16:34 Gysgançlyk | |
GYSGANÇLYK
Goşgular
Açgöz nazaryny çar ýana dikip, Eýmenç tüpeñini alyp eline. Awçy ýigit uly dabara bilen, Gadam goýdy Garagumuñ çölüne. A Garagum tutup husytlygyna, Ýekeje çebişem rowa görmedi. Köýdürse-de ençe gijäñ ukusyn, Awçynyñ niýeti başa barmady. Sögünç sözler bilen boşadyp için, Dolandy yzyna, gaçyp mejaly. ...Gysgançlygam düşen wagty jüpüne, Pikir edýäñ weli, erbet däl ýaly?! * * * Ýok, ýok, hergiz görip bilen deñ bolmañ, Ejiz bilen bil tutuşmak aýypdyr. Bilýäñizmi, ir döwürde bir dana, "Göripleri gülüp ýeñip" bilipdir. Halal süýdi emip, özümiz bilip, Adam bolup ýaşamaga çalyşýas. Gaçgynymyz bolup agzy ýelliler, Dana kişi bilen pikir alyşýas. Toýda gülkimizden titreýär asman, Ýasda syrygýandyr hakyky gözýaş. Manyly geçse bes, nämä gerekmiş, Pyşdylyñky ýaly ýaşalan ýüz ýaş. Okap beýik mekdebinde atalañ, Bize ýeten baýlyk: namysdyr-ardyr. ...Synymyzdan aslyşýarmy göripler - Diýmek, il içinde abraýmyz bardyr. Amаnmyrat KIÇIGULOW. "Еdebiýat we sungat" gazeti, 1986. | |
|
√ Saña barýan ýol / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Baýlygym meniň / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Bazar oýlanmalary / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Agyrrak goşgy / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ «Akar gaýmaklapdyr aýyň nurundan...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Dowamat / Goşgular - 08.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |