10:37 Goja / hekaýa | |
…Ýagyş edil düýbi deşilen meşikden akýan ýaly, guýýardy.
Hekaýalar
Hasasyna daýanyp, dükanlaryň, jaýlaryň, edaralaryň binalarynyň tükeniksiz hatarynyň öňünden mytdyldap barýan, gaşlary hem saçlary deýin agaryp giden, ýaşy segseni seňseledip barýandygy mese-mälim bildirýän goja saýawanyny almagy unudandygy üçin özüne igenip gelýärdi. Pyýada ýodasynyň gyrasyndaky baglardan joralanyp akýan güýz başynyň sowugrak ýagşy gojanyň çal penjegini, penjegi bilen reňkdeş jalbaryny öl-myžžyk edýärdi. Ýöne dogrusy, ýaşulyny saýawynyny öýünde unudandygy zerarly üsti-başynyň ezileni hem gaty birahat etmeýärdi. Ony bimaza edýän ýagdaý, sowukdanmy, ýagyşdanmy, sebäbi belli däl, ýene-de onuň gursagyndaky jandarjyk ynjyly gozganjyrap başlapdy. Onuň ýanynda bolsa ýürek dermanly düwürjikler gaplanan çüýşejigi ýokdy. “Edeniň bar bolsun! Ýeri saýawany galdyranyň-a garldyranyň, derman çüýşäňi bir öýde geýýän keltekçäniň kisesinden çykar-da alaý-da diýsene! Keýwany hem mydama sähel salym howla, sakgaldaşlarym bilen mesawy söhbete çyksam-da: “çüýşäňi ýanyňa al, onyňy göter, munyňy unutma” diýip, bizar-peteňimi çykarýandyr welin, şu gün-ä şol hem derman çüýşämi ýatlatmagy huşundan çykarypdyr.” diýip içinden pikir öwrüp barşyna goja kükregindäki jandarjygy ugruna kowup, köşeşdirmek isleýän dek, öňem dähedem-dessem ädimini has-da haýallatdy. Ýedi-sekiz ýyl mundan ozal özüniň gursagynda hin edinen bu netikaza, kejir hem lälik jandarjyk bilen gojanyň kän bir mäşi bişişmeýärdi. Sebäbi durmuşda şaty baryny başyndan geçiren ýaşulynyň özi, köpi gören adamlaryň ählisine mahsuslykda häsiýeti boýunça kanagatlydy, giňdi. Islendik zat bilen aňrujy oňşar ýaly bolsa oňuşýardy. Şonuň üçinem ol ynjyk, zeýrenjeň, bitakat adamlary halamaýardy. Ajygsa, urşuň açlygyny ýatlap, dükanlaryň azyk-owkatdan hyryn-dykyndygyna şükür edýärdi. Awunsa, allajy faşistleriň konslager-ajalhanasynda çeken jebir-jepalaryny hakydasyna getirýärdi welin, yzasy zym-zyýat bolýardy. Sene-menesiz maşgala ýok, käte bir maşgalasynda çagalarynyň, aýaly bilen gelinleriniň arasyna tow düşäýse, aýylganç urşy huşuna getirýärdi-de, ýurt parahatçylygy üçin Haktagala alkyş aýdyp, gaharyny köşeşdirýärdi. Emma bihaýalyk bilen onuň gursagyna sokulyp, girip, ol ýer özüniň ata-babasyndan miras galan mülk ýaly, eýemseklik bilen ýaşap başlan jandarjygyň welin, edil ýöne halys başyna giden kejeňek çaganyňky dek häsiýeti bardy. Hiç bir kynçylygyň öňünde ýan bermezlige endik eden goja, agyra-ynja, yssa-sowuga, ýagyşa-ýagmyra myzaýyk etmän, alys-ýakyn aralyklary piňine-de alman, ogullarynyň ulagyna münmekden kes-kelläm ýüz dönderip, nirä gitse-de minneti iki aýagyndan çekýärdi. Gursagyndaky jandarjyk bolsa onuň tersinedi. Ynjyklygyňam gözüni çykarýardy. Sähel sowuk ýa-da biraz yssy boldumy, edil, guýrugynyň astyna ot basylan ýaly, onuň gursagyny ýaryp çykaýjak bolup, dar hin-kükrekde urnup, çapalanyp başlaýardy. Özem peläket, şeýle hokga goparanda ilkiler-ilkiler ýeke düwür dermanjyk bilen rahatlanýan bolsa, indi gün-günden mojugyny tapýardy. Bir gerdek ýürekagyry dermany dagy melhem hem hasap etmän, “Tiz kömegiň” çagyrylmagyny, ak ýektaýly lukmanyň gelip, sanjym etmegini talap edýärdi. Halys başyna gidipdi. Şu mahal hem ol lälik jandarjyk gojanyň gursagynda guýlunyp ýatmagyň deregine birmahallar janyna şypa beren, astynda aýakýalaň, başaçyk halda, öl-myžžyk bolup keýpihon ylganylan ýagşy bahana edinen bolup, kükreginde yňranjyrap, başyny-guýrugyny talawladyp başlapdy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, bir çete sowlup, az-kem oturyp demini dürsäýin, ol içýakgyç, jögi jandarjygy höre-köşe edeýin diýse-de ýagyş hem depesinden guýup, süňňüne çenli ezip barýardy… Birdenem gursagyndaky jandarjyk, oslagsyz ýerden tebil tapdy. Zarp bilen gursagyny ýyrtaýjak bolup dikeldi-de, edil döşüniň ortarasyndan agzyny urdy. “Näme beýdýärsiň, namart?!” diýip, goja içinden pikir öwrüp ýetişmänke-de naýynsap jandarjyk ikilenç hem onuň kükreginiň merkezinden ýiti gyýaklaryny geçirdi-de, gojanyň döşüni iç ýüzünden persala etdi. Ýaşulynyň başy aýlanyp gitdi. Ol huşuny ýitirmejek bolup hernäçe dyrjaşsa-da, duýdansyz gözüniň öňi garaňkyrady-da, goja pyýada ýodasyna ýygnanan ýagyş kölçesiniň içine “pagşyldap” ýykyldy. Onuň yzyndan ýöräp gelýän iki sany oglan dessine gojanyň ýanyna ylgap geldiler. Ony göterip, suwdan bir gyra çykardylar. Olaryň biri bada-bat jübüsinden eltelefonyny çykardy-da, jaň edip ugrady: -Allo! Tiz kömekmi?! Allo, allo tizräk geliň, bu ýerde bir ýaşuly ýöräp barýarka beýhuş bolup ýykyldy. Salgysymy?! Salgysy, Galkynyş köçesiniň ugrunda, “Köpetdag” bazarynyň gabat-garşysynda… “Garaşarsyňyzmy” diýýärsiňizmi?! Dagy näme, näme, ýaşulyny taşlap gidelimi dagy?! Bahymrak geliňsene! “Tiz kömek” ulagy gelýänçä kän wagt geçmedik hem bolsa, garaşýanlaryň her minudy ýyllara döndi. Böwründäki ýazgylar ak reňkinde gyzaryp görünýän ulag gapdallaryna gelip togtan badyna, onuň yzky gapysy açyldy-da, ulagdan ak ýektaýly, ýaşy otuza baraňkyrlan ýigit bilen edil şonuňky ýaly ak halatly ýaş gyz çykdy. Olar dessine gojanyň gapdalynda lukmançylyk zemmerini goýdular. Ýaş ýigitleriň kömegi bilen huşsuz ýatan ýaşulyny göterip, “Tiz kömek” ulagyna mündürdiler. Ulag ugrady. Lukman ýigit haýal-ýagallyga ýol bermän dermanlaryny taýynlady-da, goja sanjym etdi. Ýüreginiň üstünden elleri bilen basyp, hassa ilkinji lukmançylyk kömegini berip ugrady. Az-owlak wagt geçenden soňra, derman-däriniň täsiri bilen gojanyň gursagyndaky birehim jandarjyk äňiniň gysajyny gowşatdy. Goja özüne gelip ugrady. Onuň huşuna gelýändigini gören lukman ýigit kanagatlanma bilen uludan bir demini aldy-da, hassa hiç zat diýmän, oňa biraz howa erkinräk barar ýaly, ulagyň yzky işigine tarap çekildi. Üsti-başy palçyk bolan ýaşajyk şepagat uýasy, palçykdan, ýagyş suwundan ýaňa weýran bolan ulagyň içine, zemmeriň garagäz bolan akja örtgüsine gynançly gatyrganma bilen birlaý göz aýlady. Geýim-gejimi palçyk bolan gojanyň özüne gelýändigine gözi düşüp, ilki bir gaharyny daşyna çykarman dilini dişlejek ýaly etse-de, birdenkä biygtyýar hüňürdäp goýberdi: -Wes-weýran etdi ahyry, ulagyň içini! Zährimardan içip bilenlerini içýärler-de, soňam ýürekagyrylary tutup, ýykylyşyp ýörler! Çowluklary bilen ýaşytdaş şepagat uýajygynyň gaharly hüňürdisi ýarym bihuş ýatan gojanyň gulagyna ildi. Sarymsak bilen gara burç garylyp kesilen ýara basylandaky ýaly, ýiti hem yzaly sözler-awular gojanyň bagryndan parran geçdi. Däri-dermana ýaňybir köşeşip ugran aýbygadym jandarjyk özüne urunmaga hem köpi gören gursagy persala etmäge ýene-de bahana tapylandygyna hezil edip, örç alyp galdy. Emma göwni ynjan goja öz gursagynyň merkezine ýetişibildiginden agyz urýan jandaryň hereketleri zerarly kükreginde tutaşan ýiti agyra jinnek ýalyjak hem üns bermedi. Ol gözlerini göterip, bu gaharjaň gyzjagazyň heniz ajy gözýaşa ezilip görmedik garaja gözjagazlaryna dikilägetdin: “Oglum, men özüm ýaradar halyma, el-aýagyny top oky parçalan ýoldaşymy jeň meýdanyndan süýräp alyp çykanymda üsti-başymyň gana boýalýandygyna üns bermändim. Elhenç ýer titremesinden soň boýum bilen guma-palçyga gömülip, dost-ýarlarymyň, dogan-garyndaşlarymyň, goňşy-golamlarymyň jesetlerini harabalaryň astyndan, daşa-demre urlup gan-gabarçak bolan ellerim bilen gazyp alanymda, geýim-gejimimiň hapalanjakdygy ýadyma düşmändi. Senem, balam, akja ýektaýyň hapalanandygyna gynanma-da, gaharlanma-da! Matadyr, ýuwsaň, öňküdenem beter päklener! Ýöne, ynsan göwnüni ynjytsaň welin, ýuwsaňam, çalyşsaňam, öňküsi dek aklykdan hem päklikden ýaňa lowurdap, ýalpyldap durmaz. Iň bolmanda, göze görünmeýän bir ýerjagazynda, birje tegmil, ýartyja nokat galar welin galar” diýesi geldi. Goja hatda ak ýektaýlyja gyzjagazyň bägül ýüzüni demir darak bilen darajak, ajy sözleri yzly-yzyna suňşurmak üçin dodaklaryny hem müňküldetdi. Emma… Aňynda dörän: “Äý, gerek däl-le! Wagty geler, ähli zada özem düşüner. Ýöne hernä, Hudaýym, biziň ähli düşünmeklige tarap geçen ýolumyzdan gadam urmak, şujagaz gülgüne ýüzli, gaharjaňjalara nesip etmäwersin!” diýen rahatlykdan hem asudalykdan doly pikir kalbyna kine aralaşan ýaşulyny raýyndan gaýtardy. Goja dodaklaryny jebis gysdy-da, “hyk-çoklap” tersine dönüp, ýatyberdi. Hassanyň keşbindäki her bir hereketini sypdyrman synlap oturan lukman ýigit ýaşulynyň şepagat uýasyndan gaty görendigini syzdy. Ol şepagat uýasyna: “Şerebeli diliňe näme gelse seljermän samahyllap dursuň!” diýýän dek, alarylyp garady. Soňra: “Bol indi köşeşdir” diýýän terzde hassa ümledi. Ýaşuly huşsuz ýatandyr öýdüp gepläp goýberen şepagat uýasy öz hatasyna uýalyp, gyzardy. Boz-ýaz bolan ýüzüni sapajak-supajak edip, ýaşula ýakyn süýşdi. Nädip ondan ötünç sorajagynyň ebeteýini tapman, aljyrady. Birdenem ýumşajyk, akja, birenaýy bolup pökgerip duran näzik ellerini, tüňňerilip ýatan gojanyň arkasyna goýdy. -Ata, ata, kelläňiziň astyna keltekçämi goýaýaly…-diýip biraz sakyndy-da, şepagat uýasy ýene-de üstüni ýetirdi:-Gaty bolmaz ýaly… Çowluklarynyň mähriban elleri dek ýakymly eljagazlar arkasyna degen badyna olardan bedenine geçen mähirden ýaňa gojanyň süňňi gowşap gitdi. Hyňranyp, jynlana dönüp, kükreginiň merkezine agyz yzyna agyz urýan zalym jandarjyk hem bu ýylylygy geň görüp, birhili üşerildi. Keýerilip bir durdy. Birdenem, enesiniň emmesi agzyna ilen güjük ýaly, çugutdyryp, guýlundy-da, eplenip ýatyberdi. Goram-gowşak bolan goja hümürdände onuň sesi gyryljak çykdy: -Ýok, gyzym, gerek däl, ýumşak bu ýer, örän ýumşak!... | |
|
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |