14:27 Ispan ilçisi türkmenler barada | |
ISPAN ILÇISI TÜRKMENLER BARADA
Taryhy makalalar
Orta asyrlarda, birnäçe arap syýahatçylary bilen bir hatarda, Marko Polo, Balduççi Pegolotti, Plano Karpini, Entoni Jenkinson ýaly ýewropaly jahankeşdeler türkmen topragynyň üstünden geçip, öz döreden eserlerinde, ýolýazgylarynda gymmatly maglumatlary galdyrypdyrlar. Şeýle awtorlaryň biri-de häzirki Ispaniýanyň çäginde ýerleşen Kastiliýanyň we Leonyň koroly Genrih III-niň (1390—1407) Teýmirleňiň (1336—1405) köşgüne ugradan ilçisi Rui Gonsales de Klawihodyr. Ispan koroly Teýmir bilen gatnaşygy ýola goýmaga aýratyn ähmiýet beripdir, çünki harby-syýasy maksatlardan başga-da, ol Gündogar bilen söwda gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmak isläpdir. Şonuň üçin-de, Teýmiriň ilçi ugratmagyna jogap hökmünde onuň imperiýasynyň paýtagtyna — Samarkant şäherine wekillerini ýollapdyr. Ilçileriň arasynda korolyň kamergeri (korol köşgüniň, onuň otaglarynyň açaryny saklaýan we olara jogapkär adamyň wezipesi, dereje) Rui Gonsales de Klawiho hem bolupdyr. 1403-nji ýylda başlap, üç ýyla çeken syýahatyň dowamynda onuň ýöreden gündeligi 1582-nji ýylda Sewilýada Argote de Molina tarapyndan, türkmen diline terjime etsek, «Beýik Tamorlanyň taryhy» diýen at bilen neşir edilipdir. Iki asyr geçensoň, 1782-nji ýylda bu gündelik gaýtadan neşir edilýär. 1881-nji ýylda rus alymy I.I.Sreznewskiý tarapyndan rus diline, 1928-nji ýylda iňlis gündogarşynasy G.Le Strenj tarapyndan bolsa iňlis diline terjime edilýär. Gündeligiň has giňişleýin düşündirişli we rus dilindäki iň soňky neşiri «Samarkanda Teýmiriň köşgüne syýahatyň gündeligi (1403—1406)» diýen at bilen I.Mirokowanyň gadymy ispan dilindäki golýazma nusgasyndan terjime edilip 1990-njy ýylda Moskwada neşir edilýär. Klawihonyň ömri barada maglumat ýeterlik däl. Diňe onuň Genrih III-niň kamergeri bolandygy, ata Watanyna dolanyp gelip, bir aýdan soň korolyň öňünde hasabat berendigi, tizara Genrih III-niň aradan çykmagy bilen, döwlet işlerinden daşlaşandygy we 1412-nji ýylda aradan çykandygy mälim. Samarkanda iberilen ispan korolynyň ilçileri 1403-nji ýylda Kadis şäheriniň golaýyndaky Santa-Mariýa deňiz portundan ýola düşýärler. Ortaýer deňzi boýunça ýüzüp, Kiçi Aziýanyň kenarýakalaryna, Trapezund (häzirki Trabzon) şäherine gelýärler. Ol ýerden kerwen ýollarynyň ugry boýunça Töwriz şäherine baranlaryndan soň, gündogara tarap hereket edip, Reý, Tähran, Weramin, Nişapur, Balh, Keş şäherlerinden geçip, Teýmiriň imperiýasynyň merkezi şäheri bolan Samarkanda 1404-nji ýylyň sentýabrynda baryp ýetýärler. Ispan ilçisi Töwrizden häzirki Azerbaýjandaky Miane şäherine tarap ýola düşende, Tuselýar diýen ýerde türkmenleriň ýaşaýandygy baradaky maglumatlary galdyrypdyr. Beýik Seljuk türkmen döwletiniň gülläp ösen döwründe türkmenler günbatara süýşüp, ägirt uly ýerleri eýeläpdirler we ol çäklerde dürli döwletleri, atabegliklerdir beglikleri döredipdirler. XIII asyryň başynda dünýäni lerzana getiren mongol basybalyşlarynyň öňüsyrasynda hem Merkezi Aziýanyň ilatynyň bir bölegi günbatara göç etmäge mejbur bolupdyrlar. Şonda olar Kiçi Aziýanyň, Kawkazyň ýerlerine giňden ornaşyp, ol ýerlerde taryhda uly yz galdyran birnäçe döwletleri döredipdirler. Şeýle döwletleriň biri-de Garagoýunly türkmen döwletidir. Klawihonyň bu sebitde ýatlaýan türkmenleri hem şol döwletiň ilatydyr. Şonuň ýaly-da, gündelikde Garagoýunly türkmen döwletiniň meşhur patyşasy Gara Ýusubyň ady hem birnäçe gezek gabat gelýär. Klawiho türkmenleriň myhmansöýerligine ýokary baha berip, her obadan ilçilere dürli naz-nygmatlaryň hödür-kerem edilendigini belleýär. Sözüni dowam edip, ol: «Olarda şeýle däp bar: haçan-da ilçiler gelende, açyk meýdanda haýsydyr bir kölegäniň aşagyna haly ýazyp, olary oturdýarlar, soňra her kim öýünden iýmit, kim çörek, kim turşy süýt önümlerini ýa-da, adatça, tüwüden we hamyrdan taýýarlanan beýleki zatlary getirýärler» diýip ýazýar. Eger-de ilçiler bu ýerde myhmançylyga galmak islese, olara et önümleri hödür edilipdir. Munuň özi ata-babalarymyzyň myhmansöýerligini, olaryň tanyş-nätanyşdygyna garamazdan, myhmany öňünden çykyp garşy alandygyny görkezýär. Klawihonyň ýoly türkmen topragynyň üstünden hem düşýär. Has takygy, iňlis gündogarşynasy G.Le Strenjiň bellemegine görä, ilçiler Eýranyň demirgazygyndan häzirki Sarahs sebitlerine gelip, ol ýerden Tejen derýasyndan geçýärler. Klawihonyň ýazgylarynda bu wakanyň 1404-nji ýylyň 10-njy awgustynda bolandygy bellenilýär. Klawiho: «Bu adamlar (türkmenler — R.H.) gyşda we tomusda şu meýdanlarda ýaşaýarlar. Tomusda suwuň bolrak ýerine süýşüp, ol ýerde öz bugdaýyny, gowaçasyny hem-de, meniň pikirimçe, tutuş dünýäde iň süýji we örän bol ýetişýän gawunlaryny ekýärler» diýip belleýär. Ol ilatyň durmuşyny suratlandyrmagy dowam edip: «Bu adamlaryň maly: goýunlary, düýeleri we atlary örän köp, sygyrlary az» diýip ýazýar. Hakykatdan-da, taryhy we etnografik maglumatlara görä, halkymyzda maldarçylykda has gadymy döwürlerden bäri Klawihonyň agzaýan görnüşlerini idetmek mahsus. Awtoryň dünýäde datly tagamy bilen giňden tanalýan türkmen gawuny baradaky öwgüli sözleri-de diýseň buýsandyryjydyr. Klawiho: «Ol halk örän zähmetsöýer we oňat çapyksuwar, ýaýdan gowy ok atýanlar we mert söweşijiler... Olar sowuga, jöwza, açlyga we suwsuzlyga dünýädäki beýleki halklara görä iň çydamlylardyr» diýip ýazýar. Bu setirler türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri kämil harby sungatynyň hem-de taýýarlygynyň bolandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. Şeýle-de, olaryň oňat çapyksuwar hökmünde suratlandyrylmagy halkymyzyň maddy gymmatlyklarynyň naýbaşysy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň Watanynda atçylygyň, seýisçiligiň orta asyrlarda-da ösdürilendigini aýdyň görkezse, sowuga, jöwza, suwsuzlyga çydamlylygy Diýarymyzyň tebigy şertleri barada bellibir derejede maglumat berýär. Klawiho syýahaty döwründe ýerli halkyň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny hem aýdyňlaşdyrmaga synanyşypdyr. Ol türkmen aşhanasyna et önümleriniň mahsusdygyny, köp tagamlar taýýarlanylanda, etden peýdalanylýandygyny belleýär. Klawiho türkmen tagamlarynyň biri bolan unaşy «has» diýip atlandyryp, onuň taýýarlanylyşyny giňişleýin beýan edýär. Ol unaşyň gazanda gaýnadylandan soň, ýörite golçalara guýulýandygyny hem-de olaryň biri bilen türkmenleriň etsiz, çöreksiz oňňut edip bilýändiklerini belleýär. Bu tagamyň, beýleki naharlara seredeniňde, has köp taýýarlanylýandygyna, hatda gündelik tagamdygyna ünsi çekýär. Ilçiler Garagumuň içi bilen gündogarlygyna hereket edenlerinde, Klawiho bu sebitiň jöwzaly yssysy barada aýdyp, olary suwsuzlyk zerarly dörän örän uly heläkçilikden Morga atly derýanyň halas edendigini ýazýar (Klawiho Murgap derýasyny şeýle atlandyrypdyr, çünki ol derýanyň ýörgünli bolan gadymy grek dilindäki adydyr). Ilçiler günorta-gündogarlygyna tarap ýöräp, Andhoýa, Balha baryp ýetýärler. Klawihonyň gündeliginde türkmenler we ýurdumyzyň tebigaty bilen baglanyşykly indiki maglumatlar ilçileriň Teýmiriň duýdansyz ölüminden soň, yzyna dolananlarynda geçen ýolundaky galdyran ýolýazgylarynda gabat gelýär. Samarkantdan gaýdan ilçiler Buhara şäherinde dem-dynç alyp, ýola düşenlerinde, Merkezi Aziýanyň iň köp suwly derýasy bolan Amyderýadan geçmeli bolupdyrlar. Klawiho derýanyň adyny dürlüçe: «Biamo», «Wiadme» diýip atlandyrmak bilen, onuň tebigatyny giňişleýin suratlandyrýar. Amyderýanyň ininiň bir liga (1 liga, takmynan, 4,8 kilometre deň) barabardygyny, onuň suwunyň çalt akýandygyny we birneme bulançakdygyny belleýär. Şeýle-de, Klawiho derýany «beýik» diýip atlandyryp, onuň Hazar deňzine guýýandygyny ýazýar. Ilçiniň berýän maglumatlarynyň hakykata laýyk gelýändigini bellemek gerek, çünki Amyderýa ol wagt has köp suwly bolansoň, onuň bir şahasy Sarygamşa guýupdyr. Bu kölüň suwy hem hanasyna sygmansoň, ol Hazar deňzine tarap ýol ýasapdyr. Derýanyň bu gadymy akabasyna Uzboý diýlip at berilýär. Alymlar Uzboýyň, Amyderýanyň ugruny üýtgetmegi netijesinde, takmynan, XVI — XVII asyrlarda gurandygyny belleýärler. Klawihonyň ýoly soňra Garagum sährasynyň üstünden düşýär. Ol bu ýeriň tebigatyny Amyderýanyň kenaryndaky Gyzylgum bilen deňeşdirýär: «Bu çöl örän tekiz hem-de onda birinjä (Gyzylguma — R.H.) seredeniňde suw kän. Tutuş ýolumyzyň düşen ugrunda gyrymsylar ösüp otyr, topragy çägeli». Görnüşi ýaly, ispan ilçisi Garagumuň relýefiniň tekizdigini, sähranyň ösümlik dünýäsine, Gyzylgum bilen deňdeşdirilende, suw serişdelerine baýdygyny belleýär. Bular dogrusynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda: «Garagumuň çägesi göräýmäge ýöne ýaýylyp ýatan çöldür, ýöne şahyryň hem düýpli häsiýetde çuňňur beýan edişi ýaly: «Çöl däldir, tolkunyp ýatan ummandyr» diýip belleýär. Bäş günlük ýol aşyp, ispan wekiliýeti Köpetdagyň etegindäki Abywert şäherine gelip ýetýär. Klawiho şäheri «Buabartel» diýip atlandyrýar, bu bolsa şäheriň orta asyrlardaky «Bawerd» diýen adyna kybap gelýär. Klawiho: «Bu şäher depesi gar bilen örtülen beýik dagyň eteginde, örän sowuk ýerde ýerleşýär» diýip belleýär. Awtoryň bu çäkleri örän sowuk diýip häsiýetlendirmeginiň sebäbini onuň bu ýere gyş paslynda, dekabr aýynyň ahyrynda gelendigi bilen düşündirmek mümkin. Umuman, Rui Gonsales de Klawihonyň gündeligindäki ýazgylarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, däp-dessurlary, edim-gylymlary, Diýarymyzyň tebigaty baradaky gymmatly maglumatlar kän. Rüstem HOJAGELDIÝEW, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |