09:15 Iñ möhüm gün | |
IÑ MÖHÜM GÜN
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ir döwürde ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak isleýän bir ýaş ýigit bar eken. Günleriň birinde ol bir obada bir akyldaryň bardygyny eşidýär. Dessine atyna atlanyp, ýola düşýär. Ony görmek üçin ýörite baran ýaş ýigit akyldaryň öz melleginde joýa çekip ýörenini görýär. Ol atyndan düşüp, akyldara salam berýär. Hal-ahwal soraşylansoň: – Meniň size üç sowalym bar. Dünýäde iň esasy adam kim? Haýsy iş durmuşda has wajyp? Günleriň içinde möhümi haýsy? – diýipdir. Ony dykgat bilen diňlän akyldar jogap bermän, joýa çekmegini dowam etdirýär. Bir salym onuň işleýşini synlan ýaş ýigit oňa hemaýat bermegi makul bilýär. Yhlas bilen girişen işini bolansoň, başyny galdyryp, daş-töweregini yhlas bilen synlap duran ýaş ýigidiň şol wagt ýoluň ugry bilen barýan ötegçiniň halynyň harapdygyna gözi düşýär. Ony saklap, halyny soraýar, ýagşy sözler bilen göwünlik berýär. Soňra ony gojanyň çatmasyna eltip, düşekde ýatyrýar. Ertesi gün gelip seretse, goja ekin ekip ýören eken. – Atam, sen bu gün hem meniň sowallaryma jogap bermezmiň? – diýip, ol soraýar. Şonda akyldar işinden ünsüni sowup, ýaş ýigide şeýle diýýär: Seniň özüň öz beren sowallaryňa eýýäm jogap berdiň ahyryn. O nähili? – diýip, ýaş ýigit geň galýar. Köpügören goja oňa şeýle jogap berýär: Meniň ýaşuludygymy görüp, seniň maňa nebsiň agyrdy, öz möhümiňi unudyp, maňa hemaýat berdiň. Şol pursat men seniň üçin dünýäde iň esasy adam, maňa ýardam etmek bolsa iň wajyp iş boldy. Soňra haly harap, dertli ötegçä gözüň düşdi. Oňa dessine hemaýat bermegiň möhümdigine düşündiň. Şol pursat ol seniň üçin iň esasy adama, oňa ýardam etmek bolsa iň wajyp işe öwrüldi. Şeýlelikde, dünýäde iň esasy adam – seniň hemaýatyňa mätäç ynsan, iň wajyp iş – oňa beren ýardamyň. Indi men seniň üçinji sowalyňa-da jogap berip bilerin. Ynsan üçin iň möhüm gün şu günki gündür. Gaýypnazar BALLYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |