Ogulbossan eje giň howlynyň bir çetindäki uly sekiniň üstünde otyrdy. Ol çuň oýa batyp oturşyna daş-töwereginde oýna gyzygyp, pelesaň kakýan agtyklarynyň jagyl-jugulyna üns bermeýärdi. “Beh, ol, Hallygözel goňşy näme diýdi-ä?! “Işigaýdan Mälik jalataý iki gün bäri sogrulyp bilmän, kösenip ýatyr” diýäýdimi. Işigaýdany il-günüň öňündäki ýazyklary ol dünýä goýberýän däldir.”
Içini hümledip oturan Ogulbossan ejäniň ýene-de gahary gelip başlady. Özüne her näçe basalyk berjek bolsa-da, kyrk ýyl mundan ozal, günde-günaşa lül-gammar bolup, degene-de degip, degmedigi-de degip göz-gülban halda, ile ot ýakdyrman ýören Mälik jalataýyň gapysyndan gelip, ýoknasyzyny atyşy hakydasyna gelende, ýene-de ot bolup ýandy, uçgun bolup syçrady. Ýetmişi ýeňsesine atan görgüli gaharyny getirse ýene-de gan basyşynyň göterilip başagaý etmeginiň juda ahmaldygy ýadyna düşüp dursa-da, öte sylaýan bir garry görgülisiniň gözýaşlaryna dözmän kasasyny kyýamata goýandygy zerarly kalbynda gemre baglap galan wakany ýatlaman bilmedi. Edil şu pursatda başdan geçirýän ýaly, bu günki gün bäş howly beýle ýanyndaky öýüň içinde ýagty ýalançy bilen algy-bergisini üzlüşip bilmän, ezýet çekip ýatan Mälik jalataýyň şol wagtky bolup oturyşy gözüniň öňünde janlandy…
Alys dag ýollarynyň birinde, gije uklap, ulagy bilen gaýadan uçan ýanýoldaşy neressäniň ýaňy ýylyny sowupdy. Otuz ýaşynda, tüýs “men” diýen wagty höwürsiz-arkadagsyz galyp, “eje, kakama näme boldy?” diýip sözsüz soraýan üç sany oglanjygyň we iki sany garaja gulpakly gyzjagazyň mön gözleriniň garaýyşynyň öňünde müzzerilmejek bolup, soňkuja zenan gaýratyny jemläp, çyr-çytyr dyrjaşýan döwürleridi. Gündiz-ä bäş jübüt garaja, goňurja, mawyja gözleri ruhlandyrjak bolup, başyndaky ýas başatgyjy bilen bilelikde baýdak kimin pasyrdaýardy. Gijelerine-de höwrüniň mähriban ysy kükäp duran ýassygyny bagryna basyp, ony gözýaşyna ezip çirim etmän daňyny atyrýardy… Ýene-de Hudaýa şükür, dogan-garyndaş bar. Il-gün gowy. Ýalňyz goýmaýardylar. Ýanýoldaşy neressäniň dört dogany dagy her gün işden gaýdyşlaryna öz çagalaryny görmän, ilki bilen gelip, bäş sany neressejigi bagyrlaryna basýardylar. Ogulbossan üçinem göwni bir zat küýsese olara diýmek gerek däldi. Gaşyny galdyran badyna düşünýärdiler. Agalarynyň hatyrasyny mukaddesligiňem mukaddesligi saýyp, “gelneje, gelneje” diýşip daşyndan pyrlanýan döw ýaly pyýadalar, gideniň yzynda galanlaryň derdine derman boljak diýseň, ýetmiş ýedi ülkäni söküp, segsen sekiz derýadan geçip, hatda gara başlaryny hem söwdasyz terezä mündürip, islendik genji-hazynany tapyp getirmäge taýýardylar. Emma ol zatlaryň barysy, jahanyň ýüzünde sopbaş galana dönüp, diňe çagalary üçin jansyz jeset kimin gymyldamagyny dowam edýän gelniň ýaraly göwnüne çala teselli berýärdi. Geçmejege dönen şol günleriň birinde-de gün ýaşyp barýarka, gözlerini çym-gyzyl edip, gädiginden Mälik jalataý göründi. Gele-gelmäne-de agzyny ondak-mundak urup, samahullap başlady. “Aý, ýekeligem hudaýa ýagşydyr” diýdi, “Biziň ýaly gazançly, elli-aýakly ýigit bir-ikini däl, eýsem-de bolsa bäş-onysyny hem ýük görmän, hor etmän saklar” diýdi, “Ilde ýok zat däl, öleniň yzynda ölüp bolmaz, çagalaryň hem aladasy welin, bäş günlük warraý-şarraý ýalançyda öz aladaňy hem etmeli, ötüki” diýip soňabaka has hem mojugyny tapyp ugrady. Ogulbossan şonda ol mysalasy itiň aşagyndan çykana çalym edýän äteňet jalataý zaňňaryň öz öýüniň işiginde pisini aşyryp oturandygyny öz gözleri bilen görýändigine-de, onuň utanç-haýadan ýaňa ýarylyp ölmegiň deregine serhoş dilini bazzyk-buzzuk etdirip, aýdyp duran wejera sözlerini öz gulaklary bilen eşidýändigine-de ynanmady. Haçan-da masgara üflisiň diýýän zatlary aňyna ýetende bolsa tasdanam ýerinden atylyp turup, saçagyň üstünde duran ýalaw ýaly aş pyçagyny özüniň päkize ojagyny masgaralamaga het edýän näletkerdäniň garnyndan geçirýärdi. Hernä, Hudaý diýen ýeri, saçagyň başynda garagöz çagajyklary nahar edinip otyrdylar. Öz etjek bolýan aýylganç işini perişdeden päk neresseleriň görjekdikleri hakyndaky pikir gazap atyna atlanan namysjaň zenanyň elini-aýagyny ýüpsüz baglady. Şonda bir dymdy-da, ilkä çagalaryň serhoş jalataýyň diýýän sözlerine düşünmeýändiklerine şükür etdi. Soňam ýeke agyz: “Git!” diýdi. Öňüni saýgarmaz derejede serhoşam bolsa gelniň eňşäp duran ýüzünden rejäň geň däldigini aňan jalataý ol ýerden bahym garasyny saýlamak bilen boldy.
Ol gidenden soň sähel salym geçip-geçmänkä-de gursagyna zäher atylana dönen Ogulbossan çagalaryna öýde bolmagy tabşyrdy-da, ýanýoldaşy görgüliniň körpe inisiniň öýüne ýöneldi. Ýüregine zäher sepilen görgüliniň matlaby ýagşy ýigdiň ojagyny wejera etmäge milt edip, türkmençilikden çykan näletkerdäniň tepbedini okatmakdy. Emma göni ýola düşmek üçin çatryga ýeteni hem şoldy welin, öňüni Mälik jalataýyň zordan ýöreýän görgüli ejesi gabalady. Pahyr, kellesini titredip, boýnuna erk edip bilmän durşuna, ony gujaklaplar, özelenipler aglady. Ogulbossanyň daşdan çapylana dönen ýüzünden gasyn-gasyn hamy sallanyp duran ellerini ýöredipler, dyzyna çöküpler ýalbardy. “Balam, guzym, dogman geçen dogman geçmiş saňa näme diýendigini aýtdy. Gelin jan, jan balam, balalaryň başyna başym sadaga! Buýsanjyňa gara başym, şirin janym gurban bolsun! Gitme! Baryp aýtdygyň, iýselerem doýmazlar! Türkmeniň häsiýetine näbelet dälsiň, namysyna deglen ýerinde iki dünýäsini hem tekizlejekdigini bilýänsiň! Beýtme guzym! Janyny alanlaryndan çekinmeýärin! Şeýle hereket edendigini il-gün eşitse ýedi pyşdyna çenli näletlär. Gitme balam, aýtma! Ýeke-de bolsa, ýalňyzam bolsa, ölenine gynanmaryn, dogman geçmişiň, balam! Halk onuň bala-çagasyna çenli lagnatylyk tagmasyny basar! Hudaý ýaly bol-da, neberämize rehim eýle, guzym! Puryja ber, ertire çenli özüm elim bilen zäher berip janyny jähenneme ibereýin! Bu işi gaşymy çytman edeýin, guzym! Bir aglaryn, bir goýaryn! Ýöne gitme, guzym! Rehimiň insin, sadagaň bolaýyn, gitme!”
Garry görgüliniň zarynlaýşy demirem bolsaň eretjekdi, daşam bolsaň pytratjakdy. Ogulbossan bolsa demirem däldi, daşam. Ol adamdy. Özi ýaly garabagyryň gözýaşlarynyň üstünden ätläp bilmedi. “Aglama, enesi! Gitmen! Dogry aýdýarsyň, sende-de, onuň çagalarynda-da günä ýok! Senem degme, enesi! Dünýä inderipsiň, goý ýaşasyn! Päk ojagyma kesek atany üçinem onuň bilen Päk Perwerdigäriň özi haklaşsyn-da hernä!” diýdi-de, Ogulbossan yzyna dolandy. Şol günüň ertesi hem Mälik jalataý obadan yzsyz-tozsuz gürüm-jürüm boldy. Onuň sumat bolmagy barada her kim bir zat diýdi. Birleri: “enesi öýünden kowupmyş, “öljek bolanyňda jesediň musulman gonamçylygynda jaýlanar ýaly yzyňa köwlen, ondan bäri garaňy görkezäýme” diýipmiş” diýdiler. Beýlekiler bolsa: “jenaýat edipmiş, şonuň üçinem ýygnalypmyş” diýdiler. Başga birleri bolsa: “bergi baryny edipmiş, algydarlary gyssanlaryndan soňam, olardan gaçyp, gizlenip ýörmüş” diýip öz çaklamalaryny aýtdylar. Mälik jalataýyň bolsa şol gidişi gidişi boldy. Diňe öňňin, goňşusy Hallygözel – uly gelniniň boýdaşy, gelip, oňa Mälik jalataýy soňky deminde öýüne getirendiklerini, getirenleri bäri-de amanadyny tabşyryp bilmän, kösenip ýatandygyny aýdanda Ogulbossan eje onuň henizem aýatda bardygyny bildi. Şondan bäri hem Ogulbossan ejäniň iki jahan owarrasy bolup oda-köze düşüp oturyşydy.
Kalbynyň rehimdar ýarysy-a, görgülä: “Bar, bar, ýokluk bilen barlygyň arasynda seňňi-mugallak deýin hallan atyp, jähennemi bolup ýatmasyn. Yrzalaşyp gaýt!” diýip öwüt berýärdi. Kyrk ýyl geçse-de köne kinesini unutmadyk beýleki ýarysy bolsa: “Degme kösensin! Haram dili bilen salan ýarasyny ömralla göwnüňde göterip gezdiň, indi bolsa goý özüniň bimany ýaşan ömrüniň ähli hunaba-serpaýyny ajalynyň alnynda dahyl bolan Azazyl-al-lagnatydan alsyn! Gitme!” diýip köne derdini gorjap, gižželeýärdi.
Näme etjegini bilmän sermisal bolup galan görgüli, ahbetin göwnüni bire baglap, sekiden turdy-da, hasasyny eline aldy:
-Ýör guzym, ol bedibagt işigaýdany, görüp gaýdaly! Pygamber alaýhssalamymyz “musulman musulmandan üç günden artyk kine saklasa günädir” diýenmiş. Bizem, ballym, Alladan daş düşmäli!-diýip Ogulbossan eje, agtyjaklarynyň ekabyrragyny ýanyna çagyrdy-da, Mälik jalataýlaryň öýüne garşy ugrady. Görgüliniň şol tarapa aýagy ädilmeýärdi. Garrylygyndanam, aýaklaryny zordan alýanyndanam, endam-janynyň agyrýanyndanam däldi. Ogulbossan eje günde-günaşa diýen ýaly, ogullarynyň-agtyklarynyň ýelden ýyndam ulaglaryna mündürjek bolmaklaryna per bermän, özdiýenliligini edip, özüniň henizem daýawlygyna buýsanýan ýaly, köçe söküp, toýa-tomga görünmäge gidýärdi. Ýöne bäş howly beýle ýanlarynda ýerleşýän Mälik jalataýlaryň öýüne tarap welin aýagy çekmeýärdi. Bili bükülen garry görgüli, bir eli bilen agtyjagyny söýget edinip, beýlekisi bilen hasasyna söýenip, zordan mytdyldap barýardy. Bärden baranda-da, Mälik jalataýlaryň howlusynda hümer bolup oturan jemagaty görüp, olaryň arasyndan kimdir biri ýerinden turaga-da: “Gelneje, sen näme geläýdiň?! Yrzalaşma ahyry, bu ýeksurun bilen!” diýäýjek ýaly, kürtdürdi. Ýeke özi, her biri ýüze taý ilogullaryny ýetişdirip, ömrüboýy gara zähmeti bilen abraý gazanan Ogulbossan ejäni gören batlaryna oturanlaryň uludan-kiçä ählisi ýerinden turup salam berdiler. Süňňi zenan haýasyndan eýlenen görgüli, haýdan-haý ak gyňajynyň çowuny ýaşmak edindi-de, berlen salamy aldy. Gabaklaryny aşak sallap, öýe ötdi.
Içki otagyň töründe ýazylan düşegiň üstünde kazasy dolan Mälik jalataý demini sanap ýatyrdy. Onuň janyndan üzülip bilmän kösenýändigi “hyýgyldap” dem alşyndan bildirýärdi. Oňa gözi düşen Ogulbossan ejäniň birhili ýüzüniň terzi üýtgäp gitdi. Keşbiniň üýtgäni garry görgüliniň gasyn-gasyn hamynda hem bildirdi. Emma sanalgysy dolan Mälik jalataýyň daşyny gallap oturanlaryň hiç biri Ogulbossan ejäniň ýagdaýyny aňşyrmady. Oturanlar süýşüşip, oňa soňky deminde ýatanyň başujundan orun berdiler. Ogulbossan eje özüne zor salyp, şol ýere geçip oturdy. Bir pursatda onuň kalby gurruk guýa dönüp, boşap galdy. Ömründe ilkinji gezek durmuşyň ajysyny hem, süýjüsini hem dadan görgüliniň ölüm ýassygynda ýatan adama diýere sözi, aýdara gepi ýokdy. Dogrusy… Mälik jalataýa diýere-aýdara zady kändi. Öňünde demi-demine ýetmän sojap ýatan bilen hasaby hem juda aňyrdandy… Ýöne… Ogulbossan eje dymyp otyrdy. Onuň şol göz açyp-ýumasy salym dowam eden sessizligi hem özi üçin asyra döndi. Bir demde gözüniň öňünden al-asmanda akyp barýan bulutlaryň saýasy ýaly salgym atyp, kyrk ýyl mundan ozalky waka geçip gitdi. Ogulbossan eje gözlerini ýumanda onuň göwnüne bolmasa Mälik jalataýyň ejesi görgüliniň şol gije zarynlap aýdan: “Hudaý ýaly bol-da günäsini geç, guzym!” diýýän sözleri gulagynda ýaňlanyp giden dek boldy. Ogulbossan eje biygtyýar horja elini öňe uzatdy-da, üç gaýra Mäligiň ýüzüniň üstünden ýöredip durşuna:
-Yrza bol, Mälik! Seni Alla bagyşlasyn! Sen, ejiz-günäkär bendesine-de Päk Perwerdigäriň özi ýeňillik bersin-dä, hernä!-diýip pyşyrdady… Şol pille-de Mäligiň ýumuk gözlerinden paýrap gaýdan goşa damjajyk heniz düşegine damyp ýetişmänkä, onuň ýeňillik bilen demi sogruldy… Ogulbossan ejäniň daş-töwereginde oturan adamlar: “Garaşan ekeni-ow, bende!” diýip pyşyrdaşdylar…
Hekaýalar