01:05 Dogan didary | |
DOGAN DIDARY
Aýdym-saz sungaty
Meniň Sary bagşy baradaky powesti ýazmagyma, bu sözüň doly manysyndaky biçäre aýal bilen tanyşmagyma bir ýagdaý sebäp boldy. Bir gün bile işleşýän ýoldaşlarymyň biri ýanyma geldi. Oňa Nyýazberdi Rejebow diýýärler. Ol adaty sypaýyçylygy bilen ýanymda ep-esli oturdy. Ol hemişeler hem ýanyma gelip, gümür-ýamyr eder giderdi. Emma bu sapar ol hoşlaşmazyndan ozal az-kem sägindi. – Walla, bir ýagdaý bar welin, nähili düşündirjegimem bilemok – diýdi. Soň, meniň ýüzümdäki arkaýynlygamy, ýa-da aňyrdan has uzur ötünç bilen edilýän haýyşa ahyr soňy jogap bermeli pursatyň, geleninemi, birneme aýgytlylyk etdi. Aslynda-da, adamçylykda-da şeýle bir ýagdaý bolýar. Bir ýumşy boýun alýaň, soň görseň, ol ýumuş däl-de, Giden bir agyr görgi bolup boýnuňdan, egniňden asylyp başlaýar. Özüň ugur-utgaňy ýitirip başlaýaň, emma ýumuş buýran adam hem seniň beren ýumşak sözüň yzyndan kowalap başlaýar. Käte ol seni şeýle bir öwrümlerde gabaýar, asyl, girmäge deşik tapmasaň nädersiň. Ahyr soňy «ölsem-öleýin-le» diýip, ugruna çykyp başlaýarsyň... Ine, Nyýazberdi mugallym hem şeýle ýagdaý duşdymyka diýýän, bolsa-da, niýetin-ä aýtdy. – Meniň bir daýzam bar. Ol Sary bagşynyň ýekeje gyzy. Garrapdyr, gözem görenok, görgüliniň. «Kakam barada hiç zat ýazylanok. Oglanlardan haýyş et, gazete bir makala ýazyp bersinler. Iliň ady çykyp dur, ol görgülini ýatlaýan ýok...» diýip şol zeýrenip ýör. Menem seniň barlygyň ýadyma düşüp, boýun alaýmanmy. Indem, görgüli, zol jaň edip dur-da – diýdi. Ýazyjy halky hem birtöwra halk bolýar. Duýgusynyň badyna bir zat aýdyp goýberýär. Menem, şolardan bolanym üçinmi, «bolar, göreli...» diýäýmenmi... Onsoň, meniňkem öňde biriniňki ýaly boldy. Ozal zamanda bir kişi at alarman bolupdyr. Bazara baryp, bir gowy aty tutupdyr, diýlen ýerine-de alypdyr. Şonda atyň öňki eýesi: «Ine, indi biziň çyragymyz öçdi, siziň çyragyňyz bolsa ýandy» diýenmiş. Atyň täze eýesi bu söze «At aldyň, döwletli, abraýly bolduň...» diýen manyda düşünipdir. Aty öňüne getirip, ile-güne guwanç bilen görkezipdir. Agşam garakky düşüpdir welin, at hiç duranokmyş. Ýöne ýer depip, kişňäp durmyş. At eýesi eli çyraly atyny görmäge çykýarammyş, at ýuwaşaýarmyş. Öýe girse-de, şol öňki günmiş. Soň görlüp oturylsa, at garaňky ýerde durmaýan eken. Onuň üçin hökman çyra ýakmaly eken. Işdeş ýoldaşymyňkam şeýleräk boldy. Ol öz habaryny aýdyp dyndy, azara galan men boldum... Sary bagşy!.. Sary bagşy! Men ol barada nireden maglumat tapaýyn, nädip makala ýazaýyn?! Ine, bir günem Sary bagşynyň körpe gyzy Annagüli meniň ýanyma alyp geldiler. Annagül gözleri görmeden galan, hor, diňe dil hem biçäre bolup galan ýaşuly zenandy. *** Sary bagşy 1934-nji ýylyň martynyň başynda wepat bolanda onuň yzynda aýaly ejelik (Ogulsähet) galypdy. Sary bagşy bilen Ogulsähetden Oraz, Jahan, Gerek, Nury, Annagül dünýä inipdi. Annagül olaryň iň körpesidi. Nägehan uruş turanda Annagül on bir ýaşyndady. Ony kakasynyň, doganlarynyň, körpesi diýip, sazçyly mekdebine, skripka klasyna beripdiler. Annagül mekdepde gowy okaýardy. Skripkada ajaýyp sazlary çalýardy. Şonuň üçin, Sary bagşynyň gyzy gyzy bolany üçin däl-de, skripka saz guralynda sazy gowy çalyp bilýän ilkinji türkmen gyzlarynyň biri bolany üçin ony şol döwürdäki «Sowet Türkmenistany» kinožurnalyna alyp, tutuş respublika görkezipdirler. Bu kinožurnaly 1941-nji ýylyň frontlarynda söweşip ýören türkmen ýigitleri hem görüp, bu eýjejik türkmen gyzynyň «Doganym, sag-aman gel!» diýip, çepiksije barmaklary bilen skripka çalşyna buýsanypdylar. Şolaryň birem Sary bagşynyň inisi Gutlymyratdy. Ol şonda ýaradar bolup gospitalda ýatyrdy. Agşam bu žurnaldan öz jigisini görüp, sagalan ýaly bolup begenipdi. Ýaşajyk gyzjagazyň mekdepden gijä galyp gelmegi Ejelik ejäni howsala saldy. – Gyzym, gaty eglendiň-le. Men-ä gaýgy edip başladym – diýip, ýüzi gussa garylan gyzyna garap, Ejelik eje howsala bilen sorady. Annagül içi kitap-depderli bukjasyny öňki ýerinde goýdy-da, ejesini gujaklap hamsykdy. – Näme boldy, näme boldy! – diýip, Ejelik eje gorky bilen sorady. – Nury jan! – diýip, Annagül kemiş-kemiş etdi. Ejelik ejäniň ýüregi gursagyndan üzülip, aýaklarynyň aşagyna gaçan ýaly boldy. – Näme, näme, Nury jana bir zat bolupmy, näme? Diýýäniň näme... Annagül başyny ýaýkady. – Nury jany göresim gelip, ýüregim üzülip barýar eje! Ejelik eje iki eli bilen ýüzüni tutdy-da, silkinip-silkinip aglady. – Eziz balam, sen nirelerde, körpe gyzym... Şonda Annagül Nury janyň ýoklugynyň ejesine-de ýeňil düşmeýändigini çaga duýgurlygy bilen aňdy. Soň dula geçip bir gysym bolup oturdy. Bu gün bir ýagdaý bolupdy. Okuw gutarmanka çagalary Köşüdäki harby gospitala konsert bermäge alyp gaýdypdylar. Çagalar aýdym aýtdylar, saz çaldylar. Şonda Annagül uzak frontdan bu ýere alyp gaýdylan ýaraly esgerleri görüp, sazdan, aýdymdan elli bizar bolupdy. Onuň göz öňüne agasy Nury gelipdi. «Eger şu adamlar frontdan gelen bolsalar, onda meniň doganymy hem görendirler. Olar Nury jandan habar bilýändirler. Men şulardan soraýyn, Nury jany...» Ol skripkada bir rus sazyny çaldy. Ýaraly esgerler ýylgyrşyp el çarpdylar. Soň konsert tamam boldy. Okuwçylar öýli-öýlerine gaýtdylar. Emma Annagül gaýtmady. Ol bagyň aşagynda çilim çekişip duran esgerleriň ýanyna bardy. – Daýy, siz frontda bolan bolsaňyz, meniň doganymy gören-ä dälsiňiz? – Ady Nury, kakasynyň ady Sary. Saryýew, gyjakçy... Esgerler başlaryny atdylar. Kimdir biri: – Nirede söweşdi! – diýip, sorady. – Moskwada, Moskwa okuwa gitdi. Şondan hem söweşe aldylar, görmediňizmi? Esgerleriň ekabyrragy bu keltejik boýly, garamyk ýaly garaja gözli, gulpaklary tasap duranja gyza garap, has ygtybarly sözledi. – Soraber belki bilýän bardyr... Bu söz Annagüli has galkyndyrdy. Ol gospitalyň penjirelerinden baryp, arassa rus dilinde: – Daýy, meniň doganym Nury jany görmediňizmi, frontda! – diýip, özelenipsorady ýördi. Ejelik eje gyzynyň halyna düşünýärdi. Onuň öz ene ýüregi hem balasyny küýsäp, gyýym-gyýymdy. Ýöne, ene neýlesin... Şol günleriň birinde Moskwadan, Nurynyň özünden hut Annagülüň özüne hat geläýdi. «Eziz doganym, Annagül, gaýgy etme, nesip bolsa basym ýeňiş bilen dolanyp bararyn. Görüşýänçäk, sag boluň. Salam bilen Nury Saryýew». Bu hat dogan didarynyň zaryny çekip ýören gyzjagazyň ýürek ýarasyna melhem bolsa-da, hat gelmesi kesilenden soň ol ýaranyň sorkuldysy öňküniň-soňkynyň çeni bolmandy. Annagül gijesi-gündizi ýok, doganynyň zary bilen ýatyp, şonuň zary bilen turýardy. Ol Nuryny ýekeje minut hem undup bilmeýärdi. Günler, aýlar, ýyllar bolsa, kerwen gurap geçip gidip otyrdy. Eziz dogan Nury jandan bolsa habar ýokdy. – Eziz doganym, arka dagym, Nury jan! Sen näme üçin geleňok! Hiç bolmanda hat bir ýaz ahyryn naçar doganyňa, mähribanym!... Uruş ýeňiş bilen tamam boldy. Nury jan welin ýokdy. Ol ähli derdini körpe jigisi Annagüle berip, hasrat dünýäsiniň aňyrsynda bir ýerlerde galypdy. Ol öriň adam, ony bilýänem ýokdy. Ejelik eje Annagüli öz garyndaşlaryňda bolan Orazmämmet Esenowa Durmuşa çykardy. Orazmämmet häsiýeti boýunça-da, ahlagy boýunça-da, adamkärçiligi boýunça-da juda mährem, mert adam bolup çykdy. Ýetimçiligiň nämedigini çagalygyndan bilýän ýigit Annagülüň hasratlaryna düşünýärdi. Onuň dogan baradaky hasratyny, derdini paýlaşýardy. Annagüle göwünlik berýärdi. Emma Annagül köşeşenokdy. Onuň göwnüne eziz dogany Nury jan eline gyjagyny alyp, ýylgyryp bir ýerlerden çykaýjak ýalydy. Ol şol agtaryp ýördi. Görgüsi ýaman Ejelik eje bolsa indi Annagülden gorkup başlapdy. – Balam, beýle ýüregiňe alma derdi. Enşalla, Nury jan geler. Sen özüňi kän horlama. Doganyň gelende begenmäge-de ýaramarsyň, beýdip hasrata batyp ýörseň... Emma Nury jan gelenokdy. Annagülüň ogly boldy. Onuň adyna «Nury jan gelsin, toý-baýram bolsun» diýip, Baýram dakdy. Şeýle günleriň birinde ony öz ýanyna çagyrdy. Annagül Baýramy bagryna basyp ejesine salama bardy. – Gyzym – diýip, bir gysym bolup oturan ene ýuwaşja seslendi. – Nury jan gelmedi!.. – Ene hasratyna çydap bilmän silkinip-silkinip aglady. Ol bu enäniň dünýäniň ýüzünde iň eziz didaryny ýitirenini ilkinji we iň soňky sapar boýun almasydy. Munuň özi ene mertligini hem-de ene naçarlygynyň iň belent derejesidi. Bu hasraty ýumruk ýaly zenanyň çekip oturşyna haýran galaýmalydy. Çünki, Allatagalanyň salan dertleriniň içinde iň ýowuz bolan bu derdi daglaryň, daşlaryň boýnuna atsaň, olar lerzan-lerzan bolup galjakdy. Ene köşeşenokdy. Ol az-kem demini dürsedi. – Sen Nury jan diýip özelenip ýörsüň. Menden indi saňa rugsat. Git, eziz balamyň diri didaryny gözleý-gözleý, zarlaý-zarlaý tapmadyň. Onuň mazaryny bir tap!.. Bu balasynyň, onda-da adam ymmatyna meňzemeýän, doglanda üýtgeşik akyldar bolup doglan, baryp ýedi ýaşynda öz akyldarlygyny tutuş türkmene tanadan üýtgeşik balanyň ýalançyda ýol ýoklugyny mertlik bilen boýun alan enäniň iň soňky sargydydy. Sebäbi, ene şony duýupdy. Onuň özem indi dünýäde ýokdy. Sebäbi, şol gije Aşgabady lerzan edip ýer titräpdi. Naçar ene bolsa özüniň balasy baradaky zary, hasraty, derdi bilen ýeriň aşagynda galypdy. Sary bagşy ölmezinden sähel salym öň, Bamyda ýarawsyz ýatyrka bir agyr düýş görüpdi... Ol asmanda uçup ýörmüş. Aşak seretse, onuň gowy görýän bürgüt guşy ganatlaryny ýaýyp gelýärmiş. Ol heniz çaga guş bolsa-da, şeýle belent uçýan, özüni alyslardan idäp gelen bürgüdini görüp begenýär. «Alla janlarym, elguşum ýaman uzaklara gidipdir-le. Pürli dagy näme üçin ony saklamadylarka?» diýip oýlanýarmyşyn. Şol pursadam algyr laçynyň ganatlarynyň peri pytrap gidýärmişin. Sary bagşy elguşyna bakan uçup başlaýar. Şonda ol aşak garasa, ýerden asmana şeýle bir gülle ýagrarmyşyn,heý goýaý. Şol gülleleriň telimsi onuň özüni-de asmandan gaýdyryp goýberýärmişin. Ol şol gelşine, tisginip oýanýar... Ol bu düýşi ilki hiç kime aýtmaýar. Sok aýaly Ejelige birhilije, ugruny tapyp gürrüň berýär. Soňam: – Nury jan ýaşdyr, ony abadan çykarmaň! – diýýär. Sary bagşy tä ölýänçä Alladan bir-ä abraý diläpdi. Ol öljek bolanda-da Nury jana seredip: «Öz-ä, Allam dilegimi kabul etdi. Balamyň ganatlarynyň gyrylanyny görmedim. Bu-da bir abraýly ölümdir» diýip oýlanypdy. Nury Sary öler ýaly däldi. Gaýta, onuň zehini aklyňy haýran edýärdi. Kakasy ölenden soň ol Sary bagşa bagyşlap «Kyblam, atam» diýen sazyny döredipdi. Soň onuň ady «Pioner» bolupdy. Halk körpeje balanyň näzik duýgulardan pürepürlenip duran edil agasy Pürli Sarynyň «Bagyşlanýary» bilen deň kabul edipdir. Sary bagşy dirikä oglanlaryna bir zady berk tabşyrypdy: «Saz düzen bolup, halkyň döreden beýik işlerine tyg çeken bolup ýörmek, ötenleriň ruhuna kast etmek bolar. Siz onuň ýaly işiň gyrasynda görünseňiz, beýlekiler beterini çykarar» Ol ýogalansoň, «öliniň wesýeti özi bilen gider» edilipdi. Agasy Pürlä seredip, Nurynyň özem üç-dört saz döredipdi. Köp wagt geçmänkä Nuryny Moskwa konserwatoriýasyna okuwa aldylar. Moskwa konserwatoriýasy dünýä saz sungatynyň uly merkezidi. Bu okuw jaýyna dünýäniň köp ýurtlaryndan, juda gadyr hem-de umyt, howsala bilentalyplar gelýärdi. Sebäbi bu okuw jaýynda diňe bir rus sazynyň medeniýetiniň gadymy, nusgawy, hem-de şu günki ajaýyp saz däpleri öwredilmän, ýewropany, Günbatar Ýewropanyň iň öňde baryjy, şeýle hem nusgawy saz äleminiň işikleri açylýardy. Talyplar bolsa öň hökman orta saz hünäri bolan «syrat köprüsi» ýaly barlaglardan, synaglardan geçen ýaşlardandy. Olar bu ýerde saz guralyna erk etmegi öwrenmäge däl-de, ussatlyk tejribe hem-de ganat-per ýaýmak üçin gelýärdiler. Nury Saryýewiň bu okuw jaýyna gelmegi bu ýerdejuda geň hem-de gudratly wulkanyň partlap atylmagy ýaly bir zat bolupdy. Äpet kellesini bir gapdala öwrüp, türkmen keşbi, tutuksy hem-de agras ýüzi bilen ýoldaşlarynyň ünsüni özüne çekdi, gara kömür goýlan ýaly gara, kirpikmen gözlerini näbelli äleme dikdip, sarsman oturşyna gyjagyň ýüzünde kemençäni syhaýan bu oglanjygy synlamak hem bir bagtdy. Emma onuň gyjagyndan çykýan «Torgaý guşlar» , «Saryýalar», «Goňurbaşlar», «Burnaşaklar», «At çapanlar» edil bir gaňşylawygyňy tütedip, ak jennetiň yllahy sallançagynda üwräp goýberýän ýalydy. – Bu bir gudrat. Ol, ol ruhyňy direldýär. Ol adamy başga bir keramata öwürýär – diýip, profesor Sibor gaýta-gaýta ýanjaýardy. Nury Saryýew saz çalanda konserwatoriýanyň tutuş ymaraty doňup galýardy. Haçan-da Nury sazyny goýup gözlerini açyp töweregine garanda, gözlerini ýaşardyp, hasrat bilen başlaryny ýaşardyp oturan mugallymlaryny, talyp ýoldaşlaryny, goja professorlary görýärdi-de, özünden, sazyndan utanyp başlaýardy. – Ol, ol Sary bagşynyň ogly! Ol beýik älemiň ogly, ol türkmeniň beýik genisi! – diýip, baryp ýigriminji ýyllaryň ahyrynda Bama gelip, Uspen halypa bilen Sary bagşynyň sazlaryny ýazyp aljak bolan professor Beýýaýew gygyranyny duýman galýardy. – Ýok, Nury janyň özünde bir gudrat bar. Ol sazy juda näzikden hudawy bir keramata öwürip bilýär. Munuň üçin başga, Hudaý bilen baglanyşykly bir keramat gerek. ol okuwyň, ussadyň, konserwatoriýanyň edil biljek işi däl – diýip, professorlar öz aralarynda jedelleşýärdiler. – Ol geniý! Ol saz genisi! Men, men, bir zada begenýärin, biziň konserwatoriýamyz Diňe Nury Saryny okadyp, sag-aman durmuşa iberip bilse-de, şu asyrda öz öňünde goýan maksatnamasyny ýerine ýetirýär. Emma, gynanýan ýerim, geniler uzak ýaşamaýarlar. Ine, şol, maňa şol haýyp... Professor Siboryň bu pikirinden soň adamlar seslerini çykarmaýardylar. Sebäbi, bu pikir olaryň ählisiniň ýüreginde getirip ýören sözüdi. 1941-nji ýylyň 25-nji iýuny Moskwa konserwatoriýasy tarapyndan uly toý diýilip yglan edilipdi. Sebäbi konserwatoriýany tamamlaýan ýaşlaryň bir toparynyň hasabat konserti bardy. Şolaryň arasynda Nury Saryýew hem Şubertiň, Bethowiniň hem-de Pürli Saryýewiň sazlaryny çalmalydy. Bu hasabat konserti pullydy. Şeýle-de bolsa, biletler birwagt satylyp gutarylypdy. Emma şol hasabat konserti oňa umyt bilen garaşanlaryň ýetilmez umydy bolup galypdy. 1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda nemes faşistik Germaniýasynyň uryş yglan etmezden SSSR-iň üstüne çozmagy ýagşy umytlar bilen niýetlenen çäreleriň ählisini weýran edipdi. Indi adamlaryň ýadyna saz-da, okuw-da düşenokdy. Ähli adam, bar güýç bu dilsiz-agyzsyz ýowuz belanyň öňüni almaga gönükdirilýärdi. Moskwa konserwatoriýasynyň talyplary, professor-mugallymlary aljyraňňylyga düşüp ýördi. Çünki, duşmanyň gözem, ýaman pälem, bar güýjem Moskwa gönükdirilipdi. Ol ilki bilen Moskwany almakçydy. Şonuň üçin tutuş Moskwalylar özüniň mähriban şäheriniň goragyna çykypdy. Bu ýerde, şeýle gowgaly günde bir adam bir adamdy. Nury Saryýew sag-aman konserwatoriýany tamamlapdy. Ol indi Türkmenistana arkaýyn gaýdyp biljekdi. Emma konserwatoriýanyň professorlary ony bu okuw jaýynda mugallym edip alyp galmagy karar edipdiler. Basym konserwatoriýada okuwyň jemine garaýan alymlar geňeşi hem-de rektorat bolmalydy. Şonda Nury Saryýewiň meselesine hem serediljekdi. Ol şonuň üçin professor Siboryň maslahaty bilen birneme eglenipdi. Şol döwürde Moskwalylar, şol sanda konserwatoriýanyň talyplary, mugallymlary, professorlary topar-topar bolup Meýletinleriň hataryna ýazylýardylar. Olary görüp Nury hem durup bilmedi. Ol bäş ýyl duzuny iýip, gujagynda ýigitlik möwsümini geçiren bu ajaýyp şäherini, ýürek mährini emen mugallymlaryny, ajaýyp okuw jaýyny taşlap gidip bilmejegine düşünýärdi. Ýöne, yzynda ejesi, uýasy, agalary, mähriban halky galypdy. Olar oňa göz dikip garaşýardylar. Şonuň üçin öňünde keserip ýatan ýollaryň haýsy birinden gitjegini Nury entek bilenokdy. Ýene ol tötänden duşan obadaşlarynyň birini görüp, ondan Türkmenistanyň, Aşgabadyň ýagdaýyny soranda: – Tutuş Türkmenistanyň men diýen adamlary front ýolundadyr. Moskwa nähili bolsa, türkmenistan hem şonuň ýalydyr! – diýmesi, ony Moskwada galmaga belli-külli yrypdy. Ol öz mugallymlary bilen Moskwanyň Mekdepleriniň birinde jemlenen 105-nji meýletinler toparyna ýazylypdy. Bu topary geýindirip, Moskwanyň daşyna jar gazmaga iberipdiler. Nemes faşistleri indi Moskwa has golaý gelipdiler. Moskwalylar nemes tanklary ötüp bilmez ýaly çuň jarlar gazýardylar. Gijäniň bir wagty bolsa, şol jarlaryň içinde topar-topar bolup ýatýardylar. Bu ýerde gijesine ot ýakmaga rugsat bermeýärdiler. Gepleşmek gadagandy. Gije ses gaty uzaga gitýärdi. Emma Nury saz çalman oňup biljek däldi. Ol gijäniň ýarynda gyjagyny eline aldy. Soň ýuwaşjadan agasynyň «Bagyşlanýaryny» çalyp başlady. Aý dogupdy. Tokaýyň gyrasyna çöken ak bulutlar, misli ak guwlar ýaly bolup, aýa garşyn owsunýardy. Aýyň röwşenligi bolsa zeminden gelýän bu gudratly owazy intizarlyk bilen agtarýardy. Gaty ýakynjak ýerden awtomatlar tatyrdap atylýardy. Göge pürkülýän yşyklandyryjy raketalaryň yzy üzülenokdy. Komandir ylgap geldi. – Edýäniň näme! Bes et!.. Bu sese beýleki toparlar hem sürlenişip eňip geldiler. – Ýok, komandir, çalsyn! Sazyň näme zyýany bar!.. Komandir biçäre aýallaryň, ýadaw, gazaply esgerleriň islegine garşy gidip bilmedi. Ol «Çal-da, çalma-da» diýmedi-de, özem meýletinleriň arkasyna geçip, ýere çökdi. Nury Bethowiniň «Aý sonatasyny» çalyp başlady. Diňe bir oturanlar däl, tutuş dünýä, äpet aý doňup galdy. Indi awtomatlaryň galypdy. Günbatar ýewropanyň, gündogaryň owaz, mähribanlyk, duýgy ulgamlary bilen nagmalanan gyjak zarynlaýardy welin, edil bir bagryňy paralap barýardy. Adamlar häzir saz diňlemän, yllahy, hem-de näzik kerem bilen ýasalan sallançakda üwrelýän ýalydy. Olar urşam, bu günlerki jepaly azaplaram, gije çigreginem, açlygam undupdylar. Ýöne olaryň ählisini bir zat geň galdyrýardy. Tutuş älemi dolduryp duran bu kerematly owazy dünýä ýaýyp oturan kim! Ol munça gudratly owazy, munça näzikligi bir ýürege, bir kiçijik kädä nädip sygdyryp bildikä?! Munça keramat, munça owaz bu kiçijik barmaklaryň astynda aglaýan kirişlerden nädip çykyp bilýärkä!.. Aýallaryň biri aglady. Emma saz onuň derdini paýlaşýardy. Kimdir biri ah çekdi. Ýüregi ýaraly Moskwa Gijesi Gussaly pyşyrdady. Bu saz onuň derdine dermandy. Asmanyň Aýy bolsa ümürseň tokaýa bukulyp, pynhanlyk bilen gözlerini bulduradyp, aglap durdy. Ol bu mukama mundan artyk çydam edip bilmedi-de ellerini ýüzüne tutup, aňyrsyna öwrüldi... Saz tamam boldy. Ýaş gyzlar çekinmän, bägül gunçasy ýaly näzik dodaklaryny Nurynyň ýaňagyna basýardylar. Nury gyjagyny gabyna saldy. Soň bolsa ukusy bozulan gözlerini ýumup gyşardy. Emma ýatyp bilmedi. Ejesi, uýasy Annagül göz öňüne geldi. – Gelmediň-le, balam, gara gözüm, ýürek bagym, Nury jan. Ol ejesiniň sözüni eşitdi. Soň Annagüliň didaryny gördi. Aýyň ýagtysyna jübüsindäki kagyzyny, galamyny alyp, olara hat ýazdy... Ertesi Nury üçin ahyrzaman gün boldy. Asmandan ýagýan ajal bombalary ýeri tersine çöwürdi. Şol çuň garym olaryň barynyň mazary bolup galypdy... Moskwa bakan alakjap barýan nemes esgeri edil kömür ýaly gara gözlerinde Moskwa asmanyň mawy parçasy doňup galan ýaş ýigidiň sowap giden ellerinden, onuň gyjagyny sogrup aldy-da, ýoldaşlaryna bakan öz dilinde gygyryp ylgady... – Agşam çalnan keramatly skripkany tapdym-eý. * ** Annagül eziz doganynyň didaryny, ejesiniň sözüni, iň soňky sargydyny hiç undup bilmeýärdi. Durmuş, güzeran onuň elini baglap goýupdy. Ol bir gije düýşünde ejesini gördi. – Gyzym, sen ýaman arkaýyn-la. Nuryjandan näme habartutaňok! – diýip, gussaly soraýardy. Indi Ejelik ejäniň Aşgabadyň kesekleriniň astynda galanyna hem eýýäm ýigrimi ýyl dolupdy. Şu ýigrimi bir ýylda Nury jan gelse gelmelidi. Emma... – Eziz doganym, mazaryň nirede galdy, seniň – diýip, Annagül zarynlaýardy. Ýene özüniň hasratyny hiç kime aýdyp bilenokdy. Orazmämmet ýanýoldaşynyň gün-günden saralyp-solup barýandygyny nämä ýorjagyny bilenokdy. Ol ogly Baýramjygy gujagyna alyp oturşyna, ahyry dil ýardy. – Annagül, näme derdiň bar, sen, göwnüme bolmasa, gün-günden eräp barýarsyň-la. Bolmasa, lukmana görkezeli. Indi men maýor bolanym bäri, öz hassahanamyza hem görnüp bilýäs. Seniň bu bolşuň bolanok... – diýdi. Annagül gözýaşy duýdansyz seçelenip gitdi. – Nury jan, meniň derdim, Orazmämmet! Hiç undup bilemok. Ol hasrat içinde gözýaşyna boglup niýetini aýtdy. – Ejem pahyr ölmänkä nirede jaýlanyny bir bil – diýip, wesýet edip gitdi. Öý diýip, çaga diýip ugruna çykyp bilmedim. Indi, ejem pahyr düýşüme girip, «Hany, Nury jandan näme habar!» diýip soraýar. Bu hem derdimiň üstüne. Saňa aýdyp bilmän, çekinip gezdim... Orazmämmet ýanýoldaşyna düşündi. – Sen hiç zady gaýgy etme. Ýük görmeseň, Baýram janyal-da, Nury janyň okan konserwatoriýasyna git. Şol ýerde saňa ýoldaşam, maslahatçam tapylar. Beýdip, horlanyp ýörmek bolmaz. Annagülüň ýanýoldaşyndan göwni bitdi. Moskwa konserwatoriýasynyň ýolbaşçylary öz agasyny gözläp gelen bu naçara gözüniň üstünde orun berdi. Ony Moskwanyň eteginde, indi tutuş bir halkyň mazary bolup galan meýdanlara aýladylar. Şonda Annagül bir zada düşündi. Moskwa topragynyň tutuş özi mazarystanlyk bolup galypdy. Bu ýerden ýalňyz doganyň mazaryny agtarmak mümkin däldi. Bu topragyň astynda ýatanlaryň ählisi dogana öwrülipdi. Indi olaryň ganam, süňňem, ruham, umytlaram bitewidi. Olary biri-birlerinden aýyrmak mümkin däldi. Olaryň bary «Näbelli esger» bolup ýatyrdylar. Ol Kremliň golaýyndaky näbelli esgeriň guburynyň üstünde ýakylan baky oda gelip togap eden mahaly bir zady oňa gürrüň berdiler. – Ine, şu oduň astyndaky mazarda ýatan seniň doganyň bolmagy hem mümkin. Muny şol döwürde, Bütinsoýuz Radionyň Diktory Lewitan hem ýanjap-ýanjap aýdypdy. Ony Annagülüň özem eşdipdi. Belki... Sebäbi, bu ýowuz, deňsiz-taýsyz gahrymançylygy talap eden uruşda näbelli esgerleriň millionlarçasy ýeňipdi. Ine, şonuň üçin olaryň mazarynyň üstünde baky ot ýakylypdy. Bu naçaryň eziz dogan Nury Saryýew hem şolaryň biridi... Annagül Moskwa konserwatoriýasynda mermer daşlara ýazylan atlary okady. Olaryň –Watanyň namysy üçin meýletinlik bilen janyny gurban eden gerçekleriň arasynda öz doganynyň adyny okap, hem aglady hem buýsandy. – Wah, dogan, saňa derek men ölsem bolmaýarmy! – diýdi. Soňra ony Nury janyň okan, saz çalan, adyny äleme ýaýan otaglaryna, zallaryna aýladylar. Ine, Nury jany iň soňky gören diwarlar, işikler, otaglar. Annagül olaryň baryny elläp, sypalap, ogşap çykdy. Olardan öz eziz doganynyň elleriniň yzyny tapdy... – Seni bir adam soraýar! – diýip, oňa habar berdiler. Kemsiz gojalan, nurana ýüzli adam onuň öňünde başgabyny çykardy. – Siz Sary bagşynyň gyzymy? Annagül baş atdy. Ol goja Annagüle oturgyçda oturmagy ündedi. – Geçiň oturyň! Annagül bu adamy düýbünden tananokdy. Ýene kakasynyň adynyň tutulmagy onuň süňňüni gowşatdy. – Siz meniň kakamy nireden tanaýarsyňyz? Goja ýene-de ýerinden turup, başyny egdi. – Men, men Belýaýew. Bama. Kakaň sazlaryny ýazyp almak üçin Uspenskiý bilen barypdym. Kakaňam görüpdim. Sazynam diňläpdim... Annagül ýylgyrdy. Ol öz agasyna duşan ýaly boldy. – Dogry. Goja ýene ýerinde turdy. – Men sizi öz öýüme myhman çagyrýaryn. Size aýtmaly hem gowşurmaly zatlarym bar. Olar konserwatoriýanyň ýolbaşçylaryndan rugsat alyp, bu gojanyň öýüne gitdiler. – Sary bagşy ýaly beýik bagşy indi dünýä inermikä, men dünýäde köp bagşy diňledim. Köp ýurtda boldum. Sungat adamlaryny diňläp, olara düşündiriş ýazdym. Emma Sary bagşy üçin ylym ýok. Ol ylymdan, teoriýadan hem-de biziň bu galyplarymyzdan daşgary bagşydyr. Bu söz meniň sözüm däl. Bu Uspenskiniň sözüdir. Menem şoňa goşulýanam, ony juda dogry baha diýip bilýän. – Siz Nury jany gören dälsiňiz? Goja galkyp gitdi. – Heý, men ony görmenmi! Heý, men Sary bagşy üçin, onuň aýdymyny diňlemek üçin Türkmenistana, Bama giden halyma, şol beýik ussadyň jigerbendi öz ýanyma gelende, men ony görmenmi?! Men ony görmek däl, oňa buýsanyp gezdim. Ony öýe çagyrdym, telim gezek. Meniň ýanymdajyk, öýde boluber diýdim. Ol meniň öýüme köp gelerdi. Ol meniň oglumdy. Belki ondan hem ezizimdi. Arman, ol uzak ýaşamady. Ýene ol Türkmen topragynyň beýik sungat, parasat akyldarlaryny şindi-şindem dogrup biljekdigini görkezip gitdi. Ol gudratdy. Onuň ýaly beýik saz, sungat gudraty indi, näbileýin, haçan dörär... Ýaşuly tolgundy. Ol Annagülden ýüzini gizläp, başga otaga gitdi. Annagül onuň yzyndan baranda, bir zada haýran galdy. Gojanyň iş otagynda Sary bagşynyň gyr atyň üstünde buýsançly oturan ullakan suratyny gördi. Onuň aňyrsyndan bolsa Nury Sarynyň eli gyjakly ajaýyp suraty durdy. Otagda başga surat ýokdy. – Bular, ine, iki sany hiç bir galypa, çarçuwa sygmadyk har bolup ýeten geniý. Olar indi ýok. Olardan yzam, nyşan hem galmady, uýam. Ine, sen kimleriň çagasy, sen kimleriň uýasy. Men seniň dünýäde barlygyňa, şolaryň yzyny yzarlap, şolaryň ornuny saklap oturanyňa begenýärin. Men saňa has irden bäri garaşýardym. – Siz meni tanaýardyňyzmy? Goja professor äýnegini gözünden aýryp, jübüsinden elýaglygyny çykaryp, gözlerini süpürdi-de, başyny galdyrdy. – Ýok, men sizi tanamok. Ýöne Nury Sary ýaly älemiň yzyndan Sary bagşynyň kowmundan biri gelmese, günä bolardy. Professor Annagüle Nury Sary barada Irmän-arman gürrüň berýärdi. – Konserwatoriýanyň professorlary Nury jany meniň bilen bagly hasap edýärdiler. Olar Nury baradaky ýatlamalaryny maňa gürrüň berýärdiler. Ol barada ýazan kitaplaryny, makalalaryny maňa peşgeş berýärdiler. Olaryň her bir buşlugy meniň üçin kanuny şatlyga öwrülip galdy. Arman, wagt geçýär. Köneki adamlar geçip barýar. Olar Nury jan baradaky iň gymmatly ýatlamalaryny, ýürek ýazgylaryny özleri bilen alyp gidýärler, Annagül. Ine, şol gussaly, şol!... Annagül Baýramjygy bagryna basyp, ýene Aşgabada dolandy. Ýöne indi ol az-kem köşeşipdi. Nury janyň dostlary onuň öz dostlaryna öwrülipdi. Olar bilen uzak ýyllar gatnaşypdy. Annagül öz doganynyň ýat ýerlerdäki mazaryny öz ýüregine göçürip jaýlapdy. Ony Aşgabada, öz öýüne, öz ojagyna alyp gelipdi. Günler, aýlar, ýyllar kerwen gurap geçip dur. Annagüliň bir wagtky doly dünýäsi boşap galdy. Ata gitdi, çynar boýly doganlar, baýdak ýaly aýal doganlar gitdi. Adamsy Orazmyrat, ýalňyz jigerbendi Baýram, birwagtlar dünýäden gaýtdy. Sanjak ýaly owadan gelniň ojagynyň howry peseldi. Gözleri görmeden galdy. Ýöne ýalňyz balasynyň ady dakylan Baýram onuň ýanynda. Ol ejesini Annagül Baýramyogullyk alypdy derdiniň dermany. Ony ekleýänem, onuň gözem, elem, dilem, ýüreginiň ýalňyz keramatam Baýram... Annagül hemişe bir buýsanç bilen ýaşady. Ol hem eziz dogany Nuryjanyň didary. Ol häzir hem Nury janyň mährem keşbini, gözel didaryny edil bir ojagynyň közüni gorap, öçürmän saklaýşy ýaly, saklap otyr. Annagüliň dünýäde ýekeje gorkusy bar. – Wah, men ölsem, Nury janyň eziz didary ýitjek-dä. Ol şu sözleri kän gaýtalaýar. Ýöne, geniler ölmeýär. Nury janyň eziz didaryna hem ölme ýokdur. Her bir türkmen bu eziz ogluň mährem didaryny, onuň görlüp-eşidilmedik zehinini türkmen sazynyň ýüreginden tapyp biler. Galyberse-de, Moskwanyň ortasynda näbelli esgeriň mazarynyň başynda ýanyp duran ot, Moskwa topragy, Moskwanyň ümürseň tokaýlary, Moskwanyň mawy gözli asmany ol didary ömür-baky saklap oturandyr. Ýöne, sen ölme, sen ölme, eziz dogan Annagül!Türkmeniň eziz ogullarynyň keramatly didary seniň bilen ömür-baky ýaşasyn ýörsün. 25-nji dekabr, 2002 ý. Öwezdurdy NEPESOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |