08:10 Duýdansyz duşuşyk / hekaýa | |
DUÝDANSYZ DUŞUŞYK
Hekaýalar
…Oslagsyz ýagdaýda nazary nazara sataşanda ýüregi jigläp gitdi. “Şolmuka?! Dälmikä?!” diýen galagoply pikir onuň süňňüni goram-gowşak etdi. Ol özüniň näme edýändigine-de düşünmän öň ýanyndaky hatara sowlan orta ýaşdan agan zenanyň yzyndan öwrülmäge howlukdy. Öz edýän hereketiniň juda uslypsyzdygyna düşünse-de, dem salymda tutuş durkuny gaplan howsalaly hem yzaly duýgusyna erk edip bilmän, indi otuz ýyldyr kalbynda saklap ýören goşa ýyldyzyň şöhlesine çalym edýän garaýyşly zenanyň yzyndan dähedem-dessemläp ugrady. Gerek-ýarak zatlaryny saýlap-seçmek bilen meşgul bolup hol allaowarra giden ogludyr-gelni bada-bat ýadyndan çykdy. “Örän çalymdaş welin şol bolaýmasa. Ýöne eger şol bolsa onda näme üçin mende iň bärkisi gözleri hem äginmedikä?! Ýa meni ýyllar tanalmaz ýaly özgerdäýdimikä?!” Içini hümledip barşyna ol göýä ýyllaryň özüni özgerdenini-özgertmänini elleri bilen syzyp barlap görmekçi bolýan ýaly, ir agaran saçlaryny sypady. Birdenem ol özüniň yşk heseri başyna urup, akyl-paýhasy unudan gögele oglanjyga dönüp, özge bir nätanyş zenanyň yzyna düşüp barýandygy hakynda oýlandy. Onuň ýyllaryň ýellerine gaýzygyp, ýygyrt atan ýüzi utançdan ýaňa gyzardy. Hernä özi dogabitdi garaýagyz bolandygy zerarly onuň ogurlykda tutulan ýaly bolşy bazar daryşganlygy sebäpli çar ýanyndan itinişip geçýänlere bildirmedi. Ol özüniň aýyp hereketini gizlemek maksady bilen aýak çekdi-de, satyjylaryň öňündäki harytlaryň eline ilenini alyp, bahaladan boldy. Ýaşlygynda kalbyny ýakyp-ýandyran duýgunyň otuz ýyl bäri sönüp ýören, ýöne henizem sönüp bilmeýän oduny köredip goýberen garaýyşly zenandan pikirini sowmak islegi bilen, özüniň näme diýýändigini doly aňşyrman, satyjy bilen harydyň bahasy babatda çekeleşen boldy. Birdenem günüň nury, aýyň şöhlesi, ýyldyzlaryň şuglasy bolup göwnünde galan gözleri ýene-de otuz ýyllap, belki-de galan ömrüne hiç haçan görüp bilmejekdigi hakynda ajy hem ýürekgysdyryjy pikir niredendir bir ýerden onuň aňyna damdy. Damdy-da aňyň irigöz eleginden geçip, duýga öwrüldi. Ondanam zarbygyp göni ýürege urdy. Bada-badam soňky bir-iki ýyl bäri gursagyny mesgen edinen kütek agyry ynjyly gozganjyrady-da, sanjyp-sanjyp gitdi. Ol özüniň näme edýändigine-de düşünmän, elindäki harydy taşlady-da: - Agam, gyssanma oňşarys…-diýip janygyp ugran satyjy ýigdi diňlemän, özünden ep-esli daşlaşan zenanyň yzyndan haýdap ugrady. Her gezek kimdir biri bilen çaknyşanda, kimdir biriniň aýagyny basanda adamlar: - Öňüňe seretsene-how, ýaşuly! - Wäk, aýagymy mynjyratdyňyz-la, seresap bolaýyň ahyry, göçüňiz geçip barýan däldir-le… - Seresap gardaş, döwýärsiň…-diýşip hüňürdeşýärdiler. Ol bolsa adamlaryň hüňürdileridir-närazylyklaryna näme diýýändigine özi hem düşünmän: - Bagyşlaň! Bagyşlaň!-diýip, kalbyny gozgalaňa salan garaýyşly zenanyň tanyş suduryny gözünden ýitirmejek bolup, aldyrany bar ýaly haýdap barýardy. Şol gidip barşyna-da ýetişibildiginden onuň yzyndan ýeten ýagdaýynda oňa näme diýjekdigini ölçerip-dökýärdi. Tutuş durky-düýrmegi bilenem ysytma tutýan ýaly titräp, şol zenanyň öz çaklaýany bolmagyny hem bolmazlygyny bir wagtyň özünde dileýärdi. “Ýeri ine yzyndan ýetdiňem-dä! Bar şol hem eken-dä! Oňa näme diýjek?! Ikiňiziň araňyzda otuz ýyl mundan ozal nämeler aýdylman galdy?!” diýip ol satyjylaryň indiki hataryndan öwrülende oýlandy. “Menmi?! Men neme diýerin…Neme…Neme diýerin…” Şol pursatda-da ol tanyş görnen zenanyň yzyndan ýetäýende-de, ol özüniň çaklaýany bolup çykaýanda-da, özünde oňa aýdara-diýere hiç zadyň ýokdugyny, ähli zadyň ilk-ä otuz ýyl mundan ozal ol özüne: “meni özgä berýärler…bagyşla…men enem-atamyň göwnüni ýykyp biljek däl…” diýende ikiçäklikde aýdylandygyny, galanja zatlaryň bolsa soňky geçen otuz ýylyň dowamynda her gezek kalbyny gam-gussa basanda ýekelikde, gaýybana diýlendigini, indi bolsa ýagtylyksyz boşap galan köňlünde paşmadyk bagtyň sodaja yzasyndan özge hiç zadyň, hatda hasratyň hem ýokdugyny duýdy. Ol ýuwaşlyk bilen ökje ogurlap yza galyp ugrady. Hakykatdan hem ol babatda onda hiç zat ýok. Galmady. Gutarypdyr. Ol özünden barha daşlaşyp barýan kimdigi-de näbelli bolan zenanyň yzyndan nähilidir birhili ynjyly tukatlyk bilen garady-da, sähel pursadyň içinde başyndan geçiren galagoply duýgularyna haýrany-serasyma bolup, çagalarynyň gözlegine, öz durmuşyna tarap ýöneldi… | |
|
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |