdi. Gelni oňa garaşyp otyrdy. Seýran “indi beri biri päsgel beräýmesin.” diýip howatyr edýän deýin, gire-girmäne gelnine: - Irden näme diýjek bolduň-a? Uzakly günümi sermi-sal bolup geçdim.-diýdi. Gelni ýaňaklaryny nar öwüsdirip, hälden bäri bu sowala garaşyp, taýýar oturan ýaly sülmüräp pyşyrdady: - Men bar-a… - Hawa sen?!-diýip içi byjyklap, sabyr-kanagaty galmadyk Seýran gatyrganjak boldy. - Men bar-a… Gelin ýene-de sakyndy. Şol pille-de daşardan ejesiniň howsalaly sesi geldi. - Seýran jan, çykaweri daşaryk! Seýranyň ýeňse damary gatady. “Bilgeşleýin edilýän ýaly-la, bu zatlar! Şu gezeg-ä dünýäni sil alsa-da magadyna ýetmän çykmaryn.” - Aýt-how, bahymrak!-diýip Seýran gelnini gyssady. Emma gelni dil ýarmaga ýetişmänkä ejesiniň gykylygy has howsalaly çykdy. - Ýetişeweri, oglum! Bu şahy döwülmiş öküzçe gazygyndan boşanypdyr ahyry. Ýetişeweri, süsüp-süsüp tamdyry ýumrup barýar-la, bu boşaman geçmiş!…Wa-eý! Kerseni nirä alyp barýarsyň! Goý kerseni, burnuna burunnyk salynmyş! Kerseni kellesine geýdi-le, ýetiş ahyry, Seýran jan! Seýran owfuldady-da daşaryk ylgady. Ylgap baryp göläniň şahyndan ýapyşmaga synanyşdy. Emma göle oňa baş bermedi. Kellesini bir silkende elinden sypdy-da, guýrugyny jaýtardyp ümdüzüne tutdurdy. Seýranam etek alty ýeň ýedi bolup onuň yzyndan eňdi. Garaz boldy bir elpe-şelpelik. Beýle erkinlik dünýä ineli bäri miýesser etmedik göle jyrtlap ýörşüne, tutdurman, buduna süsdümi, aýagyndan basdymy, garaz haý, azar ýamanyny berdi. Seýran ahbetin awunyp-çürkenip göläni zordan tutdy. Ony ýatagyna eltip daňanyndan soň Seýran hammama girdi-de ýuwundy. Üsti-başyny kakyşdyrdy. Hum ýaly çişibem gelniniň ýanyna bardy. Gelnine ýüzlenende-de sesi gaharly çykdy: - Ýeri, irden näme aýtmakçydyň?! Gelni onuň çişip ýarylmaga taýyn bolup durandygyny syzyp, jogap bermäge howlukdy. - Seýran, men… Meniň aýagym agyr. Gelniniň uýaljaň pyşyrdysynyň manysy birbada Seýranyň aňyna ýetmedi. Haçan-da aýdylan täzelige düşünende bolsa göwnüni gabsap alan şatlyk duýgusy ony ýekedaban bilen urlan ýaly etdi. Ol aşak çökdi-de gelniniň ýüzüni aýalarynyň arasyna gysdy. Ýokaryk galdyryp, göreçlerine dikanlady: - Şeýlemi?! Gelni sesini çykarman baş atdy. Gelniň şu ýekeje hereketi hem uzak günki kösenjini Seýranyň huşundan sypba-sypyrdy. Ol: - Alla ýol berse oglumyz bolar - diýip pyşyrdady-da, gelniniň dyzyna ýassandy. “Edebiýat we sungat” gazeti, 25.03.2006 ý. | |
|
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |