11:42 Ömrümuñ öwrümli ýollary | |
ÖMRÜMIÑ ÖWRÜMLI ÝOLLARY
Goşgular
I. Bir gün çykdyñ enäñ garnyndan müñzäp, Nirede sag-sol?! Guýrukly ýyldyzyñ guýrugna meñzäp, Uzap ýatyr ýol. Daş-töwerek, bar zat düşnüksiz saña, Büdreýärsiñ zol. Her näme-de bolsa, gitmeli öñe, Öñde syrly ýol. Assa-ýuwaşjadan durlanyp añyñ, Gowlaşar ahwal. Diñlärsiñ ýelleriñ mylaýym heñin, Aýdym aýdýar ýol. Çarýana caparsyñ gözellik gözläp, Başyñda hyýal. Öñüñde ýüregniñ düwünin çözläp, Goýar gözel ýol. Käteler şeýtanyñ alyna gidip, Bolsañ garagol. Çygar çybyk bilen yzyñdan ýetip, Saýgylaýar ýol. Bir günem bürener ga:ra töwerek, Päklener sag-sol?! Garagum çölüniñ kerwen ýoly dek, Çelgiki bu ýol. II. Gelenleri garşylap dur, Ömrüñ öwrümli ýollary. Basan ýeriñ garyşlap dur, Ömrüñ öwrümli ýollary. Baglydyr çarhyna döwrüñ, Kä ýer göni, kä ýer öwrüm. Mürzesi, hatdaty ömrüñ, Ömrüñ öwrümli ýollary. Gözellik güjeñlär görkün, Alñasap ylgaşar her kim. Barlap görer, niçik erkiñ, Ömrüñ öwrümli ýollary. Saga zyñar, sola zyñar, Tozany üstüne siñer. Ýeñer, ejizligi ýeñer, Ömrüñ öwrümli ýollary. By ýoluñ köp jemagaty, Ýetik gudrat-keramaty. Ömürleriñ dowamaty, Ömrüñ öwrümli ýollary. III. Gelen bolsañ görkez özüñi, ynsan, Bu ýollarda, bu ýollarda, ýollarda. Peýdasy ýok, indi yzyña tesmäñ, Bu ýollarda, bu ýollarda, ýollarda. Käte howa açyk, käte-de ümür, Ähli zada edip bilmersiñ emir. Bu Tañryñ hökümi, şeýle-dä ömür, Bu ýollarda, bu ýollarda, ýollarda. Çukura düşmeli, depä çykmaly, Her ädeñde aýagyna bakmaly. Omzuñ bilen iner ýükün çekmeli, Bu ýollarda, bu ýollarda, ýollarda. Añyrsyna ýetip bolmaz alñasap, Her minutda kalbyñ sorap dur hasap. Bir ýoldaşyñ nebis, birisi ynsap, Bu ýollarda, bu ýollarda, ýollarda. Göreşmeli, ýeñilmeli, ýeñmeli, Aglamaly, erkek kimin diñmeli. Durmuşyñ çuñ jümmüşine siñmeli, Bu ýollarda, bu ýollarda, ýollarda. IV. Düşen bolsañ ömür ýoluna ynsan, Giren bolsañ bir ýan çetinden ömrüñ. Ädimiñden nagyş salyp meýdana, Gözellige öwür nurana döwrüñ. Bu ýolda köp zatlar özüñe bagly, Bu ýol seniñ üçin çekilen asla. Ýöräber; gyrmyldan gyr aşar, ynsan, Menzil külterlener assadan-assa. Gözüñ gözellikden doýmasyn hergiz, Ganyñda gaýnasyn durmuşa söýgi. Bu ýolsa ýeke-täk mertlik medetdir, Ejizlik owsarlap, salmasyn gaýgy. Teniñw siñýärkä Güneşiñ nury, Bolýarka asmanda ýyldyzlar patrak. Gäminiñ gomlary böwsüşi ýaly, Köñlüñ gaýgylart etsin çym-pytrak. Ýöräber, gyrmyldan gyr aşar, ynsan, Menzil külterlener assadan-assa. Bu ýolda köp zatlar özüñe bagly, Bu ýol seniñ üçin çekilen asla. Durdy DURDYÝEW. | |
|
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Mollanepes / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Sensiz ýola girir isem... / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Dünýe sen / Goşgular - 27.05.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Nohuryñ / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |