14:06 Nohurly taýpasynyñ düzümindäki käbir urug-tireler | |
NOHURLY TAÝPASYNYÑ DÜZÜMINDÄKI KÄBIR URUG-TIRELER
Taryhy makalalar
■ NOHURLY Köpetdagyň Nohur diýen gözel we suwly jülgesinde ýaşaýan ekerançy taýpalaryň biri bolan nohurlylara olaryň ýurdunyň ady dakylypdyr: “Nohur jülgesinde ýaşaýanlar”, “nohurlylar”. Nohur sözi aslynda araplardan (ýa mongollardan) pars diline geçen söz bolup, ol “derýa”, “akym ugry”, “suwly ýer” diýen manylary aňladýar. Nohur jülgesinde-de çeşme köp. ■ AÝY Alilileriň, nohurlylaryň, Bagyr obasynda ýaşaýan tekeleriň düzüminde aýy atly tireler bar. Türki dilli halk bolan gyrgyzlaryň arasynda aýuu, özbeklerde (gypjaklarda) aýu, başgyrtlarda aýyu diýen urug-tireler türkmenlerdäki aýy tiresi bilen atdaş bolmak bilen birlikde, aýy-aýu etnoniminiň gadymy türki eýýamda, iň bärkisi – XI asyrdan öň dörändigine şaýatlyk edýärler. Aýy diýen tire-taýpa atlary gadymy ata-babalarymyzyň ynanç-düşünjeleri, ýagny her taýpanyň belli bir haýwany eý görmegi, ony howandar tutunmagy, mukaddes hasaplamagy (ylmy dilde totemizm) bilen baglanyşyklydyr. Möjek, it, aýy ýaly güýçli haýwanlar totem hökmünde köp halklarda duş gelýär. Meselem, Fridrih Engelsiň ýazmagyna görä, Demirgazyk Amerikaly indeýleriň seneka taýpasynyň irokez diýen urugynyň sekiz tiresi 8 sany biri-birinden üýtgeşik haýwany totem edinipdir, ol haýwanlaryň atlary bolsa bu janawerleri özüne penakär saýýan tireleriň etnik ady hökmünde hem ulanylypdyr. Ynha, ol haýwanlaryň atlary: möjek, aýy, pyşbaga, samyr, sugun, çuluk, leglek, laçyn. Diýmek, aýy tiresiniň gadymy ata-babalary hut şu haýwany özlerine penakär tutunan, totem edinen bolsalar gerek. ■ ARBAP, ERBAP Baýat, salyr, hatap, ärsary taýpalarynyň düzüminde arbap, mürçeli, nohurly we änewli taýpalarynda hem arbap diýen tireler duş gelýär. Bu atlaryň ikisi-de rebb diýen arap sözüniň köplük sany bolup, aslynda ol “eýe”, “hojaýyn” we “mülkdar” diýen manylary aňladýar. Orta Aziýanyň dürli ýerlerinde arbap sözüniň “oba kethudasy”, “aksakgal”, “mirap”, “başlyk” ýaly manylary hem bar. Hywa hany Abylgazynyň işlerinde bellenişine görä, XVI asyrda bu hanlykda şäher häkimlerine arbap diýlipdir. Bu titul dürli halklaryň wekillerine, şol sanda türkmenlere hem dakylypdyr. Diýmek, arbap, erbap diýen türkmen tirelerine olaryň tirebaşylarynyň kesebesi, tituly esasynda şeýle at dakylypdyr: arbabyň ili (tiresi)—arbap. ■ BAHAR, BAHARLY Ýemrelilerde we nohurlylarda bahar, gökleňlerde bolsa baharly diýen tireler bar. Daşhowuz welaýatynyň Lenin raýonyndaky Baharbilbil, Oktýabr raýonyndaky Baharly obalaryna-da şu tiräniň ady dakylypdyr. Baharlylara Owganystanda, Eýranyň günortasyndaky Parsystanda, Türkiýede, Yrakda, Siriýada hem duş gelinýär. 1970-nji ýylda Pakistanyň Rawalpindi, Yslamabat we Karaçi şäherlerinde biz baharly we hunza türkmenleriniň wekilleri bilen duşuşypdyk. Olar Pakistanda baharlylaryň esli bardygyny gürrüň beripdiler. Türkmen etnografy G.I.Karpow Parsystandaky baharlylaryň azyndan müň öýlüdigini, seljuklaryň ýörişi döwründe (XI asyr) we mongollaryň Türkmenistany basyp alan ýyllarynda ( XIII asyryň başy) olaryň bu ýere Orta Aziýadan göçüp we gaçyp gelendigini ýazýar. Biziň pikirimizçe, bahar, baharly etnonimleriniň bahar pasly bilen dahyly ýok, ol buharly diýen adyň biraz üýtgän görnüşidir, çünki, birinjiden, bu tiräniň ady çeşmelerde boharly görnüşinde hem duş gelýär. Ikinjiden, Buhara diýen at sanskrit dilindäki wihara (“ybadathana”, “monastyr”, “kilise”) sözünden bolup, ol ilki-ilkiler Bahar görnüşinde-de ulanylypdyr, soňra bu sözüň başyndaky b ýa-da w dodak çekimsizi öz yzyndaky çekimlä täsir edip, ony dodaklandyrypdyr (Bohar, Buhar). Üçünjiden, türki halklar, şol sanda türkmenler rus dilinde Buhara görnüşinde ýazylýan bu toponimi diňe Buhar, Puhar ýaly ulanýarlar. Muňa “mugt Buharda ýok” diýen nakyl hem güwä geçýär. Dördünjiden, irki orta asyrlardan bäri Buharada we onuň töwereklerinde täjikler, özbekler, araplar, ýewreýler we beýleki halklar bilen birlikde türkmenler hem ýaşapdyrlar. Häzir hem Buhara welaýatynyň ähli raýonlarynda oturymly türkmenlere duş gelinýär. Olaryň aglabasy Türkmenistandan baran däl-de, hiç ýana göçmän, şol ýerde galan ildir. Diýmek, seljuklaryň hereketi döwründe Buharadan çykyp, Balkan, Ahal, Eýran, Türkiýe ýaly ýurtlara aralaşan buharaly türkmenler buharly, baharly diýen adyň dakylan bolmagy hakykata has ýakyndyr. ■ GARADAŞLY Gadymy ýazyr türkmenleri ilki Maňgyşlaga, ondan hem Gökdepe-Bäherden etraplaryna gelip ýurt tutunandan soň, olaryň bir bölegine garadaşly diýip at berilýär. Häzirki wagtda ortagürp türkmen taýpalarynyň biri bolan garadaşlylar barada Abylgazy şeýle ýazýar: “Ýazyr iliniň birniçesi Durun tarapda tag içinde dehkanlyk kylyp olturup erdiler. Bu waktda anlarny karataşly dietururlar”. Bu topara “dag içinde daýhançylyk edeni” üçin garadaşly diýlen bolmagy mümkindir. “TSSR-iň taryhynyň” awtorlary bu ady Maňgyşlakdaky garadag diýen ýer we şu ýerde ýaşan siýahkuhy diýen türkmenleriň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Türkiýede garadaşly türkmenleriniň bardygyny nazara alsak, olaryň bu pikirini hakykata ýakyn hasap etmek bolar. Pars dilinde ýazan awtorlaryň öz eserlerinde garadaşly diýen etnonim siýahsangi däl-de, siýahkuhy (“gara dagly”) diýip nädogry terjime eden bolmaklary mümkindir. XVII—XVIII asyrlarda Ahal sebitlerini tekeler eýeländen soň, bu ýerde ýaşaýan ýazyrlar we alililer duşly-duşa göçýärler. Garadaşlylaryň bir bölegi Daşhowuz oazisinde (häzirki Ýylanly we Lenin raýonlarynda) ýerleşýärler. Olaryň galan-gaçan bölekleri bolsa gökleň, ýomut, nohurly we teke taýpalarynyň düzümine aýratyn tire hökmünde siňip gidýärler.[1] ■ JAGYL-JOGUL Nohurly taýpasynyň jagyljogul taýpasy we onuň ady ençeme alymlaryň ünsüni özüne çekipdir. Meselem, türkmen dilindäki makalalaryna Hoşgeldi Bagtyýarow diýip gol çeken alym G.I.Karpow bu ady jagyl-jugul diýen ses meňzetmesinden hasaplaýar we ony urug wekilleriniň galmagalçydygy bilen baglanyşdyrýar. Belli türkmen dilçisi A.P.Poseluýewskiý bolsa bu etnonimi jagyl jöhit, ýagny “nadan jöhit” diýip düşündirýär, emma öz pikirini delillendirmeýär. Moskwaly alym G.P.Wasilýewa bu çaklamalaryň jagyljogullylar tarapyndan hem aýdylýanlygyny, ýöne olaryň hakykata dogry gelmeýänligini belleýär. Etnonimiň manysy barada häzirlikçe başga maglumat ýok. ■ JÜÝJE Nohurlylaryň düzümindäki jüýje tiresiniň adynyň gelip çykyşy barada dilçi alym A.P.Poseluýewskiý şeýle ýazýar: “Bu toparyň tirebaşysyna Öwez towuk diýipdirler. Uly derejä we abraýa eýe bolandan soň, Öwez özüniň towuk diýen gelşiksiz lakamyny aýyrtmak maksady bilen ile toý berýär. Il maslahat edip, oňa Öwez baý diýip täze at berýär. Toýa çagyrylmadyklar bolsa gahar bilen oňa Öwez jüýje diýip at dakýar. Tirebaşynyň jüýje lakamy soňra onuň iline-de geçýär. ■ ÖWEZGELDI Nohurly taýpasynyň öwezgeldi diýen urugyna urugbaşynyň ady dakylypdyr. Türkmen dilçisi A.P.Poseluýewskiý Öwezgeldiniň aslynyň ýemreli taýpasyndan bolandygyny, tekeler Ahaly eýeländen soň onuň nohurlylara goşulandygyny belläpdir. ■ HOJA Respublikamyzyň köp ýerlerine ýaýran dagynyk öwlat taýpalarynyň biri hojalar bolup, olaryň etnik ady ençeme türkmen taýpalarynyň (mürçeli, nohurly, salyr, çowdur we ärsarylaryň) düzüminde-de duş gelýär. Hoja sözi şeýle manylary aňladýar: 1) “mugallym”; 2) ”baý”; 3) “garry”; 4) “uly; 5) “dört çaryýarlaryň neberesi”. Hojaýyn we orus dilindäki hozýain sözleri hem şol bir kökden (hoja sözünden) emele gelipdir.[2] ■ HYWALY, HYWAÇY Mürçeli, nohurly, sakar we çowdur taýpalarynyň hywaly, ýomut we düýeji taýpalarynyň hem hywaçy urug-tireleriniň etnik ady “Hywadan çykan il” diýen manyny aňladýar. Etnonimiýada bu atlaryň yzyndaky –ly we -çy goşulmalary şol bir hyzmaty ýerine ýetirip, biri-biriniň ornuny çalşyp bilýär. Geçmişde Horezm ülkesine we Daşhowuz, Köneürgenç etraplaryna tutuşlygyna Hywa diýip at beripdirler. ■ ŞYH Öwlat türkmen taýpalarynyň biri bolan şyhlar respublikamyzyň ähli ýerinde duş gelýär, olar aýry-aýry tire hökmünde aglaba taýpalaryň düzümine hem siňipdirler. Bu türkmen taýpasynyň uly kowçum bolup topbak oturan ýeri Gyzylarbat raýonynyň Bendesen obasy we Termez şäheriniň töweregidir. Şyh diýen etnik at araplaryň şeýh sözünden bolup, ol “ýaşuly”, “aksakgal”, “taýpa başlygy”, “derwişleriň baştutany”, “dini howandar”, “öwlüýäleriň goragçylary” ýaly manylary aňladýar.[3] __________________________________________ [1] GARADAŞLY - G.I.Karpow garadaşly taýpasyny jaglanly we satykly diýen iki uly topara bölüp, olaryň uruglaryny şeýle görkezýär: Jaglanly—kazy, çebiş, jüneýit, melişge, bamyly, bagty, orman, meýilli (mehinli), esrikgara, syrtygara, keç, amanpolat, ýüztanap. Satykly—gyzyl, gart, meňiş, pekgeý, sabyr, nasrylla, kürt, baý, tagarçyk, arap, sapa, kädi, jüneýit, çildir. [2] HOJA - Hojalaryň etnik toparlary: balkanly, hoja, dagly, ysrabatly (ýagny astrabatly), depbamganly, horasanly, zeňňihoja, berdili, mätili, arabaçy, tatlar, ärsary hojasy (S.M.Demidow). [3] ŞYH - Türkmenleriň öwlat taýpalaryny ýörite derňän S.M.Demidow (Türkmenskiýe owlýady. Aşhabad, 1976) şyhlary aşakdaky ýaly territorial toparlara bölüp, olara degişli urug-tireleri şeýle görkezýär: Gyzylşyh. Kenarýaka (Kaspi) şyhlary—garababa, halylbaba, gündogdy, annaguly, annagöz, ýapma, garalar. Pakyrşyh—bu topar baýgeldi we hurdoýmak diýen iki bölege bölünip, baýgeldi bölegi sarymolla, gurt garaçakan, gurak, köke, tüwer, täjik, misgär, kezzap, hurdoýmaklar bolsa döw, aktelpek, ezizgök, sülpi, gabasakgal, yslam, ýarty ýaly tireleri öz içine alýar. Bulardan başga-da, biz şu topara degişli garrybükür, halyl, baýramaly ýaly tireleriň atlaryny ýazyp aldyk. Röwşenjilişyh. Astanababalyşyh—dört bölekden ybarat: rabatly, sarykel, bedel, täjik. # Soltanşa Atanyýazowyñ "Şejere" kitabynyñ maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |