17:23 Pürs / hekaýa | |
…Ukudady. Birdenem goýunlar ýakymsyz mäleşdiler. Ikilenç olaryň mälemesi hasam erbet çykdy. Ol hasyr-husur düşeginden turdy-da, ukuly gözlerini açalak-ýumalak edip, palçyk kepbäniň bosagasyna bardy. Işigi açyp, daşaryny synlady. Gum içindäki çopan goşy, güýz ahyrynyň bulutly gijesiniň tüm-garaňkylygyna beslenip, ümsüm ýatyrdy. Hol beýleräkde, olaryň şu gün, has takygy, bu mahal ýarygijeden agandygy sebäpli, düýn gündiz, ýowar edip guran bassyrmaly agyly garalyp durdy. Onuň içini dolduryp duran süri, nämedir bir zatdan tebil tapyp, mäleýärdi.
Hekaýalar
“Beh, Alla janlarym, ýa şagal-beýleki oýa ýakyn gelip, janawerler şonuň ys-kokuny alaýdylarmyka? Onda alabaýlar nä, goşa golaýlan saýak-sandyragy ürküzmekden ötri, üýrmeýärkä?!” diýip, içinden aladaly oýlanan Hydyrguly çopan, aýagyna: “gara daň bilen buz ýalylygyna geýmeli bolaýmaýyn” diýip, ätiýaçdan iç işikde goýan köwşüni, gowaldaň sokdy-da, oýuň gaýra ýüzündäki ýapa ýakynrakda gurlan agyla garşy ýöneldi. Ol agyla ýakynlanda, eýesini tanasalar-da, dowarlar barybir sesini goýmady. -Beh, bulara näme bolýarka?-diýip hümürdän Hydyrguly aga, agylyň kiçi gapysyny açdy-da, içine girdi. Goýunlar ondan ürküp, agylyň alys künjüne gysyldylar. Şol pille-de agylyň bassyrmasynyň pürsleriniň biri erbet şatyrdady. Gojanyň ini tikenekläp gitdi. Ol: “Häk! Şol pürsi alyp gaýtmaly däl ekeniň diýip, oňa goýdurmajagam boldum-la welin, “kaka, kime gereg-äý, indi ol ýerde?! Çüýräp ýatanyndan peýdalansaň ýagşy dälmi?! Özüň mydama ýanjap ýörsüň-ä: “isrip haramdyr” diýip. Isrip etmäliň-dä” diýip halys eňegine tutdy durdy-da” diýip hyrçyny dişledi. Şol wagt ýaňky pürs hasam erbet şatyrdady. Goja çopan howpurgady. “Üstümden gaýdybermesin, bi peläket!” diýen pikirde, ol bassyrmanyň aşagyndan tizräk çykmak isledi. Emma, aýaklary özüniňki däl ýalydy. Hatda ýerindenem butnap bilmedi. Dikilgazyk boldy galaýdy. Edil şol pursadam onuň bialaç ýagdaýyny bilen dek, bassyrmanyň pürsi “şatyr-şatyr” etdi-de, jorta omruldy. Agyr bassyrma güpürdäp, onuň üstüni basdy… …Hydyrguly aga allaniçigsi bolup oýandy. Sähel wagt özüniň nirededigine düşünmän, garaňky kepbäniň içinde gözlerini açalak-ýumalak edip oturdy. Birdenem, kepbäniň çaklaňja penjiresinden içerik düşýän aýyň ýagtysyny saýgardy. Diňe şu pursat ol özüni gara basandygyna düşündi. Onuň gürsüldäp agzyndan çykaýjak bolýan ýüregi biraz köşeşdi. Ukudan açylmak üçin ýene-de birsellem gymyldaman oturan ýaşuly çopan, birhaýukdan soň elleri bilen sermeleşdirip, birmahal ody öçen demir pejiň gapdalyndaky suwly kündügi tapdy. Käse agtaryp ýörmän, jürnüginden içdi. Sowuk suw onuň nepesini durlady. Ol “hyk-çoklap” ýerinden turdy-da, kepbäniň içinde gyzyl-ýaýyrt bolup ýatan oglanlarynyň daşyndan aýlanyşdyryp, işigiň agzyna bardy. Köne içmegini egnine atdy, jorapsyz aýagyna köwşüni geýdi. Daşaryk çykyp, agyla garşy ýöneldi. Goýunlar ýatyrdylar. Bassyrma-da şatyrdamaýardy. Diňe şondan soň Hydyrguly aga, ýaňky wakanyň düýşi ekendigine magat göz ýetirdi. Emma, barybir ynjalmady. Aý-aýdyň gijäniň süýtreňk alagaraňkylygynda, agylyň bassyrmasyna goýlan onlarça pürsleriň arasynda, düýşünde döwlen ýaňky pürsi saýgarjak bolýan ýaly, siňe-siňe seredip, esli durdy. Daş-töwerekdäki parahatlyk goja çopany rahatlandyrmady. Ýaňky düýşi yrymçyl ýaşulyny iňkise goýupdy. Özüniň aladaçyl zanny-ýasawyna belet goja, indi uklap bilmejekdigine anyk gözi ýetip dursa-da, barybir yzyna, öýe dolanyp, düşegine geçdi. Gözüni dikmaýtaryna dikip ýatyşyna, içini hümledip başlady. “Men şol wagt aýtdym-a: “Gitme, eýesi ýok ýerden, soraman-idemän zadyny alyp gaýtma, bir zadyň üstünden bararsyň” diýip. “Bolýar kaka” diýäge-de, oba gidip, öýden alyp geläýmekden geçen, gaýta: “Bassyrmany şu gün, oglanlaryň hemmesiniň başy jemkä dynyp gitmesek, ertire galan işe gar ýagar. Onsoňam şol, goňşy oýdaky goşda, kakalary ýogalanyndan bäri, Annaly aganyň ogullarynyň biriniň garasy göründimi, hä?! Şol goşuň olara indi müň ýyldanam geregi ýok ahyry! Olaryň üçüsem indi söwdagär. Biz ýaly, giden malyň yzynda, gyşyn-ýazyn diýmän, çäge ýuwdup, iýmitimizi guma garyp iýip, tutuş maşgalamyz bolup sürrenekleşip, gara-ört bolşup, gazanç etmeýärler. Tomusd-a sowadyjynyň üfleýän salkynjak howasy janlaryna şypa berýän, gyşda-da ýyljajyk howaly dükanda bugarypjyk oturyp, pul sanap ýaşaýar, olar! Iň agyr edýän işlerem hasaplaýjy enjamyň düwmesine basýarlar. Onsoň bir çüýrük pürs Annaly aganyň ogullarynyň näsine derkar?! Şu mahal özüň baryp aýdanyňda-da, kakalarynyň gumda goşunyň, guýuly oýunyň bardygy hem ýatlaryna düşmez. Biz welin, şu wagt ýekeje pürs üçin oba gidip geljek bolsak, giden bir kösenç” diýip müň gepiň başyny agyrtdy. Gatyrganjak bolsam, meni rahatlandyrjak boldumy ýa-da hakykatdanam şeýtmek meýli bardymy, bilmedim: “Halys ynjalmaýan bolsaň, erte oba bararyn-da şolaryň öýlerine, şonuň ýaly odunlyk pürsden bäş-on sanagyny taşlap geçäýerin. Şeýle-şeýle boldy diýibem Annaly goňşynyň ogullarynyň birine aýdar gaýdaýaryn. Ony unamasaňam, onda, indiki ýekşenbede, yzyňdan azyk-suwlugyňy getirenimde, Annaly aganyň goşuna, eddiljek şol alan ýerimize, bir-iki sany şonuň ýaly odunlyk agajy taşlar geçäýerin” diýişdiriberdi. Häk, şü öň, ýaşrak döwürlerim bolan bolsa, şü, dili ejesiniňkä çeken peläket, näme diýip sarnaşdyrsa-da per bermezdim welin, arman, şü, adam pakyryň ýaşy gaýdyşandan soň ýüregi-de ýumşaşýar ekeni, beýnisi-de gowşaşýar ekeni! Jyňkymy çykarman oňaýdym-da! Wah, öňki, dabanymdan ot syçradyp ýören on ýyl mundan ozalky, iň bolmanda, bäş ýyljyk owalky ýagdaýym bolanda-da, dili ejesiniňkä-hä däl, mamasynyňka meňzeş bolsa-da, demini başga ýerinden alardy-la welin, arman, türkmen aganyň: “düýe garrasa köşegine eýerer” diýleni boldy-da! Hanha, dymyp oňsaň, indi, şeýt-de, iňkise gal-da, ukuňy harama çykaryp, gijesine çirim edip bilmän, howpurga-da ýör! Näme, öň şeýle boljagyňy bilmeýärdiňmi, eýse?! Aýdypdyr-a türkmen aga: “goýmadygyňy göterme” diýip… Hydyrguly aga öz ýanyndan nowbahar ogluna hüňürdäp, beýlesine agdaryndy. Şol içini hümledip ýatyşyna-da, böwri ünjüli goja, daň atýança, iň bärkisi kirpigini kirpigine-de çalman çykdy. Ir bilen oglanlar oýanan dessine-de, sesini-üýnüni çykarman, gidip, päklenip geldi. Namazyny okady. Soňra orta ýazylan saçagyň başyna geçdi. Kelam agyz geplemän, ogullary bilen ertirlik edindi. Kakasynyň ýüzünden gar ýagýandygyny gören oglanlaryň, kän bir iýip-içip weji bolmady. Kiçiler-ä hiç zat geplemediler welin, ýene-de orta ýaşdan agyberen ulusy, özüniňem indi maşgalabaşylyga ýetişeberenligini subut etmek isleýän dek, dil ýardy: -Kaka, rugsat berseň, biz-ä indi irgözinden oba aşybersek bolmazmy? Hydyrguly aga, içinden gyzyl tapjak bolýan ýaly, elindäki çaýly käsesine tiňkesini dikip oturşyna, diňe bir: “hümm” etdi-de oňdy. Birsalym kakasy ýene-de bir zatlar diýer öýdüp garaşan uly ogly, kakasynyň indi hiç zat geplemejekdigini syzyp: -Hany boluň, öýe äkitmeli zatlary ýük ulagynyň yzyna oklaşdyryň, ýöräliň! Öýde-de iş ýok däl-diýip inilerine buýurdy-da, ýerinden turdy. Hälden bäri kakalarynyň tutuk keşbiniň öňünden sypmaga bahana tapman oturan oglanlar, aýdylaryna mähetdel, turmak bilen boldular. Olar gapydan çykan dessine-de Hydyrguly aga gözlerini göterdi-de, içerde biraz eglenen uly oglunyň ýüzüne dikanlady. Bar gazabyny gözlerinde jemläp, ses-selemsiz doňňara-daşa öwrülip galdy. Kakasynyň gaty gaharynyň gelendigine mese-mälim göz ýetiren uly ogly, “gorkan öňürder” edip, geplemäge howlukdy: -Näme kaka, gerek-ýaragyň barmy? Ertir alar geläýerin... bolmasa! Hydyrguly aga jogap gaýtarmandan soň, aljyrap, kakasynyň öňünde hasam ýaýaplady: -Ýa, şu gün öýle getireýinmi?! -Sen ogul, hany, aýt maňa, men saňa haram iýdirdimmi?!-diýip pyşyrdanda, Hydyrguly aganyň sesi güňleç eşidildi. -Düşünmedim-le, kaka?!-diýip, burnuna salyp hümürdände, ýaşy kyrkdan agan epeý pyýada, ýeke pursatlyk, bezzatlygynyň üsti açylyp, indem kakasynyň öňünde müzzerip duran oglanjyga öwrülene döndi. -Haram iýdirdimmi, diýýän, saňa?! -Näme boldy-aý, şu mahal, kaka?!-diýip, özüniň indi, ýumşak ýerine çygar çybyk bilen çalnyp, “öwüt-nesihat” berilýän oglanjyk däl-de, dört-bäş çaganyň atasydygy ýadyna düşüp, biraz ekezlenmäge ýetişen ogly, nadaralyga ýüz urmaga synanyşdy. -Soraga jogap ber! Mundan beýläk buýtar-suýtar etse kakasynyň has mojugyny tapaýmagynyň gaty ähtimaldygyna düşünen ogly, başyny aşak saldy-da: -Ýok-diýip, müýnli myňňyldady. -Näme üçin bu sowaly berýänime gözüň ýetýärmi?! -Hawa-diýende oglunyň sesi öňküsindenem ýuwaş çykdy. -“Hawa” bolsa, mundan buýana-da şu maşgalada şeýle bolar!-diýip Hydyrguly aga, sesine biraz nazym berip gepledi. “Iň bolmanda, men dirikäm” diýen sözleri welin, öte gahary gelenem bolsa, teý diline alyp bilmedi. Öňünde müzzerip duran döw ýaly pyýada dözmedi. Dilini dişledi. Soňam göz açyp-ýumasy salym dymyp durdy-da, az-kem hörpüni ýumşadyp üstüne goşdy:-Şeýle bolar gerek, oglum?! Soňky jümläni aýdanda, oňa tarap sereden uly ogly, kakasynyň çygjaran gözleriniň özüne garşy umyt bilen garaýandygyny gördi. Onuň birhili süňňi gowşap gitdi. -Şeýle bolar, kaka!-diýende, näme üçindir epeý pyýadanyň sesi endiredi. Şondan soň ol, hälden bäri egnine geýmegi-de undup, elinde saklap duran güpbüsini goltugyna gysdy-da, işige ýöneldi. Gapydan çykjak bolanda-da, bir zady huşundan çykaran ýaly sägindi. Ýeke pursat oýurganyp durdy-da, yzyna garaman: -Kaka!-diýip pyşyrdady. Ýene-de dymdy. Soňam birdenkä:-Bagyşla!-diýdi-de, öz diýen sözünden bahymrak gaçyp sypmakçy bolýan ýaly, gapyny jarkyldadyp açyp, çykyp gitdi. Biraz wagtdan soň, daşardan uly oglunyň kiçilerine buýruk berýän hökümli gykylygy eşidilip ugrady: -Hiç ýere gidemzok, nirä şaýlanýarsyňyz?! Hany boluň, çalt! Düýnki Annaly aganyň goşundan alyp gelen pürsümizi bassyrmadan sogruň-da, derrew ýük ulagyna atyň! Ýüzugra ony alan ýerimizde goýaýyn-da, irgözinden obadan başgasyny alyp gaýdaýyn. Garaňky gatlyşmanka dolanyp ýetişmesek, ertir ir bilen bassyrmany düzedip, onsoň öýe ugrabereris… Içerde bolsa, bu wagt, hälden bäri tagamyny duýman içip oturan çaýyny, indi süýjüdip süzýän Hydyrguly aga, sakgalyna siňdirip myssa ýylgyrýardy. Onuň käte-käte gaýtalaýan: “Dogry-da walla, oýun etse ogly, çynyny etse atasy bolar-da, häki” diýýän sözlerini bolsa, onuň özünden başga eşidýän ýokdy. | |
|
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |