09:27 Şägirtlik / hekaýa | |
ŞÄGIRTLIK
Hekaýalar
…“Özüm-ä galhozyň sygyrhanasynda padyman bolup, ömrümi egri dyzyma çenli jork maçja batyp-çomup geçirdim. Şunça ýylyň içinde gazananymam gara bokurdagyma-ha ýetse ýetendir-le welin, aňryma-ha adyny agzan keselimiň barlygyndan özge atan zadym ýok. Üstesine, çagalaňňam ulularyny özüm ýaly jinnek bahaly gara zähmetden çörek iýýän ýykma-ýykylmalar edip ýetişdirdim. “Ata-babamyzam kagyz-galamdan ýa-da açar-çekiçden çörek iýmändi. Bulara-da şolaryň güni ýeterlik. Aňrymyzyňkydan artyk gün gerekmez bize!” diýen bolup, nadanlygymy edip, olara ne hünär bermäň, ne-de gaty kagyzly etmäň ugruna çykdym. Bu dördülenjim bir, irgözin gögelelikden senet öwrenip, soňkusy gün döwüm-dişlem nanyny lüýk dersiň içinde gezeniňe garanyňda ýeňilräk tapynar ýaly bolsun! Çünki, bütüki, häzirki döwürde ulag bejerýän ussalar mundan buýanky beýlekilere seredeniňde bolrakdan aňsadrak gazanýarlar. Bu-da nesip edip, ýedi-sekiz ýyldan şol hünäri ýagşyja öwrense, mazalyja gazanja durup, gowy ýaşar-da!” diýip ol, içinden ýüz gezek öwür-çöwür eden oý-pikirlerini jemledi. On ýaşly ogluny gapdalyna tirkäbem, bir çatryk beýle ýanynda ýaşaýan goňşusy – küren obada adybelli ulag ussasynyň howlusyna ýüzlendi. Bardylar. Şu jelegaýlarda adygan ulag ussasynyň öz-ä näme, ýaňy otuz ýaşdan agan pyýada. Kakasam munuň deň-duşy. Şonuň bilen gürrüňdeş boldy. Hal-ahwaldan soň, neneňsi ýumuş bilen gelendigini aýtdy. Ogluny şägirtlige almak hakynda towakgasynam, türkmençilikde adat bolan: “eti siziňki, süňňi meniňki, esasy zat hünär öwretseňiz bolýar” diýen söz bilen jemledi. Ussanyň kakasy geregini artdyryp, tyýkyrap durmady. -Bolýar. Öňem üç okuwçysy ba. Bu seňkem ýene-de biri bor. Özün-ä özüň bilýänsiň, elinden dür dökülýä. Bejeren ulagynyň: “şü ýerjigä-hä bolman galypdymmy nämemi” diýip, yzyna gaýtarylany ýok. Şoň üçribem, bi seňkem yhlasly bolsa, bahym hünär öwrenip, özbaşdaklaşar. Özüň bilýäň ýaşdaş, bi kesp-käriňem näderejede çöreklije pişedigini. Biz-ä ynha, şunymyz şunsuna başlady-da, öýümiziň depesinde bereket arygy açylana dönäýdi. Senem nesip etse, enşallasy ýetse, şeýle bolarsyň...-diýip köpmanyly sägindi. Dem salymdan soňam ýene-de dowam etdi: -Ýöne, bi ogluňa bek tabşyrgyn, bi hojalykda oglumyň okuwçylarynyň hemmesini biz eddiljek öz çagammyz ýalaky edip saklaýandyrys. Birini beýlekisinden ýa-da özümiziňkilerden saýry tutýan däldiris. Ol, seň bi dogmaňam diňe: “ussaçylygy öwrenmäge geldim” diýen bolup, kejeňekligine tutup, birdir-ýarymdyr gezek gennejesi ýa-da bizler hojalygyň maýda-çüýde işine ýardamlaşmany haýyş etsek, etjekgäden bolup, düňderilip, içimizi ýakyp ýatmasyn. Hä, sakgaldaş?! Rast dälmi, şü meň aýdýanym?! Bu bende-de ogullarynyň iň bolmanda birini ezber ussa edip ýetişdirmegi berk ýüregine düwen. Söhbetdeşi oglunyň şägirtligi üçin näme şert goýsa, aýtmanka razy bolup, baş atyp otyr. -Onnoňam, ýene-de aýtjak wäjip zadym ba...-diýip, ussanyň kakasy dowam edýär:-Şü soňkusy gün: “Oglum, eli sypyndygy seň gapyňda, haçan görseň garaýaga bulaşyp, ýagdaýynyň boldugyndan kömek edip ýör. Muňa munça işi üçin, iň bolmanda çagaň göwnüni sähelçe galkdyrar ýalaky az-mazragam bolsa hak-heşdek bolmyýamy?!” diýip, üstüme gelmesi ýokdandyr, goňşy?! Hä?! Hop ýagşymy?! Ýohha-how, bi adamlaram birhili nebisjeň bolupdyr. Özler-ä, ilki: “Hünär öwredäýseňiz!” diýip, özelenip üstüňe gelýärler. Dogmalarynyň eli sähel düzelişip, ol açar uzatmakdan başga zada-da ýarap başlaýaram welin, pul sorap ugraýarlar. Ýohha, hakyna seretseň, hünäri öwredýän hak tölemeli däl-de, öwredilýän öwrenýäni üçin muzduny bermeli dälmi-aý?! Ýa, ýalan aýdýanmy men, goňşy?! Hä?!... Garaz, munuň ýaly şägirt-halypalyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda ussanyň kakasynyň tejribesi ýetik bolara çemeli. Hemme şertleri birin-birin çigit çigitlän ýaly edip berdi. Ylalaşdylar. Ogluny şol günden başlanan şägirtlige galdyrdy-da, gaýtdy. Goňşusy derwezeden çykandan soň ussanyň kakasy oglunyň täze şägirdini göwnihöşluk bilen synlady-da, oňa gözüni gypdy: -Ýeri-how, bet ussa bolasy gelýän köşegim, şü eşigiň bilen işläberseňem, hapalansa ejeň käýemeýä geräm?! Hä?! Oglanjyk: “jukk” edip, başyny ýaýkady. -Hany, ýör onda, bu gün ilki ussaçylyga başlamankaň, bi garry goňşyňa biraz kömek et!-diýip, ol “hyk-çoklap” ýerinden turdy-da, bilini tutup mellegiň aýagujyndaky malýataga garşy ýöredi. Birdenem güpbe bir zat ýadyna düşen dek, aýak çekdi-de, daş-töweregine garanjaklady. Onuň nazary giň howlynyň içinden tyrpyp barşyna, ussa oglunyň ýanynda güýmenip oturan, täze şägirt bilen ýaşytdaşrak oglanjyklarda saklandy. Olar garaýaga bulaşyp, bejerilýän ulaglaryň haýsydyr bir şaý-seplerini kesmekläp giden ýagdyr-hapadan solýarkaly taňňyrlarda ýuwmakmy, daşyny hyrdalap arassalamakmy ýaly ownukdan-ýüregedüşgünç bir zatlara meşguldylar. -Hany-how, ussa köşeklem, ýörüň sizem, beýdip oturmaň-da, azak-tenek bize kömek edip, bi täze dostuňyz bilen birmeýdan dyýynç alyň!-diýip ussanyň kakasy, olara elini salgady. Ussa özüne garşy gabak astyndan igençli garanjaklaşýan oglanlara başynam galdyrman, edip oturan işine gümrady. Şägirtler seslerini çykarman halypalarynyň kakasynyň yzyna düşdüler. Ol oglunyň okuwçylaryny malýataga eltdi-de: -Ine köşekler, şu ýatagyň dersini ýagşyja gazalap, arassalaň. Soňam üýşüreniňizi köçä daşaň-da, gädikde duran tirkege ýükläň. Hanha pil-çarşak, hanha-da araba. Menem gidip, birsalym öýde gyşaraýyn. Ýohham, ertirden bäri gözüm garaňkyrap, birtüýsli başym aýlanyp dur. Halys garraýandygymyz bildirýärmi nämemi…-diýişdirdi. Soňam gitdi. Şägirtler biri-birine garanjaklaşyp, sähel salym ýüzlerini sortduryşyp durdular-da, göwünli-göwünsiz işe başladylar. Şeýdibem oglanjygyň ezber ulag ussasyna şägirtligi başlandy. Günde-de şol bir pisintde dowam etdi. Mekdepden gelýär. Eşigini çalyşýar. Owkat edinýär. Halypasynyňka gaýdýar. Gelýär. Beýleki şägirtdeşleri bilen mallara günortanlyk ot-suwuny berýär. Gerek bolsa ketekleri arassalaýar. Gerek bolsa halypasynyň kakasy bilen meýdana mallara ot ýygmaga gidýär. Gerek bolsa halypasynyň ejesine ýa-da aýalyna, ýa-da uýalaryna dükandan gerek-ýarak zatlaryny getirip berýär. Gerek bolsa halypasynyň çagasynyň sallançagyny üwreşýär. Gerek bolsa halypasynyň maşgala agzalaryna haýsy işde näme edişmeli bolsa edýär… Ýeňilaýak oglan, Ýaltanmasy ýok. “Ä-ä-si” ýok. Ýumşuňy aýdyp gutarmankaň, iberilen ugruna ýelk ýasaýar… Arasynda-da, äwup-säwup halypasynyň hojalygynda hiç kesiň hiç hili zerurlygy çykmadyk günem, halypasynyň tabşyrygy boýunça bejerilýän ulaglaryň köne şaý-seplerini solýarkaly kersende ýuwýar, daşyny hyrdalap gyrýar, saklaşmaly zatlaryny saklaşýar, towlaşmaly ýerini towlaşýar, söküşmelisini söküşýär… Garaz, ulag ussaçylygynyň ähli inçe tilsimlerini yhlas bilen öwrenýär. Öýlerinde-de kakasy-ejesi: “Öwrenýäňmi?” diýip soraýarlar welin, gözlerini gizleýär-de, keçe dyrmalap: “Öwrenýän” diýip myňňyldaýar. Munam oglunyň tebigy ýygralygyndan görýän kakasy, monça bolýar-da: “Bolýar, öwreniber-öwreniber! Köp ýagşy. Nesip bolsa, bu kesp-käriň seniň ýedi arkaňy ýere degmez ýaly eder” diýip şähdaçyklyk bilen garaja galpakly kellejigini sypalaýar. Goňşy-garyndaşlary, deň-duşlary sorasa-da: “öwrenýän” diýip gysgajyk jogap berýär. Ýaş çaga dagy näme diýsin?! “Ders daşaýan, ot ýygýan, dükana gatnaýan, çaga seredýän, sallançak üwreýän, ulagyň şaý-seplerini tämizleýän…” diýsinmi?!... Hemme kişem biri-birinden müň-de bir razy. Ussa-da, kakasam, şägirtleriň kakalaram, il-günem… Diňe bir gezek, sadakada otyrkalar, ýekesözlüligi, hiç kimden ýüz görüp gapyrga syrmaýan gödekligi bilen küren oba belli, il içinde ady diňe “Düzüw köse” diýip tutulýan, garry çopan Kakajan aga, ussanyň kakasyndan çalarak nägilelik bilen, sorady: -Öňler-ä gözsüz batyr bolubam kim näme gaýyrsa-da, bendeçilik ýoluna eýerip, Taňryň taýagyndan eýmenen bolardy welin, bi sizler-aý, obadaş-babadaş, näme, bi Hudaýdan dagy heder etmiýäňizmi?! Hä?! Näme-how, bi öýüköwen wadyr-wudur, diýmäýin diýsemiň gopdygaýmagy, bi sizlere bi mön çagalar, ders daşammaga gatnap ýatyrlammy ýa-da kesp-kär öwrenmäge?! Hä?! Şonda ussanyň kakasy, ata-baba dowam edip gelýän gadym dessura eýerip, halypadan ozdurýan gowy şägirtleri ýetişdirmeklige gönükdirilen, özüne dahylly bolmadyk işe burnuny sokýan Kakajan aga, hernäçe içjagazy tütäp, ölüp barsa-da, köpçülikde onuň bilen harçaňlaşmaga het etmedi. Äý, onsoňam, Kakajan aga ýaly ýeriň ýüzünde ynsdan-jynsdan jinnek tüýem dynnym ýalyjak gymyldamaýan, garadangaýtmaz bilen gep uruşdyranam özüň bolma. Ussanyň kakasam, ýüzüni sapajak-supajak edişdirip, munuň ýaly dogry zat üçin dawa tapsa, satyn almaga-da ýaltanmaýan Düzüw kösä, anyk jogap bermän, gümmi-sümmä urakga, üýşmek ýerinden tizräk ýeňsesini el ýaly etmek bilen boluberipdi. Ýöne, mundan soňam şägirtleriň durmuşynda-da, ussanyň kakasynyň durmuşynda-da üýtgän zat bolmady. Şägirtlik endigan dowam etdi bardy… Netijesi nähili boljak?! Onam bir Ýokarkyň özi bilýär… | |
|
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |