11:32 "Huşsuz" kempir / satiriki hekaýa | |
"HUŞSUZ" KEMPIR
Ýaşaýan ýerim mikroraýon bolsa-da, irgözinden göçüp gelemsoñ oduk-budujak ekinmek üçin sygryñ dili ýaly ýerjagaz edindim. Walla, o ýeri maña uly güýmenje bolýar how! Bahar baýramçylygynyñ öñ ýanyragydy. Gydyrdanan bolup öz ýerimde bu gün-erte açyljak bolşup oturan gülleriñ düýbüni ýumşadyp ýördüm. - Amanmy janym. Men kellämi galdyryp, ses gelen tarapa seretdim. Çalaran saçlary hüwjerip ýüzüne dökülip duran bir kempire gözüm kaklyşdy. - Ýeññe, salawmaleýkim. Zähmetkeşleriñ halkara raýdaşlyk güni bolan ýetip gelýän 1-nji Maý baýramyñyz mübärek bolsun! Size berk... Bilemok, ol aýalyñ ýa-ha gulagy agyr, ýa-da onuñ öz aladasy özüne ýetik eken. Baýramçylyk bilen işi ýok. - Şu taýy on birinji mekirmi?! - Hawa, daýza jan, hawa, bolup bilse-hą şodur. Ol birhili ýitirip tapan ýaly begenip ýyljyraklady. Has golaýragyma süýşdi. - Maña o tüki nemäñ öýi gerekdi - diýip, ol kimdir biriniñ adyny ýatlajak bolup, gözüni süzgekletdi. - Kimiñ öýi? - Wah, şuwat ady dilimiñ ujunda welin... Neme-le, aýalyna Ýamanja diýýändirler, özem uborşik bolup işleýä, yşgolda. Adamsam özüñiz ýaly... - Mekdepde tam süpürji bolup işleýä diýdiñizmi? - men onuñ sözüni böldüm. - Hawa, uborşyk, özi şeý diýdi. Düşnükli. Kelebiñ ujuny ýitiren kempir diýerler muña. Edip bolsa kömek etmeli. Ýöne nädip?! Mikroraýonda otuz müñe golaý adam ýaşaýar, özem ýamanja-ýamanja aýallar gaty kän bu ýerde, olaryñ haýsy birini tanajak. - Öý nomerini zadyny... Ol birden gygyrdy. - Wiý, adamsynyñ ady neme, Halmyrat. Mesgewe gatnaýan otlynyñ bir magunynyñ hojaýynymyşyn özem. Men garryny gynap durmaýyn-la. Öñi-soñy onuñ soraýan adamsyny tanajak gümanam ýok. Onsoñam "Bilemok" müñ belany başdan sowar diýipdirler ahyryn. - Gynansak-da, garry, men-ä beýle adamyny tanamok. Ol ugrajak ýaly etdi-de, birki ädim ätdi. Birdenem ýene-de yzyna öwrüldi. Sag elindäki paty-putusyny çep eline geçirdi. Aý ýok, gürrüñdeş tapynsa bi garry gaty bir gidiberjege-de meñzänok. - Olar mata-marlagam satýandyr. Nädip satmasyn, duldegşir goñşulary söwda ysgylatlarynyñ ketdesimişin. Adyna-da Aman Esenowiç diýýäler. 1947-nji ýylda doglan. Bäş sanam çagasy bar. Öñräk ortanjy ogluny öýerende, onuñ atbaşysyna kyrk sekiz lükge gidipdir. Şo ýañky Aman Esenowiç diýilýäni arada gapjapdyrlaram, miliseler. Onda-da ol para-peşgeşi bilen hakyt sypanmyşyn. Wah, köşek, büwagt näme, puluñ bolsa ýyldyzdan ýol ýasap, Aýa sataşsa bolýa... Men bu garrynyñ kimdir biriniñ öýüni gözleýän-ä, dogrusy, şübhelenip başladym. Gel, ony ugruna sürüp göreýin-le. Goý, diliniñ hözirini görsün. - Dogrudyr garry. Bi mekirde her hili jemende ýaşaýar... Garry goşlaryny bir gapdala goýdy-da, özüni aşak goýberdi. Goýry kölegä atylan gülli keçäniñ üstünde mazaly ornaşdy. - Bu çäýnejigiñde bir owurt çaý galmadymy? - diýip, ol meniñ jogap bererime-de garaşman, çäýnegi sarkdyrdy. - O-ho-how, görýän welin, bi Göroglydaky kempir ýaly başa düşen towky bolaýmasyn. Ýok, sypmañ alajyny etmeli. Bu garryñ gürrüñem gerek däl, özem... - Ýeññe, siz ýañky gözleýän adamyñyzy ho gaýrarakdan bir ýerden sorap görüñ. Edil şu ýerlerde-hä şeýle adam ýaşanok. Ol düwünçekleriniñ birini golaýragyna çekdi-de, çiñerilip meniñ ýüzüme seretdi. - Jan ogul, bi näme, sakgala-murta basdyrypsyñ-la, eýgilikmi özi? Men törpi ýaly garalyp duran eñegimi sypalaşdyrdym. - Hudaýa şükür, saglyk. Ýöne ýekşenbe güni işe gitmämsoñ syrmadymam-da. Aý, onsoñam dükanlarda-da bir üýşüp ýatan almazam ýok. Garrynyñ gözi ýitilenen ýaly boldy. Onuñ birhili dilem süýjedi. - Wah, köşejigim, bi dükanlara suw çaýkalan ýaly boldy, zat ýok asyl. Özüñiz ýaly gowka oglan duşaýsa diýip ýanyma birki gap almazjyk alypdym, özem importnyý... Men bu kempire ýagyrnişligimo otladyp dynaýyn-la, ýogsam ol ýakamy goýberjek däl. Hasaplaşyp hoşlaşdym. Ol añyrrak gitdi-de: - Be, sen onda Ýamanjalañ öýüni bileñok-da?! - diýip, yzyna gañryldy. Men eşitmedik bolup öz işime güýmendim. Ol ýene-de gygyrdy. Goýjak däl-ow. - Ah-ow, başyña-gözüñe döneýin, daýza jan, gözleýän adamyñ goñşy-golamyna çenli tanajak bolup ýörmän, olaryñ jaz nomerini belläýmeli ekeniñ-ä - diýip, men janymdan syzdyryp özelendim. Meniñ çynymdygyny ýañky ahyry andy öýdýän. Hüñürdäp öz ýoluna rowana boldy. - Wah, men bir añkasy aşan, huşsuz, skleroz kempir-ä, nomur-somuryñy näbileýin... Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |