GARAŞMAK
…Girdi-çykdy garaşdy. Sekiniň üstünde otyrdy, soň öýe girip, düşegine geçdi, emma ýene-de ynjalyp bilmän, derwezeden çykyp, köçä seredip durdy, ýöne köçäni doldurýan gözedürtme garaňkylykda hiç zat saýgaryp bilmän ýene howla girdi-de, baryp agaç sekiniň üstünde oturdy. Alabaharyň çigreklije howasy ýeňiljek geýnendigi zerarly endamyny tikenekletse-de: “Ynha geler, häzir geler” diýip kän oturdy. Garaşyp oturşyna hiç ynjalyp bilmän ýene öýe girdi .Düşegine geçmänem parahat uklap ýatan çagalaryna birlaý göz gezdirip çykdy.
Kiçijik Gözeljik üstündäki ýorganyny serpipdir, indem ukydaka üşäp, ýygnanypjyk bir gysym bolup ýatyrdy. Ýuwaşlyk bilen pişik basyşyny edip Gözeljigiň ýanyna bardy-da, gyzjagazynyň üstüne ýorgany örtdi.
Wepa-da basyrganýarmy – nämemi, ýassygynda iki ýana urunýar. Wah-eý kyn bolýandyr muňa, elbetde mekdebe gidýän birinji ýyly bolansoň ýadaýandyr, agyrrak düşýändir, şonuň üçinem ýadawlygy zerarly basyrganýandyr. Ol Wepanyň ýanyna süýşdi-de, onuň garaja galpaklaryny sypady. Öz ejesiniň mähriban ellerini duýan Wepa urunmasyny goýup, rahatlandy, birdenem düýşünde bir zada ýylgyrdy welin, onuň kiçijik süýt dişleri akjaryp gitdi.
Çaryýaryň kellesem-ä diwara has golaý barypdyr ýaly-la, häzir çala gymyldasa kellesi düňküldäp diwara deger. Ol welin, dünýäni suw alsa topugyndan däl, gaty arkaýyn ýatyr. Asyl Çaryýar kiçiliginde-de şeýledi-le, ukusyna ejiz, ýatanda-da gaty agyr ýatýardy. Gullukdan gelensoň-a indi hasam beter, ir bilen dagy oýaraýjak bolsaň görgi baryny görkezýär.
Onuň ýüzünden näme üçindir ýylgyryş syrylmaýardy. Belli-le. Bu gün şähere gidip öz gelinligi bilen duşuşyp gelendir. Indiki ýaşlar-a birhili bihaýa-da bolupdyrlar, gyz. Ilk-ä bir gün işden geldi-de: “Eje, meniň ugruma çykypsyňyz diýip eşitdim welin, şol dogrumy?” diýäýdi ýüzüme seredip. Ýüzi dagam gyzaranok, ap-arkaýyn diýjegini diýip dur. Ugruna çykyp ýörenimiz çyn bolansoň: “Hawa” diýdim. Onda diýýär: “Eje, pylanylara baraýyň”. “Göwni giden bolsa…” diýip bizem munuň diýen gyzyna sawçylyga baraýdyk. Bu günem ynha şähere görme – görşe gidendir, hem-ä gyzy görmäge, hemem özüni görkezmäge.Ýöne bularyň bir zatlaryna welin, düşünip bilmeýän. On bir ýyllap biri – birine belet bolmadylarmyka? Özler-ä birinji klasda okap başlanlary bäri bir partada oturypdyrlar, ýene-de bulara görüşmek gerekmiş…
Dogrusy meniň-ä ol gyza kän bir göwnüm ýetmeýär. Ýöne näme özi halan bolsa…Hudaýym, şularyň ýüzünden ýylgyryş uçandan, müň gezek öz göwnüňi ýykanyň gowydyr. Ýylgyrawersinler, hernä! Ol Bibiniň ejesiniň häsiýeti erbet, şonuň üçin halamok-da…Bular-a näme, görk-görmek bolsa bolýar. Göze öýlenseňem ýürek bilen oňşup ýaşaşmalygyna, gyzlaryň içi nähilidigi näbelli, daşy owadan garpyzdygyna düşünmeýärler-dä, entek…Soň sähel zat üçin gyzyna gep berip, günlerini bulap ýörse, ol hem gowy däl. Hudaý janyň özi gowysyny edewersin, hernä! Ýogsa göz öňünde tutup ýörenjäm, beletje zadym, Jemalyň gyzy Dursun janam, tüweleme gowy gyz-la…Nesip bolsa toýam ederis… Ýöne şu Bibiniň ejesi, aýbygadym heleý, ýükümiz-ä ýetirer… Salyp bilenini salar, onsoň çyk-da ol zatlaryň aşagyndan…Aý bolýar-da, göwnümi bir giň tutaýyn…Janymyz sag bolsa, hudaý ýetirer-dä, bir ýerden.
Iň kiçim Geldi janam, ýene togalanyp-togalanyp kakasynyň gujagyna giripdir. Ol hem şu çagalarymyz diýip, öýüm-maşgalam diýip janserek-dä. Saçlaryna çal sepip ugrapdyr, özem indi ýaşynyň gaýdyşany bildirýärmi nämemi, uklanda ýaman bimaza ýatýar. Wah, görmedik güni ýokdur-la bu Rahymymyň! Menden dagam ýedi-sekiz ýaş uludyr bi…ýaşlygyndan ýetimçiligi, kakasynyň taşlap gitmegi, öweý atasynyň zabunlygy… Gaýnym pahyr süňksüz gowy adamdy welin, näme ýekeligem kyndyr-da… Onsoňam näme, ýaşlyk ýaşlyk bolýar-da, awunsaňam, awunan zadyňa ýene-de bir ýapyşsaň bagta ýetäýjek ýaly bolup duransyň…
Ikilenç äre çyksa çykypdyram welin, güni it görse gözi agarar diýýänleri bolupdyr-da, pahyryň. Soň sudlaşyp-hökümetleşip, aýrylyşypdyram welin, öweý kakalygy Rahymyň kalbyna oglanlykdan bitmez ýara salypdyr-da. Serhoş bolup gelende, kakalygyndan gorkuşy, ejesiniň enjilişi. Hälem bir neresse çaganyň sessiz aglap duranyny göräýse, ýumrugy daş ýaly düwlüberýä. Gaty aglamaga-da gorkup, bir burçda sessiz-üýünsiz aglap gezen günleri ýadyna düşýändir-dä. Gaýynenem pahyr, ýüregagyrylydy hem…Wah, onça zady görüp, ýüregagyryly bolmaz ýalymy?! Pahyr Çaryýaryň aşak ýanyndaky gyz, Sülgün bolanyndan soň, göze ilmän, asuda ýaşaýşy ýaly, hiç kime duýdurman, sessiz-üýnsiz, tarpa-taýyn gidiberdi…ýer ýaly ýuwaş zenandy pahyr. Munymyň saçyndaky aklaryň ilkinjileri hem ejesini gara ýere beren güni peýda bolan bolmaly. Edil ýöne, ýüregi üzülene dönäýdi, mähribanymyň. Emma barybir erkeksiräp, mertlige saldy, syr bildirmän, gelen-gideni sowdy, ejesiniň kyrky geçýänçä çydady, soň bolsa ýanyny ýere beräýendir… Şol keselden saplanyp bilmänem bir-küç aýlap dagy düşekden galman ýatdy. Indem käteler gatyrak gahary gelse ýa öteräk tolgunsa elini kükregine ýetirip, ýüzüni ejirli çytyberýär. Ýene-de maňa syr bermejek bolýar. Wah, Rahym jan, men bilýärin-ä, seniň her dem alşyň näme aýdýanyna çenli bilýärin-ä…A öňräkler gelen adam näme?!
Mellekde ýer depip ýördüň welin, derwezämizden ätledi. Oňa gözüň düşen badyna ýüzüň terzi üýtgedi. Ýogsa öň ýanynda gapdalynda torsuk ýalyjak bolup: “Kakama ýer depişýärin” diýip aýagyň astyna çolaşyp, bulaşyp, ýykylyp sürşüp, tomalanypjyk ýören Geldijik bilen degşip, onuň wüjürdisine ha-ha-haýlap durduň…Şol bada ýüzüňden şatlyk alamatlary yzsyz-tozsuz ýitip gitdiler. Guma bulaşyp ýören oguljygymyzyň soňky sözlerine gulak asman, ol gelene tarap gözüňi alardyp ugradyň. Ýogsa sen hiç wagt iň bir gyssagly wagtyň hem körpämiz bir zat diýse jogapsyz goýmaýardyň, şol gezek welin, oguljygyňy eşitmediň hem…Ol adamyň ýanyna barybam ony salam-heliksiz zatsyz köçä garşy alyp gitdiň. Hatda öýe girmäge-de çagyrmadyň. Gaty çaltam yzyňa dolandyň. Men : “ol kim?” diýip soranymda bolsa, gaharyňy menden çykarjak bolýan ýaly: “bar-how öz işiň bilen bol!” diýip azgyryldyň…Ýok, ýok Rahym jan men senden gaty görmedim, sebäbi özüm günäkärdim, senden soramaly däldim, hasam şol pursat gelen badyňa! Ýöne aýtmasaň hem ol adamyň ejeň ikiňizi taşlap giden kakaňdygyny men duýdum ahyry!
…Ene ýerinden turup, iki uly gyzynyň ýatan otagyna girip gitdi. Otagda Sülgün bilen Jeren ikisi parahat uklap ýatyrdylar. Az salym gyzlaryna seredip duransoň, ene beýleki otaga geçdi. Otagyň törüne ýazylan düşek boşdy.
“Atajan?! Nirä gitdikä! Näme üçin entek bolup gelmeýärkä?” Ýene-de howsala düşüp ugran ene diwardan asylgy uly sagada seretdi, emma otagyň garaňkylygy zerarly wagtyň näçe bolandygyny gözi kesmedi. Parahatlanyp bilmän ene iki ýana zowzuldap başlady: “Nirä gitdikä? Näme bolduka? Näme üçin gelmeýärkä? Ýa Çaryýary turzup, gözlegine iberäýsemmikäm?!…Ýok-la.ony turzaýsam, ol gaharlanar-da, Atajanyň gözlegine ugrar, ony tapybam, gaharyna, urar. Ol hem gedemjedir, agasynyň sürünmesini çekmez, gaýtargy berer, garaz iki dogan bolup, gijäniň içinde masgara bolarlar…Şu ikisine hiç alaç tapyp bolmaýar-da, mydama basdaş, mydama tersleşip, biri-birinden öýkeleşip ýörler. Bu Çaryýar-a ulusyrap öz diýenini gögertjek bolýar, ol Atajanym hem öte gedemje, kakasyndan başga hiç kime baş bermejek bolýar. Ýogsa entek näme ýaşy bar diýsene, ýaňybir on ýedi ýaşady, heniz mekdebi hem tamamlanok. Özi-de itiň aýagyny iýen ýaly, haçan görseň öýde tapylmaýar, garaňky düşdügi: “Eje pylan ýere gitjekdirin”.Ýa gijäniň bir wagty geip: “Pylan ýerden geldim-laý, eje” diýip durandyr…Bu garagolja doňuzjygyň özi ýaly ýoldaşy hem duşupdyr, asyl bulary diňe ýatanlarynda aýry göräýmeseň biri-birinden aýry hem görüp bolanok ahyry…Häzirem görüp otursaň dosty Kerim bilen bir ýerde entäp ýörendir. Kerimiň ejesi Nurgözel bolsa bu wagt edil meniň ýaly zowzuldap ýörendir. Häk garagollar size çygar çybyk bilen ýumşak ýeriňizi sypalamak gerek-dä…! Arman ýöne indi siz çygar çybyk bilen sypalanýan ýaşdan çykyp barýarsyňyz-da… Nirede olar, näme edýärler—heý biler ýalymy? Nädip biljek? Hernä Allaň özi gowusyny edewersin! Sag-aman gezewersinler, nirede gezselerem Hudaýyň özi olary gorawersin! Şu döwürde dagy gorkmaz ýaly hem däl. Niräni görseň tirýekkeş, niräni görseň neşebent ogry—jümriler…Özem kileň dyrnak ýaly—dyrnak ýaly, ýaşajyk oglanlar… Daş edewersin—eý, Alla jan! Şol bela bir uçramawersinler, özüň bir ýüreklerine rehim-şepagat salaweri!..
Oý-pikirlerine gümra bolup, iki-baka gatnaýan ene ýene-de Çaryýary turzup Atajanyň gözlegine ugratmak pikirine dolandy, emma ýene-de bu niýetinden el çekdi. Sebäbi Çaryýary oýaranda Rahymyň hem oýanmagy ahmaldy. Onsoň Atajanyň dat gününedi.
Ene welin, Atajana garaşyp-garaşyp, ýatyp bilmän alada galsa-da oňa käýelmegini, onuň göwnüne degilmegini islemeýardi. Sebäbi birinjiden-ä ene Atajan hernäçe entese-de onuň erbetlige ýanaşmajagyna gaty ynanýardy. Onsoňam esasy zat ene Atajany beýleki çagalaryndan gowy görýärdi. Bu gowy görmekligiň sebäbi şudy…
…Atajan çagaka gaty gowşajyk hem keselbentdi. Şol zerarly hem onuň azary beýleki çagalarynyňkydan näçe esse köp bolupdy. Bir gezek bolsa ol tas eldenem gidýärdi…
Şol gije Rahym öýde ýokdy, ol nirädir bir ýere ýatymlyk gidipdi. Ene bolsa birnäçe gün bäri gyzdyrýan Atajanyň basujuny saklap otyrdy. Öňem birki günläp uklap bilmedik ene arasynda özem duýman ymyzgananda, birden Atajanyň hyrkyldysyny eşitdi-de, zöwwe galdy. Ol gök-dalak bolup, demigip barýardy. Ine şol gyşyň garly gyjesinde-de ene kiçijik Atajanjygy gujagyna gysyp, gyňajyny sowuk ýele ykjadyp, oba keselhanasyna ylgapdy.
Keselhanada ýaş lukman oglan Atajany halas edeinden soň:
“Gelneje, ýene azajyk gijä galan bolsaň…” diýip köpmanyly dymypdy. Ene-de şonda iki eli bilen ýüzüni ýapyp, sessiz-sessiz aglapdy, içinden şol azajyk gijä galmandygy üçin, bäbegini almandygy üçin hudaýa müň alkyş aýdyp, begenjine aglapdy…
Ine, şu wagtam enäniň uly alada galyp garaşýanyny şol gyş gijesi ölümden halas edilen Atajandy…
xxxxxx
--Onda haçan duşuşarys, Jemile?
--Ertir agsam şu wagtlar gel-äý!
Dym-gyzyl bolup gyzarýan gyz Atajanyň golundan goluny sypdyryp, yzyna garaman, haýdap gitdi. Saçlarynyň bir örümini eli bilen tutup barýan gyz gözünden ýitensoň Atajan hem tutlukdan çykdy-da, özüne garaşyp duran Kerimiň ýanyna ugrady…
Köne derwezeleriniň jygyldysy eşidilende, Atajanyň gelendigini aňan ejesi, uludan bir demini aldy-da, uklan kişi bolup gözlerini ýumdy.
“ Alla jan, adyňa ýüz müň şükür, sag-aman dolandy! Ýöne, bäbenegine dikilip durmaýyn-da, uklan bolaýyn, ýogsa birhili bolup gider. Balamyň häzir gezjek-ýaýnajak wagty ahyryn. Menem muny duşaklap saklajak bolýaryn!”
Pişik basyşyny edip öýe giren Atajan bolsa ejesiniňem-kakasynyňam parahat uklap ýatandygyny görüp, ýerine geçdi-de, süýji uka gitdi…
Nirä gitsegem, haçan dolansagam, bize mydama garaşýanlaryň bardygyna şükür!…
„Garagum“ žurnalynyň 1999-njy ýylyň XI sany
Hekaýalar