HEMIŞELIK ÝAZYLDYM
Darajykdy,
Ýeke otagdy jaýymyz,
Beýik däldi, pessejikdi, sadady.
Ýylda şonuň üçin bir jaýa göçmek –
Biziň üçin ýörelgedi, kadady.
Öňki bahanalar başlandy ýene:
“Içerik düşenok günüň şöhlesi.
Diwary yzgarly –
Howasy dymyk,
Ýatyranok munda it – guşuň sesi”.
Myhman gelse, hezzet edip bolanok,
Gysylyp gezmeli deň – duşlaryňdan.
Gazanjyň özüňki däl ýaly asyl,
Göwnüň geçip barýar öý – goşlaryňdan”.
Ýene telim – telim bahana bilen,
Çykmalydy gözlegine giň jaýyň.
Myhman üçin artyk otag berlenok,
Nädip artdyrmaly olaryň paýyn?
... Birdenem saplanýar gaýgy – ünjüden,
Içerim ýagtylyp,
Dünýäm giňelýär.
Ötlem – ötlem otaglarna aýlanyp,
Göýäki köşk ýaly giň jaýa girýän.
Şundan ýagty,
Şundan beýik jaýam ýok,
Jaýlaryň hasabyn, ölçegin aldym,
Bu otagda dünýä indi perzendim,
Bu otaga hemişelik ýazyldym.
■ ÝATLAMA
Ýadyňdamy, söwer dostum, Wasiliý!
Ýadyňdamy ýowuz günleň hupbaty?
Atalaryň aýdyşyça bar eken,
Adamyň bu başy –
Bar zatdan gaty.
Ýatlaňda teniňe tiken deý çümýär,
Şol günlerde dörän ajy namalar.
Öz döwründe köpleň bilin büküpdi,
Indi undylmajak –
Ýatlama olar.
Neneň ýatlamajak ol ýowuzlygy?
Eýsem sebäp ýokmy hupbat diýere?
Jübüsi aşykly oglanjyk üçin
Ukraina nire –
Bäherden nire?
Ýatla Bäherdeniň çagalar öýün,
Mahal – mahal ýatlamaly çag olar.
Hem-ä ganly urşa näletiň bolar,
Hemem bu hoş günüňi söýdügiň bolar.
Borçly biz bulary günde ýatlara,
Ýyly mähre çoýupdylar kän bizi.
Direktorymyz Aşyr Ataýew bilen,
Anna Şakirowna enekämizi.
Galdy aýagyna ejiz çagalyk.
Tagallasy bilen şeýle adamlaň.
Şol “gramlar’ bilen geçen günleri,
Ýatla senem,
Çykmaz meňem ýadymdan.
Käte bolsa şol günleri ýatlamda,
Hut birem däl,
Diýýän muny kän gezek.
“Sadagaň bolaýyn, eý gara Çörek!
Duzly kelem bilen beripdiň lezzet!”
Hawa, ýadyňdadyr, dostum Wasiliý!
Ine, şeýleräkdi o günleň keşbi.
Bulam biziň dostlygymyzdan bir nyşan –
Siziň taýa salam elter bu goşgy.
■ NOŞ BOLSUN
Sen mydam gatnaýaň bagyň içinden,
Miweli agaçlar çekýär ünsüňi.
Şirin miweleri taryp etseler,
Yhlas bilen ýetirýärsiň üstüni.
Saýlap ýolýaň erik – almaň gowsuny,
Alkyş bilen bezäp ene topragy.
Edilen hezzetiň gadryny bilýäň,
Mähir bilen çoýýaň baldak-ýapragy.
Sakçynyň saglygny dileýäň mydam,
“Sag bol” aýdýaň her gün hödür edene.
Bu alkyşlar,
Hödür-hezzetler,
Gaýtalanýar –
Gaýtalanýar her günde.
Noş bolsun janyňa şirin miweler,
Egsilmesin şu hezzetli günlerem.
Ýöne ýatlagynyň käte – käteler,
Şu ýerde ýaş nahal oturdanlaram!
■ GURATDYM MEN
Her gün gidip gür baglyga aýlanýan,
Synlaýaryn bagyň beýik – pesini.
Diňleýän guşlaryň şirin owazyn,
Hem ýapraklaň şybyrdyly sesini.
Baglygyň içinde aýlanyp irmän,
Belet boldum ol ýerdäki durmuşa.
Suwsasa suw berip, seretseň mäkäm,
Lezzetdi, eşretdi bu ýer durşuna.
Hawa, bagy düşürmedim ünsden,
Garşy-garşy bardym gezelenje men.
Gerk-gäbe edip suwa ýakdym – goradym.
Parlady ol ýerde dürli gül – çemen.
Parlady ol ýerde göm-gök agaçlar,
Soňky günlere-de tapdyk alajy.
Ýöne welin, uzaklara ser salyp,
Guratdym men gapymdaky agajy.
■ NAKYL WE AKYL
Atalaň kesbini ýöretmek gerek,
“Ata kesbi ogla halal” diýýäris.
“Enesini gör-de gyzyn al” diýip,
Ine, şeýle nakyllara uýýarys.
Dogrudanam, uýmaly biz nakyla,
Dogrudanam, uýýarys biz nakyla.
Emma welin, gün geldikçe özgerip,
Ähli güýçler orun berýär akyla.
Nakyl bilen ýetäýmeklik arzuwa,
Hemişelik gümanadyr gümana.
Ogul-gyzyň ak arzuwa ataryp,
Akyl bilen arşa çykdy zamana.
Ata kesbem,
Ene kesbem gözeldir,
Gözelligi dyýmaly biz,
Duýmaly!
Gudratyny gözlerimiz görensoň,
Akyla hem akyldara uýmaly!
Begmyrat USSAÝEW.
Goşgular