19:56 Men gidip barýaryn... | |
MEN GIDIP BARÝARYN...
Goşgular
Men gidip barýaryn ýodajyk bilen, Aýagmyñ astynda otlar döwülýär. Käte hyjuwyndan öwüsýän ýeliñ, Derekleriñ başy aşak egilýär. Ak derekler ýodañ gyralarynda, Daragyñ dişi deý hatarlanyp dur. Meniñ gök otlary basýanym üçin, Ýüregim özüme gatyrganyp dur. Men gidip barýaryn ýodajyk bilen, Hem-de oýlanýaryn synlap daşymy. Bu ýodajyk synandyr-la kän gezek, Dagdan-daşdan gaty adam başyny. Belki, bu ýodadan babam geçendir, Mümkin, by ýodadan ýörändir atam. Ýok, mümkin däl, hökman, hökman geçendir, Bolandyr ýanynda meşhur Gyratam. Ýañy taban murtum kimin otjagaz, Gizlemek isleýär olañ yzyny. A men görüp durun ýüregim bilen Atalarmyñ gadamlarnyñ tozuny. Ýyllar geçer, bir gün juwan ýuwlugmyñ Ýoly bu ýodanyñ üstünden düşer. Aýagmyñ astynda döwülýän otdan Topraga söýgimiñ sesin eşider. Durdy DURDYÝEW. | |
|
√ Öwütlerim / Goşgular - 10.06.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 30.09.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ «Baglar ýanýar seň toýuňda...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||