19:07 Kalplaryñ ruhy melhemi | |
KALPLARYŇ RUHY MELHEMI
Şygryýetiň çuňluk, inçelik öwüşginlerini dünýä eçilen, ynsan söýgüsiniň taýsyz waspçysy Mollanepesiň döredijiligi türkmen edebiýatynyň taryhynda esasy orny eýeleýär. Onuň yşky-liriki şygyrlarynda päkize söýgi täsin öwüşginlerde beýan edilýär. Ajaýyp şygyrlardaky duýgular ynsan söýgüsiniň mukaddesligine, dünýä gözellik jähetinden akyl ýetirmegiň belentligine sary uzaýar. Şahyryň ynsan kalbynyň gözelligini wasp edýän şygyrlary çeper many-mazmuna eýedir. Mollanepesiň yşky-liriki goşgularynda milli häsiýete eýe bolan gahryman, onuň durmuşa we söýgä garaýyşlary görkezilýär. Goşgularda söýgi ýaşaýşyň gözbaşy hökmünde suratlandyrylýar. Gara gözdür aşyklaryň guwanjy, Şirin sözdür hasta janyň söýenji, Iki şamar saklap ýatyr ol genji, Genç üstünde halka guran ol ýylan. Ýokardaky bentlerde näzenin gyzyň keşbine maýyl bolmak, gözelligiň hatyrasyna döreýän näzik duýgular suratlandyrylýar. Başgaça aýdanyňda, bu setirlerde päkize söýginiň esasy matlaby bolan duýgynyň ýagşy niýete gönükdirilendigi görnüp dur. Şahyr aýtjak bolýan pikirini näzik duýgulara çaýyp, juda çeper görnüşde okyja hödürleýär. Şu ýerde çeperçilik serişdeleriniň özboluşly ulanylyş aýratynlygy ýüze çykýar. Biz oňa şahyryň diliniň çeperçilik aýratynlygy diýip düşünýäris. Mollanepesiň ulanan çeper meňzetmeleri şahyryň döredijilik dünýäsine özboluşly janly, sazlaşykly öwüşginler berip, goşgy setirlerini ýakymly duýgular bilen baýlaşdyrýar. Şahyryň şygyrlary söz suratkeşligi bilen hem tapawutlanýar. Onuň liriki gahrymany — gözelligiň aşygy. Şonuň üçinem wasp edilýän gyzyň janly keşbi, barmagyny dişläp durşy, türkmen gyzynyň utanç-haýaly oturyp-turşy göz öňüňde janlanýar. Muny şahyryň: Ýa melek, ýa peri, bile bilmedim, Näz eýleýip, mestan basyp gelen gyz. Ýüz sorap, bir jogap alabilmedim, Sözlemezmi adamzatdan bolan gyz — diýen setirlerinde-de görmek bolýar. Şahyryň söýgi lirikasynda aşyk ýigidiň magşuk gyza bolan söýgüsi göz öňüne gelerlik ýagdaýda beýan edilýär: Ýatypdyr ak gol ýassanyp, Ýüpek mahmallar üssenip, Gapyny açdym gyssanyp, Rahmet nurun saçdym gitdim. Mollanepesiň suratkeşligi «Saçyň» diýen goşgusynda has-da aýdyň görünýär. Her bentde, her setirde gyzyň saçynyň tarypy ýetirilip, onuň türkmen gyzynyň gözelligine gözellik goşýandygy meňzetmeleriň, deňeşdirmeleriň üsti bilen suratlandyrylýar. Şana ursaň ýalkym salar, Aý utanar, ýüzün salar, «Görsem» diýip köňlüm galar, Tutup görsem tylla saçyň. Bu goşguda türkmeniň milli özboluşlylygy, ýagny gyzlaryň saçyny öňüne goýberýänligi, gelinlikde bolsa arka atylýanlygy suratkeşlik bilen açylyp görkezilýär. Gel gaşyma, ýar, begen-de, Gara saç arka atyn-da, Şemal öwsüp, ýel degende, Towsar seniň tylla saçyň. Şahyryň «Istäp ki gözel ýary» atly goşgusy aşyk ýigit bilen gyzyň arasyndaky sözleýiş pursatlaryna çekilen özboluşly suratlardyr. Eseriň dowamynda gyzyň näz edişi, kem-kemden ýüreginiň ereýşi doly göz öňüne gelýär. Liriki gahryman öz söýgülisi bilen gizlin duşuşýar. Duşuşykda türkmen gyzynyň hakyky keşbi görkezilýär. Şahyr aldym-berdimli, galagoply döwürde ýaşasa-da, gahrymanyna şeýle bir beýik ruhubelentlik beripdir. Şoňa görä-de, liriki gahrymanyň durmuşa, ýaşaýşa, söýgä bolan isleg-höwesi, hyjuwy hiç egsilerli däl. Ine, oňa mysal: Dür derýadan çykabilmez, Nazar kylsa dişleriňe. Dowzah meni ýakabilmez, Ýanyp men ataşlaryňa. Heý, şu setirlerde çäresizlik, ejizlik, gam-gussa barmy?! Elbetde, ýok. Şahyryň söýýän sözüni diýmezden, ony inçelik bilen aýdyşyny görüň! Eýsem, munuň özi ussatlygyň aňrybaş çägi dälmi?! Şahyryň watançylyk, gahrymançylyk häsiýetli hem ençeme goşgulary bar. Onuň özem gerek ýerinde eline ýarag alyp, Watany goran merdanadyr. Watany beýgeldýän hem mert ýigitlerdir. Şahyr Watan ogullaryny wasp edip, olara ençeme şygyrlary bagyşlapdyr. Görogly dek gaýratly, ýow gününde gaýduwsyz, pähim-paýhasly, ugurtapyjy ýigitleriň waspy nusgawy edebiýatda mynasyp orny eýeleýär. Bu milli aýratynlyklar ajaýyp söz ussady Mollanepesiň döredijiligine-de mahsusdyr. Şahyr her bir adamyň kämillige ýetmegi üçin paýhasly, mert, jomart bolmalydygyny ündeýär. Mysal üçin, onuň «Ner gezgin» atly meşhur şygrynda şeýle setirler bar: Köňlüm saňa nesihat, gezseň serbeser gezgin, Tany dosty-duşmanyň, öýňe bahabar gezgin, Ganym bilen garjaşsaň, daýym muşty per gezgin, Gezseň dünýä ýüzünde dowam täze-ter gezgin, Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin. Şahyryň bu goşgusy häzirki döwürde-de ähmiýetini ýitirmeýän, ynsanlary kämillige alyp barýan dürdäne eserdir. Onda durmuşda paýhasly hereket etmek, ýagşyny-ýamany seljermek, dosta wepaly bolmak, adamlara ýagşylyk etmek ýaly asylly häsiýetler öňe sürülýär. Mollanepesiň «Bäri gel», «Haýrana galar», «Nazar kylsa dişleriňe», «Dilber», «Owadan gelin», «Gözelim», «Söwdügim» atly ençeme şygyrlary uzak ýyllardan bäri bagşylaryň dilinden düşmän gelýär. Şahyryň «Zöhre-Tahyr» dessany bolsa milli teatr sungatynyň hem göwher gaşy bolup taryha girdi. Mollanepesiň portret suraty Türkmenistanyň halk hudožnigi Aýhan Hajyýew tarapyndan döredildi. Amangeldi HOMMAKOW, mirasgär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |