19:07 Pygamber tebipçiligi: Ýeñlemek | |
ÝEŇLEMEK
Medisina
Saglyga täsir edýän zatlaryň ýene biri – ýeňlemekdir. Muňa gusmak, gaýtarmak, içiňi boşatmak ýa-da onuň gatamagy ýaly zatlar degişli. Kimiň içi gatasa ony zagpyran gaýnadylan suw, suwuk zeýtun mürepbesi ýa-da ýeňil iç ýuwma (klizma - الحقن اللينة) bilen ýumşatsyn. Sagdyn wagtyň adat bolan ýeňlemege hammama girmek, ýanýoldaşyňa ýanaşmak we aç gezmek ýaly zatlar degişli. Bukrat hekimiň «Pasyllar» atly eserinde «Eti (muskuly) çygly bolan adamyň aç gezmegi gerek, çünki açlyk bedeni guradýar» diýlip ýazylan. Pygamberimiziň orazany buýurmagynyň aňyrsynda hem şonuň ýaly bähbitler ýatyr. Gaty bir zerur bolmasa iç geçirýän dermanlary ulanmakdan daşda durmaly, esasanam, şoňa endik edenler ony terk etse gowy bolar. Kesranyň (pars patyşasynyň) bir tebibinden iç geçiriji serişdeler hakda soralanda: «Nyşana degjegi-degmejegi gümana bolan, göwräňe gönüläp atan okuňdyr. Zerur bolmasa ondan saklanyň» diýipdir. Bukrat hekim: «Süňňi sagdyn adama derman serişdesini ulanmak zeleldir. Dermana mätäçlik ýüze çykanda hem ony talabalaýyk ulanmaly» diýipdir. Bir gezek Resulalla Umaýsyň gyzy Esmadan: «Iç agyryny nädip köşeşdirýäň?» diýip sorapdyr. Esma: «Süýtleňňiç bilen» (شبرم) diýip jogap beripdir. «Süýtleňňiç» nohuda çalymdaş ösümlik. Pygamberimiz şonda: «Diýmek ol gyzgyn-sowuk täsirli dermanlara degişli» diýipdir. Soň bir gezek «Sena» (سنا المكي senna, senaýymekge) bilen bejerýändigini aýdanda: «Haýsydyr bir zatda ölümiň dermany bar bolsa, ol senadadyr» diýipdir. «Sena» hyna ýaly ösümlikdir. Başga bir rowaýatda «Sen senany ulanmalydygyndan bihabarmyň?» diýilse, ýene birinde «Saňa sena bilen bejermegi maslahat berýän» diýen sözi artdyrypdyrlar. Bu çäre bolsa tebipleriň arasynda «saglygy öňünden gora-mak» ady bilen meşhurdyr. Ol bedende ýaňy ýüze çykyp başlan keseli, tä süňňüňi gurşap alýança garaşmazdan, däri-derman bilen bejermek bolup, ýokarda getirilen hadyslar, Pygam-berimiziň her bir dermanyň güýjüni, derejelerini-tapawudyny, süňňe galtaşanda edýän täsirini gowy bilendigini delillendirýär. Çünki süýtleňňiç gyzgyn täsirli, ýaralary bitiriji derman. Sena bolsa örän oňat, bereketli bir dermandyr. Ol ikisi hakynda, nesip bolsa soň hem ýatlarys. Tebigatyň ýumşap, içiň geçende bolsa, iç gatadyjy dermanlary we därileri ulanmaly. Bular hakynda hem nesip bolsa soň ýatlarys. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |