21:11 Halallyk ýoly / hekaýa | |
HALALLYK ÝOLY
Hekaýalar
—Oýunçy utsun!—diýip, Mämmet agaç sekide küşt oýnap oturan deň-duşlary Goçmyratdyr Saparyň ýanyna gelip, olara gep goşdy. —Edil wagtynda geldiň-dä, Mämmet—diýip, Sapar begenjinden ýaňa oglanjyk ýaly ýyrş-ýyrş etdi. —Bir baksana bu oýna!.. Mämmet sekä geçip, ynjalykly oturansoň, birsellem oýny synlady. Soňam başyny ýaýkady: —Goçmyrat, sen-ä çykgynsyz ýagdaýa düşüpsiň, beýdip oýlanyp oturma-da, oýnuňy tabşyraýsana. Adatça, şeýle teklip edilende, Goçmyrat kejine tutup, tä özüne mat goýulýança, garşydaşy bilen gidişerdi. Ýöne bu gezek welin, Mämmet bilen ylalaşyp, utulanyny boýun aldy. —Walla, şu gün-ä ugrum ýok. Hany, Mämmet, Sapar bilen özüň diksene. —Saglykmy beri özi?—diýip, Goçmyradyň bolşuna Mämmet üşerildi. —Şükür, gowulyk-la. Ýöne oýun bilen hiç mazam ýok. —Düýbi düz bolsa, bolýa-la—diýip, Mämmet küştüň çöplerini dikip oturyşyna aýtdy. —Goçmyrat täze küştüň çöplerine öwrenişip bilenok. Menden bassyr bäş gezek utulmagam şondan bolmaly—diýip, Sapar loh-loh edip güldi. —Be, dogrudanam, küşt ýene täzelenipdir-ow—diýip, Mämmet Saparyň sözlerinden soň elindäki küşt mallaryny golaýyna eltdi. —Hawa. Aýdogdynyň ogluna sardym düýn. Geçen gezegem şol getirip beripdi. Ýogsa ýetmeýän malyň ýerine başga çöp goýýaň welin, oýnuň gyzygyny gaçyrýa—diýip, Goçmyrat janykdy. —Şu zatlara sen üns berýäň. Meň-ä piňime-de däl—diýip, Sapar küşt çöplerini dikip oturyşyna Goçmyradyň tersinden gopdy. —Üns-ä berdirýä-le—diýip, Mämmet Sapar bilen ylalaşmady. —Oýunda ähli mallar ýerbe-ýer, tertipli bolsa ýagşy. Dogry dälmi näme, Goçmyrat? Goçmyradyň küýi bu wagt bütinleý başga ýerdedi. Ol Mämmediň sowalyna diňe baş atyp oňaýdy. Goçmyradyň asly küştçüler maşgalasyndandy. Onuň kakasam ökde küştçüdi, atasy hem. Işden dynç günleri ol goňşulary bilen öýünde küşt oýnamagy endik edinipdi. Bu günler-ä zähmet rugsadynda bolansoň, uzakly gününi diýen ýaly küştüň başynda geçirýärdi. Irden agtyklary bilen oýnasa, öýleden soň goňşulary bilen dikýärdi. Ýöne birki günlükde agtyklarynyň biri küştüň bir malyny ýitiripdi. Şu sebäpdenem düýn Goçmyrat köçäniň ileri başynda ýaşaýan goňşusy Aýdogdynyň ogly Maksada özüne täze küşt alyp gelmegi haýyş edipdi. Maksat diýlen gününiň ertesi onuň ýumşuny bitirdi. Säher bilen Goçmyradyň sargan küştüni getirip berdi. —Tüweleme, haýyş edenim düýn, eýýäm alyp geläýdiňmi?—diýip, Goçmyrat Maksatdan göwnühoş boldy. —Aslynd-a düýn satyn aldym men. Ýöne täze zady täze gün bereýin diýdim-dä... —Nyrhy näçe muň? Maksat küştüň bahasyny aýtdy. —Onda biraz sägin, häzir öýden pul alyp çykaýyn. —Säginmäge wagtym ýok, Goçmyrat aga. Işe howlugyp barýan. Edarada gyssagly işler bar. —Howlugýan bolsaňam, aýak çek, puluňy alyp git—diýip, Goçmyrat Maksady goýbermejek boldy. —Ynanaý maňa, Goçmyrat aga. Juda howlugýan. Günortan öýe gelýän arakesmede. Şonda sowlup, alyp geçäýerin pulumy—diýip, Maksat ýagdaýyny düşündirdi. —Hä, beýle bolsa, ýagşy. Ýöne, günortan hökman sowulgyn. Puluňy alyp git—diýip, Goçmyrat Maksada sargady. —Bolýa, Goçmyrat aga, günortan nahara gelsem, hökman size-de degip geçerin—diýip, Maksat Goçmyrat bilen sagbollaşyp, işine howlukdy. Günortana ýakyn Goçmyrat küştüň puluny taýyn edip goýdy-da, Maksadyň ýoluna gözüni dikip, oňa garaşyp oturyberdi. Günorta wagty geçip, gün öýle boldy. Emma Maksat köwlenmedi. «Edarada gyssagly işlerim bar» diýdi welin, arakesmä öýüne gelip bilen däldir-dä onda. Agşama çenli gelmese, özüm öýüne baryp eltip gaýdaýaryn-da» diýip, ol öz ýanyndan karara geldi. Hasabyna jürlük Goçmyradyň ganyna siňipdi. Sapardan bassyr bäş gezek ýeňilmegi-de küşt çöpleriniň täzeligi üçin däldi-de, eýsem, küýüniň başga ýerdeligindendi. Ol zol-zol açyk derwezä bakyp, Maksadyň ýoluna garaýardy. Küştüň puluny wagtynda berip bilmeýänine bimaza bolýardy. Ýogsa Aýdogdynyň öýi beýle bir uzagam däldi. Köçäniň ileri başyna baryp gaýdaýmalydy. Ýöne Goçmyrat küştüň puluny Maksada elin tabşyranyny kem görenokdy. Derwezä nazaryny dikip oturyşyna, Goçmyrat birden otuz bäş ýyl mundan öň bolup geçen bir wakany ýatlady... Ol wagtlar Goçmyrat ýaňy bir ýigrimi bäşiň dälijesi diýilýän ýaşdady. Atasy Kowus aga bolsa ýedinji onlugy tegeläpdi. Tomsuň ahyrky aýydy. Şol gün Kowus aga agtygyndan özüni gum obasyna äkitmegi haýyş etdi. —Goçmyrat jan, bu gün öňi-soňy dynç günüň. Gum obasyna gidip geleli-le. —O ýerde näme bar?—diýip, Goçmyrat geň galyp sorady. —Ho-ol çadyrly ulagynda garpyz getirip satýan sakgaldaş bar-a... Ana, şol gum obasynda ýaşaýan eken. Ahyry anykladym şony. Adyna-da Durdy diýýän ekenler. —Bäri-bärde gum obas-a ýokdur—diýip, Goçmyrat birbada ikirjiňlendi. —Aýagyň aşagynda suw ýaly ulagyň bar. Özem, gumuň aňňatlaryna döz gelýän çydamly ulag. Meň möhümimi, gaýrat et-de, bitir, köşek... Eger kyn görýän bolsaň, onda kakaňa ýüz tutjak. Atasynyň gara çynydygyna göz ýetireninden soň, Goçmyrat sessiz-üýnsüz boýun boldy. Şeýdip olar säher bilen gum obasyna sary ýola düşdüler. Ýetmeli menzil ýoňsuz aralyk bardy. Kowus aganyň ýöne dymyp oturyşy ýaş ýigidiň içini byjykladýardy. Ol ýoly kesmek üçin atasyna sowal berdi: —Ýogsa-da garpyzçy ýaşulyň salgysyny nädip tapyp bildiň, ata? —Meretliden aldym. —Kim Meretli? Kemalyň atasymy? —Hawa. Iki köçe aňyrda ýaşaýan obadaşymyz. Düýn oňa bazarda sataşdym. Garpyzdan gürrüň çykdy-da, menem şol üsti çadyrly garpyz satýan sakgaldaşy ýatladym. Meretlem ony çalarak tanaýan eken. Şeýdip salgysyny aldym. —Ata, gaty görme welin, şol ýaşulyň garpyzyça garpyz başga ýerde-de gyt däl-ä... —Wah, köşek, gürrüň onuň garpyzynyň tagamynda däl-dä... —Onda nämede, ata? Kowus aga birbada sägindi. Soňam ahyry ýaryldy: —Men oňa bergidar boldum... —O nähili bergidar bolup ýörsüň? —Şol gün garpyzçy, adatdakysy ýaly, garpyz aýlap ýördi. Menem öý üçin diýip, on sanysyny düşürtdim-de, onuň bilen hasaplaşdym. Ulagyň içinde ýene bäşisi galan eken. Garpyzçy «Bularam özüň ýerläý» diýip dur. Ýanymdaky pul diňe ikisine ýetýädi. Öýe girip, üstüni dolaýyn diýsemem, ol: «Indiki gezek gelemde beräýsene, her hepde aýlanyp durun-a» diýip, üç garpyzy nesýesine berdi. Ýöne, her hepdäniň ahyryna aýlanýan garpyzçy, indiki hepde-de gelmedi, soňky hepde-de. Ondan soňky hepde-de. Aýlar geçdi. Ýyl geçdi. Ondan habar-hatyr bolmady. Ynha, şeýdibem bergidar bolup galdym. Indi bir ýyl bäri şu amanat sebäpli hiç ynjalyp bilemok. Atasynyň sözlerine Goçmyrat zordan gülmän saklandy. —Üç sany garpyz üçin bergidar boldum diýip, basga düşüp ýörmüň-aý, ata? Üçüsiniň bahasy, bolaýsa, bir manatdyr-da... Garpyzçyň-a bireýýäm ýadyndanam çykyp gidendir senden üç garpyzyň hakyny almalydygy. —Algydaryň ýadyndan çykanam bolsa, bergidaryň ýadyndan çykmaly däldir. Bir manat bolsun, bir şaýy bolsun, bergi—bergi bolar, köşek. Men şony üzmesem, rahat gezip bilmerin. Wah, janymyň ýanýan ýeri, her hepde garpyz getirip ýörse-de, adyny, salgysyny soramak kellä gelmändir-dä. —Birden, Meretliniň salgy beren ýerinde garpyzçyňy tapmasak, şonda nädersiň?—diýip, Goçmyrat atasyny synap görmek maksady bilen, onuň taryna kakdy. —Belki, Alla jan, salgy alan ýerimden ony tapaýadym-da—diýip, Kowus aga agtygynyň henegine düşünmän, gara çyny bilen jogap berdi. Esli ýol aşansoňlar, diýlen oba hem ýetildi. Küren obada öýler syrgyn-syrgyndy. Meretli obany salgy berse-de, garpyzçynyň öýüni anyk aýdyp bilmändi. —«Ynsan soraşa-soraşa» diýipdirler. Hany, şu öýüň deňinde ulagyňy sakla bakaly—diýip, Kowus aga obanyň çetinden giren batlaryna agtygyna ýüzlendi. Goçmyrat diýlenini etdi. Kowus aga ulagdan düşüp, howlusynyň daşynda baglara timar berip ýören ýigit bilen saglyk-amanlyk soraşdy. Soňam oňa näme maksat bilen bärik gelenini aýtdy. —Obada Durdy atly kän-dä, agam. Seň aýdýanyň haýsy birikä? —Üsti çadyrly ulagam bardy onuň—diýip, Kowus aga düşündirdi. —Onuň ýaly ulag-a gumlulaň ikisiniň birinde-de bardyr—diýip, ýigit egnini gysyp, jogap berdi. —Özüm bilen deň-duşrak bolmaly. Bolaýsa, menden bäş-alty ýaş kiçidir. —Be, allajanlarym... Sen deň-duş Durdy atly kimkä ol? Şu köçäň ugrunda bir ýaşul-a bar Durdy diýip. Ýöne, onuň ulag-a ýok... —Bolmasa, inim, sen şoň öýüni salgy beräýsene—diýip, Kowus aga janykdy. Gumly ýigit öz tanaýan Durdy atly obadaşynyň salgysyny berensoň, Kowus aga agtygyna ýüzlendi: —Bu ýigidiň salgy beren öýüni ýadyňda bek bellediňmi? —Hawa—diýip, Goçmyrat ulagyny otlap, diýlen tarapa ugrady. Salgy alnan öýden çykan Durdy atly kişi Kowus aga bilen deň-duşrak ýaşda bolsa-da, onuň diýýän garpyzçysy däldi. Muňa gojanyň lapy keç boldy. —Men özüm deň-duşrak Durdy atly birini gözleýädim şu obadan. Tüweleme, obaňyzda Durdy atlylar ýetik öýdýän?—diýip, Kowus aga ýagdaýyny düşündirdi. —Oba uly. Ilatam ýetik. Atdaşlaram kän. Ýöne obamyzdaky deň-duşlarymyň-a ählisini tanaýanmykam diýýän. Hany, sen onuň daşky keşbini sypatlandyryp ber. —Saryýagyzrak. Üsti çadyrly ulagy bolmaly. Garpyz ekip, garpyz satýa. Biz bilen sakgaldaş. —A-how, seň diýýäniň Haldurdy bolaýmasyn? Ana, şol-a garpyz ekýä... Özem saryýagyz. Inçejik sesem bardyr... —Ana, boldy, boldy, edil özi...