17:58 Durmuşy rowaýatlar | |
DURMUŞY ROWAÝATLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
■ Hakyky baýlyk …Öň daýhançylyk bilen meşgul bolup ýören bir adam, bolelin bolmasa-da garaz gurpluja durmuşda ýaşap ýörendigine garamazdan, öz gününden närazy ekeni. Onsoň ol öz güzeranyny ýetde-gütde hasaplap, baýamak maksady bilen daýhançylygyny taşlapdyr-da söwda-satyk edip ugrapdyr. Onuň işi ugruna bolup, birnäçe wagt geçenden soň ol tütjar baýapdyr. Ol paýtagtdaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinden şarňyldap duran köp otagly jaý satyn alypdyr. Öýüniň içini gymmatbaha goş-golamlardan doldurypdyr, öň obadaky kakasyndan miras galan horaşaja öýünde keçeden düşegi bolsa, indi täze öýüniň astyny diňe gymmatbahaly ýüpek haly bilen örtüpdir. Özi we maşgala agzalary diňe gymmatbaha eşikleri geýipdirler, ulaglaryň gymmadyndan gymmadyny münüpdirler. Onuň özi, aýaly we uly ýaşly çagalary öňki durmuşlary ýatlarynda galandygy sebäpli täze, elkin durmuşlarynyň gadyryny örän bilipdirler. Emma, ýedi ýaşlyja körpe ogly welin, şähere göçüp gelenlerinden soň dünýä inendigi zerarly öz ýaşaýyşlarynyň, ejesi-kakasy aýtmyşlaýyn: “illeriňkiden has gowudygyna” düýbünden üns bermändir. Ejesi-kakasy ýaly, beýleki doganlary ýaly öz goňşularynyň, deň-duşlarynyň öňünde öz baýlyklary, gymmatbaha goş-golamlary, eşikleri, ulaglary, kakasynyň dükanlary bilen öwünmändir, öýlerinde iki ädim ýere çyksa-da bir gyldan bezenip-beslenip beýleki adamlardan tapawutlanjak bolup ýatmandyr. Oglunyň bolşuna üns berip ýören ýaňky adamyň hem muňa seredip birhili ýüregi gysjak bolupdyr. Oglunyň sada hem-de köpe meňzeş özüni alyp barşyny görüp ol: “Ömür diýeniňem geçip barýar, iň soňunda meniň yzymy ýöretmeli hem şu oglum. Hemme zadym, bar gazananjam şuňa galmaly. Ýöne bü oglumam beýdip der döküp gazananlarymyň gadyryny bilmän ýörse, ol soň özbaşyna galandan soň meniň yzymy dargatmazmy?” diýip uly alada galypdyr. Ahyrynam, bir gün ol oglunyň beýle “gadyr bilmezliginiň” sebäbi onuň öňki “garyp” durmuşlaryny görmänliginde diýip hasaplap, körpesine hakyky “kyn” ýaşaýşyň nähilidigini görkezmegi ýüregine düwüpdir. Onsoň ol körpe ogluny ýanyna alypdyr-da on ýyldan gowrak ýeke gezegem görüşmedik, obada ýaşaýan doganynyňka myhmançylyga gaýdypdyr. Dogany şol öňki durmuşynda, şol öňki horaşaja jaýynda, öz mellek ýerinde ýaşap we ekin-tikin, mal-gara güýmenip, gün-güzeranyny aýlaýar ekeni. Ol özüniň körpe ogly bilen doganynyň öýünde üç-dört myhmançylykda bolupdyr. Dogrusy özüne galsa-ha ol doganynyňkyda ýekeje gijede ýatjak däl ekeni. Sebäbi doganynyň hojalygy, gydyrdanyp ýörşi oňa özüniň şol öňki: “garamaýak” günlerini ýatladyp, ýüregini gysdyrypdyr. Ýöne körpesini “terbiýelemek” zerurlygy ony özüne zor salyp doganynyňkyda galmaga mejbur edipdir. Üç-dört gün diýlenem asyr däl, ahyry bir gün geçip gidýär. Onsoň ol körpesine beren sapagyny ýeterlik diýip hasap edip, dogany, onuň çagalary bilen hoşlaşýarlar-da, yzlaryna, agaýana, bol-telki durmuşyna garşy ýola rowana bolýarlar. Obadan saýlanyp, uly ýola düşen batlaryna-da ýaňky adam öýlerine ýetýänçälerem sabyr edip bilmeýär. Öz beren “sapagyny” körpesiniň nähili özleşdirendigini barlap görmek maksady bilen gapdalynda oturan körpesine sorag berýär: -Ýeri oglum, nähili eken? Özüňden başga adamlaryň nähili ýaşaýyşlaryny gördüňmi? Oglanjyk heziller edip ýylgyrýar-da baş atýar: -Hawa, gördüm kaka! Taňryýalkasyn kaka, meni şu agalarymyňka alyp geleniň üçin. Men diňe şu ýere gelip adamlaryň nähili baý ýaşap bilýändiklerine düşündim. Olaryň iki sany sygry bar, datly miweleri düzüm-düzüm şahalaryny ýere sallaşyp duran bagly-bakjaly howlulary, daýaw köpekleri, ketekleri doly towuklary bar. Özlerem her gün akar suwly ýaba suwa düşmäge gidýärler. Gijelerine-de peşehana gurnup daşarda, sekiniň üstünde ýyldyzly asmany synlap ýatýarlar. Irdenem turup tüňçede gaýnadylan, tüsse ysly, datly çaý içýärler, iýip doýup bolmaýan gowurdak, kişde, kişmiş iýýärler. Gelnejemiň tamdyrdan çykaran badyna suwa batyryp berýän nany bolsa ýeriň ýüzünde iň süýji çörek bolmaly…-diýip oglanjyk eşret bilen gözlerini süzüpdir. Soňam birhili çagajyga gelişmeýän çuň gussa bilen üstüne goşupdyr:-Bizde welin, bu zatlaryň hiç haýsy-da ýok. Biz gaty garyp ýaşaýarys… ■ Jennet we Dowzah Uzyn, çarkandakly, sütüniňi süýndürýän ýoldan ýany itli bir adam ýöräp barýan ekeni. Ol az ýöräpdir, köp ýöräpdir. Ahbetinem özi-de, iti-de halys ýadap, ýykylmagyň bäri ýany bolanlarynda olaryň öňlerinden bagy-bossanly, daşy haşamly haýatly, bezemen derwezeli bir çarbag çykypdyr. Çarbagyň içinden bolsa aýdym-sazyň, serhowuzlarda jürňüldeýän suwuň, guşlaryň sesi, bark urýan gülleriň ysy gelýärmiş. - Bu ýer nire?-diýip jahankeşde bezemen geýnüwli derwezebandan sorapdyr. - Bu jennet. Sen eýýäm amanadyňy tabşyrdyň, indem munuň içine girip uçmahy lezzetlerden ganyp bilersiň!-diýip ol jogap beripdir. - Ol ýerde islän zadymy bererlermi?-diýip syýahatçy sorapdyr. - Göwün küýsän zadyňy bererler-diýip derwezeban jogap gaýtarypdyr. - Ýöne meniň ýanymda dostum, itim hem bar-a!-diýip jahankeşde oýurganypdyr. - Bagyşla adam, ýöne behişde itler goýberilmeýär, ony daşynda galdyrmaly bolarsyň!-diýip derwezeban çürt-kesik edipdir. Onsoň syýahatçy külpetli ýoluň ajysyny-süýjüsini deňje paýlaşan dostuna seredipdir-de, uçmaha girmän onuň deňesinden ötüp gidiberipdir. Onsoň olar ýene-de az ýöräp, köp ýöräp ýoluň ugrunda çamalagy çaşyp ýatan bir haýatyň üstünden barypdyrlar. Olar haýatyň gyrasyny yzarlap ahyry onuň derwezesiniň öňüne barypdyrlar welin, olaryň öňlerinden şalha-şalha geýimli derwezeban çykypdyr. Onsoň jahankeşde teşnelikden ýaňa jaýryk-jaýryk bolan dodaklaryny ýalap: - Bu ýer nire?-dýip zordan soramaga ýarapdyr. - Dowzah?-diýip egni jindeli derwezeban jogap beripdir. - Ol ýerde bize içer ýaly suw barmy? - Äý ýeke özüň-ä doýarsyň welin, itiňe-de berjek bolsaň-a suwsuzlygyň gandyryp bilmersiň. Üstesine-de saňa şol içen suwuň tölegi üçin melgunlar azap baryny bererler-diýip derwezeban syýahatçyny gorkuzypdyr. Jahankeşde suwsuzlykdan ýaňa dilini sallap duran itiniň gözgyny durşuna bir seredipdir-de: - Melgunlar suw içip bolandan soň itime degmezler dälmi?-diýip sorapdyr. Derwezeban: - Ýok, degmezler, olar diňe adamzada jebir-sütem etmek üçin ýaradylan ahyry!-diýipdir. - Itimem munuň içine goýbererlermi? - Hawa, giriberiň! Adam ikujyny deňläniň aýgydy bilen, itinem yzyna düşürip, derwezeden ätläpdir welin, bada-bat ýaňky ýykan-ýumran, çalamydar haýat gözünden gaýyp bolupdyr-da, onuň ýerine hälki ajaýyp çarbag emele gelipdir. Ol düşünmän ýanynda peýda bolan hälki bezemen geýnüwli derwezebandan: - Bu näme boldugy?-diýip soranda, ol: - Bu synag boldugy. Sen eger-de dostuňy terk edip hälki derwezeden giren bolsaň jennete düşmän soňky dowzahda mekan tutardyň. Emma sen dostuňa wepaly bolup, onuň üçin ezýet çekmäge-de taýynlandyň. Şonuň üçinem dowzaha diýip girip, uçmaha düşdüň!-diýipdir. ■ Yhlas we wysal Bir adam awtobusda işinden öýüne gaýdyp gelýär ekeni. Özem gaharly hem tukat halda oýlanýarmyş: “Durmuşym-a batga batan ýaly, aýalym – içýakgyç alasamsyk, dostum ýok, töweregimdäkiler bolsa bir özlerini bilýän nebisjeň haýwanlar...”. Şol wagtam, onuň egninde oturyp, adamyň ähli isleg-arzuwlaryny ýazyp oturan perişde-de onuň ähli oýlanmalaryny öz wysal depderine yhlas bilen ýazýarmyş hem içinden piki edýärmiş: “..durmuş-a batga, aýaly – içýakgyç alasamsyk, dosty ýok, töweregindäkiler bir özlerini bilýän nebisjeň haýwanlar... Bäh, bu adamlaryň geňdigin-äý! Hemmesiniň arzuw edýän zady şol bir zatlar! Meniň-ä dogrusy munuň ýaly erbet arzuwlary wysal edesim hem gelmeýär welin, onda-da näme etjek, öz ýaşaýyşlarynyň şeýle bolmagyny sargyt edýän bolsalar, onda olaryň yhlasyny isleýişlerinden dynnym ýalyjagam gyşarman wysal etmeli bolýar-da!”... ■ Adamy kemsitmegiň üç usuly Gadymy döwürlerde bir akyldar öz şägirtlerine şeýle öwüt beripdir: -Ýeriň ýüzünde adamyň mertebesine degmegiň, ony kemsitmegiň üç sany usuly bar: Birinjisi, adama “akmak” diýmek; Ikinjisi, adama “gul” diýmek; Üçünjisi, adama “körzehin” diýmek. Ýöne sizi kimdir biri şu usullaryň haýsy-da bolsa biri bilen masgaralamakçy, kemsitmekçi bolanda, bu dünýäniň iň esasy hakykatyny elmydama ýadyňyza salyň! Diňe akmak adam kimdir birini özi ýaly akmak hasaplap biler. Diňe gul beýleki adamlary hem gul diýip hasap edýändir. Diňe özi körzehin bolan adam hemmeleri hem özi ýaly körzehin nadan diýip hasaplap biler. Şol sebäpli-de, siz, meniň okuwçylarym, adamlaryň ýadynda akmak hem nadan gul bolup galmazlyk üçin hiç kimi şu usullaryň hiç birini ulanyp kemsitmäň! ■ Jeset söwdasy Gadym zamanlarda bir garyp bende derýadan geçmekçi bolanda, öz seresapsyzlygy bilen suwa gaçypdyr-da, ýüzüp bilmeýänligi sebäpli gark bolupdyr. Ertesi gün derýanyň akymy ol garybyň jesedini bir husyt hem hilegär baýyň ýaşaýan kenaryna getirip, daşyna çykarypdyr. Hilegär baý hatda jesetden hem peýdalanjak bolup, ony gyra çykarypdyr-da, öz kümesinde goýupdyr. Şol gün jesediň tapylandygyny eşiden ýogalan garybyň ýeke-täk pukara garyndaşy baýyň öýüne gelipdir-de, ondan öz garyndaşynyň jesedini jaýlamak üçin bermegi haýyş edipdir. Hilegär baý, ol jesedi derýadan çykarmak hem-de öýünde saklamak üçin birneme çykdajy edendigini aýdyp, merhumyň ýalňyz garyndaşyna özünden jesedi satyn almagy teklip edipdir. Başga çykalgasy bolmadyk pukara bende öz garyndaşyny degişli dessurlary amala aşyryp jaýlap bilmese ile-güne ryswa bolaryn öýdüp, çekinip, arta-taşa zady bolmasa-da mekir baýdan öz garyndaşynyň jesedini satyn alarman bolupdyr. Hilegär baý pukaranyň çykgynsyz ýagdaýyny görüp, jesede onuň gurbunyň ýetjeginden has ýokary baha kesipdir. Garyp onuň kesen nyrhy bilen ylalaşmandyr. Olar söwdalaşyp başlapdyrlar. Emma husyt baýam nyrhy aşaklatman şol bir depen ýerini depip durupdyr. Onsoň pukara bende dagy näme etjegini bilmän, jesedi baýyň bahasyndan satyn almakdan ýüz dönderip, öýüne gaýdypdyr. Ol gidenden soň baý kümede saklaýan jesediniň ýanyna baranda onuň yslanyp ugrandygyny görüpdir-de, garyp täzeden yzyna gelmez gorkusy bilen öz syrnyhlygyna käýinip başlapdyr. Jesedi mugt berip goýbermäge-de nebsi ýol bermändir. Onsoň hilegär baý maslahat almak üçin obalarynda ýaşaýan akyldaryň ýanyna baryp, ýagdaýyny düşündiripdir. Akyldar ony ünsli diňläpdir-de, ony jinnek ýaly-da ýazgarman, gaýta: -Alada etme, ol öz isleýän zadyny senden başga hiç kimden satyn alyp bilmez!-diýipdir. Onuň sözlerine rahatlanan baý öýüne gaýdypdyr. Baý öýüne gideninden biraz wagt geçenden soň akyldaryň ýanyna maslahatlaşmak üçin ýaňky merhumyň garyndaşy gelipdir. Ol ýagdaýyny düşündiren dessine akyldar bu wakadan habarlydygyny bildirmän pukara bendä: -Alada etme, ol öz hödürleýän zadyny senden başga hiç kime satyp bilmez!-diýipdir. Internet materiallarynyň esasynda terjime edilip, taýýarlanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |