10:08 Möjegiñ ölümi | |
MÖJEGIŇ ÖLÜMI
Goşgular
Bu bir rowaýatmy, Ýa-da bir tymsal, Bilmedim, gezip ýör ilden-illere. Gowy zat, bolmasa howaýy gürrüň, Gelip ýetermidi biziň günlere. Bir awçy ýaşapdyr gadym döwürde, Bütin ömrün geçiripdir aw bilen. Jülge-jülge söküp beýik daglary, Telim – telim wakalara duş gelen. Şir-peleňi dyrnagyndan tanapdyr, Gözünden urupdyr uçan guşlaryň. Gaýalary galkan edip özüne, Awda geçiripdir ýaz-u-gyşlaryn. Awçyny hemişe oýlandyrypdyr, Gaýta-gaýta gabat gelen bir waka. Bu ýagdaýa duş gelipdir ýaşuly, Derelerde eşek münüp barýarka. Aňsa birden möjek baryn golaýda, Eşek sakga durar eken şo bada. Synçgylap, Depgiläp eşegin awçy, Galgytsa-da şaldyryny howada. Eşek butnamandyr, Awçy geň galyp, Mäkäm barlag eden ençeme sapar. Işiň anygyna ýetensoň doly, Ýaşuly şeýleräk netije tapan: “Eşekleň taňrysy möjek ekeni, Bilmeli her zady ýerli ýerinde”. “Är gorkan ýerinden” diýlişi ýaly, Bulam bek galypdyr awçyň serinde. Aw şowly bolupdyr, ine, bir gezek, Awçy möjek tutup, ony kaklapdyr. Aýaklaryn güýlüp, Agzyny sarap, Çal möjegi eşegine ýükläpdir. Elbetde, eşegem çekendir ezýet, Namys tikenleri batandyr tene. Ýöne möjek ýokuş görüp, Dem alman, Az salymda öläýipdir, görsene! Bu bir rowaýatmy, Ýa-da bir tymsal. Bilmedim, Gezip ýör ilden-illere. Ahwalaty gözi bilen görensoň, Awçy söz tapmandyr yzyn diýere. Begmyrat USSAÝEW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |