13:45 Gapjyk / hekaýa | |
GAPJYK
Hekaýalar
Baýly “halypasynyň patasyny” alyp, ýola düşdi. Iki elini jübüsine sokup, sykylyk atyp barşyna, gabadyndaky dükana sowuldy. Dükanyň içi çolady. Iki-üç sany ýaş gyz bilen bir-iki sany ýigitden başga hiç kim ýokdy. Baýly içinden: “Aý, bular-a student bolarly. Sizde pul näme işlesin” diýip, keýpsiz halda köçä çykdy. “Ýak, içigar galan, başdan paşman ugrad-ow!” Birdenem könelip kä ýerleriniň reňki gaçan, gara gaýyş sumkasyny goltugyna berk gysyp gelýän garry aýal Baýlynyň deňinden geçip gitdi. Sumkanyň sary gidenem bolsa, ol Baýlynyň gözüne yssy göründi. “Daş keşbi-hä obadan gelene meňzeýär. Alys ýoldan boş-a gelen däl bolsaň gerek” diýip oýlandy-da, ol garry aýalyň yzyna düşüp gidiberdi. Kempir Baýlynyň ýaňyja çykan dükanyna sowuldy. Baryp, matalary synlaşdyrdy, elleşdirip gördi. Baýlynyň welin häzir küýi-köçesi garrydady. Onuň al salyjy gözleri kempiri sypdyranokdy. Aýal özüne gerekli matany ölçetdi-de, goltugyndaky sumkany açdy. Onuň içinden ini-boýy bir garyş töweregi, göljagazlary lowurdap duran owadan haly gapjyk çykarylanda, Baýlynyň ýüregi gürsüldemäge durdy, etli süňke gözi düşen aç köpek ýaly tamşanyp, yzly-yzyna ýuwdundy. Gyrgynyňky ýaly nazaryny gapjykdan sowup bilmedi. “Awuňa duşduň. Indi ony sypdyrmaly däl!” Baýly içini gepledip, usullyk bilen kempire tarap ýöneldi. Ýöne, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, garry aýal şatyr-şutur hasaplaşdy-da, derrew dükandan çykdy. Ýolda-da açyk gapy duşsa sümülýärdi. Alsa-almasa, zatlara hyrydarlyk bilen seredýärdi. Ýagdaý şeýle bolansoň, Baýlynyň içini it ýyrtýardy. “Öz-ä bir halys lagşan wlin, ýorgudyklap, eýýäm meň lütümi çykardy-la bi” diýip hüňürdedi. Sütüni süýnüp, bütinleý ysgyndan gaçdy. Aýaklary özüniňki däl ýaly, diýen edenokdy. Yzyna dolanaýyn diýse-de, Saparalynyň haýbaty, ganojagyňky ýaly gyzaryp duran gözleri ýadyna düşýärdi. Garry aýal dükanlara aýlanmakdan irdimi-nämemi, ahyry awtobusyň duralgasyna bardy. Içi dykylyp doldurylan ýaly awtobusa bile münenlerinde, Baýly: “Şu günküje beren azabyňy özüňe-de çekdirsem gerek” diýip, gaharly içini gepletdi. Ejizje garry daş-töwerekden barha berk gysylýardy. Baýly pursatdan peýdalanyp, köneje sumkany bilgeşlinden itip gördi. Çar ýandan gysylyp-gowrulyp baransoň, garry muňa ünsem bermedi. Baýly biraz ekezlendi. Ol töweregine ýaltaklap, sumkanyň zynjyryny süýşürip, el sygar ýaly deşik etdi. Saparalynyň öwredişi ýaly, açylan deşige iki barmagynyçalt sokup çykardy. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde haly gapjygyýakasyndan köýneginiň içine goýberdi. Gapjyk bilen bile içine ýylan girene döndi. Bütin süňňi sandyrap, der basdy. Üşütme tutýan ýaly galpyldady. Ellerini titredip, basymrak ara açmak bilen boldy. Kör ýaly adamlary itişdirip-basyşdyryp, öňe okduryldy. Gapynyň ýanyna barybam köşeşip bilmedi. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, awtobusam heniz durarly däldi. Öň Baýlynyň ýöräp, on minutda geçýän aralygy bir sagatlyk ýola döndi. Awtobus gidip otyrdy. Baýly bolsa ýaltyldap durşuna, zol-zol garry aýala seredýärdi. Gapyny döwägede, böküp düşesi, özüni basmarlap barýan howpdan dynaýasy gelýärdi. Baýly ilkinji gezek Saparaly bilen ogry şärigi bolanda-da, edil şeýle ýagdaýa düşüpdi. Ol der basyp durşuna, näderini bilenokdy. Zol itip duransoňlar, garry aýal sumkasyny beýleki eline geçirmekçi boldy. Birdenem açyk sumka gözi düşüp, ýüzi ýedi ýuwlan ak esgä döndi. Gyssanyp, sumkasyny dörmäge durdy. Gözlerini elek-çelek edip, bir onuň, bir munuň ýüzüne nazar aýlap çykdy. Baýlynyň gulagynda: “Aýu, şofýor, pulumy ogurladylar, gapyňy açmaweri!” diýen ses ýaňlanyp gitdi. Ol ses gulagyny şaňladyp, kellesini güwletdi. Baýly ellerini gulaklaryna ýetirdi. Göz açyp-ýumasy salymda ses ýom-ýok boldy. Asyl, ol ses Baýlynyň gulagyna eşidilen bolsa nätjek. Ana, garry aýal ondan nazaryny sowup, aýagynyň aşagyny gözläp ugrady. Garrynyň elem-tas bolup pyrlanyşy, naýynjar seredişi Baýlynyň ýüregini ersdirdi. Ol garry aýalyň howsalaly seredişinde tanyş bir nazary duýdy. Şeýle gözleri ol nirede gördükä? Edil şu pursadam awtobus durdy-da, şakyrdadyp, gapylaryny açdy. Baýly özüni uzak möhletli tussaglykdan soň azatlyga çykan ýaly duýdy. Ýüzüne sowuk şemal çalyp, egninden agyr ýük aýryldy. Ol ädimini çaltlandyrdy-da, nirä barýanlygynam bilmän, ümdüzine tutdurdy. Şäheriň çeträgindäki oturgyçlaryň birine baryp oturdy. Çilim otlandy. Ýene-de garry enäniň howsalaly keşbi göz öňüne geldi. “Be, men bu mährem gözleri nirede gördümkäm? Alla janlarym, ýa obadaşlarymyň birimikä?!” Baýlynyň ýüregi jigläp gitdi. Dogrusy, ol bu gözleri hiç ýerde-de görmündi. Ol gözler Baýla biygtyýar ejesini ýatlatdy. Baýly dagy on dogandy. Iň ulularam Baýly. Kakalary ýogalansoň, olaryň günleri ýetde-tutdarakdy. On çagany iýdirmeli, geýdirmelidi. Ilden kem etmeli däldi. Ejesi görgüli diş-dyrnak bolup işläp, asyl olary hor etmejek bolup dyrjaşýardy. Baýly orta mekdebi gutaran günleri obada köne dosty Saparala duşdy. Işe girmekçi bolýandygyny aýdanda, Saparaly oňa adresini berdi-de: “Hökman gel, özüm gowy ýere ýerleşdirerin. Men obada üç-dört günden köp eglenmerin” diýipdi. Ejesi oglunyň şähere döwtalapdygyny eşidende, ilki göwnemejek boldy. Soň bolsa gyňajynyň çowuny gözüne ýetirip: —Balam, eklenç üçin-ä işlejek bolma. Eger isleseň, okuwa gir. Hemmesiniň bir alajy bor, guzym. Şu çaka çenli eklendik. Ýene-de günümizi göreris. Dört-bäş ýylam, näme, derrew geçip gider—diýipdi. Oglunyň işlemekçidigine mazaly göz ýetirenden soň, ol sandygyndan köneje düwünçek çykardy. Gyssanan wagty gerek bolar diýip, süýşürenje puluny gaýta-gaýta sanady. Dodaklaryny gymyldadyp, pikire çümdi. Soňra puly Baýla uzadyp: —Al, balam, işe ýerleşýänçäň, gerek bolar. Ýöne haýsy işe gireniňi hökman habar edeweri—diýdi. Ejesi şonda gözlerini edil awtobusdaky kempiriňki ýaly elek-çelek edip, bir Baýla, birem elindäki pula nazaryny dikipdi. “Belki, şu gapjyga-da bir topar göz monjugy ýaly çagajyk göz dikip oturandyr?!” Baýly ah çekip, maňlaýyny ýumruklady. Jigileri ýadyna düşdi. Iň kiçijik jigisiniň: “Baýly kaka, Baýly kaka, basym gelýäňmi?” diýen eýjejik sesem gulagynda ýaňlanan ýaly boldy. Oglunyň işe girenini habar bererine garaşyp oturan naçar ejesiniň keşbi peýda boldy. Birdenem bükülip barýan garry aýal—uzakly gün magazin baryny sökübem, sowmaga dözmedik puluny aldyran ene göz öňünde janlandy. Baýly köýneginiň içindäki gapjygy çykaranda, çakjak bolup duran ýylandan ara açan ýaly, uludan demini aldy. Gapjygy açyp, pullary sanady we çalasyn ýerinden turdy. Saparalynyň: “Eger tutulaýanyňda-da meniň adymy beräýseň, eýgilige garaşma. Nirede bolsaňam, tapyp, dünýä inmedik ýaly ederin” diýýän sözleri ýadyna düşdi. Soňam “Aý, senem asman paýyňy çeksene!” diýip, gaharly pyşyrdady-da, batly-batly ädimläp ýola düşdi... Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||