DEGIŞME ÄHEŇDE ÝAZYLAN GOŞGY
Topragyňy söýmek,
Il – güni söýmek,
Ozaldan kadadyr, ýok muňa şekim.
Ýöne il ýüzüne alkyş aýtman,
Ýürekden söýmäge borçludyr her kim.
Oba hakda,
Il – gün hakda goşgy okap,
Sesiň goşubermek iliň heňine.
Bu obaň hakdaky aýdymyň däl-de,
Goşuljak bolmakdyr iliň heňine.
Käbirine ýoň bolupdyr şeýle zat,
Görüň, şahyrlaryň edähedini.
Ömründe bir gezek barman iline,
Soňky gün ýolladýar öz jesedini.
Okasaň goşgyny nebsiň agyrýar,
Teni il – gününiň tenindemişin.
Ýüregi iliniň töründemişin,
Söýgüsi daglaryň deňindemişin.
Ýöne onuň asla wagty ýokmuşyn,
Görmäge tomsuny,
Aňzakly gyşyn.
Lirik gahrymandan gaty görmäň siz,
Dünýäň aladasy başyndamyşyn.
Hemişe ýürekde besleýän zady
Obasyndan bir kiçijik paý almak.
Bar arzuwy –
Şygra salan arzuwy:
Ölen güni şol toprakda jaýlanmak.
Lirik gahrymanlar,
Bu niçik ahwal?
Il – gün söýülermi şeýle gylykly?
Diňe soňky günde baryp süýnmäge
Oba siziň üçin gonamçylykmy?!
Begmyrat USSAÝEW.
Goşgular