HOWUTLY HEKAÝATYŇ SOŇY
Şyhberdi aganyň gara gaýgysy ineriniň ýiteni däl-de, onuň howudynyň tapylmazlygydy. Düňle çölüň içinde sermenmedik ýeri galmady. Gol baryny sökdi.
— Burnuna ýel düşse, demirgazyga ýüzlenäýgiçdir, haýwan — diýip, tä Gyra çenli aňtady, sorag-ideg etdi. Gördüm-bildim bolmady. «Äl aýt, düýe diýeniň garynja däl ahyry, yzsyz-sorsuz gaýyp bolaýar ýaly. Agynary bor, gaşanany bor, bir nyşan goýar. Eger-eger merk diýlen ýaly. Asyl uç tapdyranok. Ýa gorpa gitdi, ýa-da gorpa giden ýaly etdiler. Haý, iner-ä inerdile, howudyny ýassyk, halygyny ýorgan edinip, kän gezendirin. Oň gadyryny men bilýädim. Wah, üstesine-de ol kolhozyň «inwertary» ahyry.
Aladasy gursagyna sygman, çalmaryň içinde ah çekip oturan Şyhberdi aga arka tarapdan eşdilen çybşyldyny hem duýmady. Ol:
— Haý, pelek, zalym pelek, goldan aldyň barym pelek — diýip, başyny galdyranda Çary Halyla gözi düşüp, laňňa ýerinden galdy.
— Gel, Çary jan, gel. Geleniňem duýmandyryn gel, ornaş — diýip, çalmaryň töründen ýer görkezdi.
— Görýän welin, Şyhberdi, howutly ineriň ýitmesi akylyňa-da zeper ýetiräýipdir öýdýän?!
— Aýdanyň bärden gaýdýar, Çary jan! Hudaýdan gizlemedigimi bendesinden gizläp nädeýin! Şo günden bäri edil içim üzülen ýaly bolup, dünýäň gyzygy gaçaýdy.
— Çekýän jebriň ýeňil däldigini aňýan, kärdeş! Eger oňlasaň ikimiz gaýraky ýomut garyndaşlarymyzyňka gideli. Bir gün, ýarym gün, gezeris, göreris, göwnüň açylar, belki ýitigiňe şo ýerde duşarsyň.
Çary Halylyň bu sözleri Şyhberdi aga gop berdi.
— Nätdiňaýt, Çary jan, gideli, gideli, özümiň hem göwnüme gelmän duranokdy, şu hyýal. Ýöne halys pikirimi çuwdamlap bilmämsoň, içime salyp ýördüm. Hydyr ata ýaly ýetişdiň, şeýdip!
— Hany onda saňa ertire çenli puryja. Sürüňi oglanlara tabşyr-da, ýola şaýlanyber. Daňdan ümüş-tamyşda üstüňden gelerin!
— Gyljyndan gan damyp durandyr — diýselerem, Çary aga tapbiler adam- -ow. Ýogsa, näçe gün bäri ot-elek bolup, ýanyp-bişip ýörün welin, nyrhyň näme diýýän ýok. Özümem bir ýelkaýda diýýänleri-le welin, garaz halyňy sorap, duýgudaşlyk etseler, kemje-kerdem bolmajak eken.
Şyhberdi aga Çary Halylyň teklibine monça boldy. Howutly ineri tapylana döndi. Çolugyna, orunbasaryna gaýta-gaýta tabşyrdy:
— Sür-ä gaýym bolup, mallaryň gyltyma kowalaşyp, ümdüzine tutduryberýändigini hergiz unutmaň! «Şyhberdi iki gün ýaban ýatypdyr weli, sürüsi bölünipdir» ýa-da şoňa meňzeş bir ýakymsyzlyk bolupdyr — diýseler, maňa-ha ýakmaz. Size-de abraý däl.
— Yzyňdan arkaýyn bol, Şyhberdi aga! Siziň ýoklugyňyzy duýan adam bolmaz, ýasy ýanyňyz ýerde bolsun! Bardy-geldi sorap-idäp geläýselerem, Çary Halyl bilen gitdi — diýsek, ikilenç sorag beren bolýar öýdemizok.
Şyhberdi aga çolugynyň ýüzüne köp manyly seretdi. Jortmak pyýadanyň sözleri ony oýlandyrdy.
— Be, görlemunyň, nokgy-nokgy eden bolşuny. Dur-da agaç ýuwudan ýaly bol-da. Geçiň öň aýagy ýaly bolup, gerkildemek nämäňe gerek.
Şyhberdi aga bu sözleri daşyna çykarmadygam bolsa, çoluk gürrüňe binobat goşulandygyna düşündi. Bir bahana bilen ýanyndan ýumluganyny kem görmedi.
— Gijeki gezim üçin goş golamymy taýýarlaýyn — diýip, çalmardan çykdy.
Şyhberdi aga orunbasaryna ýüzlendi:
— Siz barkaňyz şujagaz agzy sary oglanyň gep nokatlamagy makulmy eýsem?!
Şyhberdi aganyň bu sowaly jogapsyz galdy. Dogrusyny aýtsaň, ol jogaba mätäjem däldi. Howutly ineriň ýitirim bolmagynda çolugynyňam eli bar hasap edýärdi. Onuňam özüne ýetesi sebäbi bardy...
...Şamy özünden eda kiçi inisi Soltan bilen ýaşlykda ýetim galyp, kişi öýüni kölege edinmeli bolupdy. Ese-boýa galyp murtlary tabandan soň ýetimler obada bölejik çekene bakyp ýörmeden dyndylar. Olaryň hersini bir sürä çoluk edip iberdiler. Şeýlelikde Şamy Şyhberdi çopana çoluk boldy.
Bütin ömrüni mal yzynda geçiren Şyhberdi aga gaty ynjyk, üstesine-de «Taby-kyn» diýilýän adamlaryň hilindendi, ynanjaňdy. Kä halatlar-da göwresine gelişmeýän hereketlerem ederdi, zeýrenjeňdi. Kime gahar edýändiginem aňdyrman, şol hüňürdäp oturan pursatlaram az bolmazdy. Onsoň: Şyhberdi, şemal tersiräk öwüsse-de, geçidir goýunlary sähel artygrak mäleşse ýa-da goýun itleri ýüzlerini ýokary tutup, üýrüberse-de derrew bir zadyny diýerdiler. Şoňa görä-de işdeş ýoldaşlary oňa ýeke sözi artyk aýtmazdy.
Şamynyň onuň göwnünden turjak bolup aýdan sözlerem nyşana degmedi. Gaýtam onuň myrryhyny atlandyrdy. Ep-esli bagt hüňürdisini goýmady:
— Inerli gürrüň orta atylýar welin, uçganaklabir, hamana «gyzyl tapan gul ýaly». Senem gynanan bol, juda bolmanda ýüzüňi-gözüňi asan bol, Ýok, edil aty çykan ýaly. Onsoň göwnüň güman nireden gitmesin. Ynha, şü bolşam göwnemakul däl, bi içigaýnamazyň. Düzüwli bolanda taýak atym ýerde gezip ýören ineriň gürüm-jürüm bolanyny bilmezmi? Baý, biler-ä. «Ýetimi ýetip ur, ýetmeseň salyp ur» diýip, ýöne ýere aýdan däldirler. Sen dözmezçilik etseňem saňa dözýä bular...
Kalbyna müň oý-pikir gelip geçensoň ýatybam mazasy bolmadyk Şyhberdi aganyň gözüniň awusyny aljak bolup çeken azaby, puç boldy. Gaýtam alasarmyklyk onuň ozaldanam bitakat ýüregine ýok howsalalar salyp, aladasyny artdyrdy.
Çary Halyl daň saz berenden Şyhberdi aganyň çopan goşuna geldi. Egnine öýlugyny atyp, bir mahal sönüp küle dönen oduň başynada çugtdyryp irkiljeräp oturan Şyhberdi aga onuň gelenini duýmady. Çalmaryň agyzyna gelip, atdan düşen soň onuň — Şyhberdi — diýen sesine allaniçigsi bolup ýerinden galdy. Ol myhmanyny goşda galan goýun itinden gorajak boldymy ýa-da duran atlyny saýgarman gaty sak iti Peleňden haraý gözledimi: «Peleň, Peleň» diýip, howsalaly gygyrdy.
Peleňiň gelen myhmanyň golaýjagynda guýrugyny bulaýlap, hyňranyp durandygyny görensoň:
— Ýit, ýok bol, görünme şu ýerde diýdi it janawar nägilelik bilen yzyna öwrüldi. Çary Halyl Şyhberdi aganyň bu bolşuny halamady. Ýöne «Ýarym ukudaky adamdyr-da, uzak gije çirim etmän, gözüniň awusyny alyp bilmedikden şundan gowy nämä garaşjak» diýip, öz-özüne basalyk etdi.
— Şyhberdi, sag-aman ördüňmi?
— Salawmaleýkim, Çary aga:
Şyhberdi iki goluny uzadyp alkyma geldi. Soňam ondan ötünç sorady:
— Bagyşlaweri, halypa! Ýap-ýaňam oýadym, birden irkiläýipdirin.
Çary Halyl saglyk-amanlykdan soň ýola düşmegiň wagty gelendigini aýdyp, atyna atlandy. Ilkagşamdan taýýarlap goýan goş-golamyny alan, Şyhberdi aga-da at ýatagyna geldi. Çaltlyk bilen atyny eýerläp, horjunyny eýeriň yzyna bökderdi. Üzeňňä basyp, ýeňillik bilen atlandy. Ep-esli ýol geçýänçäler olaryň hiç birinden ses-seda çykmady. Gün guşluga galyberende, Çary Halyl ümsümligi bozdy:
— Şyhberdi, ýomut garyndaşlarynyňka baryp, «düýe gitdi, howut ýitdi» diýip, wawwaly ýeriňi tutup otursaň-a gaty gelşiksiz bolar. Üstlerine gelip, «Siz alan bolaýmaň, tapyň» diýenden enaýy bolmaz. Iň gowusy bu barada dil ýarmazlyk.
Çary Halyl bu sözleri gepiň gerdişine gör-ä aýtdy. Şeýtse Şyhberdi «ýitigler» hakda nämedir bir zat aýdar öýtdi. Emma diýeni çykmady. Ol muňa gynanybam durmady. Ýöne ilik-düwme çözlüp duran zat üçin, iki sakgally bolup, ýol söküp, gol aşmagyň pazylaty hem ýokdy. Ol muňa gaty gowy düşünýärdi. Hakykatyň üstüni basyrjak bolup, ili aldaýandyryn öýdýän adamyň öz-özüni aldaýandygyna oňa-da özüniň güp ynanyp barýandygyna haýran galdy.
— Beýle adamdan her zat çykar — diýip oýlan Çary Halyl onuň etmişiniň bir çetini özüne görkezeýin — diýen niýet bilen ýola düşüpdi. Buzatlardan bihabar Şyhberdi aga Çary Halylyň häliki tabşyrygyna bir haýukdan soň, ýarym nägile halda jogap gaýtardy:
— Çary halypa beýle etsek, gury gelip boş gitmek-diýen ýaly bir zat bolaýmasyn birden.
Şyhberdi aganyň bu sözlerine Çary Halylyň az-kem gahary geldi. Gür gaşlary çytylyp, ýüzüni has hyrsyz görkezýän murtlary tirpildedi. Sesi kesgitli çykdy.
— Beýle bolmaz, Şyhberdi, sebäpsiz çöp başy gymyldanok. Biziňem şü ýerlere ýol söküp gelmegimiziň başga bir wajyp tarapam bar. Indi suwa girip, gury çykyp bolmaz. Ony öz gözüň bilen gör, ýüregiuň bilen syz.
Çary Halylyň gürrüňi Şyhberdi agany iňkise goýdy. Ol daşyna çykaryp bilmese-de, içinden tommaýlyrak pikir öwürdi:
— Be, bi adamlaň ulusy-kiçisi maňa bir zat diýmeli bolsa, edil ýapydan eňaşak gaýdan ýaly-aýt. Ýa-da indi meň halys deregim dagap ýörmükä?
Çary Halyl atynyň jylawyny çekip Şyhberdi aganyň aty gapdallaşýança göýbermedi. Soňam nägileligi ýüz-gözünden mese-mälim bildirip duran kärdeşine bakyp çalaja gülümsiredi:
— Körkeýpliligi unut, seniň ineriňem, şol «arzyly» howudyňam tapyldy.
Bu habara Şyhberdi aganyň ýüzi açylyp gitdi.
— O nähili, Çary jan, hakmy?
— Ýalan otaran ýerim barmy?
— Ýok, ýok, beýdiýsem küpür gepledigim bolar?
— Onda diňle Şyhberdi! Ineriňem howudyňam ýitenok. Men seniň käbir «pohgömdüligiňi» aňşyranymdan soň, ony ýörite gurnadym.
Şyhberdi aganyň reňki agardy. Ysgyn-mejaly galman agzyny öweldip, bir zat aýtmaga hyýallandy. Çary Halyl oňa maý bermedi.
— Şyhberdi, düýä münüp hataba bukjak bolma! Men ähli zadyň änigine-şänigine ýetdim. Indiki matlabymam seni şu bisbraýçylykdan halas etmek. Bu ýerlere-de seni oýnamaga getiremok! Ýomut garyndaşlaryň mal bakyşlaryny, olaryň örüdir çopan goşlaryny, seniň «Garaköli şundan oňat semränok» diýip göwnüýetmezçilik edýän mallaryň guratlylygyny görkezeýin — diýip, getirdim. Seniň dört sany men diýen işşegi «zährimara» çalyşanyňam ýüzüňe aýdarlar. Otur onsoň sortdur-da.
Çary Halylyň sözleri Şyhberdi aga sypara ýer goýmady. Ol aljyrady, başyny ýaýkap, uludan demini aldy, agzyny pugta ýumup oturşyna içini gepledip başlady:
«Al, saňa gerek bolsa, öz elim bilen ile ryswa bolup oturyberdim, ýeri, ataň-da babaň-da şeýdip ýören barmy diýsene» Ähli etmişleriniň üsti Şyhberdi aga ysgyn mydary galmady. Gansyz dodaklary müňküldedi. Gözleriniň owasy giňelip, duluklary salparan ýaly boldy.
— Men günäkär Çary jan! Sen ile rysga etme!
— Ryswa boljagyň bolduň. Soňky tüýkülik sakgal ezermi, ezmezmi, aýdyp biljek däl?!
— Başyň-a döneýin, Çary halypa şü muşakgatlykdan dyndyr, galan ömrüme... pent bolar...
...Saparmät çopan ahally kärdeşlerini nirede oturtjagyny bilmedi. Kemsiz tutaşan çygyr sazagyň ody suwly taňkanyň salymyny bermän lasyrdatdy. Gaýnamy ýeten taňkany otdan alyp, içine bir ýanawuç gök çaý oklap agzyny mäkäm ýapdy. Gyralarynda çaýyň mazaly yzy galan käseleri gaýtadan çaýkap, myhmanlara golaý goýdy. Onýança-da çoluk ýaňja soýlan çebişiň läşini derisiniň üstüne ýaýradyp, pudarlamaga başlady.
— Biz üçin beýle gorsançlyk etmeli hem däl ekeniňiz — diýip, Çary Halyl sypaýçylyk etdi.
— Siz ýaly gonak tapsak, hyzmaty bizden. Ymgyr çölde hal-ahwal soraşar ýaly gabyl adam hem tapdyryp duranok. Dogrusyny aýtsam, azaşyp-tozaşyp gelýän-ä ýogam däl. Ýöne her öňýeteni törüňe geçirip, baryňy-ýoguňy seçiberseň, nebsi otugyp, çakdan aşýanam tapylyberýär. Onsoň gözüňe güýdüşüp, eli egrilik edýänem, ýaş çopan-çoluklary dürs ýoldan sowmak isleýänlerem bolaýýa.
Saparmät çopanyň janygyp berýän gürrüňi Çary Halyly o diýen gyzyklandyrmasa-da Şyhberdi agany otdan alyp suwa atýardy. Ol gürrüňi ümsüm diňläp bilenokdy. Birki aý ozal bolan wakany agzaryna garaşyp ber-başagaýdy. Onuň bolup oturşyna Çary Halylyň haýpy geldi.
— Dogry aýdýaň Saparmät, her kese sandygyňy açyp otursaň, gowşak damaryňy tiz tapýarlar. Onsoň kösenip ýörmeli-dä şeýdip...
Şol günüň ertesi ir bilen Saparmät myhmanlaryny atardy. Iki atly niredesiň Siňrenli diýip, ýola düşdi...
Nowruz GURBANMYRADOW.
Hekaýalar