09:00 Eserlerde durmuş ýa-da durmuşda eser | |
ESERLERDE DURMUŞ ÝA-DA DURMUŞDA ESER
• Ýazyjy Kömek Kulyýew bilen söhbetdeşlik Käbir kitaplar bolýar. Olary bir gezek okap çykanyň bilen çäklenmän, wagtal-wagtal gaýtalap-gaýtalap okasyň gelýär. Şeýle kitaplary ýüz müň ýola tekrarlap okanyňda-da, asla ýadaňok. Gaýtam telim okalan şol bir sahypalardan her gezek täze bir zady tapýaň. Maňa şeýle ýakyn kitaplaryň biri hem ýazyjy Kömek Kulyýewiň “Ömür kerweni” atly soňky kitaby boldy. Dogrusyny dogry aýtmaly. Ýazyjynyň adyny eşitsem-de, tä şu kitaba çenli Kömek aganyň döredijiligi bilen gyzyklanyp hem görmändim. Ýöne hakyky gowy eserler seniň gyzyklanyp-gyzyklanmanyňa garamazdan, meşhurlygyny artdyrmak bilen boluberer eken. “Ömür kerwenini” diňe mugallymlarymyzyň we talyp ýoldaşlarymyň köpüsi salgy berenden soňra okadym. Okap bolubam, şeýle gowy eserlerden şu wagta çenli bihabar galanyma öz ýanymdan utandym. Garaz, gepiň “mustapasy”, Kömek Kulyýewiň eserlerinde ýüzlenen temalary we olara çemeleşişi ilkinji pursatdan ünsümi özüne çekdi. Şol pursatdan başlap hem bu eserler babatynda ýazyjydan käbir zatlary soramaga hyýal ýüwürdip ugradym. Ýöne tebigy ýaýdanjaňlygym bu maksadymy amala aşyrmagymy ep-esli wagt yza çekdirdi. Ahyr ýüregimi bire bagladym-da, öz ýanymdan Kömek aga berjek soraglarymy taýynlap başladym. Düzen soraglarym barada käbir mugallymlarymyz bilen hem maslahatlaşanymdan soňra, ýaýdana-ýaýdana, soraglar ýazylan kagyzy ýazyja gowşurdym. Ýöne şeýle kiçigöwünli ýazyjynyň meniň bilen edil deň-duşlarymyň biri ýaly sada gürleşişi özüme ynamyň döremegine itergi berdi. …Belli ýazyjymyzyň soraglarymyza beren jogaplary siziň hem maňzyňyza batsa gerek. — Kömek aga, siziň eserleriňiziň aglabasy maşgala temasyna bagyşlanypdyr. Munuň sebäbi näme? Maşgala temasynyň beýleki temalara garanyňda size has ýakynlygyndanmy ýa siz şu temany saýlanyňyzda eserleriňiziň has ilhalar boljagyny çakladyňyzmy? — Gowy tema saýlanyň bilen ilhalar eser döredip bolanok, muny hemmämizem bilýäris. Emma maşgala temasy welin… Asmandan inýän ýa-da ýerden zompa çykýan adam ýok, hemmämizem haýsydyr bir maşgalada dünýä inip, ösüp-ýetişýäris, il sanyna goşulyp, öz gezegimizde ýene bir maşgala döredýäris. Şeýdibem, maşgala diýlen gadymy tema tükeniksiz dowam edip gidip otyr. Ol temanyňam millionlarça meselesi, şonçaragam çözgüdi bar. Geçmişdäki iň ägirt şahsyýetleriň haýsy birini alyp görseňizem, hiç biri hem şu temadan sowlup geçen däldir. Adamzadyň, ylaýta-da türkmeniň örki maşgala bilen berk bagly. Maşgala — seniň gözbaşyň! Maşgala – seniň dowamyň! Maşgala – seniň gaçybatalgaň! Maşgala – adamzadyň sallançagy. Şonuň üçin hem maşgala – edebiýatdyr sungatyňam, ylmyňam müdimilik temasy. — Siziň pikiriňizçe, bagtyýar maşgala gurmagyň syry nämede? Eger-de ýaş jübütlerimiz toýdan soňra siziň “Emelsize em barmy?!” hekaýaňyzdaky Gadyr bilen Gymmatyň gününe düşmejek bolsalar, olaryň bu meselä nähili çemeleşmegi gerek? — Wah, şol syry bilip bolsady!.. Ynha, ýaňky agzan gahrymanlaryňyz Gadyr bilen Gymmatyň bagtyýar maşgala gurmak üçin ähli şertleri bar: jaý diýseň – jaý, näçe diýseň – harçlyk, egin-eşik hem ýene-ýeneler… emma olarda diňe bir zat ýetenok, o-da özbaşdak ýaşamaga ukyp-başarnyk. Sebäbi “…olara bu däli meýdanda ýüzin salyp gidere syçrap duran at berdiler-de, jylawdur-u eýer, uýandyr-u agyzdyryk bermediler. Bu serhetsiz ummanda ýüzüp-ýüzüp gidere gaýyk berdiler-de, gulaçlap-gulaçlap urara kürek bermediler”. Sebäbi Gadyr bilen Gymmata söýüp almak, söýüp barmak ap-aňsat bolupdyr. Ýöne, ynha, olar arzuwlaryna ýetip, bir-birine gowuşýarlaram welin, iň aňsat zatlar muşakgata öwrülip ugraýar. Olaryň ikisem gündelik maşgala durmuşynda hökmany bolan ýönekeýje zatlara – biş-düş, kir-çäk, tikin-çatyn we şuňa meňzeşlere, umuman, güzeran aýlamaga ukypsyz bolup çykýar. Durmuşam seni öňküleriň ýaly lellerip ýatmaga goýanok. Öňküler ýaly taýynjak zadam ýok. Ine, onsoň bu iki juwan ýene-de taýyna, aňsada ymtylyp, her gün, ilk-ä ata-eneleriniňkä, soňra çagyrylsa-çagyrylmasa başgalaryňka-da, garaz, nirede gazan gulagy gyzsa, şol ýere gatnap ugraýarlar. Hawa, indi sorag şeýle: şeýle ýagdaýa düşmezlik üçin näme etmeli? Guşlaryň öz jüýjelerini höwürtgeden uçuryp goýbermezden öň nähili urnuşlaryny, bir günden bir günem şol jüýjäniň ýeňsesinden itip diýen ýaly uçuryşlaryny synlap göräýiň. Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn: “Gurda-guşa nazar kyl, külli perman içinde!”. — Söýgi – edebiýatyň baş temasy. Söýüşýän jübütleriň ýakymly söýgi pursatlary döwürleýin metbugatda we kitaplarda çap edilýän hekaýadyr powestleriň hem agramly ýüküne öwrüldi. Ýöne siziň eserleriňizi okaýarys weli, siziň söýgä bolan garaýşyňyz beýleki awtorlardan tapawutlyrak ýaly. Aýtjak bolýan zadymyz, siziň eserleriňizde öz söýgüleri bilen durmuş guran jübütler, näme üçindir, agzybir ýaşaşybermeýärler. Bu ýagdaýy okyjylaryň göwnemezliginden çekinmediňizmi? — Şu meselede meniň-ä okyjylaryň öz pikirlerine salgylanasym gelýär. Bir okyjynyň aýdany: “Söýgi adamyň käwagt gözüni gapaýýan eken. Biz birek-biregiň kemçiliklerini diňe toýdan soň görüp başladyk”. Başga bir ýaş ýigidiň aýdany: “Biz birek-biregi ilkinji gezek toýuň öň ýanynda gördük. Atamyz-enemiziň maslahaty, ak patasy bilen hem toý tutduk, maşgala gurduk. Şondan soň hakyky tanyşlyk, has dogrusy, hakyky söýgi başlandy. Men ilki onuň edep-ekramyna, soň eliniň süýjüligine, soň geçirimliligine… aşyk boldum”. Men şu pikirleriň hiç birini hem bijebaşy edip, “Onuňky dogry, bu-da nädogry” diýmek islämok. Ony diňe durmuş diýip bilýär. Ýöne ýeri gelende, siziň şu çetin sowalyňyza galamdaş dostum, ajaýyp şahyr Guldurdy Sähetdurdyýewiň bir beýdi bilen jogap beresim gelýär: “Durmuş gursaň sen şo serwiboý bilen, Ömürbaky bagtly borun öýdensiň. Ertekiler tamam bolýar toý bilen, Durmuş bolsa başlanýandyr toýdan soň!” Elbetde, söýgi – beýik bir gudrat! Söýgi – ýaşaýyşyň gönezligi. Söýgi – durmuşyňam, dünýäniňem, şol sanda, edebiýatdyr sungatyňam bezegi. Allatagala adamzada ganat bermese-de, onuň öwezine söýgini beripdir. Söýüp-söýlüp durmuş gurmak ýalam bir gowy zat bormy? Emma… şondan soň nätmeli? Şondan soň sen şol beýik söýginiň yzynda durup biljekmi? Başdaky hyjuwyňy, yhlasyňy, wepaňy, mähriňi sowatman saklap biljekmi? Ine, bu sowallar okyjylaryň, has anygy, ýaşlaryň özüne degişli. Çeper edebiýatyň, diňe edebiýatyň däl, durmuşyňam goýýan sowallary şeýle. — Biziň pikirimizçe, “Jigerbendiň haky üçin” atly hekaýaňyzdaky perzendini görmek üçin derýadan ýüzüp geçmeli bolan gelniň keşbini, kiçijik hem bolsa, edebiýatymyzdaky nusgalyk ene keşpleriniň biri hökmünde kabul etmek bolar. Eseriň ýazylyş äheňinden çen tutsaň-a, wakalar hakykata çalymdaş. Ýa bu dogrudanam şeýlemikä? — Çeniňiz dogry. Şojagaz hekaýadaky wakalar maňa şu iki dünýäde iň ýakyn adamlaryň ykbaly bilen baglanyşykly. Eger şeýle bolmadyk bolsa, men oňa özümem ynanmazdym, ynanmasamam, ýazmazdym. Galyberse-de, enäniň öz perzendini dokuz aýlap synasynda göterip, soňam ony dünýä indermek üçin, ekläp-saklap kemala getirmek üçin çekýän hupbatlary, hatda çaga ulalyp, esli adam bolandan soňam, şol jigerbendiň gaýgy-aladasy bilen her demde bir gezek ölüp-direlşi… bu zatlar däli derýadan ýedi gezek ýüzüp geçenden enaýy däl bolsa gerek. — Çagajygyň salamlaşanda çep elini uzadyp, oňa-da ulularyň düzediş bermesi, gyzjagazyň süýtli okarany götermegiň ebeteýini tapman, eljagazlaryny bişirip, soňra-da ony dodaklarynyň öňüne getirip üfleýşi ýa-da ýykylan çaga: “Haý, atyň bökdi!” diýlip, göwünlik bilen ýerinden galdyrylyşy, çagajygyň agasynyň jübüsinden şokolad gözleýşi ýaly durmuşda juda bir göze ilmeýän ýagdaýlar hem siziň eserleriňizi bezeýär. Belki siz durmuşda hem owunjak zatlary gözden salmazlyga çalyşýansyňyz. — Durmuşda ownuk zat ýok. Iň bir ownuk diýlip hasaplanylýan zatlaryňam soňra nähili uly netijelere alyp barýandygyny hemmämizem bilýäris. Iň beýik açyşlaram käte owunjak, adaty zatlardan başlanýar. Galyberse-de owunjak zatlar köplenç adamyň häsiýetini, hakyky ýüzüni açyp görkezýär. Elbetde, durmuşda her gün, her bir ownujak zady hasaba alyp, düwünçegiňe düwüp, ýüregiňe salyp ýörseň, onda saňa “ownukçyl” diýerler, “ynjyk” diýerler, “kineçil” diýerler… emma ýazyjy welin owunjak zatlary öz eseriniň peýdasyna ulanmagy başarmaly. Olary başda aýdyşym ýaly, häsiýet döretmek, adamyň içki dünýäsini açyp görkezmek üçin ulanmaly. Durmuşda iň bir owunjak ýaly bolup görünýän zadyňam edebiýat üçin ullakan ähmiýetli çeper detal hökmünde hyzmat edýän ýerleri az bolanok. Şol owunjak detallaryň, hatda ýekeje detalyň hem adamy tutuşlygyna göz öňüne getirmäge kömek edýän halatlary bolýar. Onsaňam, edebiýatyň ulalaltma, kiçeltme diýen ýaly çeper tärlerem bar. Şeýle tärler arkaly ýazyjy “peşeden pil ýasabam” bilýär, giden bir dagy adamyň gerdenine ýükläbem bilýär. Adaty durmuşda-da her bir zada her kimiň öz garaýşy bar. Seniň üçin juda owunjak bolup görünýän zadyň başga biri üçin ömre barabar ähmiýeti, gymmaty bolmagy mümkin. Ynha, diňe edebiýatda däl, maşgala, durmuş, söýgi meselelerinde-de şu ýagdaýlary hasaba almalymyka diýýärin. — Edebiýatçylaryň arasynda degişme äheňinde şeýle bir aýtgy bar: “Ýazyjynyň asmandaky Aýa eli ýetýär, ýöne öýündäki çyra eli ýetenok”. Aýtjak bolýan zadyma düşünen bolsaňyz gerek. Eger gürrüňi ýokarky aýtgydaky meselä syrykdyrmaly bolsa, bu ýagdaý siz we siziň maşgalaňyz bilen nähili? — Hawa, öwretmek aňsat, öwredýän zadyňy özüň etmekde iş bar. Ýazyjynyňam eserlerinde öwrenere zat kän bolsa kändir, emma onuň şahsy durmuşynda welin… Balzagy ýatlap göräýiň. Onuň eserlerinden taryhça-da, ykdysatça-da, telekeçä-de, harbylara-da henize çenli öwrener ýaly gymmatly zatlaryň hetdi-hasaby ýok. Emma onuň özi dirikä başyna düşen, özi sebäpli bolan şowsuzlyklaryndan welin ýönekeý adamlaryňam köpüsi sypsa-sypardy. Şol geniler durmuşda şeýle bolan bolsa, biz dagy nämejik?! Elbetde, bir elde iki garpyz tutdurýan däldir-dä! Ýazyja-da, ýazyjy däle-de durmuşam gerek, maşgala-da. Maşgalanyňam müň dürli hysyrdysy bar. Özüm-ä şu meselede bir zada – ogullarymyň ýetişenine, “Kaka, sen öz işiň bilen boluber, çyrany özümiz bir zat ederis!” diýşip duranlaryna ýüz-müň şükür edýärin. “Serçänem gassap soýsun” diýlen bir köne söz bar. Her kim öz başarýanja işini etse gowy. — Soňky kitabyňyz bilen adybir “Ömür kerweni” atly powestiňiz adyndan hem belli bolşy ýaly, ynsanyň “Ömür” diýlen mukaddesliginiň beýany bolup ýaňlanýar. Ýöne şol beýany hem eserde maşgala meselesi, ata-ene, gaýyn-gelin, perzent gatnaşyklary açýar. Biziň-ä şu eserden umumy çykaran netijämiz, maşgala hysyrdylary bilen başlanan ömür şol hysyrdylar bilen hem tamam bolýar. Aslynda, ömrüň manysy hem şundamyka diýýäris. Şu babatynda hem pikirleriňizi paýlaşaýsaňyz. — Şojagaz çaklaňja poweste berýän bahaňyz, pikiriňiz men-ä begendirýär. Hawa, ýaşaýyş hem-ä tükeniksiz dowam edip gidip otyr, hemem Magtymgulynyň “Owal akan ýerden akarmyş aryk” diýşi ýaly, ýene-de gaýtalanyp, şol öňki gadymy hanasyna aram-aram ýene dolanyp-dolubam dur. Soňam, üns beren bolsaňyz, bu dünýäde barça zatlar: ynsanam, haýwanam, mör-möjekdir ösümliklerem biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly. “Ömür kerweninde-de”, ine, şol baglanyşykdan ugur almaga synanşyk edildi. Bu taýda-da, edil durmuşdaky ýaly, it-guşa sebäp, guş adam sebäp, gaýyn-gelnine, gelin çagasyna sebäp, umuman, tükeniksiz derejede şeýleräk. Şeýdibem ömür kerweni şol gadymy ýoly bilen yrgyldap barýar… Ýeri gelende, “Ömür kerweni” atly şu kitabymyň hem-de beýleki galamdaşlarymyň kitaplarynyň neşir edilip, okyjylara ýetirilmegine sebäp bolan täze zamana – Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň pata beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne ýene-de ýüz-müňlerçe gezek ýürek alkyşymy aýdasym gelýär.sebäbi bu döwürde täze bir jemgyýet, täze edebiýat we sungat, edebiýata, durmuşa bolan täzeçe garaýyş kemala geldi. Ine, şo-da bize edebiýata-da, durmuşdyr maşgala-da täzeçe çemeleşmäge itergi berýär. Iň esasy zadam – bu täze, ajýyp zamana müňlerçe ýaş maşgalalaryň bagtyny açdy. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde gurlan we gurulýan täze durmuş, bagt köşkleri söýginiň, bagtyýar nikanyň simwolyna öwrüldi. Hakyky edebiýatyň, sungatyň niýeti – diňe gowluk. Döredijilik adamsy şu ýagşy niýetinde öz Prezidentinden, halkyndan, döwründen şeýle uly goldaw tapsa, oňa başga näme gerek?! *** Bir duşuşykda halypa ýazyjylaryň biri: “Kömek Kulyýewiň eserleri nähili ýaşamalydygyny, durmuşa nähili çemeleşmelidigini öwredýär” diýipdi. Bu gepiň mamladygyny ýazyjynyň eserlerini çuňlugy bilen okap çykan her bir okyjy tassyklar. Söhbetdeş bolan: Agageldi ITALMAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |