19:35 Nesibäñ çeker | |
NESIBÄÑ ÇEKER
Dowamyña çirk gelmese nesliñden, Ojagyña döwlet arygy akar. Her ädimde many alsañ aslyñdan, Ykbal saña mydam ýylgyryp bakar. Dady bir başgadyr halal gazanjyñ, Rahat ýat, tur - bolmaz asyl-ha ünjiñ, Yranmaz-ynjamaz hazyna-genjiñ, Diñe şowlulykda señ bijäñ çykar. Gaýgyrma dostuñdan hany-manyñy, Özüñe ýar tutgul din-imanyñy. Şonda ýaşan ömrüñ bolar manyly, Rysgal çeşmesine nesibäñ çeker. Ýüregiñ suwly bor - syla goñşyñy, Bagtyñ çüwse, pespäl eýle başyñy, Bahyldanam gysganmagyl aşyñy, Bu göreşdir - mertlik pesleri ýykar. Näzik, senem meñzejek bol oñada, Ynan ykbalyñy diñe döwede, Juda köp zat berilýändir sowada, Oka, öwren, bir gün bagt gülüp bakar. Näzik ANNATYÝEWA. | |
|
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Ýasama gül / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Ala ýektaý bedroý / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |