10:40 Pälwan / hekaýa | |
PÄLWAN
Hekaýalar
…Sähelçe wagt galypdy. Olimpiýa oýunlary başlaly bäri ilkinji göreşine çykmaga taýýar bolan Myrat göýä, äpet türgenleşik jaýynda tenha özi bar ýaly, daş-töwereginde türgenleşip ýören beýleki ýurtlaryň pälwanlaryna üns bermän iki-ýana gezmeläp ýördi. Ol ellerini-aýaklaryny silkeläp ýörşüne, käte bir, tutuş aýnadan diwaryň öňünde äpet gaýyş ellikli ýumruklaryny düwüp, goranyş ýagdaýynda durýardy-da, aýnada görünýän öz şekili bilen çalt-çaltdan ýumruklaşyp başlaýardy. Birdenem aýna diwardan ýüzüni sowup, hyýaly garşydaşynyň hyýaly urgusynyň öňünden sowulýan dek, görüp ýetişip bolmaýan çaltlykda, düwlen ýumruklarynyň aňyrsynda ýüzüni gizläp, aşak ýapyrylýardy-da, birdenkä hyýaly garşydaşynyň goltugynyň astyndan zompa dikelýärdi-de, onuň eňeginiň aşagyna yzly-yzyna dört-bäş zarbany urýardy. Bada-badam ýüzüni ýumruklary bilen gizläp, hyýaly garşydaşynyň ýumruklaryndan gaçyp, üç-dört ädim yza tesýärdi. Onuň goladan guýlana çalym edýän bedeni çykyn-çykyn bolup, derden ýaňa lowurdap durdy. Pälwan wajyp göreşiň öňisyrasynda çyny bilen gyzyşýardy. Ol daşyndan göräýmäge parahatlylygyň we aýgytlylygyň hut özünden ýasalana meňzeýärdi. Emma ömrüni göreşiň şu görnüşine bagyşlan goja tälimçi Merdan aga öz şägirdiniň öte tolgunýandygynyň alamatlaryny diňe bir gözleri bilen görmek däl, eýsem ýüregi bilen hem syzýardy. Onuň synçy gözleri Myrat oslagsyz tizlik bilen goranyş ýagdaýynda durup, hyýaly garşydaşyny ýumruklary bilen ýepbekläp başlanda, polat sütünlere çalym edýän aýaklarynyň tolgunçdan ýaňa ýeňiljek sandyraýandygyny, şol ysgynsyz sandyramanyň hem onuň derden ýaňa öl-myžžyk bolan baldyrlaryna ýelmeşip ugran gyzyl reňkli gysga jalbarçasynyň gonçlaryny titredip bildirýändigini saýgarýardy. Hälden bäri şägirdini synlap duran Merdan aga sütükli desmalyny egnine atdy-da ýerinden turdy. Emma şol bada-da “Päsgel bermäýin-le” diýip pikir bilen, aşak oturdy. Sagadyna seretdi. Az galypdyr. Kalbyndaky alas-gopaslygy az-kem basyp ýatyrmak üçin kükregini dolduryp uludan bir demini aldy. Gapdalyndaky gapdan suw owurtlady. Dessine-de ýüzüni kürşertdi. “Tagamy erbedem däl welin, ýat ülkäniňki ýat bolýar-da! Ýanbaşyň çeşmesiniň jana derman bal suwuny küýsäniňi duýman galýarsyň!” Sowuk suw goja tälimçiniň içki tolgunjyny biraz köşeşdiren hem bolsa, barybir onuň içini it ýyrtyp gelýärdi. Ýerinden turup, Myradyň ýanyna baraga-da egnindäki desmaly bilen onuň derini süpürişdirip, düýnden bäri eýýäm müňlerçe gezek gaýtalan nesihatlaryny ýadaman-ýaltanman, müň birinji gezek, gerek bolsa müň bir ýüzünji gezek hem gaýtalaberesi geldi. Howsalaly hem aladaly tolgunçdan ýaňa içi byjyklap duran goja özem duýman ýene-de Myrada onuň ilkinji garşydaşynyň kimdigi aýan edileli bäri ýanjap gelýän öwütlerini içinden gaýtalap başlady. “Güýçli pälwandyr. Ýaşy seniň bilen ýaşytdaş. Agramy hem deň. Emma saňa görä kän tejribeli. Sen öz ýigrimi bir ýaşyňda otuz göreşi geçirip, olaryň sekizisinde ýeňlip, on dokuzysynda garşydaşyňy huşundan gidirmek bilen ýeňen bolsaň, ol eýýam kyrk dört göreşi geçirip, otuz bäşisinde garşydaşyny bihuş edip ýeňipdir, bary-ýogy üç göreşde hem ýeňlipdir. Sag eliniň eňekasty urgusyndan ägä bol. Bu urgy onuň iň güýçli hem iň eý görýän urgusydyr. Şol urga duçar bolan pälwan üçin göreş şol pillede tamamlanýandyr. Degdigi tamam! Dessine huşuňdan gidersiň. Ýöne beýle diýsem çekinme, köşek! Biziňem zannymyz emelsiz aýalyň ýugran hamyrmaýasy deýin turşan ýa-da ajan däldir. Entek biz üçin “tamdyr gyzdyryp, bizden baý, çörek ýaparlar-a! Onda-da nähili çörek diýsene! Türkmeniň tamdyrdan çykanda ýalkymly gün bilen bäsleşýän bugdaý nanyny ýaparlar! Kemçiliksiz pälwan ýok, köşek! Onuň asgyn ýeri, saňa görä haýal hereket edýär. Sebäbi özüniň urgularynyň kuwwatyna bil baglaýar. Ýeke ýumruk bilen, birje emel bilen, ýekeje urgy bilen göreşiň ykbalyny kesgitlemeklige dalaş edýär. Enşalla, Görogly begiň, galyberse-de ähli pälwanlaryň hem mertleriň hemaýatkär howandary Şiri-Huda pirimiz Hezret Aly bizlik bolsa, näçe kuwwatly bolsa-da bu garşydaşyň kuwwaty öz-özünden dep bolar! Esasy zat aljyrama hem ruhdan düşme! Mähelleden hem göreş meýdançasynyň kesekiliginden ýadyrgama! Gowur-galmagaldan howuň basylyberse, göreş meýdançasyna çykan badyňa dem salym gözleriňi ýum-da, özüňi çagalykdan bäri gatnap ýören türgenleşik jaýyň orruk-ortarasynda, tükeniksiz hem üznüksiz türgenleşikleriň dowamynda alyn deriň bilen suwarylan endikli göreş meýdançaňda duran ýaly, göz öňüňe getir. Bu görnüş seni rahatladyrar. Rahatlyk bolsa seniň eliňe-aýagyňa güýç berer, biliňe gaýrat berer. Soňam gözleriňi aç-da, uludan bir demiňi al! Onsoň garaş! Rahatlanan bedeniň ýeke pursatda düwlen polat ýumruga dönýänçä, garaş! “Boks!” diýen söz ýaňlanaram welin, şu göreş ömrüňde iň soňky göreşiň ýaly, şu göreşden soň dolanyp göreş meýdançasyna çykmajak ýaly, şu göreşde gazanjak ýeňşiň hem öz ömrüňde ýagty jahana peşgeş berip biljek iň esasy hem iň ahyrky serpaýyň dek, öňüňde duran garşydaşyňy ýeňmekden galan ähli zady unut-da, tutuş durkuň-düýrmegiň bilen gaýt, onuň üstüne! Edil alabaharda Köpetdagyň çür depesinden gümmürdäp gaýdýan sil suwy deýin, öz garşydaşyň üstüne yňdaryl! Tä depregiň zarňyldysyny eşidýänçäň hem saklanma, togtama, gowşama!” Birdenkä öz kömekçileriniň Myradyň göreş meýdancasyna barýança deriniň gaýdyp, sowamazlygy üçin onuň egnine başlykly halat geýdirýändiklerine gözi düşen Merdan aga ukudan açylan ýaly boldy. “Başlady-ow!” diýip uludan demini aldy-da goja tälimçi ýerinden turup, olara garşy ýöneldi. Ol haladynyň başlygyny kellesine atyp başyny aşak sallan Myradyň ýüzüni galdyrdy-da, desmaly bilen onuň maňlaý derini syldy. Onuň gözlerine garady. Şägirdi onuň gözlerine parahat ynam bilen garaýardy. Diňe şol ummasyz ynamyň, aýgydyň aňyrsynda, pälwan ýigidiň gara gözleriniň jümmüşinde nähilidir birhili ysgynsyzja sorag bardy. Jahyllygyndan bäri ömrüniň agramly bölegi türgenleşik jaýlarynda, göreş meýdançalarynda geçen goja pälwan ol soragy bada-bat okady. Ol şägirdiniň egninden assaja gysdy-da: -Başararsyň, köşek! Men seniň ýaşyňda başardym, sen hem başararsyň!-diýdi. Emma ömründe ilkinji gezek olimpiýa oýunlarynda çykyş edýän ýaş ýigidiň gözüniň jümmüşinde gizlenen ynamsyzlyk ýitip gidibermedi. Muňa köpi gören goja aljyrady. Bir demde ony der basdy. “Göreş meýdançasyna çykyp barýan pälwanyň gözlerinde özüne, öz güýjüne, öz ukybyna ynansyzlyk orun alan bolsa, diýmek onuň eýýäm göreşe çykmanka ýeňildigidir.” Bu pikiri goja tälimçini hasam howsala düşürdi. Şu pille ol özüni şeýlebir alaçsyz duýdy. Ol, sansyz göreşlerde meşhurlyklary bilen dünýäni sarsdyran garşydaşlaryny ýeňen, ussat pälwan, türgenleşikleriň kömegi bilen adamyň bedenini düwlen polat ýumruga döndermegiň hötdesinden gelýärdi. Adamyň ýalňyz özüne ençeme garşydaş bilen bir wagtyň özünde göreşip, olary ýeňmäge mümkinçilik berýän emelleriň hem ýüzlerçesini bilýärdi. Emma onuň bu ussatlygy ynsan kalbynyň ejizligini ýeňmegi başarmaýardy. Bu göreşde gara güýjüň hem, ussat emelleriň hem derkary ýokdy. Ol ýene-de gözlerini göterip göreş meýdançasyna çykmaga taýýarlanýan pälwanynyň gözlerine dikanlady. Onuň gözlerindäki ynamsyzlyk özüne mynasyp garşydaş tapman bulanjyrap, müňzäp, dyzap, ulalyp barýardy. Merdan aganyň göwnüne bolmasa öz öňünde ençeme göreşleri başyndan geçiren pälwan däl-de, şol bir mahal, mundan on-on iki ýyl ozal onuň Aşgabadyň demir ýol menziliniň ýanynda ýerleşýän türgenleşik jaýynyň gapysyndan gorka-gorka jyklan, horja, gowşajyk hem ýygra oglanjyk duran ýaly boldy. Şonda garaýagyzja oglanjygyň çekinjeň durşuna mähri gidip, minara ýaly, minara ýaly äpet şägitrleriniň arasyndan saýlanyp çykyp, onuň ýanyna barşy hakydasyna gelende ol Myradyň aljyrap durşuna dözmedi. Şonda-da Myrat edil şu wagtkysy ýaly, sermisal halda mähnet pälwanlara aňk bolup garap durşuna, “menem şeýle bolmagy başararmykam?” diýen, ynamsyzlykdan hem umytsyzlykdan doly sözsüz soragyny garaja gözlerine jemläp, töre garşy ätmäge çekinip durdy. Onsoň ýakynyna baran Merdan aga emaý bilen onuň garaja galpaklaryny sypap: -Köşek, näme birini gözleýärmiň?-diýip mylaýymlyk bilen sorapdy. Myratjyk bolsa çekine-çekine başyny ýaýkapdy we üçekden asylgy gaýyş haltalary ary köýen dek gazap bilen ýepbekleýän pälwanlary barmajygy bilen görkezip: -Şolar ýaly boljak!-diýip pyşyrdapdy. Oglanjygyň sözlerine ýylgyran Merdan aga bolsa onuň elinden tutup: -Ýör, onda köşek, bosagada durma!-diýip ony töre garşy alyp barşyna:-Köşek, bu zatlar saňa nämä gerek?!-diýip, oýun edip sorapdy. Myratjyk bolsa ýuwdunyp: -Men hemmelerden kiçi!-diýipdi. Ýygra oglanjygyň şol sözlerine goja tälimçi gyýylypdy. Özi aýylganç ýer titremesinden soň ýetim önüp-ösendigi sebäpli, ol ejizi-ýalňyzy görse hemişe çyn ýürekden gyýylýardy. Ol özüniň tälim berýän ähli ýigitlerini-de öz çagalary hasap edýärdi. Şonuň üçinem olary mähir bilen “meniňkiler” diýip atlandyrýardy. Şonda ol Myratjygyň galpagyny ýene-de bir gezek sypalap: -Sen uly bolarsyň köşek, meniňkileriň hemmesinden uly bolarsyň!-diýip, ony “özüniňkileriň” arasyna goşupdy. Ine indi ençeme ýyl bärem ol şojagaz ýygra oglanjyga beren sözünde tapyljak bolup jan edýärdi… Myradyň gözlerine seredip durşuna aljyran goja tas elini-aýagyny ýitirip başlaýardy. Birdenem Haktagala onuň diline diýmeli sözlerini salgy berdi. Ol küdüň ýaly ýumrugy bilen Myradyň eňeginden çalaja itiberip goýberdi-de: -Sen meniňkileriň içinde iň gowusy ahyry! Ýeňmän bilmersiň!-diýip diňe şägirdine eşidiler ýaly, pessaý pyşyrdady. Halypasynyň sözleri Myradyň kalbyna derman bolup damdy. Şunça ýylyň dowamynda beýle öwgini halypasynyň dilinden ilkinji gezek eşiden Myrat öz gulaklarynyň eşidenine ynanman ol jümläni içinden täzeden gaýtalady. “Sen meniňkileriň içinde iň gowusy!” Dogrudanam men ilkinji gezek göreşe çykýan erni suwly gögele ýaly, nädip otyryn ahyry-a?! Tutuş ýurdumyza meni güýçlileriň içinde iň mynasyby diýip saýlap, dünýäniň ýüzünde öz abraýyny belende götermek üçin iberdi. Menem bär-de heniz pälwansyrap ýören, ýumruk iýip görmedik etenä dönüp barýaryn. Hany çuslan bakaly, türkmen pälwany! Çuslan! Saňa halypaň garap dur, ildeşleriň garap dur! Elbetde ýeňilseň ýer göterýär, ýöne ýeňilmeli däl! Men başararyn!” Myradyň birhili ini tikenekläp gitdi. Ol edil sürä hüjüm edýän möjek ordasyna gaýtawul bermäge topulan mähnet türkmen köpegi ýaly tutuş süňňi bilen titredi-de, bir silkinip, ellikli ellerini biri-birine urdy. -Gitdik, Merdan aga! -Gitdik, köşek! Allatagala bizlikdir! Öňden Merdan aga ýöräp ugrady. Onuň yzyndan Myrat gadam urdy. Iň soňundan bolsa iki sany kömekçi oglanlar ýöräp barýardylar. Köpi gören goja äwmän-alňasaman uzyn ýagty däliziň ugry bilen barşyna birden äpet çyralaryň şöhlesinden ýaňa ýap-ýagty ägirt uly tomaşa meýdanyna çykdy. Onuň aýagynyň ýeňsesini basyp diýen ýaly gelýän Myrat görnende sanýetmez mähelle ony uly güwwüldi bilen garşy aldy. Bu gözüňi deşip gelýän al-gyzyl ýagtylyk, adam deňziniň güwwüldisi ýaş ýigdiň sussuny basdy. Ol az-owlagam bolsa nepesini durlamak üçin başyny aşak saldy-da, öňünden barýan göýä ýyllaryň täsiri bildirmeýän dek henizem pälwansypat halypasynyň ýasy ýagyrnysyna gözlerini dikdi. Şägirdiniň howunyň basylýandygy ýeňsesi bilen duýan goja ony biraz çuslandyrmakdan ötri agyr göwresine hem ýaşyna gelişmeýän ýeňillik bilen hol allaowarrada ýap-ýagty dörtburçluk bolup görünýän göreş meýdançasyna garşy ylgaşlap ugrady. Myradam onuň yzyna eýerdi. Olar dessine göreş meýdançasyna ýetdiler. Gözüni göteren Myrat meýdançanyň gyzyl hem gök burçlaryny, ortada aýlanyp ýören eminiň gara jalbaryny saýgardy. Onýança Merdan aga meýdançanyň daşyna aýlanan galyň ýüpleriň aşaky üçüsini aýaklary bilen basdy-da, ýokarky birini galdyryp Myrada meýdança girmäge ýol açdy. Kömekçiler çaltlyk bilen Myradyň haladyny sypyrdylar-da onuň kellesine gaýyşdan goragy (şlem) we dişlerine rezin goragy (kapa) geýdirdiler. Myrat çalasynlyk bilen ýüpleriň arasyndan geçdi-de, meýdança girdi. -Hatyrjem bol, Myrat! Allatagala bizlikdir!-diýip Merdan aga aşak düşdi-de gyzyl burçuň ýeňsesinde tälimçileriň we kömekçileriň oturýan ýerine bardy. Myrat meýdança girip-girmänkä hem bäsleşigi alyp baryjy dürli dillerde onuň ismini, ýurduny, pälwançylyk iştimagy gelip çykyşyny (iştimagy gelip çykyşy-terjimehaly) yglan edip ugrady. Myrat bolsa meýdançanyň içindäki emin ýanyna gelende goşarynyň iç ýüzüni ýokaryk öwürdi-de, ellerini öňe uzatdy. Emin onuň elliklerini we geýimlerini barlaşdyrdy. Soňra Myrat endigine görä tomaşaçylara baş egdi-de, meýdançanyň gyzyl burçuna baryp, süňňini sowatmazlyk üçin ellerini-aýaklaryny silkeleşdirip başlady. Onýança onuň bäsdeşi, gök geýimli pereňli pälwan hem gelip göreş meýdançasyna girdi. Oňa gözi düşen badyna Myrady ýene-de gowşaklyk basmarlap başlady. Göwnüne bolmasa pereňli pälwanyň müçesi hem iri, boýy hem uzyn, ýumruklary hem has mähnet ýalydy. Emma bir gezek süňňi gowşaklygyny ýeňen Myrat onuň ýene-de özüni basmarlamagyna ýol bermedi. Ol eginlerini-boýnuny gyşardyp, bilini ýazdy-da eminiň özlerine yşarat edýändigine gözi düşüp meýdançanyň ortasyna bardy. Biygtyýar ýene-de onuň endamyna ýeňiljek sandyrama indi. Ol özüne zor salyp, garşydaşynyň gözlerine dikildi-de, onuň özüne garşy uzadan eliniň ellikleri bilen elligini galtaşdyrdy. “Aýgytly ekeni!” diýip pereňli pälwan hakynda pikir edeni hem şoldy welin, emin birdenkä “boks” diýip, birje sözi, edil gylyç bilen howany kesen dek pert hem çürt-kesik aýdyp goýberdi. Şol pille-de ýyldyrym çaltlygynda Myradyň kellesine sagyndan-çepinden yzly-yzyna iki-üç ýumruk gütüläp degdi. Ykjam urgular bada-bat onuň serini durlady. Endikli hereketler bilen ýumruklarynyň aňyrsynda kellesini gizledi-de, yza tesdi. Emma şowly zarbalary nyşana degendigi zerarly beleň alan garşydaşy ondan galmady. Oňa garşylyklaýyn hüjüm etmäge maý bermän, sandaly ýençýän demirçiniň ýekedabany deýin kütek ses bilen “güt-güt” edip degýän urgulary onuň üstüne dumly-duşdan ýagdyryp ugrady. Böwrüne, kellesine, ellerine, egnine degýän urgular endamyny goparyp gelseler-de Myrat garşydaşy urdygysaýy özüni dürseýärdi, gyzyşýardy. Aňy durlanyp, pereňli pälwanyň garşysyna has täsirli tilsimi ulanmagyň alajyny agtarýardy. Özem hüjüme geçmeklige synanyşyk hem etmän, düýrlenip, ýüzüni gizläp, barha we barha çüňke gysylýan Myradyň aňy her degýän urgydan soň: “Heý-waý, barymy şu!? Barysy şumy?! Üýtgeşik zat hem däl ekeni-le” diýýän ýaly, barha arkaýynlaşýardy. Ol özüni juda rahat duýýardy. Sebäbi pälwan ýapyk goranyşa geçenden soň onuň polat ýumruklarynyň goragyny pytratmak üçin pilmahmydyň güýjüne gaýra dur diýýän güýç gerekdi. Ýapyk goranyşa geçip düýrügen pälwan edil öz gapyrjagynyň içine giren pyşbaga dönýärdi. Ýekedaban bilen urlaýmasa onuň “gapyrjagynyň” döwüljek gümanasy ýokdy. Şonuň üçinem düýrügen Myrat amadyny peýläp, diňe ýumruk yzyna ýumruk iýip durdy. Birdenem Myrat adam deňziniň şowhunynyň arasy bilen halypasynyň sesini eşitdi. -Açyldy Myrat, açyldy şu wagt! Ýeke pursatda ilki tälimçileriň arasynda tolgunçdan ýaňa oturyp bilmän, örboýuna galyp, gygyrýan halypasyna gözüniň gyýtagyny aýlan Myrat dessine-de ýumruklarynyň arasyny çala açyp, garşydaşyna seretdi. Şol bada-da Myrat onuň garşylyksyz hüjümiň heýjanly täsirine kellesiniň göçüp elleriniň arasyny açandygyny, hüjümiň hatyrasyna goranyşy unudyp aýagaldygyna özüni ýepbeklemek bilen başagaýdygyny gördi. “Ine! Boldy!” diýip oýlanan Myrat bu pikiri bilen bir pursatda diýen ýaly, birden has aşak ýapyryldy-da, saga ümzügini atdy. Bada-badam zarba urmak üçin ýüzüni açyp, garşydaşynyň göni ýüzüne tarap ýumrugyny aýlady. Şol pille-de onuň garaşmadyk hadysasy bolup geçdi. Onuň ägirt uly güýç bilen uran ýumrugy garşydaşynyň göni ýüzüne degip, ony huşundan gidirmegiň deregine boşluga gitdi. Myrat heniz nämäniň nämedigine, garşydaşynyň öz ýumrugynyň öňünden nirä ýitirim bolandygyna düşünip ýetişmänkä-de pereňli pälwanyň kellesi onuň goltugynyň aşagyndan geçdi-de, ol edil Myradyň alkymynyň astyndan zompuldap çykdy. “Çümdi! Ine saňa “eý görýän zarbasy”!” diýip Myrat oýlanyp-oýlanmaka-da onuň eňeginiň aşagyna ot basylan ýaly boldy. Onuň birhili beýnisi çaýkanyp gözleriniň öňi garaňkyrap gitdi. Nähilidir bir göze görünmeýän aýylganç güýç aýaklaryny ýerden üzýän ýaly boldy. Edil bir halta gury süňküň silkilişi ýaly, özüniň silkilip goýberilendigini duýan Myrat: “Ýa Alla janym, huşumdan gitmäweräýin!” diýip zordan gos-goýy bolup bulamaga dönen pikiri oýlandy. Onuň aňynyň hiç-hili erk-ygtyýary bolmasa-da endikli bedeni öz-özünden gaýyş ellikli elleri bilen onuň ýüzüni ýapdylar-da, düýrügip yza tesdi. Sähel salymyň içinde-de beýnisi bilen bedeniniň her haýsy biri-birinden üzňelikde, özbaşdak durmuşda ýaşap başlan Myrat arkasynyň meýdançanyň ýüpüne ýaplanandygyny duýdy. Ony der basdy. “Häzir ýene-de eňegimiň astyndan birje gezek ýaňkysy ýaly urgy bilen galdyryp goýberse, meýdançanyň ýüpleri meni arkanlygyma tarap agdaryp, zyňyp goýberýärler. Jan Allam, senden medet, aýrylaweräýin, bu ýerden!” diýip oýlanan Myrat meýdançanyň ortasyna çykmak üçin şol tarapa hereket etmek isledi. Emma onuň pagtadan ýasalana dönen aýaklary diýen etmediler. Ol gymyldabam bilmän garşydaşyna tarap garady welin, onuň ýene-de özüne tarap süýşüp, ýetip gelýändigini, eminiň hem özüniň seňseländigini şübhe edip, meýdançanyň ol künjünden özüne tarap ýönelendigini gördi. Haçan-da çepine çala gözüniň gyýtagyny aýlanda bolsa halypasynyň zyňmaga taýynlanýan ýaly, desmalyny gysymynda gysyp, mäjerläp durandygyny gördi. Göwnüne bolmasa onuň müňküldeýän dodaklary: “Köşek, zarba bilen meýdançanyň daşyna zyňsa, masgaraçylyk bolar, iň oňady göreşi bes etdireýin” diýip pyşyrdaýan ýalydylar. Myradyň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. -Het edäýme, eşidýäňmi, het edäýme!-diýip diýen etmeýän agzy bilen yňranjyrap pyşyrdady-da, ol birdenkä müňzäp pereňli pälwanyň üstüne okduryldy. Bada-badam ony gujagyna gysdy. Garşydaşy bu ýagdaýda özüniň günäsiniň ýokdugyny aýan etmekçi bolup ellerini eginleriniň deňine göterdi-de, giň açdy. -Klinç! Brek!-diýip emin keseki dilde gygyrdy. Bir-iki gezek uludan demini alan Myrat garşydaşyny gujagyndan sypdyrdy-da iki ädim yza tesip, goranyş ýagdaýynda ýapyryldy. Şol pille-de depiň zarňyldysy ýaňlandy. Eminiň “Stop!” diýen sesi göreşiň ilkinji tapgyrynyň tamamlanandygyny yglan etdi. Aýaklaryna zordan erk edýän Myrat süýrenip diýen ýaly öz burçuna bardy. Merdan aga göwresine gelişmeýän çalasynlyk bilen ýaş kömekçilerinden öňürdip, meýdança girdi-de onuň agzyndan dişleriniň goragyny aýryp, suw tutdy. Myrat agzyny çaýkady. Kömekçileri hem haýdan-haý ýetişip ony desmallary bilen ýelpäp başladylar. Sähel salymyň içinde şägirdiniň äňini barlan Merdan aga: -Döwülmändir-de diňe ýerinden sypypdyr öýdýän, göreş tamamlanandan soň ýerine salyp bolar! Dowam etjekmi?-diýdi. “Haş-haş” edip demi-demine ýetmeýän Myrat sesini çykarman baş atdy. Birdenem Merdan aga özüniň şikes alandygyny kimdir birine aýdyp barýan ýaly, howlugyp: -Hiç kime aýtma, Merdan aga! Alyp çykaryn!-diýdi. Soňam ýene-de üstüni ýetirdi:-Özem indi ýere ýazaýan ýagdaýlarynda-da ýaňky etmekçi bolan zadyňa milt etmegin, ýaşuly! Oňa düşünen goja tälimçi kelam agyz geplemedi. Şol wagt göreşiň tapgyrlarynyň dowamlylygyna gözegçilik edýän baş emin agaç çekiçjigi iki-üç gezek öňündäki gaty tagta urup, “tarkyldatdy”. Merdan aga we onuň kömekçileri meýdançadan çykdylar. “Owf! Ýene-de başlady-ow!” diýip oýlanan Myrat ýerinden turdy-da, orta bardy. Ol eýýäm mazaly özüni dürsäpdi. Rahat durandyklaryndan peýdalanyp Myrat garşydaşyny boýdan-başa birlaý synlady. “Ussat ekeni! Gör ediberşini! Açylan bolmagy göreş pirimi ekeni ahyry.” -Boks!-diýen söz depiň zarňyldysy bilen bir wagtda diýen ýaly ýaňlandy. “Körem hasasyny bir gezek aldyrýandyr” diýip oýlanan Myrat şol söz bilen bir wagtda diýen ýaly yza tesdi-de, yza tesip barýarka-da, gapdala sowlup, bada-bat özüne garşy hüjüme geçen pereňli pälwanyň çepinden ýumruk urdy. Soňra göreş başlady. Ýöne göreşiň ikinji tapgyrynda pälwanlaryň ikisi hem birinji tapgyrdaky ýaly töwekgellige ýüz urman, göreşiň bu görnüşiniň sungatyna mälim bolan goranmagyň we hüjüm etmegiň ähli emellerini ýerli-ýerinde ulanyp, meýdançada pyrlanyp geçdiler. Üçünji tapgyr hem şonuň ýaly geçdi. Dördünji tapgyr hem göýä şolaryň adatylygyndan meçew alýan ýaly, adaty başlady. Emma ýadawlykdanmy nämemi, garaz bir saý-sebäp bilen säwlik goýberip Myratdan bir-iki ýumrugy artyk iýen pereňli pälwan birhili gyzmalygyny edip, ýene-de birinji tapgyrdaky ýaly Myradyň üstüne hüjüm edip başlady. Onuň bu kemçiligini Myradyň synçy gözi bada-bat aňşyrdy. “Äh-ä! Ine saňa gerek bolsa, sen gardaş asyl, öte gyzma ekeniň-ä! Munyň-a gardaş bolmaýar! Biziň halypanyň aýdyşy ýaly, meniňkileriň arasynda kim gyzma bolsa şol hem iň akmak pälwandyr. “Göreşde ataňam bolsa sylama” diýipdir, türkmen! Bagyşla welin, seniň bu kemçiligiňden-ä peýdalanmasam bolmaz gardaş!” Myrat şeýle pikir öwürdi-de assa-ýuwaşdan, her bir urgusyny çaltlyk bilen ölçerip, garşydaşynyň iň agyryly ýerlerine urup ugrady. Iki-üç urgudan soňam öz emeliniň başa barýandygyny syzdy. Gahary gelen pereňli pälwan çalajadan sowukganly pikirlenmek ukybyny ýitirip, onuň garşylyklaýyn urýan zarbalaryna myzaýyk etmän, Myradyň üstüne ýumruk yzyna ýumruk ýagdyryp ugrady. Kä gizlenip, kä ýumruk urup, çalasynlyk bilen meýdançanyň ol künjünden bu künjüne kebelekläp ýören Myrat bolsa emeliniň başa barýanlygy zerarly surnukdyryjy göreşiň ýadawlygyny undup başlady. Onuň köhi gelýärdi. Käýarym halypasyna tarap gözüniň gyýtagyny aýlap goýberende bolsa onuň keşbinden “Berekella, köşek, sen meniňkileriň içinde iň ulusy, iň gowusy!” diýen sözleri okaýardy. Bu sözler bolsa oňa hasam ganat bekledip, onuň güýjüne güýç goşýardy. Suwulgan ýaly sypjyk, ýumruklary arynyň neşderi ýaly awuly garşydaşyny ykjam maýajyna alyp bilmän her gezekki hüjüminde ony seňseletjek zarbany urmagyň deregine awunyp galýan pereňli pälwan bolsa gaharlanyp, bolmajysyny bolýardy. Birdenem ol öz ýalňyşyna düşündimi ýa-da meýdançanyň daşyndan ene dilinde gygyrýan tälimçisiniň nesihaty täsir etdimi nämemi, dyzmaçlygyny bes etdi-de assa-ýuwaşdan Myradyň üstüne sürnüp ugrady. Ony doly öwrenip, onuň her bir hereketini okap duran Myrat garşydaşyny bada-bat ýordy. “Ine, başlady! Indi sak durmaly! Bu hiläni ýeke gezek edip bolar! Eger pys geçse, soň maý bermez. Indi ol göreşiň soňky tapgyryny ýeke ýumruk urman tamamlaýanda-da meni toplan bahalarynyň hasabyna ýeňýär, sebäbi ol birinji tapgyrda meni gaty berk ýepbekledi.” Myrat ýüzlerini gizläp ýapyryldy-da, pereňli pälwana garşy süýşüp ugrady. Garşydaşy hut şu pursada garaşyp duran ýaly, edil ilkinji tapgyrdaky ýaly ony ýetişibildiginden ýepbekläp başlady. Birsellem assajadan yza-yza çekilýän Myratdan galman ony urandan soňra pereňli pälwan ýene-de söweşe gyzygan kişi bolup goragyny gowşatdy. Galan zat bolsa göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçdi. -Ine!-diýip Myrat pessaý ses bilen demini daşyna üfledi-de, ýumrugyny gaty uly güýç bilen urýansyrap garşydaşynyň ýüzüne garşy ýumrugyny salgady. Bada-badam “Ýumrugymyň öňünden sowuld-a, çüm indi meniň elimiň aşagyna!” diýip Myrat içinden oýlandy. Garşydaşynyň sowulyp özüniň baş emelini edýändigini görüp hem ol begenip gitdi. Gözeilmez tizlik bilen ýarym ädim yza tesdi. -Ýa Şiri-huda pirim Hezreti Aly! Me saňa!-diýip pyşyrdady-da, özi babatda göreşiň birinji tapgyryndaky ýaly eňekasty urguny geçirmek üçin dikelip, elini salganda ýüzi açylan garşydaşynyň ýüzüne bar güýji bilen urdy. Duýdansyzlykdan ýaňa aňk-taňk bolan pereňli pälwan gözlerini agdardy-da, dikeljek boldy. Birdenem ellerini sallap diň arkanlygyna gaýtdy. -Wan! Tu!...-diýip onuň ýanyna ylgap gelen emin sanap başlady. Emma emin ona çenli sanaýança pereňli pälwan gymyldamady. –Ten! Aut!-diýip gygyran emin elleri bilen “göreş gutardy” diýen yşaraty etdi. Soňra çete çekilip uly-uludan dem alyp, demini dürsäp duran Myradyň elinden tutdy-da ony al-asmana galdyrdy. Göreş meýdançasynyň daşynda desmallaryny baýdak edip galgadýan halypasydyr onuň kömekçileri gözüne ilen Myrat birden düşündi. “Ýeňipdirin öýdýän!” Ol özüniň ýeňendigine geň galdy hem ynanmady. “Bäh, men ýeňäýdimmikäm?!” Özi bilen gödek oýun edýän bolaýmasynlar diýen howatyrlanma bilen Myrat töweregine göz aýlady. Diňe şol pille eminiň öz elini galdyryp durandygyny aňşyrdy. “Men ýeňdim! Ýeňdim-m-m!!!” Ýaş pälwany ýeňşiň heýjanly täsiri doldurdy. Ol huşuna gelip, kömekçileridir tälimçisiniň kömegi bilen ýerinden dikelen pereňli pälwanyň ýanyna bardy-da oňa elini uzatdy. Ýüzi çişen pälwan tagaşyksyzam bolsa mähirli ýylgyrdy-da, Myrady gujaklady. Soňra pereňli pälwanyň tälimçisi hem onuň arkasyna kakdy. Myradyň göwnüne bolmasa pereňli pälwanyň tälimçisiniň gözleri: “Sen meniňkiden hem gowy, inim!” diýýän ýalydy. | |
|
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |