09:06

Salamyñ sarpasy

SALAMYÑ SARPASY
    
Adamkärçiligiň nusgalyk häsiýetlerine sarpa goýýan päk göwünli halkymyz beýleki edim-gylymlar bilen bir hatarda salamy hem parahatçylygyň, ynsanperwerligiň alamaty kimin asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Şol sebäpden hem, salamlaşmak edebi sylag-hormatyň nyşany hökmünde biziň häzirki günlerimizde hem dowam edýär.

«Öňde, yzda görseň her kes gulamyn,
Ondan aýamagyn Taňry salamyn!»

Aslynda türkmenlerde edebiň başy salam hasaplanylýar. Çünki salamlaşyk adamkärçiligiň mukaddes kada-kanunlaryny, medeniýeti, edep-ekramy öwrenmegiň başlangyjy bolup hyzmat edýär. Öňki asyrlarda elleşip salamlaşmak, gelen adamyň niýetiniň gowudygynyň, onuň ýaragsyz gelendiginiň alamaty bolupdyr. Olar salamlaşmak arkaly özleriniň iň oňat arzuw-hyýallaryny beýan edipdirler. Edeplilik bilen berlen salam we hal-ahwal soraşmak, salamlaşýan adamyň bilen araňdaky käbir öýke-kineleriň aradan aýrylmagyna-da ýardam berýär. Edep-terbiýeli adam hiç haçan salamyny unutmaýar.
Türkmençilikde «Taňry salamy» diýilmeginiň esasy manysy barada şeýle tymsal hem bar. Tymsala görä, Allatagala Adamy ýaradyp, jan girizenden soň, onuň gaşyna barypdyr we aňk bolup oturan Adama özi birinji bolup: «Essalawmaleýkim, Adam!» diýip, salam beripdir. Salama «Taňry salamy» diýilmeginiň esasy sebäbi hem şundan gelip çykypdyr. Tymsaldan çen tutsaň, «Essalawmaleýkim» sözi — Adam ata hem onuň nesillerine Taňrynyň ak patasy bolup ýaňlanypdyr.
Salamyň ýene-de bir manysy birek-birege ynam etmek, ýagşy dilegde bolmakdyr. Ata-babalarymyz keramatly hasaplanylýan zatlara (Aýa, Güne, ýere, suwa) hem salam bermegi däp edinipdirler.
Pederlerimiz hiç haçan hem özge öýe baranda, gapyny kakman, ardynjyraman öýe girmändirler. Bu meselede atalarymyzyň özboluşly dessury bolupdyr. Olar öýüň daşynda durup, «Habarlaş!» diýip, gygyrýan ekenler. Olar öýe salam bermegi öýüň ilkinji hormaty diýip hasaplapdyrlar.
Türkmenlerde erkek kişileriň düzgüni zenanlaryňkydan, ýaşuly bilen salamlaşmagyň şertleri ýaşkiçileriňkiden tapawutlanýar. Şu tapawutlar hem, türkmen halkynyň salamlaşmak edebiniň gadymdan gaýdyp, örän inçe we kämil işlenip düzülendigini görkezýär.
Salamlaşmagyň düzgün-kadalaryny dogry hem göwnejaý ýerine ýetirmek biziň hem borjumyzdyr. Çünki ol bize ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp we nusgalyk dessurdyr.
 
Güljan BEGÇÄÝEWA.

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 774 | Добавил: Нawеran | Теги: Güljan Begçäýewa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]