—diýip, Kowus aga ýitigini tapana döndi. —Inçejik sesi bardy şoň. —Onda sen ilerligine bakan ep-esli gitmeli borsuň. —Şeý diýip, Durdy atly kişi Haldurdynyň öýüni salgy berdi. Goçmyrat salgy berlen ýere tarap ulagyny sürdi. Şol ýere gelende howlynyň içinde gezmeläp ýören ýaşula gözi düşende Kowus aga guşy uçana döndi. —Hana, şo-da, Goçmyrat jan—diýip, Kowus aga ulagdan düşen badyna Haldurdy aga salam berdi. —Sakgaldaş, salawmaleýkim? —Waleýkimessalam—diýip, Haldurdy aga Kowus aga siňe-siňe seretdi. —Bir tanyş ýüz öz-ä. Gözlerem kütelişipdir. Tanamadym, aýyplaşma... —Biziň töweregimize garpyz getirýädiň sen. Soňky gezek geleňde ulagyňdaky ähli garpyzlaryňy maňa düşüripdiň. Düşdümmi ýadyňa? —Hawa, hawa... Indi ýadyma düşdüň. —«Indiki hepde aýlanjak» diýdiň-de, ýitdiň gitdiň-le? —Wah, şol günüň ertesi bilimi gypjyndyrdym. Üç hepdeden gowrak düşekden galyp bilmän ýatdym. Soňam, hasyl sowuldy. —Bu ýyl näme aýlanmadyň? Ýa garpyz ekmediňmi? —Garpyzy ekmesin-ä ekdim welin, hasyly ekinden elinjek alyp gidip durlar. Özüme ýetirenoklar. Ozalam garpyzlarymy özüm satyp baramokdym. Ýöne geçen ýyl hasyl halys köp getirensoň, siziň ýaşaýan ýerleriňize bäş-alty gezek aýlanyp gaýdaýdym. Birki ýyllykda siziň töwerekleriňize uly oglum göçüp barypdy. Hem-ä şolara barýadym, hemem garpyzlarymy ýerleýädim. —Hä, şeý diýsene, asyl—diýip, Kowus aga sözüniň üstüni ýetirdi.—Hernä, eýdip-beýdip öýüňiz-ä tapdym. —Hany, beýdip aýak üstünde durmaň-da, öýe girseňiz-läň—diýip, Haldurdy aga mürähet etdi. —Bize şu tuduň aşagyndaky sekiňem bolar—diýip, Kowus aga saýada oturanyny kem görmeýänini düşündirdi. —Hany, çaý-naharyň ugruna çykyň—diýip, Haldurdy aga myhmanlar sekä geçip oturansoň, çagalaryna tabşyrdy. —Seň ýoluňa bir ýyllap göz dikip garaşdym men—diýip, Kowus aga dyz epensoň, Haldurdy aga ýüzlendi. —Sorap-idemedik adamym galmady. Bolsa-da, obadaşlarymyň biri seni tanaýan eken. Şoň salgysy bilenem bärik gelip durşumyz. —Be, onda meň garpyzymyň tagamy öte süýji bolmaly-da?—diýip, Haldurdy aga hezil edip güldi. —Ýok, halypa, garpyz diýib-ä gelmedim ýanyňa. —Beh, onda näme üçin geldiň?—diýip, Haldurdy aga üşerildi. —Şol üç garpyzyň puluny gaýtarmaga geldim. Kowus aganyň bu sözlerinden soň, Haldurdy aga başyny aşak saldy. Birsalym dymyp oturdy. —Wah... Aslynda özümdenem bar-la. Şol üç garpyzam öňküleň üstüne goşup goýberäýmeli ekenim. Bergidar goýupdyryn-da seni. Üstesine kösäpdirinem. —Hawa, kösäbildiň—diýip, Kowus aga gatyrgandy. —Wah, wah... Näbileýin-dä beýle boljagyny—diýip, Haldurdy aga başyny ýaýkady. —Adam bir çig süýt emen-dä. Onýança sekä çaý-nahar geldi. Ýaşulular çaý-başynda ondan-mundan mesawy gürrüň etdiler. Goçmyrat bolsa sesini çykarman, olaryň sözlerini diňledi oturdy. Gün öýleden agyberensoň, Kowus aga turarman boldy. —Rugsat berseň, biz-ä indi şaýlanyberjek. Ýolam uzak. Gün ýaşmanka öýe baraly. —Hany, onda biraz tagapyl et. Meň garpyzlamdan ulagyňyza ýükläli. —Şeý diýip, Haldurdy aga ogullaryny çagyryp, olaryň ulagyna garpyzlardan mas ýüklemegi tabşyrdy. —Dur-how, sakgaldaş, onça garpyza ýeter ýaly ýanymda pulum ýok—diýip, Kowus aga arkanjaklady. —Näme diýsene, sen häzir geçen ýylky üç garpyzyň puluny ber! Kowus aga jübüsinden puly çykaryp, Haldurdy aganyň eline tutdurdy: —Al, ynha, nesip etsin! Haldurdy aga puly alyp, Kowus aga ýüzlenip, şeýle diýdi: —Bu garpyzlar myhman sowgady. Ene süýdünden halal bolsun! Bergiňi bermek üçin şunça ýerden aýagyňy süýräp gelipsiň. Eger almasaň, gaty görerin. —Sakgaldaş, beýtmesene, sen meni gaty utandyrýaň-how... —Ýok, gaýtam men utanmaly, seni niçe wagtlap kösäpdirin. Ynha, indi ikimiz hutma-hut. Razy bol. Ýaşulular hoşlaşansoňlar, Goçmyrat ulagyny otlap, ýola düşdi. —Bolsa-da, ata, üç garpyzyň hakyny ahyry berdiň-ow!—diýip, Goçmyrat köpmanyly gürledi. —Hawa, oglum, ahyry dyndym. Ine, indi rahat ýataryn. Gerdenimden dag bölegi aýrylan ýaly boldum—diýip, Kowus aga uludan demini aldy. —Uly söze toba, dagy-duwara şeýtmejek borun. «Amanat—ýaman at» diýlip ýöne ýere aýdylanog-a... —Men-ä, dogrusy, ata, «Bir manat üçin şundan-şuňa aýagyňy süýräp geldiňmi?» diýip, garpyzçy gülermikä öýtdüm. —Hergiz bir zady bek bellegin, köşek. Bir manat bolsa-da, amanat zat böwrüňe sanjy bolar durar. Başardygyňdan tiz yzyna gaýtargyn. Şonda kalbyň-a rahat bor, lebziňem halal. Şol günki waka Goçmyrat üçin müdimilik sapak boldy. Atasynyň bu sargydy beýnisine ornap, süňňüne siňdi. Goňşusy bilen küşt oýnan mahaly mazasynyň bolmazlygy-da hut şonuň üçindi. Heniz bahasy üzülişilmedik küştüň çöpüni her gezek ellände, özüni oňaýsyz duýdy durdy. Birdenem ol ýol bilen Maksadyň geçip barýanyny gördi. Ýanynda oýnap ýören agtygyna gygyrdy: —Döwlet jan, bar, hana, köçeden Maksat barýa, yzyndan ýet-de, sakla ony, oglum, ýeňil aýaksyň sen. Döwlet atasynyň aýdaryna mähetdel, zymdyrylyp Maksadyň yzyndan ýetip, ony saklady. Goçmyrady gören Maksat yzyna dolandy. —Maksat jan, puluňy alaweri. Günortanam aýlanjak diýip, aýlanmadyň hiç. Ünjä goýduň-da şeýdip meni. —Sähel zat üçin bimaza bolmaly däl ekeniň-dä, Goçmyrat aga. Ikimiz bir daş ýeriň adamsy däl-ä. —Daş ýeriň adamsy bolmasagam, bergimi berip dynmasam, mazam bolmaz. Häsiýetim şeýle—diýip, Goçmyrat häliden bäri taýyn edip goýan puluny jübüsinden çykaryp, Maksada uzatdy-da, oňa taňryýalkasyn aýtdy. Şol pursadam atasynyň uludan dem alşy ýadyna düşdi. «Pahyr, gör bir ýyllap sähelçe bergini egninde göterip, nähili ejir çekipdir» diýip, ol atasynyň halallygyna haýran galdy. Sapar bilen Mämmet bu wagt sekide küşte gyzyşyp gidipdi. Maksat bilen üzülişip, geçisi daga ýaýran Goçmyrat Mämmediň ýanynda çökdi-de, ony hürsekledi: —Hany, sen oýnuňy çaltrak gutar-da, gyra çekilsene. Men häzir Saparyň petigulusyny bereýin. —Oýun entek gutararly däl-ä, Goçmyrat—diýip, Mämmediň küştüň başyndan turasy gelmedi. —Deň diý-de, gutaraýsana, walla. —Muň ýene bäş gezek utulyp, hasaby ona deňläsi gelýändir—diýip, Sapar Goçmyrady gižželedi. —Ony häzir görübiýris—diýip, Goçmyrat elini owkalaşdyryp, küştüň başyna geçdi | |
|
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |