19:45 Öçmez közleriñ / goşgular | |
■ Öçmez közleriň
Goşgular
“Keteniň içinde gyzyl köz wagtyň” Kerim GURBANNEPESOW. Habarsyz hallarym harap, Derdimi duýmaz başgalar. Kalbymda közleriň köräp, Tutaşyp ýanyp başladym. Gök köýnegiň ak keşdesin, Aýdyň saýgarýan daşdanam. Eşdesim gelip hoş sesiň, Men ýene ýanyp başladym. Gulaçlap gara saçlaryň, Gerdene ýaýyp taşlaýaň. Undup töwerek-daşlarym, Men şonda ýanyp başlaýan. Akja gollaryň galgadyp, Söýgiňi sözsüz buşlaýaň. Hijrana bagrym dagladyp, Alawlap ýanyp başlaýan. Ugradyp durna-gazlary, Buzlaň goýnunda gyşlaýan. Sensiz garşylap ýazlary, Täzeden ýanyp başlaýan. Geçirdim ençe pursadym, Nämüçin yşkym joşmaýar?! Gussa gaplanyp gursagym, Çäresiz ýanyp başlaýan. Adyňa aýdym aýtmasam, Göwnüm gam kölde düşleýär. Öçüp galandyr öýtme sen, Men ýene ýanyp başlaýan. ■ Dostum bar Şükürim kän ykbalyma, Derdimi bilýän dostum bar. Sözsüz düşünip halyma, Ýetişip gelýän dostum bar. Syr alyşyp, göwün çaglap, Gussalaň ýoluny baglap, Agyma goşulyp aglap, Gülkime gülýän dostum bar. Gyş günlerimi ýaz edip, Ýalňyşan ýerim düzedip, Ýagşylyklarym ýüz edip, Ýerine salýan dostum bar. Öçmäwersin ömür ýazy, Gowluk görsün göwni ýaly, Göýä ýüregmiň bir tary, Bagt sazyn çalýan dostum bar. * * * Öçüşipdir ýyldyzlaryň sudury, Jemalyň ýygnapdyr baryn olaryň. Bu gün has artypdyr gözleriň nury, Saňa ýyldyzlaram aşyk bolarly. Saçlaň siňip gidýär gijäň tümüne, Bagtymy almasa bolýar gijeler. Her gün turýan daň säheriň ýaňyna, Gündiz saçlaň görüp bilýär dideler. Baglaň şahasyndan bölek Gün düşýär, Sen otyrkaň saýasynda imrinip. Bu gün seň oturşyň ýadyma düşýär, Günüň öňün tutdy bulut syrylyp. Belki, Günem saňa düşmekden zyýat, Sebäbi ýyldyzlar sende jemlenen. Düşün, çekdirmezden, gözel gyz, perýat, Bu sözleri diýmez saňa çem gelen. Nowruz GÜÝJOW. | |
|
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Sen meniň alma-narymsyň / Goşgular - 15.11.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |