20:05 Pygamber tebipçiligi: Bi | |
«Bi » harpy; ب
Medisina
بابونج Çopantelpek. (Matricaria). Birinji derejeli, gyzgyn-gurak häsiýetli ösümlik. Işdäň açylmagyna ýardam edýär, rahatlandyryjy täsiri bar, iç geçmäni aýyrýar. Iç geçirýän (sürýän) derman hökmünde ulanylýar. Onuň häsiýetleri şonuň ýalydyr. Çopantelpegiň güllerinden demlenip taýýarlanan ergini (suwy) içmek ýa-da çopantelpek gaýnadylan suwda oturmak peşewiň we aýbaşynyň gowy akmagyna ýardam berýär, düwünçegi we düwünçegiň ýoldaşyny çykarýar, gyzgyn iç ýuwmalarda we ýaralara sargy hökmünde ulanylýar. Onuň gaýnadylan suwy bagyr agyrysyna we daşlary aýyrmakda örän peýdalydyr. باقلا Müsür noýbasy. Lýupin. (Lupinus). Noýbanyň bir görnüşi bolup, siňmesi agyrdyr, köp iýseň içiňi ýellendirýär. Ony towuklar iýse ýumurtga bermesini keser, onuň kösügini sargy hökmünde ulansaň, şol ýerde saçyň ýa-da tüýüň ösme-giniň öňüni alar. Gaýnadylyp bişirilen Müsür noýbasy üsgülewigi aýyrýar, ýöne ony yzygider iýýän adam ýakymsyz düýş-leri görer, gorkuly, alasarmyk pikirler kellesini gurşap alar, huşsuzlyk derdine sataşar. Bukrat hekim onuň aşgazanda ýeňil siňýänligini, noýbaň üsti bilen saglygyňy bejerip bolýandygyny aýtdy. Ony timýan (صعتر), ýag we duz bilen bişirip iýseň, ýäňky sanalan zelelleriň täsirini kesýär we noýba diňe peýdaly täsir edýär. باذنجان Badamjan. (Solanum melongena). Gara badamjany yzygider peýdalanmak göwniçökgünlik, gaýgyçyllyk duýgularyny (melanholiýa) döredýär, onuň ýenjilip (owradylan) alnan uny babasyl derdini aýyrýar, ony ýagda gowrup iýmelidir. Yüregagyry sebäpli endamy çişen adamlara badamjan iýmek maslahat berilýär. Ak badamjan ýokumlylygy taýdan örän oňatdyr we ýeňil siňýär. بردي Papirus. Gamyş. (Cyperus papyrus). Sowuk-gurak täsirli ösümlik bolup, ýaradan lagta-lagta bolup damýan gan akmasyny togtatmak üçin ýaramly. Onuň ýapragyny ýa-da şaha bölejiklerini çeýneseň, agzyňdaky sogan we sarymsak yslaryny tiz aýyrýar. Papirusyň külüni burny ganap duran adamyň burnuna sepseň (üfleseň), gan akmasy dessine kesiler. Ibn Sina: «Papirus ýapragy gan akmasyny togtadýar we ýaralary tiz bitirýär» diýdi. Buharynyň we Müslimiň aýdan rowaýatlaryna görä, bir gezek Pygamberimiziň alyn dişleri döwülipdir. Şonda Patma papirusdan (gamyş) ýasalan boýra düşekçäni otlap, onuň külüni (Pygamberimiziň dişine) ýaranyň üstüne ýapyşdyrypdyr. Gan akmasy dessine kesilipdir. Bu ýerde boýra düşekçe diýilýäni şol papirusdyr. Sebäbi onuň külüniň tiz guradyjylyk häsiýeti bolup, şol hem gany dessine gatadýar. Buhary bu hakynda öz eseriniň: «Boýrany otlamak bilen ýaralary bejermek» diýen bölüminde ýazypdyr. برقوق Garaly. (Prunus domestica). Onuň ynsan saglygyna edýän täsiri edil şetdaly ýaly. Şetdaly hakynda öň aýdypdyk. بزر قصونا Bizr-i Kasuna. Bizr-i Kasuna aşgazan-içege kesellerini, ham sypjyryklaryny bejermek üçin ulanylýar. Ol teşneligiňi gandyrýar (köşeşdirýär), tebigatyňy ýumşadýar. Bizr-I Kasunanyň ter ýapraklary we olardan taýýarlanylan şiresi ýarany çalt bitirýär. Ony ýalňyş ulanmak bolmaýar. بسفايج Besfaýyj. Baspaýak. (Polypodium). Gyzgyn-gurak täsirli bolup, melanholiýany (söwdaýy) we balgamy (çygly¬ly¬gy) sazlamakda täsiri uludyr. Ony gaýnadyp, ergin hökmünde, iç ýuwma ýa-da sargy hökmünde ulanyp bolýar. بسر و بلح Hurma, igde. (Phoenix dactylifera). Entek doly bişmedik hurmalar gyzgyn täsirli, ýetişen hurmalar sowuk täsirli bolýar. Olaryň ikisi hem iç berkidiji we aşgazany bejeriji serişde hökmünde has meşhurdyr. Ibn Majeniň rowaýat etmegine görä, Pygamberimiz: «Ter hurma bilen guradylan hurma kaklaryny iýiň. Çünki şeýtan öz ýanyndan: «Adam ogullary munuň könesini we täzesini (kakadylanyny we terini) bile iýmek bilen sag-salamat galdy» diýermiş». Ýene bir rowaýatda: «Hurma iýseňiz şeýtan gynanarmyş» diýilýär. بصل Sogan. (Allium cepa). Gyzgyn we çygly häsiýetli ösümlikdir. Ony suwuň tagamy üýtgän halatynda iýmek örän peýdalydyr. Işdä açyjy, jynsy höwesiňi heýjana getir¬ýän, beden boşluklarynda suw ýygnanmak keselini bejerýän serişde hökmünde giňden ulanylýar. Derman içýän adam ony ysgasa gusmasy kesiler, ony et bilen gowrup iýmek, agzyňda aňkap duran porsy ysy aýyrar. Mugawyýa ýanyna gelen wekillere sogandan taýýarlanan nahar hödürlär eken. Soganyň ynsana berýän zeleli hakynda aýtsak, ony yzygider iýip ýörmek kelleagyryny döredip bilýär, göz garaňkyramak derdine uçradýar. Ony aşa köp iýmek akylyňy zaýalar, özi hem bu zelel doly bişmedik soganlar sebäpli ýüze çykýar. Pygamberimiz: «Kim şu önümi, ýagny sogany we sarymsagy iýse, hergiz metjidimize golaýlaşmasyn, çünki adam ogullarynyň biynjalyk bolup, ezýet çekýän zadyndan perişdelerem ezýet çekýär» diýdi. بصاق Tüýkülik. Aýtmaklaryna görä, oraza tutýan adamynyň tüýküligi içýany dessine öldürýändir. بطيخ Garpyz. (Citrullus lanatus). Gyzyl garpyzlar sowuk we çygly, sary garpyzlar gyzgynlyga ýakyndyr. «Abdaly» atly gawunyň görnüşi Abdyllanyň ady bilen baglanyşyklydyr. Süýjüliginiň aşa ýokarylygy sebäpli gyzgynlygyňy köpeldýär. Olaryň ählisi hem örän ýakymly we peýdalydyr. Gawu-nyň özi we çigidi buşukdyryjy häsiýete eýe. Ol peşew ýolla-ryny arassalaýan, aşgazanda ýeňil siňýän iýmitdir. Sary garpyzyň (gawunyň) özüni ýa-da ondan gaýnadylyp taýýarlanylan toşaby, esasanam onuň çigidini ýüzüňe sürtseň, ýüzüňdäki dürli tegmilleri, menekdir sepgilleri aýyr¬makda örän peýdaly. Böwrekde we peşew ýollarynda daş emele gelmesini bejerýär, dörän daşlary eredýär. Ol aşgazana düşen islendik iýmit bilen tiz alyşýar we garyşýar. Sary garpyzyň gabygyny gaty etler (haýal bişýän etler) bilen bişirseň, ol tiz bişer. Garpyz iýýän adam onuň tagamyna garap, gowusyny iýsin, ýaramaz, zaýa önümleri iýmek gijekörlük derdine uçradar, belki gusdurar, haçanda ol zaýalanan bolsa, ony derrew bedenden çykarmak gerek, çünki ol ýakymsyz zäherlenmä öwrülip biler. Ony sirkelibal we zenjebil dänesi bilen aýryp bolýar. Pygamberimiz ter garpyzlary iýer eken we: «Munuň gyz-gyny sowuklygy, sowugy gyzgynlygy dep edýär» diýer eken. Ol ir-iýmişleriň we gök önümleriň arasyndan üzüm bilen gar-pyzy has oňat görüpdir. Abu Musehhir Gassany şeýle diýýär: «Kakam her gezek garpyz satyn alanda: «Eý oglum, onuň gara çyzyklaryny sana. Eger-de şol çyzyklar täk bolsa, garpyzyň süýjüligini biläýgin diýerdi». Ibn Apbasyň Muhammet pygambere salgylanyp getirýän hadysynda: «Garpyz tagam, içgi we ýakymly ysly reýhandyr. Ol peşew haltasyny ýuwýar, aşgazanyňy arassalaýar, erkeklik tohumyny köpeldýär, jynsy gatnaşyga bolan höwesiňi güýçlendirýär, deriňi meneklerden arassalaýar, sowuklama sebäpli dörän keselleri bejerýär» diýilýär. Soňky ýatlanan häsiýetleriň gawundalygy şübhesizdir, esa¬sa¬nam, ony ajöze iýmek saglyk üçin has peýdaly. بط Ördek. Guş etleriniň arasynda iň oňady ördek etidir. بقلة حمقاء Semzek. (Portulaca). Sowuk-çygly, safra (hole-riki öthalta - صفراء) bilen baglanyşykly ähli dertleri bejermäge peýdaly. Ondan gaýnadylyp alnan ergini sirke garyp iýip, ýa-da ýapgy, sargy hökmünde peýdalanyp bolar. Azy diş agyrysyna peýdaly bolup, aşa güýçli şöhwetiňi peseldýär, nahara bolan işdäňi kemeldýär. Ony düşeginiň bir ýerine çatyp goýan adam ýagşy-ýaman hiç hili düýş görmez. «Pygamberimiziň bir aýagyna ýara çykanda, semzegiň sykylyp alnan suwuny, gowy edip aýagyna sürtäp, melhem ýapypdyr we derrew gutulypdyr. Şonda Pygamberimiz: «Saňa Allanyň bereketi siňsin, islän ýeriňde gögeriber» diýipdir. بلوط Dub. (Quercus). Sowuk-gurak tebigatly ösümlik. Ukusynda düşegine buşugýanlar üçin peýdaly. بندق Pisse. (Corylus maxima). Gyzgyn-gurak tebigatly, aşgazanda haýal siňýär we öt haltanyň işleýşini gowulan¬dyr-ýar. Iç berkidiji we kelleagyryny aýryjy serişde hök¬mün¬de belli. Beýnä rahatlyk berip, onuň işleýşini ýokar¬lan¬dyrýar. Dürli zäherlenmelere garşy iň oňat serişde. بنفسج Benewşe. (Viola). Birinji derejeli, sowuk-çygly ösümlik. Gan basyşy (aýlanyşygy) sebäpli döreýän kelleagyryny köşeşdirýär we aýyrýar. Ony ysgamak, sargy hökmünde ýapyp ulanmak, suwda gaýnadylan erginini içmek ýa-da şol suwuň içinde oturmak bilen ulanyp bolýar. Ýoň, dümewleme ýaly dertleri we çişleri aýyrýar. Aşgazan-içege kesellerini bejermekde ähmiýeti uly. Ony sanjym hökmünde-de, guradylan ir-iýmiş, bişirilýän tagam, gerdejik görnüşinde, şeýle hem ýaranyň ganamasyny kesmek üçin dykylýan arassa bölejik hasanyň ornuna ýa-da daňy, sargy hökmünde ulanyp bolýar. بورق Bura. Gyzgyn-gurak häsiýetli. Tebigatyňy ýumşadýar, dürli iç ýuwmalarda tmin uny (معجون الكمون) bilen garyşdyrylyp ulanylýar. بيض Ýumurtga. Iň oňady towuk ýumurtgasydyr. Çala gaýnadylan ýumurtga öte gaýnadylan ýumurtgadan ähmiýetli. Öte gaýnadylan ýumurtga hem gowrulan ýumurtgadan gowy görülýär. Onuň sarysy gyzgynlyga, agy bolsa sowuklyga ýakyn. Onuň ak ýerini ýüzüňe çalsaň, günüň zyýanly täsirinden gorar. Sargy hökmünde ýapsaň ýanygy bejerýär. Aşgazanda döreýän sanjyny aýyrýar, göz agyrysyny köşeşdirýär. Çala gaýnadylan ýumurtga üsgülewigi, bokurdak çişini, ses gyryklygyny aýyrýar, gan akmasynyň öňüni alýar. Gowy siňýär, örän ýokumly, jynsy höwesiňi artdyrýar. «Pygamberimizleriň biri öz jynsy ejizliginden zeýrenip, Hudaýa arz edipdir. Hudaý oňa ýumurtga iýmegi buýrupdyr» diýilýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |